09:40 Agartalylar we Gitler | |
AGARTALYLAR BILEN GITLER Agarta siwilizasiýasy bilen içgin gyzyklananlaryñ biri hem faşistik Germaniýanyñ öñbaşçysy Adolf Gitlerdir. "Bize ruhanylaryñ we dindarlaryñ geregi ýok. Biz Gitleriñ ýardam etmeginde Hudaý bilen gönüden-göni gatnaşyk açyp bilýäs". Faşistik partiýany esaslandyryjylardan Ditrih Ekkart "Tuleniñ" konsepsiýasyny şeýle beýan edýärdi: "Tuleniñ ähli syrlary gaýyp bolan gadymy siwilizasiýa esaslanýar. Adamzat bilen "daşarky güýçleriñ" arasynda gezýän käbir araçy güýçler bu syrlaryñ nämedigini bilenler üçin tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär..." German Rauşning "Gitler maña aýdypdy" atly kitabynda: "Ýakynlarynyñ maña aýtmagyna görä Adolf Gitler gijelerine uly ses edip oýanýan eken: saññyldap düşnüksiz sözleri samyrdaýarmyş, birden-birden düşeginden atylyp turýarmyş, otagynyñ ortasynda dim-dik durýarmyş, bir nokada tiñkesini dikip "Ynha ol, bärigem gelipdir, ynha ol" diýip iññildeýärmiş, soñra ýene düşnüksiz sözleri samyrdap başlaýarmyş. Zordan höre-köşe edilip düşegine geçirensoñlaram, ýene-de düşeginden atylyp turýan eken hemem "ynha ýene geldi, burçda dur..." gohlap, uly ses edýän eken" Käbir alymlaryñ çaklamasyna görä, Gitler gorkunç horror güýçleriñ kontrolynda bolupdyr we öz ýeten derejesinden has ýokarda bolan taglymyñ iñ aşakky, iñ ýöntem bölümini adamlara mälim edipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |