03:35 ABŞ-ny kim dolandyrýar? 51-nji raýonda kosmoslylar barmy? | |
ABŞ-ny KIM DOLANDYRÝAR? 51-nji RAÝONDA KOSMOSLYLAR BARMY?
Geň-taňsy wakalar
Eýranyñ "Fars" habarlar agentligi 2016-njy ýylda beren bir habarynda, 1945-nji ýyldan bäri ABŞ-ny başga saýýaralylaryñ dolandyrýandygyny orta atypdy. Snowdeniñ aýan eden maglumatlaryna esaslanýan habarda öñ nasistlere we Gitlere ýardam eden kosmoslylaryñ indi Barak Obamany (ABŞ-nyñ şol wagtyñ Prezidenti) ellerinde "oýnawaç" kimin oýnaýandyklary öñe sürüldi. Amerikanyñ 1945-nji ýyldan bäri "kölege" hökümet tarapyndan dolandyrylýandygyny aýdýan habarda bu kölege hökümetiñ düzüminde başga saýýaralylaryñ bardygy orta atyldy. Merkezi Newadadaky 51-nji raýondygy aýdylýan bu "kölege hökümet" öñler nasistler bilen ýakyn gatnaşykdady. Orta atylan pikirlere delil hökmünde Ikinji jahan urşunuñ ahyrky ýyllarynda ýeñilip barýandygyna garamazdan Faşistik Germaniýanyñ köp sanly suw asty gämileri gurmagy görkezilýär. Hamana, nemesler bu suw asty gämileri başga saýýaralylaryñ tehnologik ýardamy arkaly guranlarmyş! Şeýle-de, habarda ABŞ-nyñ Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyñ jedelli programmalarynyñ hem "kosmoslylaryñ aramyzda bardygyny gizlemäge we olaryñ global häkimiýeti gurmak maksatly gizlin meýilnamalary amala aşyrmaga hyzmat edýändigi" öñe sürüldi. Habar NSA-nyñ öñki analitigi Edward Snowdeniñ aýan eden maglumatlaryny delil tutundy. Snowdeniñ bu baradaky käbir maglumatlary Russiýanyñ Federal Howpsuzlyk Gullugyna syzdyrandygyny we gullugyñ detallaýyn habarnama taýýarlandygyny aýdan "Fars" habarlar gullugy bu maglumatlaryñ dogrulygyna Kanadanyñ öñki Goranmak ministri Pol Hellýeriñem güwä geçendigini ýañzytdy. "Fars" habarlar agentligi başga saýýaralylaryñ düýp maksadynyñ adamzady öz gullaryna öwrüp taşlamakdygyny aýdýar. Geçmişde Adolf Gitlere we Faşistik Germaniýa ýardam eden kosmoslylar häzirki wagt ABŞ-nyñ Prezidenti Barak Obamany gurjak deýin oýnaýarmyş. Habaryñ dowamynda amerikan hökümetiniñ içinde ýer alan käbir başga saýýaraly aýry-aýry toparlaryñ Barak Obamany kürsüden agdarmaga çalyşýandygy aýdylýar. Muña tutaryk hökmünde kosmoslylaryñ Obamanyñ liderliginde "adamzady gula öwürjek ýeke-täk dünýä hökümetini berkarar etmegiñ öñüni açjak global gözegçilik sistemasyny gurmakdygy" görkezildi. "Farsyñ" habaryna ynansak, onda başga saýýaralylaryñ nobatdaky "oýnawajy" - Donald Tramp bolmaly! # Internet maglumatlary esasynda taýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |