05:01 Agartada ýaşaýyş barmyka? | |
AGARTADA ÝAŞAÝYŞ BARMYKA?..
Geň-taňsy wakalar
■ Atlantisden Mu siwilizasiýasyna, Nuh pygamberden Isa pygambere, Müsürden Gitlere, Debbetül-Arzdan Kapadokýa, ibrany dilinden sanksrit diline, Lusiferden ýewropaly rysarlara deñiç… ■ Agartanyñ görlüp-eşdilmedik geñ-tañsy kyssalary ilkinji gezek türk(men) dilinde okyjylaryñ dykgatyna ýetirilýär! Bu ýazgyny okamasañyzam, görmeseñizem, zyýany ýok. Olar hakykatdanam bar! Olar Agartada ýaşaýarlar! Agarta barada internetde we ensiklopedik çeşmelerde iñ köp ýaýran ylmy kesgitleme "Tibet we Orta Aziýa tradisiýalarynda ýatlanýan, Aziýa daglarynyñ içinde barlygy öñe sürülýän legendar ýerasty ýurtdur". Ýöne bu kesgitleme "Agartany" öwrenmek we syryny çözmek üçin ýeterlik bolup bilmeýär. Diýseñ ýüzleý we çig. Herniçigem bolsa bu kesgitleme Agartany öwrenmek isleýänlere çelgi bolup biler. Häzirki wagtda Agartany öwrenýän birnäçe ylmy neşirler we ýazyjylar bar. Olaryñ içinde iñ tanymallary we çeşme hökmünde ynamly garap boljak üç sanysy bar. Olar Rene Guenon, Sent-Ýwes d' Alweýdr we Ferdinand Ossendowskiý dagylardyr. Agarta sözi "Agharta" we “Agarthi” görnüşinde-de ýazylýar. Agarta ýa-da Agarti sözleri sanskrit dilinde “ele geçirip bolmaýan, ýetip bolmaýan, hemme zatdan goralýan, zulum-sütemden daşdaky, anarhiýadan uzakdaky ýer" diýmekligi añladýar. Şeýle-de “Şambala” (Shambalah) sözi bar. Käbir kişiler Şambalany Agartanyñ alternatiwasy hökmünde gurlan mekan diýip düşündirýärler. Emma giñden ýaýran başga bir pikir bolsa Şambalanyñ Agarta dünýäsiniñ ikinji adydygyny öñe sürýär. Agarta sözi ilkinji gezek S.Ý. d'Alweýdr tarapyndan ulanylypdyr. D'Alweýdr alhimik bolupdyr. Ol metallary altyn-kümüşe öwürmegiñ formulalaryny işläp düzüpdir. Martinistler sektasynyñ (316-397-njy ýyllarda ýaşan Tours ýepiskopy Keramatly Martin tarapyndan gurlan dini sekta) okuwçylaryndan bolupdyr. Jemgyýetiñ başga bir adynyñ "ýaşyl adamlar jemgyýeti" bolandygyna degişli çeşmeler bar. ▶ Gadagan dünýäniñ gapylary: Biz-ä "GIRMÄÑ!" diýýäs! Ýok, giresiñiz gelýän bolsa, onda okamagy dowam ediñ! Agartanyñ simwoly - GAMALY HAÇ! Agartanyñ häkimi "Dünýäniñ patyşasy" statusyny göterýär. Onuñ ýanynda ýene kömekçileri bolan iki sany ruhany patyşa bar. Simwollaryndan biri häli-häzirem Hindistandaky we Tibetdäki ybadathanalaryñ diwarlaryny bezeýän gamaly haçdyr. Bu simwolyñ köki Mu siwilizasyna çenli uzaýar. Güni alamatlandyrýan gadymy simwol dünýäniñ iñ gadymy simwollarynyñ biri hasaplanýar. Bu haç ýaradylyşyñ dört esasy güýjüni we dört uly energiýasyny simwolizirleýär. Wagtyñ geçmegi bilen bu nyşanyñ "ugry üýtgedilip" Ikinji jahan urşunda faşistik Germaniýanyñ ulanýan nyşanyna öwrüldi. ▶ Mu we Atlantis… Geliñ, indi bolsa bu açyklaýjy paragraflarymyzdan soñra Agarta barada kesgitleme bermäge synanşalyñ. Agarta barada käbir alymlar "Mu we Atlantisden göç eden ruhanylar tarapyndan gurlan, soñra gizlenmek zerurlygy ýüze çykyp, daglaryñ we gowaklaryñ içine çekilen" bir topardygyny öñe sürýärler. Bu pikir Agarta bilen baglanyşykly maglumatlaryñ arasynda populýarlaşan we iñ köp ylalaşylan pikirdir. Şu ýerde Agarta barada başga bir "jedelli" gürrüñe-de ünsüñizi çekeliñ. Agartanyñ "ýerasty dünýäsidigi" ýa-da "haýsydyr bir gizlin topardygy' barada howry ýatmaýan gyzgyn çekişme dowam edýär. Agarta boýunça alnyp barylýan ähli ylmy-agtaryş işlerind bu iki çapraz pikire duş gelmek bolýar. Emma iki toparam haýsydyr bir "gizlinligiñ" bardygyny welin bilýärler. Has takygy "ýerasty bolanda-da, "gizlin bir topar" bolanda-da gizlinligiñ barlygy belli. Bu ki toparyñ öñe sürýän pikiriniñ birini dogry, birini nädogry hasaplap bolmaz. Her ikisi hem belli bir derejede dogry hasaplanýar. ▶ Agartanyñ adamlary kim, olaryñ missiýasy nämeden ybarat? Agarta näme edýär? Maksady näme? Olar kimler? Häzire çenli buu soraglara jogap berip biljek anyk maglumatlara duş gelinmedi. Dürli "wezipeleriniñ" barlygyndan söz açylýanam bolsa, aslynda maksatlary aýdyñ. Agarta “gazanan müñlerçe ýyllyk syrlaryny durmuşa geçirmek arkaly adamzady ägirt uly spiritual joşguna (illýuminasiýalaşmak, aýdyñlanmak, nurlanmak) gowuşdyrmagy maksat edinýän danalardan we filosoflardan ybaratdyr". D'Alweýdrden soñra Agarta barada fransuz konsuly Jakoliotyñ "Hindistandaky Töwrat" we teosofiýanyñ düýbüni tutujy H.P.Blawatskiniñ "Gizlin doktrina we ýagtylyga çykarylan Isis" atly eserlerinde berilýän maglumatlar diýseñ ünsi çekijidir. Rene Guenon "Dünýäniñ patyşasy" atly ylmy işinde Agarta barada giñişleýin maglumatlary ylmy jemgyýetçilik bilen paýlaşýar. ▶ "Añyrkylara degişli paýhaslaryñ ogullary" nirede? Onda Agarta niredekä? Agartalylar nirede? Bu sowallara jogap berip bilýän anyk we gutarnykly hiç hili jogap ýok. Her çeşme özüçe bir adresi salgy berýär. Ýagdaý şeýle-de bolsa, geografiki giñişligini göz öñüne tutup umumy kartasyny çyzmak mümkin. Guenonyñ aýtmagyna görä juda gadymy döwürde bolup geçen bir tupan (Nuhuñ tupany?) häzirki Gobi çölünde aşa ösen bir siwilizasiýanyñ ýok bolmagyna getiripdir. Ol ýerde ýaşan "spiritual mürşitler" Gimalaý daglarynyñ astynda ýerleşen uly gowaga siñipdirler. ▶ Ýaşyl ýurt nirede: Agartanyñ anyk salgysy! Ýokarda "Agarta we Şambala" hakynda gysgaça durup geçipdik. Bu ikisiniñ biri-birine altwernatiwa hökmünde gurlan mekandygy baradaky pikir bu ýerde aýdyñlaşýar. Göçhä-göçlük başlanda göçegçiler iki topara bölünýär. "Sag eliñ ýolagçylary" diýip ýatlanýan topar Agartada, ýagny dünýä durmuşyndan alysdaky hoşniýetliler mekanynda, "çep eliñ ýolagçylary" bolsa Şambalada, ýagny gara güýje daýanýanlaryñ ýurdunda ýerleşýär. Agartanyñ başga bir adresini Ferdinand Ossendowskiý berýär. Ossendowskiý bolşewistik agdarlyşyga garşy göreşen polşalyly hökümet ministridir. Ol şowsuzlyga uçrap Mongoliýa we Hytaýa gaçýar. Gaçybatalga hökmünde gizlenen bir Lama buthanasynda oña "6.000 ýyldan gowrak wagt öñ keramatly bir adamyñ öz kowmuny alyp gowakda gizlenendigini we gizlin ylym arkaly Agarta atly ýerasty patyşalygyñ düýbüni tutandygyny" gürrüñ beripdirler. Ossendowskiý bu maglumatlary 1924-nji ýylsa neşir edilen "Haýwanlar, adamlar we hudaýlar" kitabynda beýan edýär. ▶ Agarta dünýäsine aralaşmagyñ düzgünleri! "Agartanyñ raýaty bolmak" häzirki wagtyñ şertlerinde asla mümkin bolmajak zat bolup görünýär. Kut Huminiñ aýtmagyna görä: "Agarta girmek, olara goşulmak" boljak zat däl, "ýöne, spiritual manyda güýjüñe daýanyp agartaly bolup bolýar. Adam diñe uluhyýet (kämillige barýan ýol) bilen gaýtadan bütewileşip biljek derejä ýetende agartaly bolup biler, bu derejä ýetmek üçinem ençeme muşakgatly synaglardan geçmek gerekdir. Çünki adamzadyñ barlygyny doly we dogry ýagdaýda özgerişe uçradýan hem-de güýçlendirýän ýeke-täk zat spiritual ylymdyr". ▶ Agarta: Ertekimi ýa hakykat? Agarta giriş propuskyny berýän ygtyýarly kişi kim? Ýagny agartaly bolmak ýoglara ýa-da ilkinji ibranylarda bolan "semawy ynsanlara" mahsus iñ çuññur ahwalat arkaly mümkindir. "Agartalylar ýer togalagynyñ ýaşaýjylarynyñ añynda giñelme we açylma döredip, özleriniñ spiritual manyda ýeten duýgy we düşünje jebisligine olary-da ýetirmek maksady bilen öz aralarynda hyzmatdaşlyk etmäge her pursatda taýýardyrlar". ▶ Nasistler - Gitler we Agarta... Agartany gözleýänlere degişli iñ ýakyn adres Türkiýäniñ Kapadokýa şäherindedir. Bu ýeriñ meşhur ýerasty dälizleri ýumagyñ ujuny berýär. Giñ we uly tuneller Agarta alyp barýan ýollar bolaýmagy ähtimal diýen pikiri döredipdir. Elbetde, bu-da bir çaklama. Ýöne Agarta baradaky ähli maglumatlaryñ hem çaklamalara esaslanýandygyny unutmazlyk gerek. Bu tuneller Daniken ýaly alymlar tarapyndan kosmiki siwilizasiýalaryñ önümi hasaplanýan bolsa, käbirleri Atlantis we Mu yklymlarynyñ weýran bolmagyndan soñ halas bolan adamlaryñ guranlary diýip hasaplaýar. Elbetde, bu çaklamalaryñ iñ ulusy agartalylaryñ adamlar bilen juda seýrek aragatnaşyk açyp häzire çenli ýaşap ýörenleriniñem barlygy hakyndadyr. Bularyñ arasynda iñ populýar we hatda ynanasyñam gelmeýän bir hekaýatlaryñ biri bolsa Adolf Gitleriñ Agarta ruhanylary tarapyndan taýýarlanan bir medium bolanlygy baradadyr. Hut şonuñ üçinem alymlaryñ birnäçe Agarta baradaky barlaglaryñ başyny nasistlerden we Gitlerden başlamagy teklip edýär. (Faşistik komandowaniýanyñ ştabynyñ ýerzemininden tapylan on iki sany tibetli ruhany barada başga bir makalada aýratyn durup geçeris). ▶ Dabbetül-Arz ýerastyndamy? Käbir çeşmeler Agarta(lylar)yñ ýer togalagynyñ ýaşaýjylary bilen bile ýaşaýandygyny, dördünji ölçegdäki barlyklardygy üçin göze görünmeýändigini aýdýar. Olaryñ göze görünjek wagtyny "kyýamat" bilen baglanyşdyrýarlar. "Biziñ häzir görmeýän, ýöne arasynda ýaşap ýören bu medeniýet dünýäsi (Agarta) adamzadyñ dördünji ölçege geçiş döwründe biziñ bilen ýüzbe-ýüz bolmaly, özlerini tanatmaly we bilýänlerini aýtmaly. "Gurhanyñ" "Neml" süresinde" ady tutulýan Dabbetül-Arz, ýagny "ýerden çykmaly" we hakykatlary aýtmaly bu janly barlyklar, megerem şol medeniýet dünýäsiniñ agzalarydyr..." ▶ Agarta çeper edebiýatda Bular biderek çaklamalarmy ýa-da ylmy taýdan subut edilmegine garaşýan hakykatlarmy? Agarta çeper edebiýata hem ençeme gezek aralaşan tema. Umberto Ego "Foukaultnyñ žaketi" romanynda Agartadan söz açýar. Abel Posseniñ meşhur romanyñ ady hem “El viajero de Agartha”. Şeýle-de, “Agarta: Hollow Earth” ady bilen komýuter oýny hem bolmaly. Başga bir meşhur "Final Fantasy IV" komýuter oýnunda Agarta şäheri bilen täsin janawarlaryñ ýaşaýan ýerasty ýurdunyñ arasynda aragatnaşyk açylýar. Miles Dewisiñ bir albomynyñ ady-da "Agarta". # iyibilgi.com Internet maglumatlaryndan taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||