13:55 Alakalaryñ şasy | |
ALAKALARYÑ ŞASY
Geň-taňsy wakalar
"Jokjokyjykdaky" syçanlaryñ şasy ýadyñyzdamy? Täçli haýwanlar bolan sugun şa... gurbaga şa ertekiden ertekä geçip gelýär. Ýöne welin ýyrtyjylaryñ durmuşyndaky demokratiýa ýa-da anarhiýa güýçliniñ tebigy hukugyna esaslanan diýip hasap edýärler. Olaryñ az sanly görnüşlerinde bolsa bal arysynyñ şasyna meñzeş nesil yzarlaýan çäksiz hökümdarlyk bolýar. "Alakalaryñ şasy" diýlip şeýle atlandyrylýan şalyk bütinleý üýtgeşik. Onuñ tagta çykmak hukugy ne bir nesil yzarlamak hukugyna, ne-de güýçliniñ hökümine esaslanan - tersine, iñ bir ejiz, iñ bir elebakna jandar bolanlygyna esaslanandygyny göz öñüne getirmek kyn. Onsoñam ol ýer şaryndaky häkimleriñ ýeke-täk görnüşidigi esasy zatdyr. Ol bir däl-de, birnäçe özbaşdak alakalardan ybarat bolan häkimdir. Köp wagtdan bäri Germaniýanyñ we Ýewropanyñ beýleki ýurtlarynyñ birnäçesiniñ territoriýasyndaky alaka hinlerinde käte guýruklary öz aralarynda birleşen üýşmek jandarlara duş gelmek bolýar. Ikiden otuza çenli, ondan hem köp alakalaryñ guýrugy açylmaz ýaly bulaşyk, adatdan daşary berk ýumagy emele getirýär. Olary çözläp aýyrmak düýpden mümkin däl. Olaryñ haýsydyr bir ýelmeşik madda bilen ýelimlenenligi bilinmänkä, bu alakalaryñ guýrugy öz aralarynda sepleşýär diýlip uzak wagtlap pikir edilip gelindi. "Alakalar şasynyñ" diñe gara alakalar arasynda duş gelip, olaryñ ýakyn garyndaşy bolan çal alakalaryñ arasynda hiç wagt duş gelmeýänligi gyzyklydyr. "Alakalaryñ şasyny" emele getirmeklige dürli eneden bolan haýwanjyklar gatnaşýar. Oña ýaş, garry haýwanlar hem gatnaşýarlar. Olar birleşenlerinden soñ hiç wagt aýrylyşmaýarlar, hinlerini-de taşlap gitmeýärler. Ine bu ýerde gyzykly zat näme. Olaryñ özlerine çensiz şeýle rehimsiz bolýan azat kowum-garyndaşy şalaryna gezek gelende görlüp-eşidilmedik rehimli hem-de wepaly bolýarlar. Olar oña iýmit getirip berýärler, duşmanyñ zulumyndan goraýarlar. Olary şeýle etmäge kimiñ mejbur edýänligine düşünmek kyn, ondan hiç hili biologiki maksada uýgunlylygy görmek mümkin däl: şa bir peýdasyz mugthor, hatda ol köpelmekdenem näumyt galan ahyryn. "Alakalar şasynyñ" emele gelmeginiñ sebäbi düşnüksiz. Olar köplenç ýylyñ sowuk möwsümlerinde emele gelýärler. Alakalar bu wagtlar köpçülikleýin hin salynýarlar, ýyly bolar ýaly bir-birlerine berk gyslyşmaga çalyşýarlar. Belkä-de, şol wagt olaryñ guýruklary ýelmeşýändir. "Alakalar şasyndan" emeli ýol bilen azat bolýan alakalaryn tiz ölýänligi olaryñ göwnüne gelýän bolara çemeli. Laboratoriýa şertlerinde "alakalar şasyny" emele getirjek bolunyp edilen synanyşyklaryñ hemmesi şowsuz gutardy. ("Знание сила" žurnalyndan). "Ýaş kommunist" gazeti, 17.02.1966 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |