00:17 "Dabaralanan" adalat | |
"DABARALANAN" ADALAT
Geň-taňsy wakalar
Haýwanlaryñ añy ýok diýlenine seretmäñ. Käte-käte olaram edil adamlar ýaly eden etmişleri üçin edil akly-huşy ýerindäki adamlar ýaly sud jogapkärçiligine çekilip we azatlykdan mahrum edilip bilinýär. Munuñ mysaly 1991-nji ýylda ABŞ-da bolup geçdi. Akita atly it diñe üç ýylyny türme tussaglygynda geçirenden soñ 1994-nji ýylda azatlyga çykyp bildi. ABŞ-nyñ Nýu-Jersi ştatynyñ sudunyñ karary boýunça biçäre it üç ýylyny gözenegiñ añyrsynda geçirmeli boldy. Çagany ýaranlygy üçin sud ony ilki ölüm jezasyna höküm etdi. Ýogsam, ite garanda, çaganyñ çeken horlugy sähelçe. Sebäbi, topulmazdan öñ it mazalyja guýrugyndan süýrelip, gulagyndan çekilipdi. Hernä soñrak jemgyýetçiligiñ gahar-gazaba münmegi we hatda Ýaponiýa (itiñ doglan ýeri) hökümetiniñ güýç salmagy bilen sud ölüm jezasyny türme tussaglygy bilen çalşyrdy. Türmeden boşandan soñ it şol suduñ kararyna görä, ştaty taşlap gitmäge borçly edilipdi. Hawa, taryhda nähili tragikomiki wakalar bolup geçipdir. Töweregiñize ser salyp görüñ, ýeñsäñi gaşadyp señrik ýygyrdýan şeýle gülkünç wakalar biziñ günlerimizde az bolup geçýärmi näme... # Metbugat materiallary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |