18:52 Aldebaran ýyldyzy. Wril jemgyýeti we wril ruhanylary | |
ALDEBARAN ÝYLDYZY. WRIL JEMGYÝETI WE WRIL RUHANYLARY
Geň-taňsy wakalar
Wril ruhanysy Mariýa Orsik atly medium nemes faşistleriniñ arasynda çuññur hormatdan peýdalanypdyr. Çünki ol ilkinji bolup nemesleriñ kosmos aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Nasistler tokaýda çet künjeklerinde gurlan jaýlarda we şoña meñzeş çatmalarda ýygnanyşyp, haýsydyr bir gizlin dilde "mukaddes ýazgylary" okapdyrlar. Mariýa şol ýygnanşyklaryñ ýolbaşçysydy. Onuñ ýanynda skandinaw hudaýlarynyñ gyzydygyna ynanylýan Sigrun atly ýene bir zenan bardy. Onuñ ýere degip duran uzyn saçlary bardy. Şol saçlaram antenna mysaly, ýyldyzlar bilen telepatik aragatnaşyga geçýärdi. Olar Aldebaran ýyldyzyna gitmeli kosmos gämisini ýasamak bilen meşgullanýardylar. "Tule" jemgyýeti gizlin ýerasty siwilizaziýalary bilen baglanyşykly okkultistik topardyr. Nemes syýasatçysy Ditrih Ekkart "Tule" hakynda şeýle diýipdir: "Tuleniñ ähli syrlary sumat bolan gadymy siwilizasiýa esaslanýar. Adamzat bilen daşarky güýçleriñ arasyndaky käbir araçy güýçler bu syrlaryñ magadyna ýetenlere tükeniksiz güýç-gaýrat berýär. Bu güýç-gaýrat Germaniýany bütin dünýäde agalyk ediji güýje öwürer. Özem bu güýç-gaýratyñ sakasy gelejegiñ hemmetaraplaýyn rüstem adamynyñ ýüze çykmagyny we adamzat nesliniñ düýpgöter özgerişini üpjün eder". "Tuleniñ" düýp maksadyna diñe 1919-njy ýylda Wril topary we özlerine "DHvSS" diýip at beren topar bilen bileleşenden soñ göz ýetirildi. "DHvSS" topary "Gara Gün" ýa-da "Gara daş" atly güýje çokunýardy, olaryñ Isias atly hudaýlary bardy. Bu zatlaryñ barsynyñ añyrsynda Mariýa Orsik atly medium aýal durýardy. Bu medium aýal nasistleriñ iñ ýokary çinli ofiserleriniñ gatnaşýan ýygnanşygynda dini rituallary gurnaýardy, olary iñ saýlama jynsly millet hökmünde yglan edip, "bu dünýäden" bolmadyk hem-de başga Gün sistemasyndaky Aldebaran atly saýýaradan gelýän maglumatlar we taglymatlar bilen habarly edýärdi. Nasistler ýyldyzlardan habar getirýändiklerini aýdýan we owadanlygy bilen gözüñi gamaşdyryp barýan bäş sany zenan mediuma "Wril ruhanylary" diýýärdiler. Mariýa Orsik olaryñ içinde hasam tapawutlanyp, nasistleriñ arasynda iñ sylagly aýala öwrüldi. Mariýa Orsik ariýa jynsly milletiñ bu dünýäden däldigini we olaryñ Ýerden 64 ýagtylyk ýyly uzaklykdaky Alfa Tauri ýyldyzlar toparyndaky Aldebaran saýýrasyndan gelendiklerini aýdýardy. Toplanşyklarda Orsigiñ nasistlere näbelli dilde bir zatlary okap berýändigi we tehnologik maglumatlary öwredýändigi aýdylýardy. Toplanşyklara nemes faşistleriniñ iñ ýokary wezipeli adamlary gatnaşyp bilýärdi. ■ Wril jemgyýeti haçan orta çykdy? Birinji jahan urşy tamamlanandan soñ içerki bulaşyklyga düşen Germaniýada Wril atly jemgyýet döräpdir. Bu jemgyýet nemes milletçiligini şygar edinmek bilen birlikde syrly barlaglary hem alyp barýardy. Ariýa milleti nasistleriñ okkultistik çeşmelerinde “Pure Blood” ("Sap gan") hökmünde kesgitlenip, başga halklar bilen gany gatyşmadyk nemes halkyny añladýardy. Bu milletden başga milletlere “İmpure Blood” ("Sap däl gan") hökmünde baha berildi. Wril jemgyýetiniñ taglymatyna görä, "Iññän gadymy döwürlerde ýaşan gadymy adamlar "Öküz" ýyldyzlar toparynyñ ilkinji ýyldyzy Aldebarandan Ýere inipdirler. Olar sumi-er ýa-da şumerler diýip tanalypdyr. Şonuñ üçinem Babylyñ simwoly "Ganatly öküzdir". Başgaça aýdylanda, aldebaranlylar şumerlerdir. Wril jemgyýetiniñ okkultistleri Aldebarandan mediumik signallary almaga başlapdyrlar. Bu signallar şumer dilinden gelýärdi. Gelen yşaratlaryñ aýan edilmegi XIII asyrdan bäri Günorta Germaniýanyñ ybadathanaçy rysarlarynyñ elinde saklanýan resminamanyñ hem syrynyñ çözülmegine sebäp boldy. Şol wagta çenli bu resminama finikiýa ýazuwynda ýazylandyr öýdülýärdi. Emma wagty gelende ýazgynyñ nämedigine göz ýetirildi. Ýazgy "aldebaran" ýazuwynda ýazylan eken. Bu maglumatlardan ugur alyp, bawariýaly ybadathanaçy rysarlaryñ halypasy Koçyñ köneden galan paty-putysyny täzeden öwrenmäge başladylar. Geçirilen barlaglaryñ netijesinde Koçyñ we onuñ ýoldaşlarynyñ aldebaranlylar bilen aragatnaşyk saklandygy anyklandy. Şol sanda aldebaranlylarda hem teokratik taglymata esaslanan nasional sosializm düşünjesi bar eken. Şonuñ üçin aldebaranlylaryñ "Öküz" ýyldyzlar toparynyñ nemesleridigi" anyklandy. Wril - aldebaranly adamlaryñ dini ynanjy bolupdyr. Nemes halkynyñam aldebaranly sumi-er ýa-da şumerler bilen ganybir garyndaşlygy barmyşyn. Aldebaran - arap dilinde "Ýedi Süreýýany yzarlaýjy" manysyny berýär. Bu at "Alfa Öküz" ýyldyzyna berilen atdyr. 1919-njy ýylyñ dekabr aýynda "Tuläniñ" agzalary Berhtesgadeniñ golaýyndaky yakınlarındaki Ramsauda tokaýyñ içindäki bir öýde toplandylar. Meşhur medium Mariýa Orsik Sigrun atly medium ýoldaşy bilen bile güýçlerini synap başladylar. Orsik henize çenli ulanmadyk terzinde we dilinde yşaratlar almaga başlady. Gelen yşaratlarda uçýan enjamyñ gurluşy baradaky tehniki maglumatlar bardy. Mariýa we Sigrunyñ alan telepatik yşaratlary Wril jemgyýetiniñ dogmatik ýörelgelerine öwrüldi. Bu yşaratlar dünýäden 68 ýagtylyk ýyly uzaklykdaky Aldebaran ýyldyzdan gelýärdi. Aldebaran ýyldyzynyñ daşynda iki sany saýýara barmyşyn. Şol iki saýýara hem şumer imperiýasyny döredipdir. Bu Gün sistemasyndaky hojaýynlar nurana ýüzli hudawy ynsanlarmyş (ariýalylar), olar bilen bile adamzadyñ beýleki halklary hem barmyş. Başga halklar mutasiýa (ýoýulma) uçranlarmyş we olar añ taýdan az-owlak yza galýarlarmyş. Muña garamazdan olaryñ arasynda ikitaraplaýyn sylag-hormat bolupdyr. Ýüzünden nur ýagýan adamlar Gün şöhlesiniñ ýokarlanmagy sebäpli ýaşaýan saýýaralaryny terk etmäge mejbur bolupdyrlar we biziñ Gün sistemamyza gelipdirler. Olar ilki Marsa gelipdir. Häzir Marsda duş gelýän piramidalar we kanallar şolaryñ birmahalky ýaşaýyşlarynyñ galyndylarydyr. Olar Ýer togalagyna ilkinji gelen wagtlary "şumerler" diýip tanaldy. Wril jemgyýetiniñ agzalary gelen yşaratlary öwrenenlerinde gadymy şumer diliniñ aldebaran diline we nemesçä juda meñzeşdiginiñ üstünden bardylar. Şeýlelikde gapbarçanak ("Uçýan legenler") meselesi jemgyýetiñ üns merkezine girdi. Tibetli ruhanylar bilen aragatnaşyga giren jemgyýetiñ mälim etmegine görä tibetliler bu halk bilen aragatnaşyk saklapdyr. Aldebaranly ariýa milletiniñ bir bölegi Ýer togalagynda ýaşaýarmyş. Olaryñ ýerasty imperiýasy Agarta ady bilen tanalypdyr, raýatlaryna-da arianniler diýlipdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |