19:32 Adatdan daşary adam: Wolf Messing | |
ADATDAN DAŞARY ADAM: WOLF MESSING
Geň-taňsy wakalar
Aslyýetine garanda adatdan daşary güýjüñ islendik adamda bardygy, ýöne muny diñe käbir zehinli adamlaryñ ulanyp bilýändigi aýdylýar. Şeýle adamlaryñ birine-de Wolf Messing diýilýär. Makalanyñ dowamynda Messingiñ adatdan daşary ukyplaryny peýdalanmak arkaly görkezen täsin mysallaryna ýüzlenip geçeris. Parapsihologik ukyplar adam gurluşynyñ iñ tebigy prosesleriniñ bir bölümini emele getirýär. Islendik kişide belli bir ölçegde bu ukyplar bar we adam özi bilmezden bulardan peýdalanyp gezýär. Ýöne gadymy döwürlerde köp ulanylan we şeýle ukyplary ulanmaga bolan amatly şertleri üpjün etmek biziñ döwrümizde mümkin däl. Şonuñ üçinem birentek tebigy ukyplarymyz ýa-ha öz mümkinçiliginden pes derejede ulanylýar, ýa-da öz-özünden bütinleý göýdükleşip gidipdir. Gürrüñimiziñ düşnükli bolmagy üçin muña şeýle mysal getireliñ: XIX asyrda Garrygalanyñ hany Durdy ýanyk han Hasar dagynyñ gerşine çykyp gygyranda, onuñ sesi şol etrapdan altmyş kilometr daşlykdaky Durdyhan obasyna eşidilýärdi diýip, garrylar gürrüñ ederdiler. Aýdylýan döwür Durdy ýanyk hanyñ döwri - XIX asyr. Haý-haýly, galagoply döwür, türkmeniñ döwletsiz ýaşan zamanasy. Döwür şolar ýaly gaty sesliligiñ artykmaç ukyp hökmünde peýdalanyp boljak döwri. Ýagy çozanda goñşy obalara habar ýetirmek üçin bular ýaly artykmaçlygyñ nähili peýdasynyñ degjekdigi öz-özünden düşnükli. Bu günki-gün islendik tebigy hadysa ýa-da adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykaýan ýagdaýynda-da ösen tehnologiýanyñ we ykjam aragatnaşyk serişdeleriniñ kömegi arkaly ýurduñ islendik künjegi bilen ýyldyrym çaltlygynda aragatnaşygy ýola goýup bolýar. Bu bolsa, isleseñ-islemeseñ Durdy ýanyk han ýaly adatdan daşary sesli kişileriñ sesiniñ bokurdagyndan çykman ýitip gitmegine getirýär. Bolşewik zulmuna uçrap, Aşgabadyñ türmesinde şehit düşen Azym işanyñ gözenekde otyrka, türme gözegçileriniñ gözüniñ alnynda nirädir bir ýerlere (Käbede namaza durup gelýändigi çaklanylýar -t.b.) sumat bolup, biraz wagtdan soñ ýene peýda bolýandygyny gözi bilen görenler ýañy-ýañylaram aýatda diridi. Soñabaka türme gözegçileri gözenege gulp urmagyñ peýdasyzdygyna göz ýetirip, işany türmäniñ içinde öz erkine goýupdyrlar. Bu ir wagtlaryñ gürrüñi däl. Ýañy-ýañylar - geçen asyryñ 50-60-njy ýyllarynda bolup geçen zatlar. Ýazyjy Tatar Üýşmekowyñ bir makalasynda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Söýün ogly Teke pälwanyñ Isgender stansiýasyndan Sirkelli jülgesine çenli 50-60 kilometr aralygy arkasynda bir halta uny göterip, bir ýerde-de säginmän ýol geçendigini häli-häzirlerem ýatlaýandyklary barada maglumat bar. Mundan başga-da, şular ýaly adatdan daşary ukyply täsin adamlar baradaky gyzykly maglumatlara belli mirasgär Ümür Eseniñ, ýazyjy Annatagan Nurgeldiýewiñ makalalarynda kän gabat gelip bolýar. Adamlaryñ ylmyñ we tehnologiýanyñ iñ soñky gazananlaryndan ýygjam peýdalanýandygyna garamazdan, olaryñ barha ýaramazlaşýan durmuş şertlerinden täsirlenme prosesi hut şu ýerde-de özüni görkezip, siwilizasiýanyñ döredýän otrisatel täsirleri şular ýaly spiritual ukyplaryñ işjeñligini kem-kemden ýok edipdir. Muña garamazdan gündelik durmuşda käbir paranormal ukyplardan peýdalanylýan ýerlere gabat gelmek bolýar. Mysal üçin, oba ýerlerde gapyda saklanýan goýundyr geçi gijara dañydan boşanyp, tapylmasa, şol gije ony möjek-şagal almazlygy üçin ugruny-ýoluny bilýän adamyñ ýanyna baryp, ýyrtyjy haýwanlaryñ "agzy bagladylýar". Ertesi dañ ýagtylyp-ýagtylmanka mal janawer şol golaýda bolsa bir ýerden çykýar. Dessine-de "agyz baglan" kişä habar ýetirilip, ýyrtyjylaryñ "agzy açylýar". Çünki, möjek-şagal hem Allanyñ ýaradan jandary we olary sebäpsiz rysgyndan kesmek günä hasaplanýar. Sebäbi, halk arasyndaky ynanja görä, ýeke mal üçin şol sebitdäki tutuş ýyrtyjylaryñ agzy baglanýarmyş. Gaty çykgynsyz ýagdaý bolmasa, "agyz baglaýan" mollalaram bu çetin ýumşy edesi gelmeýär. Biriniñ öñünden geçjek bolanda, aýratynam ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenlerinde, gümrük postlarynda we şuña meñzeş wajyp ýerlerde "Aýat-el kürsi" dogasyny ýatdan okap, garşysyndaky duranyñ ünsüni özünden sowup başarandygyny aýdýanlar az däl. Hut şunuñ özüni ýönekeý adamlaryñ paranormal ukyplardan peýdalanmagynyñ iñ ýönekeý mysaly hökmünde görkezmek bolar. • Adatdan daşary ukyplar Munuñ şeýle bolşy şek-şübhesiz zerurlyga esaslanýar, ýöne muña garamazdan biziñ günlerimiziñ şertlerinde-de paranormal ukyplary iñ kämil derejä çykaryp ulanýan adamlaryñ bardygyny görmek mümkin. Bular ýaly adamlar, başda-da belläp geçişimiz ýaly, hemmelerde bar bolan, ýöne, gynansak-da bardygy belli-külli ykrar edilip gidibermeýän şeýle ukyplaryñ iñ aýdyñ delilidir diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Mundan daşgarynam jemgyýetçilik we ruhy herbaplyga ýetilen ölçegde, ýagny, daşarky we içerki şertleriñ utgaşykly gowulaşan ýagdaýynda şeýle ukyplaryñ öz-özünden ýüze çykýandygyny görkezýänler bar. Olaryñ durmuşyny, görkezen ukyplaryny öwrenmek, hususanam şeýle ukyplar arkaly adamlara ýetirýän täsiriniñ üstünde durup geçmek, bu ugur boýunda geçirilen işlere gymmatly maglumat goruny döredip biler diýip pikir edýäris. Ynha, şeýle adatdan daşary ukyplara eýe käbir täsin adamlaryñ biri-de, polşaly Wolf Messingdir. Ol birgiden adamyñ öñünde geçiren köp sanly geñ-tañsylyklary arkaly telepatiýa ukyplarynyñ inkär edilmesiz hakykatdygyny subut edip bilipdir. • Messingiñ ukybynyñ ýüze çykyşy Wolf Grigorýewiç (Gerşkowiç) Messing diýlende, siziñ köpüñiziñ gözüñiziñ öñünde 2009-njy ýylda kinodramaturg Eduard Wolodarskiniñ adybir romany esasynda ekranlaşdyrylyp, Russiýanyñ "Россия-1" döwlet teleýaýlymynda tomaşaçylaryñ dykgatyna ýetirilen köp seriýaly kinofilm janlanan bolmagy ahmal. Messingiñ rolunda ussat aktýor Ýewgeniý Knýazew oýnapdy. Mundan başga-da ondan öñem, soñam («Вольф Мессинг. Первый советский экстрасенс» - 2005, «Тайны века 36: Вольф Мессинг. Я вижу мысли людей»- 2005, «Я — Вольф Мессинг» - 2009), «Вольф Мессинг: видевший сквозь время» - 2009, «Сын отца народов» - 2013, «Ученица Мессинга» - 2020) Messingiñ obrazy birnäçe gezek janlandyrylypdy. Aslynda, Wolf Messing kim? Geliñ, ony mümkin boldugyça ýakyndan tanamaga synanyşalyñ. Wolf Messing 1899-njy ýylyñ 10-njy sentýabrynda şol wagt Russiýa imperiýasynyñ golastynda bolan Polşanyñ Warşawa guberniýasynyñ Guro-Kalwariýa şäherinde ýaşaýan ýewreý maşgalasynda dünýä inýär. Onuñ maşgala agzalarynyñ ählisi Maidanek konslagerinde nemes faşistleri tarapyndan öldürilýär. Messing soñ-soñlar ýatlar ýaly ýakynlaryndan iñ bolmanda ýekeje suratam ýadygärlik galmandygyny aýdar eken. Çagalygynda uçursyz ýatkeşligi bilen ünsi çeken Wolfuñ kakasy ogluny ylahyýet ugrundan okatmak isläpdir. Ýöne ol haham (ýewreý ruhanysy) etmek üçin eden tagallasyna garamazdan kakasyna garşy gidendigi üçin öýden çykyp gitmäge mejbur bolupdyr. Wolf kakasyna gahar edenem bolsa, ýa arada başga sebäpler baram bolsa, şol wagtdan başlap, Hudaýa we dine üns bermän başlaýar. Öýden kowlansoñ ýüzüni Berline gönükdiren Messing şol ikiarada iki ýerde ilkinji gezek özüniñ artykmaç ukybynyñ bardygyna göz ýetiripdir. Ol birugsat münen otlusynda barýarka, otlynyñ ýolbeledi (prowodnigi) ondan petegini görkezmegi soraýar, Wolf bolsa oña jübüsindäki kagyz bölejigini çykaryp uzadýar, şeýtmek bilen ol ýolbelediñ gözüni baglap, kagyz bölejiginiñ petek deregine kabul edilmegini isläpdir. Messing muny soñ-soñlar şeýle ýatlapdyr: "Bu - mendäki güýjüñ ilkinji gezek ýüze çykyşydy... "Ýeri, bolýar" diýip arkaýynlaşan ýolbelet: "Ýene iki sagatdan Berlinde bolarys" diýdi-de, petek deregine eline gysdyrylan kagyzy alyp ötägitdi". • Katalepsiýa girip başlamagy Messing Berline gelensoñ ýewreýleriñ ýaşaýan kwartalynda bakgal kömekçisi bolup işe başlaýar. Ol Berliniñ etek kwartallarynda ýaşaýan bir müşderiniñ buýurmasyny bitirmek üçin ýolda köprüden geçip barýarka huşundan gidip ýykylýar. Öýünden-ilinden daşda, hossarsyz Messingi hassahana ýerleşdiripdirler. Eger ýaş lukmanlaryñ biri onuñ çalaja tirpildäp giden pulsuny intipis etmedik bolanlygynda, ol garyplaryñ gonamçylygyna jaýlanaýmalydy. Dessine bejerjä başlanýar. Üç günden soñ Wolfuñ ýürek urşy we dem alşy kadalaşyp, özüni dürseýär. Hassahananyñ psihiatry we newrology Abel Wolfuñ bu ýagdaýyny seýrek duş gelinýän letargiýa diýip kesgitleýär. Lukman Wolfa "Sende hem-ä islän wagtyñ katalepsiýa girme ukybyñ, hemem paranormal endikleriñ bar” diýip, ondaky bu psihiki ukyplaryñ kämilleşmegi üçin elinden gelen kömegini edýär. Lukman Abel kärdeşi Şmidtiñ we onuñ aýalynyñ kömegi bilen Messingi telepatiýa ugrundan okatmaga başlaýar. Bu bolsa ýaş Messingiñ durmuşynda täze sahypany açýar. Çagalykdan bäri adatdan daşary ukyplara eýe bolan Wolf Messing belli bir wagtdan soñ bu artykmaçlyklaryny gönüden-göni ösdürip kämil derejä çykarypdyr. • Bilgiçlik ukyby Lukman Abel teatrda çykyş eder ýaly ony özbaşdak guramaçy, impresario (wekil) bilen üpjün edipdir. "Täsin oglan" Wolf Messing mumyýa muzeýinde işläp başlaýar. Messing ol ýerde kristal tabydyñ içine girip, katalepsiýada, her hepde anna gününden ýekşenbe gününiñ agşamyna çenli üç günläp jeset kimin demsiz-düýtsüz ýatypdyr. Hepdäniñ galan günlerinde psihiki ukyplaryny kämilleşdirmek bilen meşgullanypdyr. Bazarlarda gezim edip, nemes daýhanlarynyñ añ-düşünjelerini öwrenipdir. Köplenç adamlaryñ pikirlerini diñlände, özündäki sowallaryñ jogaplaryny tapypdyr we olara käbir boljak zatlary öñünden aýdypdyr. Öñünden aýdan zatlarynyñ hakykat ýüzünde bolup geçendigini aýdanlarynda, onuñ özi özüne geñ galypdyr. Messing tegelek iki ýyllap psihiki ukyplaryny kämilleşdiripdir. Şol bir wagtyñ özünde bolsa eline düşen puly ylym almaga harçlapdyr. • Eýnşteýn we Freýd dagylar bilen tanyşlygy Messingiñ impresariosy 1915-nji ýylda uruş gidip durka, oña Wenada çykyş gurnap beripdir. Şol çykyşlar hem on alty ýaşly ýigidiñ wagtyny netijeli geçirmegine şert döredipdir. Şol wagt onuñ at-owazasyny eşiden Albert Eýnşteýin Messingi öýüne myhmançylyga çagyrýar. Eýnşteýniñ iş otagynda psihoanalitikanyñ atasy Zigmund Freýd hem bar eken. Freýd Messingiñ paranormal ukyplary bilen içgin gyzyklanypdyr, ahyrynda onuñ bilen bilelikde birnäçe synaglary geçirmegi niýetine düwýär. Messing bu täsin synagy şeýle gürrüñ beripdir: "Freýdiñ paýhas synagy häzirem ýadymda: Ol maña "hammama gir-de, gizlengi ýerinden jübtek alyp gel. Soñra Albertiñ ýanyna gel we onuñ murtundan üç sany tüý ýol!" diýdi". Jübtegi şobada tapan Messing meşhur fizigiñ ýanyna baryp, Freýdiñ tabşyrygyny ýerine ýetirjekdigini aýdypdyr. Eýnşteýn bolsa ýylgyrýar-da, ýüzüni Messinge tarap uzadýar. Psihoanalitikanyñ esaslandyryjysy Zigmund Freýd Eýnşteýniñ öýünde Messing bilen geçiren synaglarynyñ netijesinde telepatiýanyñ hakykatdygyny boýun alypdyr. • Gandi bilen tanyşlygy Messing 1920-1930-njy ýyllarda dünýä ýurtlarynyñ birnäçesine syýahat etdi. Ol on ýylyñ içinde Ýaponiýada, Hindistanda, Argentinada, Awstraliýada, Fransiýada, Angliýada, Italiýada, Şwesiýada, Şweýsariýada, Polşada çykyş edipdir. 1927-nji ýylda Hindistandaka Mahatma Gandi bilen tanşypdyr. Syýasy meselelerde söhbetdeş bolandan soñ Gandi Messing bilen psihiki synag geçirip görýär. Mahatma Gandi Messinge paýhas ýumuşyny buýurýar: “Stoluñ üstündäki fleýtany al we ony otagdakylaryñ birine ber". Messing onuñ aýdyşy ýaly edipdir. Fleýtany alan kişi ony agzyna ýetirip saz çalyp başlanda birdenkä otagyñ içinde duran sebet gymyldamaga başlapdyr. Sebetden çykan ala reñkli kepjebaş çalynýan sazyñ ritmine görä hereketlenip düýrülmäge başlapdyr. • Polşaly grafa kömek etmegi Messing Polşada işlän on ýylynda aýdyñ görüjilikde we telepatiýada uly-uly üstünlikleri gazanýar. Ol sahnada çykyş etmek bilen birlikde ýygy-ýygydan detektiw ýumuşlary-da alýan eken. Muña mysal hökmünde graf Çartoryýskiniñ ýitirim bolan jöwherlerini tapandygyny görkezmek bolar. Polisiýa bir ýandan, detektiwler bir ýandan sumat bolan jöwherleri hars urup gözleseler-de, suwytly netije gazanylmandyr. Messing grafyñ hususy uçarynda Çartoryýskiniñ mülküne äkidilýär. Messing psihiki ukyby arkaly hyzmatkärleriñ biriniñ çagasyndan güman edipdir. Ol çaganyñ otagyndaky oýunjaklary mazaly öwrenenden soñ, öý eýesine ullakan oýunjak aýynyñ garnyny dilmegi buýurýar. Oýunjak aýynyñ garnyny ýaranlarynda ondan her dürli reñkli çüýşe bölekleri, ilikler, kiçijik çemçeler, şeýle-de, Çartoryýskileriñ 800 müñ zlota barabar jöwherleri çykýar. Graf Messinge öñden söz beren 250 müñ zlotyny iki esse galdyrmagy teklip berse-de, Messing mundan ýüz öwrüpdir. • Gitler bilen baglanyşykly öñden görüjiligi 1939-njy ýylyñ 1-nji sentýabrynda nemes faşistleri Polşany basyp alýar. Şol wagt Messing Polşada eken. Mundan beýläk Polşada oña durarlyk galmandyr, sebäbi ol 1937-nji ýylda Warşawa teatrlarynyñ birinde çykyş edip durka 200 müñ tomaşaçynyñ öñünde "Gitler Gündogara çozsa öler" diýen eken. Ähli mistik ynançly kişiler kimin bu söz Gitlere ýiti täsir edipdir we onuñ kellesine 200 müñ mark pul sylagyny goýupdyr. Messing gaçmaga hyýallanan gijesi faşist ofiseriniñ eline düşýär. Nemes goşunynyñ ştabyna äkidilende, ol gaçyp dynmasa öldüriljekdigine göz ýetirýär. Ähli psihiki mümkinçiligini garaşylmadyk tagalla bilen bir ýere jemlän Messing añ taýdan ähli faşist ofiserleriniñ öz saklanýan otagyna gelmeleri üçin telepatik çagyryş edýär. Goşun bölüminiñ tutuş şahsy düzümi, bölümiñ serkerdesi, girip-çykýanlara gözegçilik edýän nobatça çenli gyssagly ýagdaýda onuñ saklanýan ýerine jemlenýär. Messing muny şeýle gürrüñ berýär: "Görkezmäme boýun egen faşistler meniñ saklanýan ýerime üýşdüler. Men ýerde gymyldaman-etmän, hamala ölen ýaly bolup ýatyrdym. Birdenem atylyp turdum we zala çykdym. Nemesler nämäñ-nämedigine düşünip ýetişmänkäler daşky gapynyñ kildini ildirdim we daşaryk ylgamaga başladym”. • SSSR-e gaçyş Messing şol gije sowet serhedine ýetipdir. Ol şondan öñ sowet ýurdy barada hiç zat bilmeýän eken, olaryñ dilini, medeniýetini bilmändir. Iş tapmak üçin Medeniýet ministrligine gidende, ony hernäçe işe almajagam bolsalar, artykmaçlyklaryny görkezmegi başaryp, özüni işe aldyrdypdyr. Işe başlandan soñ Belorussiýada gastrola çykýar. Messing bu gastrollar arkaly köp sanly çykyşlar edipdir. 1940-njy ýylda Stalin Gitler bilen birek-biregiñ üstüne çozmazlyk baradaky ylalaşyga gol çekenlerinde, ol hususy klublaryñ birinde şeýle diýipdi: “Bir gün sowet tanklary Berliniñ köçelerini wer-tarham eder..." Aýdyşy ýalam bolupdyr. Ylalaşyk uzak dowam etmedi. Germaniýa ähdiýalanlyk bilen SSSR-iñ üstüne çozdy, nemes tanklary sowet serhedinden geçdi. Urşuñ soñunyñ nähili gutarjagyny entek hiç kim bilmeýän wagty eden çykyşlarynyñ birinde, ol urşuñ 1945-nji ýylyñ maý aýynda gutarjagyny aýtdy. Dört ýyllap dowam eden gandöküşikli uruş onuñ aýdan wagtynda gutaranda sowet tanklary eýýäm Berline kürsäp giripdi. • Stalin bilen tanyşlygy 1940-njy ýylda bir gije Belorussiýanyñ Gomel şäherinde ähli petekleri satylyp gutarylan çykyşlarynyñ birinde iki sany sowet milisioneri sen-men ýok, orta çykaga-da, Messingi ýere ýüzin ýatyrýar we süýräp nirädir bir ýere äkidýär. Wakanyñ dowamyny Messing şeýle dowam edýär: “Bir ýere getirdiler, niredigini özümem bilemok. Soñra meni bir otaga saldylar. Duran ýerim bir otele-de meñzemän duranokdy. Içeri murtlak biri girdi. Ol Stalinden başga hiç kim däldi”. Messingiñ Stalin bilen bolan bu duşuşugy onuñ telepatiýa mümkinçilikleriniñ ýeñşi bilen soñlanan birnäçe synaglarynyñ-da başlangyjy bolýar. Stalin oña ýerine ýetirmesi mümkin däl bir ýumuş buýurýar. Messing diñe añ mümkinçiligini ulanmak arkaly Moskwanyñ "Gosbankynyñ" kassasyndan 100 müñ rubl ogurlamalydy. Ýumuş buýrulan wagty Messing "Gosbankyñ" binasynyñ niredediginem bilmändir. Ol banka girende bloknodyndan goparan bir sahypasyny kassire berip, aýdylan möçberdäki puly özüne bermegi üçin telepatik ýumuş buýurdy. Goja kassir elindäki kagyza seredip, kassany açypdyr we 100 müñ rubly sanap, Messingiñ eline beripdir. Messing alan pullaryny Staliniñ öñden belläp goýan iki gözegçisine tabşyrýar. Şeýlelikde, ol bu synagdanam üstünlik bilen geçipdir. Wolf Messing bilen geçiren birnäçe synaglaryñ netijesinde telepatiýanyñ hakykatdygyny ykrar eden Stalin konserwantlara garşy Messingiñ arkasynda durupdur. • Kremlden çykyş Stalin mundan soñ Messinge ýerine ýetirmesi mümkin däl başga bir ýumşy - örän berk goralýan hökümet binasynyñ goragyny böwsüp çykmagy buýurýar. Ol nädip bu çetin ýumuşyñ hötdesinden gelendigini şeýle gürrüñ beripdir: “Men bu ýumşy kösenmän-etmän ýerine ýetirdim. Ýöne köçä çykanymdan soñ sanlyja minut öñ çykyp gaýdan otagymyñ ýokarky gatdaky penjiresinden seredip duran ýokary wezipeli hökümet işgärine golumy bulaman durup bilmedim”. Başga bir synagda bolsa Messinge Staliniñ Kunsewodaky berk goralýan daçasyna girmek tabşyrylypdyr. Şäherden bir çetde ýerleşen çola mülkde ýerleşen daçany ýörite birlikler (spesnazlar) gorapdyr. Birküç gün geçensoñ hiç kimiñ ünsüni çekmän daçanyñ howlusyna giren Messing Staliniñ iş otagynyñ gapysyny kakypdyr. Stalin ondan: "Ýeri, muny nädip oñardyñ?" diýip soranda, Messing: "Goragçylara we hyzmatkärlere añ gipnozyny etdim. "Men Beriýa, men Beriýa" diýdim-de, arkaýyn geçip gaýdyberdim" diýip jogap beripdir. Geñ galaýmaly, kel kelleli sowet çekisti Lawrentiý Pawlowiç Beriýa şol wagt Staliniñ öz ýanynda oturan bolsa näme! Özem onuñ daşky keşbi ösgün we hüžžük saçly Messinge hiç bir babatda meñzemeýänem eken. Şeýle-de bolsa, ol Beriýanyñ demir penjeli nökerleriniñ eline düşmän, Staliniñ gaşynda peýda bolup bilipdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||