09:09 Adam we emeli añ | |
ADAM WE EMELI AÑ
Ylym we tehnologiýa
Dünýäniñ çar künjündäki adamlaryñ hyýaly güýjünden ozan öndürijilikli emeli añyñ başyna gelip biljeklerden arkaýyn bolup bilerismi?!. Emeli añ geljekde adamlara howp abandyrýarmy? Biziñ günlerimizde tehnologiýa we emeli añ hakda has köp gürrüñ edilýän ýaly. Käbir adamlara geñ we kyn eşdilýän sözler beýlekilerine, aýratynam olary ýygjam ulanýan ýaşlara tanyş eşidilýär. Ýaşlar indi bir ýerde durmaýar we her bir zadyñ has täzesine, has gowusyna ýetmek üçin dyrjaşýarlar. Garrylaryñ köpüsi bolsa "jadylaýjy" hasaplaýandyklary we özlerine düşünmesi kyn zadyñ labirintinde ýitip gitmezlik üçin öñki zatlar bilen oñanlaryny gowy görýärler. Islendik zat ösüp, özgerip, üýtgäp durýar we biziñ daş-töweregimizdäki hiç birt şol bir bolşuny saklap galmaýar. Şol sebäpli adamyñ bulara uýgunlaşmagy, ulanmagy, daş-töweregindäki ylmy, sosial, medisina, ykdysady, pedagogiki we beýleki ugurlardaky maglumatlar goruny we ösüşi özleşdirmek üçin töweregi bilen aýakdaş ösmegi gerek. Manysyny bilsegem, bilmesegem her gün gulaklarymyzda ýañlanýan "tehnologiýa" sözi adamyñ älemdäki peýda boluşyndan başlaýan we şonuñ bilen deñ derejedäki köne söz. Adamyñ haýwanlary awlamak, ot ýakmak, özüni goramak we beýleki maksatlar üçin ok, pyçak, çekiç ýaly ilkinji daş gurallary ýasan Daş eýýamyndan bäri gürrüñi gidýän ilkidurmuş oýlap tapyşlarynyñ başlangyjyny görkezýär. Adamyñ öwrenmäge we ösmäge bolan ukyby durmuşyny gowulandyrmagy maksat edinipdir we şeýdibem tehnologiýa bolan düýpli isleg ýüze çykypdyr. Eýsem tehnologiýa näme? "Technology" sözi latyn dilinden dörän söz bolup, iki bölekden ybaratdyr. Birinjisi "technè" ýa-da "techno". Sungat, senetkärlik we ukyp-başarnyk manysyny berýär. Ikinjisi-de bir zady öwrenmek manysyny berýä "logiýadyr". Bu tehnologiýanyñ ylmy maglumatyñ (sungatyñ, ussaçylygyñ, ukyp-başarnygyñ) adam durmuşyndaky belli maksatlar üçin ulanylmagy we gurşap alan sferasyny öz ýaşaýyş-durmuş formasyna kybap görnüşde üýtgetmegi hökmünde kesgitläp biljekdigini añladýar. Tehnologiýa birnäçe wagtyñ dowamynda köp sanly adamyñ goşant goşan oýlap tapyşlarynyñ we açyşlarynyñ jeminiñ netijesi bolanlygyndan tapyş däl-de, esasy we giñ adalgadyr hem-de öñki siwilizasiýalaryñ öwrenilmeginde iñ esasy zatlardan biridir. Bu adalga ilkinji gezek XVII asyrda iñlis dilinde orta çykypdyr. Şol döwür manysy diñe praktiki sungatlary hakda pikir alyşmak bilen çäklenenem bolsa, XX asyryñ başlaryna çenli täze manylary, temalary, pikirleri öz içine gurşp aljak görnüşde giñäpdir. Enjamlaryñ ýeke-täk funksiýasynyñ bolan wagty telewizor, radio, gazet-žurnal ýaly metbugat organlary bir taraply bolansoñ, köp kişiniñ nostalgik häsiýetli bolan döwrüdi. Sifrowoýdan öñ tehnologik döwürdi. Tehniki taryh ylymyñ taryhy bilen baglanyşykly bolansoñ, tehnologiýa çeşmeleri ulanýan praktiki ylym bolanlygyndan praktiki taryh ykdysady taryh bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Tehnologiýa bu çeşmelerden başga çeşmeleri öndürýär. Tehnologiki üýtgeşmäniñ jemgyýetiñ medeni ýörelgelerine täsir edýänligi we olardan täsirlenýändigi hakda aýdybam durjak däl. Tehnologiýa adamzat taryhy boýunça döwletleriñ we ýurtlaryñ arasynda medeniýet çalşygynda bolmagyñ we ösüşiñ bir ýurtdan beýlekisine baş aýlandyryjy çaltlyk bilen ösmeginiñ yzyndan ykdysady, syýasy, harby güýjüñ we baýlygyñ öñe çykarylmagynyñ serişdesidir. Indi tehnologiýa dünýäniñ hemme ýurdunda diýen ýaly köp adamyñ gündelik sosial gatnaşyklarynda belli-başly maglumatlary gözlemek ýa-da maglumat ugratmak üçin ulanylýan torlara öwrûldi we biziñ günlerimizde has möhüm we populýar programmalar bolan emeli añ programmalaryna öwrüldi. Ýogsa-da, emeli añ näme? "AI" görnüşinde gysgaldylan "Artificial Intelligence" (Emeli añ) adamyñ ukyp-başarnyklaryny we iş düzgünlerini gaýtalaýan kompýuter programmalarynyñ işleýiş aýratynlyklarydyr. Ol indi hemme ýerde bar, daş-töweregimizi gurşap alan hemme zadyñ añyrsynda gizlenip dur we gündelik durmuşymyzda täsirli rol oýnaýar. Emeli añyñ düýp maksady haýsydyr bir adamyñ oñaryp biljeginden has uly möçberde prosesler ýa-da maglumat garaýyşy ýoly arkaly hili we öndürijiligi ýokarlandyrmakdyr. Mysal üçin, robotlar görlüp-eşdilmedik derejede kyn ýumuşlarda programmirlenip bilinýär, emma hiç kim olaryñ soñunyñ nähili boljagyny aýdyp bilmeýär. Emeli añ bolsa Facebook, Snapchat, Google ýaly platformalar arkaly saglygy goraýyş, maliýe, bank hyzmatlary, turizm, transport, söwda gatnaşyklary, aragatnaşyk ulgamlarynda oýnuñ düzgünlerini üýtgedip biljekdigini subut etdi. "Generative Artificial Intelligence"-niñ (Öndürijilikli emeli añ) iñ meşhur torlarynyñ birem "ChatGPT" programmasydyr. Eýsem bu programma näme? "ChatGPT" maglumatlary analizlemek, üýtgetmek ýa-da sintezlemek ukybyna eýe, örän kämil çatbot programmasydyr. Ol 2015-nji ýyldan bäri emeli añ boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan San-Fransiskodaky "Open AI" kompaniýasy tarapyndan ýola goýuldy. Bu programma adamzadyñ oýlap tapan iñ esasy açyşlarynyñ biri hasaplanýar. Ha teksti bolsun, ha suraty, hatda programmanyñ kody bolsun, tapawudy ýok, täze mowzuk döretmek üçin ilki maglumat gorundan täze maglumatlaryñ nähili emele getiriljegini öwrenýär, yzyndan tekstiñ komandasyny alýar we ondan bu komanda jogap hökmünde adama meñzeş stilde ýazylan tekstleri ýazýar. Dünýäniñ çar künjündäki adamlaryñ hyýaly güýjünden ozan öndürijilikli emeli añyñ başyna gelip biljeklerden arkaýyn bolup bilerismi?!. Hemme zadyñ artykmaçlygy we kemçiligi bolýandygy üçin emeli añyñ artykmaçlyklarynyñ kemçiliklerinden has agdyk boljakdygyny we ertir muny ýakyndan görjekdigimizi umyt edýärin. Emma şuny-da gaýgy etmän bolanok: Emeli añ geljekde ýaramaz maksatlar bilen ulanylsa, adamlar we külli adamzat üçin howp döretmezmi?!. Bu tehnologiýanyñ ýaramaz maksatlar bilen ulanylmagy babatda uly gorky-ünji bar. Kiberhowpsuzlyk boýunça ylmy-barlagçylar öndüriji emeli añyñ erbet niýetli aktýorlary kompýuter garakçylaryny we beýlekilerini ýalñyş maglumatlary, ýalñyş hakykatlary we başgalary öndürmäge synanyşmaga iterjekdigi hakdaky gaýgylaryny agzap geçdiler. Şol sanda wagt geçdigisaýy tradision iş orunlarynyñ ýok bolmagyna ýa-da kemelmegine sebäp bolar we bulam öz gezeginde bu wezipeleri ýerine ýetirýän işgärleriñ işsiz galmagyna getirer. Şol bir wagtyñ özünde mundan has uly gorkularam bar. Munuñ iñ esasylarynyñ arasynda mekdeplere we ýokary okuw jaýlaryna jogapkär adamlaryñ, talyplaryñ öý işini we ylmy işlerini ýerine ýetirmek üçin emeli añ tehnologiýasyny ulanmalary boýunça aladalanmaga başlamagyny we munuñam öwrenmek üçin gerekli tagallany bökdemegini görkezip bolar. Meselem, düýnüñ talyplary bilen şu günüñ talyplarynyñ arasynda deñeşdirme geçirsek, öñki talybyñ iñ kyn arifmetiki mysaly çözmek üçin öz akyl-paýhasyna we zehinine bil baglandygyny görýäris. Kalkulýatoryñ oýlanyp tapylmagyndan soñ bolsa, talyp iñ kyn matematiki mysalyny çözmek üçinem kalkulýatora, yzyndanam kompýutere we iPad-a ýüz tutmaga başlady. Şeýlelik bilen özüni haýsydyr bir pikirlenmekden ýa-da haýsydyr bir añ-pikir ýa-da intellektual zähmet sarp etmekden halas etdi. Öndürijilikli emeli añyñ oýlap tapyşlaryndan soñ näme bolarka? Iñ esasy soraglaryñ birem şu: Mysal üçin, ýurtlar özara uruşlarynda elektron goşunlary ulanaýarmyka? Suad KERIM, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 30.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |