12:27 Adam ata öwredilen ismler we ylym | |
ADAM ATA ÖWREDILEN ISMLER WE YLYM
Edebi makalalar
Hezreti Adam alaýhyssalama ismleriñ (atlaryñ) öwredilendigi, onuñ bu öwrenen ismleri bilen perişdelerdenem ýokary göterilendigi barada bize Gurhanda habar berilýär Tefsir alymlary bu meseläni-de boýdan-başa öwrenipdir, dürli pikirleri we garaýyşlary orta atypdyr. Bu boýunça umuman şeýle garaýyşlar beýan edilipdir: 1. Hezreti Adam alaýhysalama närseleriñ ady öwredildi. (Ösümlikleriñ, haýwanlaryñ, guşlaryñ, beýleki jisimleriñ atlary we ş.m.) 2. Gepleşik dili öwredildi. 3. Allanyñ ismleri öwredildi. Yslam alymlarynyñ kitaplarynda bu meseläniñ üstünde giñişleýin durlup geçilipdir, ýokardaky düşündirişlere goşmaça ylmy düşünjeler-de täze garaýyş hökmünde goşulypdyr. Üç aýatda Adama berilen ähli ylym taglymy aýdylýar. Adam atanyñ öñünde perişdeleriñ sežde etip, şeýtanyñ ýüz dönderendigi sebäpli adama semekden perişdä çenli köplük bolup boýun sunuşlary ýaly, ýylandan şeýtana çenli ýaramaz mahluklaryñ oña ytagat etmän duşmançylyk besländigi aýdylýar. Ine, şunda aýdylyşyna görä, adamzat älemindäki ähli ylym-bilim ugrundaky ösüşlerem öñden taglym edilen atlaryñ arasynda. Ýagny, bütin adamzadyñ ylym-bilim arkaly açan ähli sungat ajaýyplyklary-da taglymy-esmanyñ içinde. Gämi, sagat, uçar, awtoulag, kompýuter, telewizor, binalar, köpriler, ýollar, kosmos stansiýalary, ähli fiziki we himiki täzelikler, medisina, inženerçilik, atom we aklyñyza gelip biljek ýüzlerçe ylmy ösüşler hem at (ism) görnüşinde öwredilipdir. Aslynda tefsirlerdäki ähli ylymlary bir ýere üýşürenimizde Hezreti Adam alaýhyssalama älem-jahanda adamy gyzyklandyrýan her dürli obýekte we hadysa garşy ähli mülk we melekut maglumatlarynyñ kodlanandygyna düşünýäris. Eger Adam alaýhyssalamy üýtgeşik we ylahy komýuter hökmünde kabul etsek, taglymy-esma hem şu kompýutere programma ýüklemegidir we kodlanmagydyr. Ýagny munuñ özi adam we älem-jahan boýunça ähli maglumatlary öz içine alýan programma ýaly. • Perişdeler dil bilip, gepläp bilýärdilermi? Perişdeleriñ dil bilmeýändigi üçin gürlemeýändikleri, şonuñ üçinem Hezreti Adam alaýhyssalama garşy ýeterlik bolmandygy we ismleri aýtmandyklary barada käbir tefsirlerde düşündirişler bar. Emma meseläniñ jennetde dörändigine, jennetde bolsa daşlardyr agaçlaryñam gürländigine, perişdeleriñ adamlaryñ sözüni we hereketlerini goramaga borçly edilendigine, maslahat alma we gepleşme babatda ylymlydygyna we garşylyk bildirme ukyplarynyñ duýgy hökmünde bardygyna seredilende haýsam bolsa bir dilde gürländikleri düşünjesi has güýçli ähtimallykdyr. Kuranda bize mälim edilen Adam alaýhyssalam bilen perişdeleriñ arasyndaky mesele synag we ýaryş görnüşinde. Ýagny halyf bolmak üçin haýsy mahluk has ukyp-başarnykly? Adamlarmy ýa perişdeler, Perişdeler köp zat bilýändiklerni we üznüksiz ybadat edýändiklerini öñe sürüp, halyflyga has mynasypdyklaryny aýdypdyr. Perişdeler akylly bolşy ýaly giñ gözýetimli we düşünjeli-de bolupdyr. Belki-de şonuñ üçin olar adamlaryñ gan döküp, bulagaýlyk turuzjagyny bilen bolmaly. Bular ýaly akylly we düşünjeli mahlukatyñ elbetde gürläp bilmeýändigini göz öñüne getirmek kyn. Ýa-da olaryñ ýüzlenilende we sorag berilende jogap berip biljek ýagdaýy bolmaly. Diýmek, ortada aç-açan bäsdeşlik bolupdyr. Bäsdeşligiñ maksady "halyflyga kimiñ has mynasypdygy" soragynyñ jogabyny tapmak. Ýagdaý şeýlekä gürläp bilmeýän birine sorag bermek hikmete gabat gelmeýär. Bu ýagdaý gözi görmeýän biri bilen görýän birini "reñkler boýunça" ýaryşdyrjak bolmak ýaly bir zada meñzär. Ýa-da iki adamy ýüz metr aralyga ylgatmaj üçin birinni aýagyndan duşap, beýlekisini goýberip "hany, ýaryşyñ" diýmek ýaly bir zat bolar. Ýa-da ker biri bilen eşidýän birini saz ylmynda synamak ýaly bolar. Beýle ýagdaý elbetde bäsdeşligiñ ruhuna gabat gelmeýär. Perişdelerem öz gezeginde bilýän zatlarynyñ bärden gaýdýandygyna düşünen badyna "Ýa Rebbi, saña baş egýäris, biziñ Seniñ mälim edeniñden başga bilýän zadymyz ýokdur" diýip belli bir derejede ýalñyşlyklaryny we maglumatlarynyñ pesdigini boýun alypdyrlar. Ýalñyşyñy boýnuña alyp ötünç soramagam mertligiñ we danalygyñ işidir. Diýmek, perişdeler ýokary güýç-kuwwatlar we maglumatlar bilen gurşalan, akylly, ukyp-başarnykly, näme buýrulsa şony edýän, Hudaýa asla ytagatsyzlyk etmeýän, üznüksiz ýagdaýda ybadat edýän mübärek nurana barlyklar bolýar. Ýer ýüzünde halyflyk borjuny ýerine ýetirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlara eýe däldikleri üçin Hezreti Adama garşy guralan maglumat ýaryşynda-da öñe saýlanyp bilmändirler. Şol sebäpdenem Allatagaladan bagyşlanma diläp ötün sorapdyrlar we ýene-de Allanyñ emri biken adamlara hyzmatdyr ýardam edipdir we kyýamata çenli, hatda kyýamatdan soñam haşyr meýdanyna çenli bu wezipelerini dowam etdiripdirler. Allatagala biz adamlary we iman edenleri bu mübärek taýpanyñ şepagatlaryna miýesser eýlesin. • Hezreti Adam alaýhyssalama öwredilen ismleriñ derejesi Ynsan nesliniñ atasy Hezreti Adama öwredilen atlaryñ belli bir bölegi düşündirilmäge degişli. Bu boýunça käbir yslam alymlary tefsir ulamasynyñ düşündirişlerinden tapawutlylykda ylym-bilim babatda häzirki adamlaryñ has añsat düşünip biljek görnüşinde üýtgeşik düşündirişleri we kesgitlemeleri beripdir. Bu hususda biri-birine ýakyn düşündirişler üçe bölünýär. Ol üç düşündirişi-de şeýleräk sanamak mümkin: 1. Dünýä nygmatlaryndan peýdalanma ylmy. 2. Daýhançyk bilen meşgullanyp, adamzat durmuşy üçin gerekli her dürli ir-iýmişiñ, gök önümiñ, ösümligiñ we beýleki önümleriñ alynmagy ylmy. 3. Maldarçylyk ylmy (Abyl bilen Kabylyñ daýhançylyk ee maldarçylyk edendigini ýadyñyza salyñ). 4. Jaý gurma ylmy. Adam alaýhyssalamyñ ilkinji guran jaýlaryndan biriniñ Käbedigi hem köplere mälim hakykat. 5. Närseleri aýyrmabwe täze närse etme ylmy. Sintez we analiz etme ukyby. 6. Deñizlerde gämi ýüzdürmek. 7. Gury ýerde dürli enjamlary oýlap tapmak. 8. Howada uçar uçurmak. 9. Dürli ýollar bilen dünýä çuñluklaryndaky magdanlardan we nygmatlardan peýdalanmak. 10. Fizika, himiýa, biologiýa, astronomiýa, matematika ýaly ylymlar arkaly älem-jahana göz ýetirmek. 11. Medisina, inženerçilik, sosilogiýa, psihologiýa, beýleki ylymlar arkaly janly-jandara we adama düşünmek. 12. Närsäniñ melekutyna aralaşyp, göze görünmeýäne düşünmek we göz ýetirmek. Ine, adamzadyñ Adam atadan bäri ylymda ýeten ähli üstünlikleri, sosial üýtgeşmeleri we mundan soñ ýetjek derejeleri gysgaça görnüşde öwredilen esmalaryñ arasyndadyr. Bu sungatyñ we närsäniñ üstündäki Allanyñ gözel ismlediniñ göze görünmegi bolsa bu ylmyñ ahyrky çäkleridir. • Ismler perişdeleri nähili görkezildi? Allatagala Hezreti Adam alaýhyssalamyñ halyflyga has mynasypdygyny görkezmek üçin perişdelere ismleri aýan etdi. "Hany, eger sözüñiz dogry bolsa bu ismleri maña aýdyñ" diýdi. Perişdelerem ötünç sorap, ismleri aýdyp bilmediler. Eýse bu ýagdaý ýa-da ismleriñ aýan edilişi nähili bolup geçipdi? Aýan edilen zatlar ýa-da suratlar, ismler nämedi? Bu sowalyñ jogaby üçin ýene alymlara ýüzlenip bileris. Yslam alymlarynyñ bu boýunça berýän düşündirişlerinden çykýan käbir netijeler şeýle: 1. Närseler ýüpek mata topbagynyñ açylyşy ýaly açykyp, perişdelere görkezilipdir. Bu şol bir wagtyñ özünde kino lentasynyñ açylyp, hudaýtarapyn kino ekranynsa närsäniñ görkezilmegini-de ýatladýar. Ýa-da hudaýtarapyn ullakan kompýuter diskine hudaýtarapyn HD formatynda (3H HD hem bolup biler) hudaýtarapyn blue-ray diskiñ salnyp, uly monitorda görkezilmegi görnüşinde-de bolup biler. Ýa-da närsäniñ uly hudaýtarapyn telewizorda görkezilen bolmagy-da mümkin. Biziñ pikirimizçe bolsa, geljegiñ tehnologiýasy bolan "Hologram" ekranynda görkezilen bolmaly. 2. Närse ekranda görkezilen bolsa, uly ýygnak geçirilipdir, perişdeler hamana resmi paradda duran ýaly seteran durup närsä seredipdirler. "Taglib" sözi şuny aýdýar. Taglib diýip, ene-ata ýaly iki sözi "ebeweýn" görnüşinde aýdylyşyna diýilýär. Ýokardaky sözdäki taglib sözi "hüm" kelimesidir. "Olar" hökmünde dilimize geçirilen bu söz "akylly erkekler" manysyny berýändigi üçin taglib sözi bilen añladylypdyr. 3. Ekranda görkezilen bolsa "Aýan edileniñ löwhi-aglada nagyşlanan suratlardygyna yşaratdyr" sözüne görä närsäniñ suraty we şekilidir. Ýa-da ekranda görkezilen närsäniñ üç ölçegli filmidir. Bu üç ýagdaý nazara alnyp, ekranda görkezilen suratlardyr ismler boýunça-da şeýle pikiri edip bileris: Hawa, perişdelere görkezilen ilkinji surat biziñ pikirimçe Resuly-Ekremiñ (s.a.w) päk ýüzi, nurana jisim we şekili bolmaly. Çünki älem-jahan, perişdelee we beýleki ähli janly-jandar onuñ ýüzüniñ suwunyñ hormatyna ýaradylypdy. Ol (s.a.w) älem-jahanyñ hamyrmaýasy, iñ owadan we iñ ajaýyp miwesi, ähli Esmaýy-Ylahyýäni iñ owadan görnüşde ýañzydan we älem-jahanyñ syrlary onuñ bilen äşgär bolmaly, getirjek Kurany we imany bilen tutuş älem-jahany aýdyñlandyran, iñ uly perişde Jebraýyl alaýhyssalamyñ dosty, ähli perişdeleriñ dosty, ähli pygamberleriñ dogany, uly öwlüýäleriñ halypasy, tutuş älem-jahanyñ buýsanjydyr. Diýmek, Hezreti Adamyñ halyflyga talaşgärlik dawasynda iñ uly delili ýene şol (s.a.w) bolup çykýar. Beýle bolýan bolsa, ilkinji delil hökmünde görkezilen, ilkinji bolup ady we ismi soralanam ýene şol (s.a.w) bolýar. Hikmet muny talap edýär. Ondan soñ bolsa "löwhaýy-aglada nagyşlanan" ähli pygamberleriñ nurana sypatlary, ähli öwlüýäleriñ we möminleriñ jismi nuranalaryndan syzylyp çykan suratlar perişdelere görkezilipdir. Geljekde dostlaşjak pygamberleriniñ olara görkezilmegi hikmete has laýyk bolup görünýär. Ine, şondan soñ ýene "löwhi-aglada nagyşlanan" beýleki ähli suratlar hem görkezilip, Hezreti Adamyñ bu atlary Allanyñ ylhamy bilen bilmegi netijesinde halyflyga mynasyplygy subut edilipdir. Elbetde, görkezilen sudurlaryñ içinde beýleki janly-jandarlar, hatda adamzadyñ oýlap tapjak tehnologiki enjamlary-da görkezilen bolarly. Ýokardaky aýdylanlardan şeýle manylar-da çykýar. Hemme zadyñ dogrusyny Alla bilýär. Halil AKGÜNLER / iakgun@tnn.net Duşenbe, 01.10.2012 ý | |
|