|
ADAM ÝÜZLI OWLAK
Malaýziýanyñ günortasyndaky Felda obasynda adam ýüzli owlak dünýä indi. Geçiniñ eýesi Ybraýym Basir görlüp-eşdilmedik adatdan daşary bu waka añk-tañk boldy.
- Guzlan geçime esetmäge gitdim welin, gören zadyma ynanmadym - diýen Basir şeýle diýdi: - Agzymy açyp galdym. Ýüzi, burny, aýaklary, hatda ýumşajyk bedeni-de ýañy doglan çagajyga çalymdaşdy. Ýöne tutuş bedenini gurşap alan goñras reñkli tüýler onuñ owlakdygyna yşarat edýärdi.
Bu täsin owlak bilen baglanyşykly ýene bir zat bolsa, onuñ göbeginiñ ýoklugydyr. Doglanyndan soñ kän ýaşamadyk owlagyñ jansyz bedeni Weterinar hyzmatlary departamentine tabşyryldy.
Muña meñzeş wakalar başga ýurtlarda-da kädaýym bolup durýar. Mysal üçin Dagystan respublikasynda-da adam ýüzli guzujyk dünýä inipdi. Şoña meñzeş başga bir hadysa Türkiýäniñ Izmir şäheriniñ Tire etrabynda bolup geçdi. Adama meñzeş ýüzli owlak doglanynda görenleri haýrana goýdy. Ýeke dyrnakly owlak gülümsiräp duran erni we gözleriniñ owasy adamyñ ýüzüni ýatladýardy. Şeýle-de Palestinanyñ Gazze şäherinde hem sekiz aýakly, adam ýüzli owlak dünýä inipdi.
# gizemligercekler_2016
Geň-taňsy wakalar
|
Категория: Geň-taňsy wakalar |
Просмотров: 653 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary