Şol gün şeýle bir ýagyş ýagdy welin, asla diňer ýerde diňmedi. Işiň ahyrynda awtoulagymda biraz garaşmaly boldym.
Öýe gelenimde bir ala pişik gapa söýenip otyrdy. Süllümmaý ezilen janawar titreýärdi. Ganjaran artky aýaklarynyň biriniň şikeslidigi daşyndan hem görýärdi. Kowmakçy bolsam, hamala köneden tanyş ýaly, asla gaçaýyn hem diýenokdy.
Gapyny açanymda pişik zymdyrylyp öýe girdi. Ony öýden çykarmak üçin köp gözledim. Ylla asmana uçan ýalydy. ”Ertir irden çykar gider-dä” diýen umyt bilen ony idemegimi bes etdim.
Ertesi-de pişigi tapyp bilmedim.
Işden gelip, naharlanyp otyrkam, ala pişigiň bukuja bir ýerden maňa ogryn garaýanyny gördüm. Dogrusy, näme üçindir, meniň ony indi öýden kowasym gelip baranokdy. Naharlanymda maňa minnetdarlyk bilen garap, ýalagyndakylary iýdi.
Çagalarym oba gidensoň bikarardym. Indi ol maňa uly güýmenje boldy. Öz ýanymdan pişigi Alaja diýip atlandyryp başladym.
Alaja galjaň pişik ekeni. Howla çyksam yzymdan galmazdy. Bir gezek syçan awlanyny görüp, “Meger, syçançy pişikleriň neslinden bolsa gerek” diýip çakladym.
Şol günler şäherimize etrapdan iş sapary bilen gelen öňki talyp ýoldaşyma sataşdym. Zyýapata çagyryp, daňdana çenli söhbetleşip oturdyk. Alajanyň taryhyndan hem sowlup geçmedik.
-- Syçançy pişik gaty zerur maňa – diýip duransoň myhmanymyň raýyny ýykmadym.
Iş-alada bilen günler gyzykly geçip başlady. Alaja kem-kem ýadymdan çykyşdy. Soňra oba gezelenje giden çagalarym gaýdyp geldiler. Öýümiz ýene şowhun-şagalaňa doldy.
Bir gün irden körpäm Myrat:
-- Kaka, gapymyzda bir pişik otyr-la -- diýip, maňa ýüzlenende näme üçindir Alaja ýadyma düşdi. Ýogsam talyp ýoldaşymyň Alajany alyp gidenine ýarym aý çemesi wagt geçipdi. Çagalaryma bolsa pişik bilen baglanyşykly waka barada hiç zat aýtmandym.
Hawa, gapyda Alaja otyrdy. Geçen döwürde janawar gaty horlanypdyr. Goňşy etraba ýapyk gutyda alnyp gidilen pişigiň yzyny tapyp bilişine haýran galdym.
Gapyny açanymda ol hemişeki ýerine geçip otyrdy.