11:03 Aleksandr Makedonskiý | |
▶ SERKERDÄNIŇ ÝAŞLYGY Geljekki basybalyjy b.e.öňki 356-njy ýylyň iýul aýynyň ahyrynda eneden dogulýar. Onuň kakasy Filipp II (ol öz neslini Gerakldan gaýdýar diýip hasaplapdyr) Makedoniýany birleşdirmegi tamamlaýar we Balkan ýarym adasynda, şeýle-de Kiçi Aziýada ýerleşýän birtopar goňşy ýerleri özüne birikdirýär. (Fessaliýa, Frakiýa, Fokida we başgalar). Makedoniýanyň golastyna Gresiýa hem düşýär. ▶ BEÝIK MUGALLYM Aleksandr harby işi, aýdymy, matematikany we grek edebiýatyny öwrenipdir. Haçanda onuň 13 ýaşy dolanda, kakasy oglunyň mynasyp bilim almagy üçin aladalanyp, oňa belli filosof Aristoteli mugallym edip belleýär. Aristotel Aleksandra beýleki ylymlar bilen bir hatarda Döwlet hakdaky ylmy hem öwredýär. Okuwçysynyň gözüniň öňünde mugallym ylmyň dürli ugurlary boýunça açyşlary edýär. Bilmäge hem-de öwrenmäge bolan teşnelik mydama olary ysnyşdyrypdyr. Aristoteliň özüni has sada alyp barmagy hem bu işde uly rol oýnapdyr we olar ýaşlarynyň arasyndaky tapawuda garamazdan, ýakyndan dostlaşypdyrlar. Aleksandr Aristotele buýsanypdyr, has takygy ol kakasy Filippe oňat ýaşaýandygy üçin özüni borçly saýan bolsa, durmuşda mynasyp ýaşaýandygy üçin Aristotele borçly saýypdyr. Diýmek, ol mugallymyny kakasyndan az söýmändir. Has öňe gidip aýtsak, patyşa bolandan soňra Aleksandr Aristotele döredijilik işleri üçin ähli mümkinçilikleri döredipdir. ▶ ŞÖHRATPARAZ OKUWÇY Aleksandr tebigy ylymlary, filosofiýany, taryhy, geografiýany hem öwrenipdir. Aýratynam, ony pars uruşlarynyň taryhy we geografiýa ozüne çekipdir. Şol wagtky kartalar takmynan bolupdyr we özünde köp ak ýerleri saklapdyr. Dünýäni barlamak meselesi Aleksandra has özüne çekiji görnüpdir, sebäbi, ol onuň beýik ýörişler we basybalyjylyklar baradaky arzuwlaryna gabat gelipdir. Kartalarda uly dünýäniň kiçiräk bir bölegi bolan Makedoniýanyň uly däldigi aýratyn düşnükli görkezilipdir. Aleksandr eger kakasyndan näçe köp mülk-miras alsa, şonça-da özüm az iş edip bilerin diýip pikir edipdir. Makedonlylaryň agalygynyň artmagy Aleksandrda, hemme beýik işler men ýetişip, ýigit çykýançam ediler diýen gorkyny döredipdir. Kakasynyň basybalyşlaryny gabanyp, kartalary synlap, ol özüniň şöhrat gazanmak maksadyny nirelerde amala aşyryp biljekdigi barada kelle döwüpdir. Aleksandr owadan gürlemek ukybyna buýsanypdyr. Ol okamagy söýüpdir. Onuň söýgüli kitaby “Iliada” bolupdyr (Gomer tarapyndan ýazylan hasaplanylýar). ▶ MAŞGALA DAWALARY Aleksandr patyşa täjini örän duýdansyz, heniz 20 ýaşyna ýetmänkä alýar. Ol ýüze çykan şu meseleleriň netijesinde bolýar. Şa Filipp aýalyna gaty bir wepaly bolmandyr. Onuň nikasyz doglan çagalary bolupdyr, ondan soň ol özüne täze aýal alypdyr. Filippiň başdaky aýaly, Aleksandryň ejesi Olimpiada tagt öz ogluna galmaz öýdüp örän howatyrlanypdyr. Haçanda täze aýal Filippe ogul dogranda, Olimpiada has aňrybaş çärä taýynlanýar. Biwepa äriniň ähli salan ýaralary üçin ar almak maksady bilen, ol onuň janyna kast edilişigi guraýar. ▶ KAST EDILIŞIK Makedoniýanyň gadymy paýtagty Egeýde baýramçylyk döwründe Filipp köpçülige baş bolup teatra girýär, şonda ganhoruň hanjarly eli onuň arka tarapyna sanjylýar we patyşa demsiz ýykylýar. Bu bolan zatlardan habarly edilen Aleksandr goşunyň içine aýlanýar we patyşa diýilip yglan edilýär. Şeýdip dünýäniň geljekki hökümdary, 20 ýaşly ýetginjek patyşa bolýar. Bu waka b.e.öň 336-njy ýylyň sentýabrynda bolýar. Haçanda Filipp II-niň ölendigi baradaky habar Gresiýa ýetende, ol ýerde makedon döwletleriniň zulumyndan azat bolarys öýdüp birnäçe çykyşlar bolýar. ▶ DEMOSFEN we ALEKSANDR Belli Demosfen ildeşlerini azatlyk daňynyň atmagy bilen gutlap, makedon garnizonlarynyň derrew kowulmagyny talap edýär we täze patyşanyň çagadygyny, onuň bilen hasaplaşmagyň gülkünç boljakdygy barada ýigrenç bilen belleýär. (Ol onuň kakasy Filippiň garşysyna hem mydama gaharly sözler bilen çykyş edipdir) Grekler öz azatlygyny söweşip almaga hyýallanypdyrlar. Ýöne beýik söz ussady aýylganç ýalňyşýar: entek gerek goşun toplanýança, Aleksandr az sanly bolsa-da güýçli goşun bilen ýurduň günorta araçägine aralaşýar. Ol “Afinanyň diwarlarynyň astynda, men oglanjyk däldigimi Demosfeniň gözüne görkezerin!” – diýýär. Gresiýanyň üsti duýdansyzlykda basylýar. Onuň dürli döwletleriniň ilçileri özleriniň boýun egýändiklerini bildirmek üçin howlugypdyrlar. Korinfde gedem Spartadan beýleki ilçileriň ählisi ýygnanypdyr we olaryň Aleksandryň kakasy döwründe nähili hukuklardan peýdalanan bolsa, şolaryň hemmesiniň Aleksandr tarapyndan saklanyp galýandygy tassyklanýar. Aleksandryň “şaý-seplere, çäksiz lezzetlere we baýlyga däl-de söweşlere we uruşlara we şöhrat ugrundaky göreşlere beslenen howply häkimýeti dowam etdirmek” (Plutarh) arzuwynyň hasyl bolmagyna ynamy berkeýär. ▶ ALEKSANDRYŇ UGURTAPYJYLYKLY HEREKETLERI Günortada tertip-düzgüni ýola goýup, ýaş patyşa özüniň dermirgazykdaky goňşulary bilen iş geçirmäge başlaýar. B.e.öňki 335-nji ýylyň ir baharynda ol demirgazyk araçäklerine howp salýan frakiýalylaryň, illiriýalylaryň we beýleki taýpalaryň ýaşaýan ýerine tarap ýola düşýär. Ol on günüň içinde Balkanlaryň dag ýakalaryna barmagy başarýar, ol ýerde bolsa oňa duşman garaşýardy. Duşman ol ýerdäki ýeke-täk dag ýodasyny eýeläp, makedonlar görnen dessine olaryň üstüne tigirläp goýbermek maksady bilen, daş-töweregini agyr arabalar bilen gurşaýar. Aleksandr öz esgerlerine hüjüm etmegi, özlerine garşy tigirlenip gelýän arabalary deňinden geçirip goýbermek üçin duýduryş boýunça ýatmagy we galkanlary bilen goranmagy buýurdy. Ýiti pähimli hile (manewr) başa bardy we ýaraglanan ordalar dargadyldy. Aleksandr şonda häzirki Bolgariýanyň territoriýasy bolan Balkanlary geçdi, Dunaýdan hem geçip, ol ýerdäki getleri derbi-dagyn etdi, (häzirki Rumyniýanyň etraplary). Şol wagtda hem illiriýalylar (häzirki Horwatiýanyň we Sloweniýanyň ýerlerini eýeleýärler) makedonlaryň serhetdäki ýerleriniň bir bölegini basyp alýarlar. Aleksandr olary yzyna gaýdyp almak üçin ugraýar. Bu ýerde onuň goşuny, ýaş patyşa garşy hile taýýarlan duşman tarapyndan gabalýar. Makedonlylar daş – töweregi daglar bilen gurşalan jülgä düşýärler, ol daglarda bolsa illiriýalylar berk ornaşypdy. Ýöne okgunly manewr esasynda Aleksandra gabawdan böwsüp çykmak başardýar. Ondan başga-da, ol öz otrýady bilen gije daga çykyp, illiriýalylaryň üstüne dökülýär we olary ozalky ýerlerine çenli kowýar. ▶ IKINJI GREK GOZGALAŇY Grekleri bu gozgalaňa dürli ýollar bilen pars patyşasy Dariý III öjükdiripdir. Ol makedonlara garşylyk görkezmek üçin olara ep-esli pul kömegini iberipdir. Grekler Aleksandra beren wepalylyk kasamyndan dänmek üçin, onuň öz goşuny bilen illiriýalylaryň gabawy wagtynda öldürilendigi barada gep ýaýradypdyrlar. ▶ GOZGALAŇA BAŞLAÝJYLAR Grek döwleti bolan Fiwy birinji bolup gozgalaň turuzýar. Olar üçin gul edijileriň sütemi has agyr bolupdyr, sebäbi, olar Kadmeý galasynda ýerleşýän makedon garnizonyny ekläp-saklamaga borçly bolupdyrlar. Ýöne, olar entek garnizon bilen hasaplaşyp ýetişmänkä, olaryň araçäginde Aleksandr öz goşuny bilen peýda bolupdyr. Onuň Illiriýadan Fermopile çenli bary – ýogy 11 güni sarp etmegi, grekleri haýran galdyrypdyr. ▶ ELHENÇ AR ALYŞ Ýöne, fiwalylar boýun egenden, ölenini gowy görüpdirler. Güýçli garşylykdan soňra şäher hüjüm bilen eýelenýär, ilatyň erkek göbeklisiniň kellesi alynýar, 6 müň adam jezalandyrylýar, 30 müň adam gul edilip satylýar. Şäheriň diwarlary we ýaşaýyş jaýlary harabalyga öwrülipdir, diňe beýik şahyr Pindaryň öýi belli basybalyjynyň buýrugy bilen abat galýar. Birwagtky kuwwatly respublikanyň territoriýasy goňşy obşinalaryň arasynda bölünýär. Bu gazaply sapak bolupdyr we ýaş patyşanyň “Demir penjesiniň” zarbyndan tutuş Gresiýa lerzana gelipdir. Aleksandr diňe iki sany özüne päsgel berýän suhangöýleri (oratorlary) sürgün etmek bilen çäklenip, edil öňki esaslarda parahatçylygy berkarar edipdir. Ýene öňki gezekki ýaly Aleksandr Korinfde umumy grek maslahatyny geçirýär, şonda ol özüniň parslara garşy gurajak ekspedisiýasynyň meýilnamasyny beýan edýär we şol maslahatda ol ikinji gezek Elladanyň gegemony diýlip yglan edilýär. ▶ DIOGEN WE ALEKSANDR Şol wagt hem ýaş serkerdäniň meşhur Diogen bilen duşuşygy bolýar. Aleksandr öz nökerlerine baş bolup, dünýe malyny hiç zatça görmän, çelekde güne çoýunyp ýatan akyldaryň ýanyna gelýär. Patyşa ondan, onuň üçin näme edip biljekdigini soraýar. Akyldar bolsa oňa: “Günüň öňünden azrak gyra çekil” – diýip äsgermezlik bilen jogap beripdir. Gresiýanyň hökümdary ilkinji gezek edil özi ýaly gedem adama duşup, aljyraňňy ýagdaýda gyra çekilýär. Aleksandr şoňa çenli hiç kimden özüne şeýle gödek sözler aýdylanyny eşitmändi. Şonda Aleksandr: “Hudaýlardan ant içýärin, eger-de men Aleksandr bolmadyk bolsam, Diogen bolmak islärdim” – diýip uly joşgun bilen gygyrypdyr. ■ PERSIÝA ÝÖRIŞ ▶ AR ALMAK ARZUWY Aleksandr öz watanyna b.e. öňki 335-nji ýylyň ahyrynda dolanýar. Ol tutuş gyşyny kakasynyň amala aşyrmagy niýet eden we özüniň köp wagtlap arzuw eden ýörişine taýýarlyk görmek işleri bilen geçirýär. Kserksyň leşgerleri Gellesponta (Dardanel aýlagyna) geleli bäri ýarym asyryň geçendigine garamazdan, Ellada Ortaýer deňziniň gündogar ýakalaryny eýelemek we häzir parslara garaşly bolan kiçi aziýaly baý grekler bilen birleşmek ynamy bilen ar almak baradaky arzuwyny bes etmeýärdi. Persiýa garşy durmak ellinizmiň milli ideýasyna (taglymatyna) öwrülýär. Haçanda Aleksandryň kakasy Filipp Gresiýada öz agalygyny berkitmek üçin aladalananda, ol parslaryň garşysyna alnyp barylýan herekete baştutanlyk edýär. Aleksandr hem edil şonuň ýaly edýär. Özüni Elladanyň taryhy tabşyrygyny göteriji we ýerine ýetiriji diýip yglan etmek bilen, ol köp watançylaryň göwnünden turmagy başarýar. GARŞYDAŞ Şol wagta çenli pars monarhiýasy Kserksiň döwründäki ýaly kuwwatly derejä ýetýär. Persiýa Liwiýanyň çägeliginden Owganystanyň daglaryna çenli, Syrderýadan Hind okeanyna çenli aňyrsyna göz ýetmeýän giňişlikde, düzüminde dürli halkyýetler ýaşaýan, köp sanly ýurtlary özüne birikdirýärdi. Onuň düzüminde müsürliler, grekler, finikiýalylar, ermeniler, parslar, midiýalylar, wawilonlylar, frakiýalylar, skifler we beýleki halklar ýaşýardy. ▶ MAKEDONLYLARYŇ FALANGASY Makedon goşunynyň guramaçylygynyň esasy (ýadrosy) Filipp tarapyndan girizilen we düzülen meşhur falanga bolupdyr. Ol grekleriň taktiki sungatynyň we toplan tejribesiniň netijesi bolup, rim kogorty (Gadymy rim goşunynda goşun otrýady) döreýänçä gadymyýetiň iň güýçli harby güýji hasaplanypdyr. Falanganyň birligi 256 adamdan ybarat bolan kare bolupdyr. Kare diýlip biri-biriniň aralygy üç futa barabar bolan (fut 30,4 sm), 16 adamdan ybarat 16 setire aýdylypdyr. Dyzlyk we sowut geýnen, gapdaly kelte gylyçly we çep tirsegi uly bolmadyk tegelek galkanly, falangerler 21 futluk naýzany elleri bilen saklaýardylar. Naýzanyň bir tarapy, onuň esasy agramynyň naýzanyň ujundan 15 fut aralykda düşer ýaly edilip ýognaldylypdyr. Birinji bäş hatardaky adamlar naýzalarynyň uçlary 15, 12, 9, 6 we 3 fut öňe çykar ýaly edip naýzalaryny öňe bakdyryp saklapdyrlar, şol bir wagtyň özünde galan 11 hatardaky adamlar naýzalaryny öňdäki duranlaryň egnine goýupdyrlar. Şonuň netijesinde goranyşda berk we hüjümde gorkunç janly diwar emele gelipdir. Makedon falangasyny derbi-dagyn etjek ýeke-täk zat, ol hem gapdalyndan hüjüm etmek bolupdyr, ýöne ol ýerden ony elmydama uzyn gylyçlar we naýzalar bilen ýaraglanan atly we ýeňil pyýada goşunlar gorapdyrlar. ▶ ALEKSANDR “TAMDYRA GYZANDA ÝAPÝAR” Aleksandr b.e.öňki 334-nji ýylyň ýazynda bary-ýogy 70 talant puly, 30 müň pyýada goşuny we 4500 atly goşuny bilen ýörişe ugraýar. Şeýle mukdardaky seriş- de bilen dünýäni basyp almak arzuwy gülkünç görnüpdir, ýöne Aleksandr öz dostlaryna: “Maňa ynamdan başga, hiç zat gerek däl”– diýipdir. Bu sözleriň aňyrsynda onuň uçursyz danalygy we goşunynyň ýokary derejedäki taýýarlygy ýatyrdy. Ýygjamlaşdyrylan ýöriş bilen hereket edip, Aleksandr ýigrimi günde Gellesponta ýetýär we goşunlaryny garşydaky kenara geçirýär. Ýörişiň milli-medeni ähmiýetini görkezjek bolup, ol Troýanyň harabalygyna gidýär, Ahilliň we Priýamyň guburyna sežde edýär, dürli harby we aýdym-saz oýunlaryny geçirip, goşunynyň ýanyna dolanýar. Parslar Zelei şäheriniň gabadynda, Granik derýasynyň beýleki tarapyndaky uçut kenarda durdular. Aleksandr şeýle bir söweşi görmäge howlukdy, ýagny parslara gözigidijilik bilen seredip, derrew hüjüme geçmäge taýýarlyk görmek barada buýruk berdi. Onuň garry we tejribeli goşunbaşysy Parmenion esgerleriň ýadawlygyny göz öňünde tutup, dynç alyp irden hereket etmegi teklip etmek bilen Aleksandry şol hereketden saklajak bolýar. ▶ AKYL-PAÝHASYŇ DEREGINE Şöhratlanan urşujynyň beren maslahatynda, gürrüňsiz many bardy. Ýöne iki sany ýagdaý ýaş patyşanyň tarapynda bolupdyr. (onuň özüni söýýänligini hasaba almanyňda). Birinjiden: duşmanyň üstüne onuň garaşmaýan wagty – hatda goşunyň ýerleşişi we ýagdaýy çozmak üçin gaty bir amatly bolmasa hem çozmak. Bu prinsip eýýäm Aleksandra ýeňiş getiripdi. Ikinjiden, Aleksandr parslaryň goşunlarynyň ýerleşişine üns beripdir. Olaryň goşunlarynyň sany (20 müň pyýada goşun we 20 müň atly goşun) makedonlylaryňkydan köp bolupdyr. Atly goşunda bolsa olaryň artykmaçlygy – dört esseden gowrak bolupdyr. Ýöne, atly goşun parslaryň goranyşynyň birinji setirlerinde, derýanyň gyrasynda ýerleşdirilipdir. Pyýada goşun bolsa yzda durdy. Şonuň bilen birlikde atly goşuna hüjüm edilende yzdakylar özleriniň esasy artykmaçlyklaryndan (emelinden) – okgunly hüjüm etmekden mahrum bolýardy. Atly goşuna hüjüm etmäge derýa päsgel berýärdi. Olaryň yzynda duran pyýada goşun bolsa hüjüm edýänleriň atly goşun bilen söweşi netijesinde hiç zat bolup galýardy (pyýada goşuny hakyna tutma esgerler düzýärdi, şol sanda olaryň köp bölegi greklerdi). ▶ GRANIKDÄKI SÖWEŞ Ilkibaşda Aleksandr ýeňil ýaraglanan atly goşun otrýadyny derýanyň üsti bilen duşmanyň çep gapdalyna tarap ugradýar. Parslar hüjüme geçenleri uly ýitgilere sezewar edip yzyna serpikdirýärler. Şonda patyşanyň özi atly goşuna we ýeňil ýaraglanan pyýada goşuna baş bolup derýadan geçmäge başlaýar. Frontuň ähli ýerinde söweş başlanýar. Parslar özüniň şa geýimi bilen saýlanan Aleksandra zarba urmak üçin öňe okgunly hereket edipdirler. Çaknyşyk diýseň aýgytly bolýar. Ýaş serkerde howpy äsgermezçilik edip, urup-çapyp söweşiň ortarasyna girýär we öz şahsy göreldesi bilen esgerlerini hem söweşe alyp girýär. Söweşiň aýgytly pursady gelip ýetýär: şonda Aleksandryň naýzasy döwülýär we ol parslaryň gabawyna düşýär. Atlylaryň biri ýetip gelip onuň şlýomyny (tuwalgasyny) çapýar, beýlekisi yzyndan gylyjyny galdyrýar we Aleksandryň söweşdeş ýoldaşy Klitiň wagtynda uran urgusy ony ölümden gutarýar. Ýuwaş-ýuwaşdan makedonlylaryň oňat taýýarlygy we olaryň patyşalarynyň şahsy göreldesi tereziniň agyr tarapyny olaryň peýdasyna egýär. Awangarda (öň hatardaky goşuna) kömek üçin derýadan geçen falangalar duşmanyň atly goşunyny gaçmaga mejbur edýärler. Grekleriň hakynatutma otrýadlary gapdallaryna atly goşun berkidilen falangalaryň güýçli urgusynyň öňünde durup bilmeýär. Hakynatutma goşunlaryň köp bölegi gyrylýar, 2000 adam bolsa makedonlylara boýun bolýar. ▶ KIM NÄMÄ MYNASYP BOLDY? Aleksandr tutulan grekleri, Elladanyň işine gatyşan dönükler hökmünde, kündä salmagy we Makedoniýadaky iň kyn işlere ugratmagy buýurdy. Öz esgerleri hakynda alada etdi: öldürilenleriň hossarlaryny salgytdan boşatdy, ýeňijileri sylaglady. Käbirleri gulçulyga, beýlekileri sylaga, patyşa bolsa ýeňijiniň şöhratyna mynasyp boldy. Bu zatlaryň hemmesi b.e.öň, 334-nji ýylyň maýynda boldy. Granikdäki ýeňiş Aleksandry ganatlandyrdy we ol ondan aňryk Kiçi Aziýany tabyn etmäge başlady. Onuň territoriýasynda örän köp baý şäherler bardy, olar ýa-ha meýletin boýun egdiler, ýa-da gabalyp alyndy. Basym Kiçi Aziýanyň hemme şäherleri we ýurtlary onuň häkimligini ykrar etdiler. ▶ DAGLARDAKY SÖWEŞ Siriýa tarapa günorta-gündogara hereket edip (häzirki Türkiýäniň territoriýasy), makedonlylar Tawr dagynyň günorta kertine çykdylar ( Türkiýäniň günortasynda). Daglaryň üstündäki geçelge (Siriýanyň Derwezesi) örän dar kanon görnüşindedi. Parslar makedonlylaryň indiki hüjümlerine päsgelçilik döretmek üçin, ol ýerde mäkäm ýerleşipdiler. Aleksandr öň özüne ýeňiş getiren usulyndan peýdalanýar. Gijäniň bir wagty ol gaýduwsyz esgerleriň bir topary bilen kerte dyrmaşyp çykýar. Şonda duşmany öz kelleleriniň ýokarsynda gören parslar gorkup gaçypdyrlar. ▶ ÝAKYNLAŞMA B. e.öňki 333-nji ýylyň ahyrynda, Aleksandr Makedonskiniň goşunlary Tawr daglaryny geçip, Siriýanyň düzlüklerine çykýarlar. Pars patyşasy Dariý III Kodoman basybalyjy bilen çaltrak duşuşmagy isleýärdi. Dariýniň goşuny tekiz ýerde güýçli bolan atly goşuny bilen şöhratlanýardy. Dariý Aleksandr bilen şeýle bir söweşmäge howlukdy, hatda hiç kimiň maslahatyna gulak asman, goşuny beýikli-pesli ýerden, makedonlylaryň arka tarapyndan eltýär we şonuň bilen birlikde özüniň şöhratly atly goşunyny hereket etmäge bolan mümkinçilikden mahrum edýär. Aleksandr deňziň kenary bilen 30 werst geçenden soňra, Dariýniň öz goşuny bilen Issa şäheriniň golaýynda, özüniň yz tarapynda durandygyny bilýär. Ol ýerden bolsa makedonlylar ýaňyja çykyp, şol ýerde hem özleriniň hassalaryny we ýaralananlaryny goýup gaýdypdylar. Dariý öz goşunyny Aleksandryň yz tarapyndan beýleki dag geçelgesinden getirýär, Issa şäherine gelýär we ol ýerdäki galdyrylan makedonlary elhenç jezalandyrýar. Mümkin, Aleksandryň deregine başga serkerde bolanlygynda, eger-de onuň yzynda köp sanly goşun duran bolsa, ol eli hem aýagy daňylan ýaly bolardy, ýöne Aleksandr hatda şu ýagdaýda hem özüniň bähbidiniň bardygyny bilipdir. Ol öz egindeşlerini toplap we parslaryň ýagdaýynyň amatly däldigini şeýle bir dilewarlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr welin, olar ýeňiş gazanyljagyna ynanyp, ruhlanypdyrlar we oňa “Bizi äkit, bizi yza äkit” diýmäge başlapdyrlar. Goşun ýary gije ugraýar we ýene Siriýanyň Derwezesini geçip, daň atanda Pinar derýajygy akýan kiçiräk düzlüge çykýar: ol ýer insizdi, sag tarapyndan daglar, çep gapdalyndan deňziň kenary bilen gysylandy. Aleksandr öz goşunynyň çep flangyny deňiz tarapda goýdy, sag flangyny bolsa dagyň eteginde ýerleşdirdi. Ortada bolsa edil öňki ýaly flangany goýdy. Sag flanga onuň özi ýolbaşçylyk etdi, çep flangy bolsa tejribeli Parmeniona tabşyrdy. ▶ SÖWEŞ MEÝDANY Bu ýerini serkerde tötänlikden saýlamandy. Aleksandryň razwedkasy oňa pars patyşasy Dariýniň entek şu wagta çenli bu ýerlerde görülmedik ummasyz köp goşun toplandygyny habar berýär (gadymy taryhçylaryň pikirine görä, onuň goşuny Aleksandr Makedonskiýniň goşunyndan 3 esse artyk bolupdyr). Bu zatlara düşünip, Aleksandr Makedonskiý flanglaryň basylyp alynmagyndan gaty gorkupdyr. Onuň saýlap alan ýeriniň ini deňizden daga çenli 7 km barabar bolupdyr. Şol sebäpli hem ol bar bolan goşuny bilen jülgäni “bekläp” bilipdir. Şeýle-de, bu ýerde Dariý öz ummasyz goşunyny köp setire düzmäge mejbur bolýardy we her setir belli bir wagt söweşe gatnaşyp bilmän öz gezegine garaşmaly bolýardy (görşümiz ýaly soňky ýagdaý söweşde aýratyn rol oýnaýardy). ▶ ISSADAKY SÖWEŞ Dariý makedonlylary daşdan görüp, öz goşunyny derýanyň aňyrsynda: öňde birinji setirde agyr ýaraglanan pyýada goşunyny, onuň yzyndan bolsa flanglarda düzülen atly goşunlaryndan galan ähli goşunyny düzüp goýdy. Goşunyň fronty örän dardy, çuňlugy (jümmüşi) juda uludy. Dariý öňde, daş-töweregi öz janpenalary we köşk hyzmatkärleri bilen gurşalan altyn çaýylan şa arabasynda durdy. Aleksandr goşunynyň çep ganatyna hereket etmezlik barada buýrup, özi bolsa goşunyň sag ganatyny oýuň içi bilen alyp gidýär. Ol şeýtmek bilen parslary deňze garşy gysmagy göz öňünde tutupdyr. Goşun öňe barýan flangany bozmajak bolup örän seresaply hereket edýärdi. Aleksandr öz atly goşunyny ýaňy bir Pinar derýasynyň ok ýeter ýaly golaýyna eltende, atlylar derýa okduryldylar. Dariýniň goşunynyň garşysyndaky ganaty, okgunly hüjümiň çaltlygyndan gorkup gaçýar. Ýöne, makedonlylaryň eýmenç falangasy Pinar derýasynyň kert kenarynda ýaýrap bölünýär. Muny duýan hakynatutma grek goşuny el bilen söweşmäge girişýär. Taraplar deň derejede türgenleşen bolup, mynasyp söweşýärler. Edil şol wagt hem Aleksandr parslaryň çep ganatynyň soňuna çykyp, gapdaldan çozýar we hakyna tutma goşuny derbi-dagyn edýär. Parslaryň atly goşunynyň Parmenionyň ganatyna garşy hüjümi başa barmady. Parmenion olary diňe Pinardan yzyna serpikdirmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň yzyndan goşunyň tutuş çep ganatyny parslaryň bölünip ugran ýakyn hatarlaryna garşy sürdi. Garşydaşlar bulam-bujar mähellä öwrüldiler. Atlar pyýada goşunyň üstünden öňe okduryldylar, köpler öz atlarynyň aýagynyň aşagynda we makedonlylaryň gylyjyndan öldüler. ▶ GORKAK PATYŞA Käbir bagty getirenler daglarda aman galdylar; 100 müňe golaý adam söweşde wepat boldy. Dariý öz goşunynyň çep ganatynyň ýeňilýändigini we Aleksandryň özüne tarap okdurylyp gelýänini daşdan görüp, öz çäkmenini (plaşyny), altyndan ýaýyny, gymmat bahaly gylyjyny taşlaýar, ata atlanýar we daga tarap gaçýar. Onuň ejesi, aýaly, iki gyzy we ogly hem-de gymmat bahaly zatlardan doly tutuş lageri makedonlylaryň eline düşýär. Dariýniň köşk ýaly owadan bezelen ýöriş çadyryna girip, beýle bezegi hiç wagt görmedik Aleksandr aljyrap şeýle diýipdir: “Ähtimal ine şu patyşalyk etmegi aňladýar”. Patyşanyň ýesir düşen maşgalasy, olary şol wagtyň özünde jezalandyrarlar öýdüp möňňürip aglapdyrlar. Ýöne, Aleksandr olary mähirli kabul edipdir hem-de özüniň iň ýakyn dostunyň maşgalasy ýaly olara dostlukly garapdyr. ▶ ÝEŇIŞ PARADY Makedonlylar ýeňşi bellediler. Söweşde wepat bolanlary gahrymanlar ýaly edip dabaraly jaýladylar. Söweşde tapawutlananlary Aleksandr sahylyk bilen sylaglady. Ýeňşiň şanyna parad guraldy. Hudaýlar Zewse, Afina we Gerakla minnetdarlyk hökmünde daşdan heýkeller (altary) dikeldildi. Patyşa ýesir alnan zenanlara belli parslary jaýlamaga mümkinçilik berdi. ▶ DUÝDANSYZ GÖÇÜM Parslaryň goşunlaryny derbi-dagyn edip, Aleksandr Makedonskiý mundan beýläk ýeňlen patyşalygyň goragsyz paýtagtlaryny – Wawilony, Suzyny, Persepoly indi arkaýyn basyp alyp bilýärdi. Onuň bolsa örän uly syýasy we ykdysady manysy bardy (ol ýerde ýerleşýän hazynalar sebäpli). Ýöne Aleksandr deňizýaka şäherleri bolan Siriýany, Finikiýany, Palestinany we Müsüri basyp almagy has wajyp hasaplapdyr. Ol ýerde onuň dogduk Makedoniýasyna gidýän deňiz ýollaryna gözegçilik edýän, parslaryň kuwwatly floty ýerleşýärdi. Baý deňiz söwdasy pars patyşasynyň gaznasyny doldurýardy. Ol bu zatlaryň hemmesini özüne almagy ýüregine düwdi. ▶ YNSAPLY WE YNSANSÖÝER BAKNA EDIJI Bu ýörişinde hem Aleksandr Makedonskiý beýlekilerdäki ýaly, diňe ýaragyň güýjy bilen dälde, eýsem özüniň ýiti syýasaty bilen ýeňdi. Şeýdip ol Kiçi Aziýa ilkinji göçüp gelen greklere erkin dolandyryşy wada berdi. Palestinanyň ýewreýlerine we müsürlilere olaryň öz däbi boýunça Hudaýa gulluk etmäge ygtyýar berdi. Ol hiç wagt halkyň mukaddesliklerini ynjytmady. Tersine, olara hormat bilen garaýardy. Ierusalimde ol Süleýmanyň metjidine zyýarat etdi we esasy mukaddes ýer bolan, Mukaddeslikleriň Mukaddesliginiň girelgesinde dyzyny epdi. Ruhany bilen mähirli gatnaşdy. Müsürde ak öküz Apisyň hatyrasyna sadaka berdi we žresler (hudaýa gulluk edijiler) bilen sylaşykly gürleşdi. Parslar müsürlilere we ýewreýlere özleriniň guly ýaly seredýärdiler, olaryň hudaýlaryny bolsa ýigrenýärdiler, hut şonuň üçin Alkesandr olar üçin arzuwlanan halasgär bolup göründi. Ol olara özleriniň däpleri boýunça ýaşamaga we dolandyrmaga mümkinçilik döretdi, diňe goşunbaşylary we hazyna eýelerini öz ýakyn adamlaryndan belledi. Aleksandr Makedonskiý Niliň guýýan ýerinde täze şäheriň düýbüni tutdy, oňa hem öz adyny dakdy. Aleksandriýa şäheri häzir hem bar. ▶ TIRIŇ GABAWY Diňe Finikiýanyň gadymy şäheri Tiriň ýaşaýjylary Aleksandry öz şäherlerine goýbermek islemediler. Şonuň üçin hem ol onuň gabawyna başlady. Şäher adada, kenardan bir ýarym werst aralykda ýerleşýärdi. Patyşa diwar ýumrujy maşynlary geçirip bolar ýaly, agaçdan gatla gurmagy buýurdy. Ýöne tirliler ýandyryjy maddaly gämini goýberdiler we gatlany maşynlary bilen birlikde ýakdylar. Şonda b.e.öň 332–nji ýylyň ýanwarynda makedonlylar bent gurmaga başladylar. Öz esgerlerine nusga hökmünde Aleksandr ilkinji bolup bir halta gumy getirýär. Esgerlere kömek bermek üçin goňşy döwletlerden işçileri ýygnapdyrlar. Liwandan agaç äkelipdirler, daşy bolsa Gadymy Tiriň ýykylýan jaýlaryndan alypdyrlar. ▶ DEŇIZÇI ALEKSANDR Gabawyň netijesinde finikiýalylaryň kuwwatly flotunyň makedonlylary şähere goýbermejekdigi aýdyň ýüze çykdy. Aleksandr Gresiýadan harby gämileri çagyrdy, ýöne flot serkerdeleriniň hereketleri Aleksandr Makedonskiýni kanagatlandyrmandyr. Şonuň üçin ol olary deňiz söweşlerine ýolbaşçylyk etmekden boşadypdyr. Aleksandryň özi eskadra baştutanlyk edipdir we edilen tamanyň tersine deňizde hem üstünlik gazanypdyr. Gämilere oňat taýýarlanan esgerleri ýükläp, ol gämilerini duşmanyň gämileriniň gabadyna getirip söweşýär, finikiýalylaryň flotuny uly ýitgä sezewar edýär, olaryň galanyny bolsa Tiriň duralgasyna salýar. ▶ ÜÝTGEŞIK KARAR Aleksandr duşman flotuny gabap, galanyň diwarlaryny ýykmagyň üýtgeşik usulyny tapýar. Galalary hem-de derwezeleri ýykmak üçin gadymy zamanda uruşlarda ulanylan ujy naýzaly agaç gurallary daşaýan gämilerde we äpet paýapyllarda diwar ýykyjy maşynlar oturdylýar. Awgustyň ortasynda, asuda howa garaşyp, Aleksandr ýüzýän gurluşlary şäheriň diwarynyň gabadyna eltýär we aýgytly hüjüme başlaýar. Haçanda derwezeleri ýykmak üçin gadymy zamanda uruşlarda ulanylan ujy naýzaly agaç gurallary daşaýan gämileriň biri diwary ýykanda, Aleksandr saýlama otrýad bilen diwaryň ýumrulan ýerine düşýär we el bilen söweş etmäge okdurylýar. Biri-biriniň yzyndan minaralar we galanyň diwarlary, iň soňunda bolsa tutuş şäher basylyp alynýar. Bu hüjüm üç gije-gündizläp dowam edýär. ▶ ELHENÇ JEZALANDYRYŞ Aleksandr Makedonskiý şäheriň goraýjylaryndan rehimsizlik bilen öç alýar. Galan 2000 sany goraýjyny tutuş kenarýakada oturdylan haçlara çüýläp jezalandyrýarlar. Şäheriň 30 müň ýaşaýjysy bolsa gul edilip satylýar, olaryň jaýlary goňşy ýerlerden göçüp gelen adamlara berilýär. ▶ SIRIÝA, PALESTINA, MÜSÜR Entek Aleksandr goşunyň bir bölegi bilen dokuz aýyň dowamynda Tir şäheriniň gabawynda durka, onuň goşunbaşylary goşunyň galan bölegi bilen Siriýanyň we Palestinanyň köp bölegini tabyn edýärler. Ortaýer deňziniň tutuş gündogar kenarynyň basylyp alynmagy we pars flotunyň derbi-dagyn edilmegi, Ortaýer deňziniň gündogarynda makedonlylaryň agalyk etmegini üpjün etdi. Indi Makedoniýa bilen berk aragatnaşyk bolup, goşmaça kömek almaga mümkinçilik döredi. Ýarym ýylyň dowamynda Aleksandr tutuş Ýakyn Gündogary Tawr daglaryndan başlap Müsüre çenli basyp aldy. ▶ GAZANYŇ BASYLYP ALYNMAGY Palestinada diňe Gaza galasyndaky garnizon basybalyja berk garşylyk görkezýär. Olaryň garşysyna makedonlylar bar bolan tutuş gabaw üçin niýetlenen tehnikalaryny ulanýarlar. Iki aýlyk gabaw galanyň doly weýran edilmegi we gaýduwsyz goraýjylaryň elhenç jezalandyrylmagy bilen gutarýar. Hemme erkekler öldürilýär, aýallar we çagalar gulçuluga satylýar. Şähere iudeýler göçürilip getirilýär. ▶PARSLARYŇ ARMADASY Entek Aleksandr Persiýanyň ýakyn gündogar welaýatlaryny tabyn edýärkä, Dariý patyşa iki ýylyň dowamynda täze söweşe taýýarlyk görýärdi. Ol ägirt uly goşun toplamagy başardy. Ol Issadaky goşunyndan artykmaç bolup, onuň düzüminde 200 müň pyýada goşun, 45 müň atly goşun, hindileriň harby pilleriniň otrýady bardy. Goşunyň agramly bölegini Persiýa patyşalygynyň gündogar welaýatlarynyň söweşjeň halklary düzýärdi. Edil öňki bolşy ýaly, Gresiýadan gelen hakyna tutmalar uly otrýady düzýärdi. Dariý bu kuwwatly goşunyň hemmesini Tigr derýasynyň aňyrsynda ýerleşdirdi. ▶ ISGENDER AŇSADYNA BAKMAÝAR B.e.öň 331-nji ýylda dört aýlyk ýörişiň netijesinde Aleksandr Siriýa ýetdi we Ýewfrat derýasyndan geçip, birwagt nesilbaşysy Ybraýymyň göçüp-gonup ýaşan ýerine – Mesopatamiýa girdi. Jöwzaly çöllerde goşuna azyk tapylmaýardy, suw ýetmezçilik edýärdi. Wawilona gidilýän ýolda Aleksandr Dariýniň özünden gaty daşda däldigini, Tigr derýasynyň kenaryndadygyny bilýär. Şonda Aleksandr öňki türkleriň şäheri bolan Mosulyň gabadynda derýadan söweşip geçýär we akymyň aşaklygyna tarap gidýär. Ýesir düşen parslar öz goşunlarynyň Gawgamel obasynyň golaýynda durandygyny habar berýärler. Makedon serkerdeleriniň hemmesi, hatda olaryň iň batyry Parmenion hem Aleksandra parslaryň üstüne agşam çozmagy maslahat berýär. Olary özünden on esse artyk bolan duşmanyň güýji gorkuzypdyr. Aleksandr bolsa: “Ýok, men ýeňşi ogurlamaryn”– diýip jogap berýär we goranmak üçin lager gurmagy buýurýar. Goşunlaryna dynç berip, ol şol ýerde hassalary, hemme artykmaç zatlary goýýar we bäşinji gün diýlende söweşjeň ýagdaýda Gawgamel obasyna ugraýar. Parslar açyk meýdanda, çuň jebis nyzamda ýerleşipdiler. Pyýada goşuny atly goşun goldaýardy, atly goşunyň öňünde gapdallaryna çalgy (pyçak) berkidilen 200 sany söweş arabalary durdy. Dariý patyşa öz adaty ýerinde – merkezde durdy. Onuň öňünde pilleriň hatarlary, yzynda – ussat dag atyjylary, iki gapdalynda bolsa –“ölmezekler” (türk ýanyçarlary (harby ýesirlerden we musulman dinini kabul eden hristianlardan düzülen Türkiýe soltanynyň regulýar pyýada goşunynyň esgerleri)) we 20 müň hakynatutmalar durdy. Aleksandr duşmanyň ýerleşişini gözden geçirdi we esgerlerine dynç almagy buýrup, özi hem geçip ýatdy, parslar bolsa şol wagtda her minutda makedonlaryň çozuşyna garaşýardy. Dariý öz esgerlerine nyzama durmagy buýurdy we fakelleriň yşgyna gözden geçiriliş gurady. Tutuş düzlük wagşy goşunyň odundan ýagtydy, parslaryň lagerinden okeanyň tolkunynyň şaggyldysyna meňzeş, düşnüksiz güwwüldi eşidilýärdi. Daň atanda Parmenion patyşa çadyryna howsalaly ýagdaýda ylgap geldi. Parmenion: “Sen eýýäm ýeňen ýaly ýatyrsyň!”– diýip ýüzlenýär. Aleksandr bolsa oýanyp: “Parslaryň biziň öňümizde durany saňa näme az görünýärmi? Munuň özi islendik ýeňişden gowy ahyry!”– diýip jogap berýär. ▶ GAWGAMEL – ARBELDÄKI SÖWEŞ B.e.öň 331-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda goşunlar bilen doldurylan düzlügiň üstünden jöwzaly, ýakyp barýan gün çykdy. Aleksandr goşunyny aýlandy. Tutuş gije durup halys bolan parslar howsala bilen hüjüme garaşýardylar. Makedon goşuny iki hatarda ýerleşdi: birinjide–falangalar, ikinjide–zerurlyk ýüze çykanda yza öwrülmäge taýýar 8 müň pyýada goşun durdy. Aleksandr pars goşunlarynyň merkezine çozdy. Onuň falangasy göni girip duşmany derbi-dagyn edýär. Parslaryň sanynyň köplügi olaryň özi üçin bela öwrüldi: goşunyň ýygjamlygy zerarly olar makedonlylaryň oklary we gylyçlary üçin oňat nyşana öwrüldiler. Dariý gaçýar, onuň yzyndan goşunyň tutuş ortarasy gidýär. Diňe şonda hakynatutma pyýada goşun galýar, olaryň hem tas hemmesi diýen ýaly şol ýerde gyrylýar. Ýöne makedon falangasynyň hereketi wagtynda pars we hindi atly goşuny duşmanyň hataryny we şonuň bilen birlikde çep ganatyny böwsüp geçmäge ýetişýär. Olar lagere gelýärler, öňki pyýada goşuny parçalaýarlar, soňundan talamaga girişýärler. Şonda ikinji hatar yza öwrülýär we şol atly goşunyň arka tarapyndan urýar. Aleksandr öz çep ganatyna ýakynlary (“doganlary”) bilen çapyp gelýärkä, olara duşýar. Özlerine ýol açmak üçin parslar we hindiler ummasyz köp bolup topuldylar; elhenç söweş başlandy. 50-den gowrak “doganlar” şol ganly söweşde wepat boldular, ýöne netijede duşmanyň tutuş atly goşuny gylyçdan geçirildi. Pars goşunlaryny yzarlamak başlanýar. Parmenion olaryň lagerini eýeleýär, Aleksandr bolsa şol günüň ertesi 7 km uzaklykda ýerleşýän Arbel şäherini hemme hazynasy we patyşa ýaraglary bilen birlikde alýar. Pars patyşalarynyň yzly-yzyna ýaşan paýtagt şäherleri bolan – Ekbatana, Wawilon we Suza Aleksandryň eline geçýär. ▶ TARYHDA ILKINJI GEZEK Gawgamel–Arbeldäki söweş Aleksandr üçin iň uly söweş boldy. Harby sungatyň nukdaýnazaryndan ol iki sany ýagdaý bilen şertlendirilendir. Birinjiden, Aleksandr Makedonskiý özünden on esse köp duşmany derbi-dagyn etdi. Ikinjiden, söweş ägirt uly meýdanda (75 km) alnyp baryldy. Bu gadymy söweşler üçin düýpli täzelikdi. Ondan öňdäki söweşleriň hemmesi goşunlar nirede duşuşan bolsa şol ýerde başlaýardy we şol ýerde-de gutarýardy. ▶ DUZAK Indi ýeňiji Persiýanyň gadymy paýtagty Persepola tarap hereket edip bilýärdi. Dag geçelgesini parslaryň tejribeli goşunbaşysy Ariobarzan goraýardy. Jülgede onuň 40 müň pyýada goşuny we 700 atly goşuny durdy. Hemme beýikler parslar tarapyndan eýelenipdi. Şol jülgä girip Aleksandr daşly duzaga düşýär. Onuň goşunyň üstüne ýokardan daşlar we oklar ýagdyrylýar. Makedonlylar ägirt uly ýitgi çekdiler. Olar öz öldürilen ýoldaşlaryny taşlap, yza tarap okgunly we masgara bolup gaçmaga mejbur boldular. Ýeňilmezek patyşanyň şöhraty howp astyna düşdi. Beýle zada bolsa Aleksandr ýol berip biljek däldi, şonuň üçin hem onuň şöhraty, duşmanlaryny ysgyndan gaçyryp, oňa olary ýeňmäge kömek edýär. ▶ HOWPLY MANEWR Aleksandr ol ýerde hem çykalga tapýar. Ol ýeriň ýaşaýjylaryndan ýolbeletleri alyp, ol gije uly bolmadyk otrýad bilen duşmanyň arka tarapyndan urmak maksady bilen daga tarap siňip gidýär. Serkerde ýolbeletlere ynamy bolmasa hem gije gidip gaty töwekgellik edýär. Ol gara çümüp we üşäp, kyn dag ýodasynda ylgap, gije 20 werst geçip daň saz berende duşmanlaryň arka tarapyndan çykýar. Surnaýlar çalyndy, makedon goşunlarynyň iki tarapy parslara garşy topuldylar. Parslaryň köp bölegi şol ýerde gyryldylar. Aleksandr Wawilondan çykyp onunjy gün diýlende pars patyşalarynyň gadymy paýtagty Persepola dabaraly ýagdaýda girdi. Ol ýerde parslaryň köp asyrlyk agalygy netijesinde toplanan hemme patyşa hazynalary ýerleşýärdi. ▶ DILDÜWŞÜK Aleksandr pars patyşasynyň iň oňat mülklerini basyp alýar. Diňe Kiçi Aziýanyň alysdaky we garyp düşen raýonlary galypdyr. Halys ýadan grekler we makedonlar dynç almak isläpdirler. Olar baý oljany paýlaşmagy sorap başlapdyrlar. Ýöne Aleksandryň başga meýilleri bardy. Aleksandr abraýly parslary öz ýanyna çagyryp, özüniň patyşalygynda ýeňen we ýeňleniň arasynda tapawudyň bolmajakdygyny yglan edýär. Ýagny, ýeňeniň hem, ýeňleniň hem birmeňzeş hukuklardan we eşretlerden peýdalanjakdygyny aýdýar. Bu habar makedonlylara ýaramandyr. Olar eýýäm parslara özleriniň guly hökmünde seretmäge, olaryň baýlygyna bolsa öz ganlary bilen gazanylan olja hökmünde seretmäge endik edipdiler. Aýratynam Aleksandryň pars eşigini geýip, öz töweregine abraýly parslardan “ölmezek” družinany ýygnamagy ýaşuly weteranlara ýaramandyr. Olaryň närazylygy patyşanyň parslara ýakynlaşmagy, olary her hili ýollar bilen tapawutlandyrmagy netijesinde has-da ýokarlanypdyr. Bu ýagdaý patyşanyň garşysyna dildüwşügiň guralmagyna çenli baryp ýetipdir. Ol dildüwşüge bolsa hatda Parmenion hem öz ogly Filipp bilen gatnaşypdyr. Aleksandr Filippi öldürmäge we Parmeniony özünden daşlaşdyrmaga mejbur bolupdyr. ▶ OWGANYSTAN, ORTA AZIÝA, HINDISTAN, EÝRAN WE OWGANYSTAN B.e.öňki 330–njy ýylda Aleksandr gündogar Eýrany boýun egdirýär we goşunlaryna gyşky dynç alşy bermän, b.e.öňki 329-njy ýylda Arahoziýa tarap ýola düşýär. Arahoziýa Argandab, Argastan we Gazna derýalarynyň basseýninde ýerleşýän merkezi Gandagar bolan oblast (häzirki Owganystan). ▶ ÝÖRIŞDE Gyş aýlarynda Aleksandr Makedonskiýniň goşunlary sowukdan we gardan örän ejir çekipdir. Goşunyň gar bilen örtülen dag gerişlerinden geçmegi netijesinde köp esgerler sowukladylar, käbirleri kör bolupdyrlar. Aleksandr ýörişiň ähli kynçylyklaryny esgerler bilen deň çekişipdir, başaryp bildiginden esgerler hakynda alada edipdir. Ýörişden ýaňa halys bolan weterany daşdan görüp, ol özüniň gujurly patyşa eli bilen ony saklapdyr. Serkerdäniň özüni şeýle alyp barmagy goşunyň ruhuny göteripdir, hemme kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edipdir. Aleksandr Makedonskiý özüne uly abraý gazanypdyr we esgerlerde oňa bolan söýgi döräpdir. ▶ ORTA AZIÝA B.e.öň 328-nji ýylda Aleksandr Samarkandy eýeläp, Syrderýanyň kenarynda Hojent şäherini esaslandyrýar. Şondan soňra ol Zerewşan we Kaşkaderýa derýalarynyň basseýninde ýerleşýän Sogdiana döwletini eýeleýär. Ol gyşy şol ýerlerde geçirýär. ▶ TARYHY NIKA GYÝYLYŞYK Sogdiananyň galalarynyň birini basyp alanda, Aleksandr ýerli patyşa Oksiartyň maşgalasyny ýesir alýar. Şonuň bilen bir wagtda, ýaş patyşanyň özi hem patyşa gyzy Roksananyň owadanlygyna bendi bolýar. Roksanany öz ýany bilen Baktriýa (Amyderýanyň orta we ýokary akymynda ýerleşen döwlet) ýörişe alyp gidip, geljek ýyl (b.e.öň 327-nji ýylda) onuň bilen uly toý tutýar. 16 asyr geçenden şol ýerlerden geçen Marko Polo, tas hemme rowaýatlarda we aýdymlarda şol waka degişli yşaratlaryň bardygyna duş gelýär. Şol ýeriň patyşalarynyň köpüsi özlerini şol bileleşigiň nesli hasaplapdyrlar we öz çagalaryna Isgender (terjimede–Aleksandr) adyny dakmagy gowy görüpdirler. Şeýdip şol toýuň at-owazasy bütin Orta Aziýada uzak ýaşapdyr. ▶ PENJAB Baktriýada we Sogdianada iki ýyl bolup, Aleksandr b.e.öň 326-njy ýylyň aprelinde Hind derýasyndan geçýär, we Taksilla patyşalygyny tabyn edip, Penjabyň ilkinji derýalarynyň biri bolan Idaspanyň (Jelamyň) kenaryna barýar. Derýanyň beýleki gapdalynda bolsa oňa öz ygtyýarynda örän oňat ýaraglanan goşuny we goşunynda eldekileşdirilen pilleriň otrýady bolan meşhur hindi patyşasy Por garaşyp durdy. ▶ POR BILEN SÖWEŞ Hindi patyşasy Por Aleksandryň şol wagta çenli iş salyşmaly bolan garşydaşlarynyň arasynda iň güýçlüsi bolupdyr we ol ýerde iýun aýynda gazanylan ýeňiş Aleksandryň uçursyz danalygynyň şöhratyny öňdäki gezekkileriň hemmesinden beýgeldýär. Birnäçe ussatlyk bilen düzülen we batyrlyk bilen ýerine ýetirilen manýowrlar esasynda Aleksandra örän seresaply Pory aldamak we falanganyň bir bölegini hem-de atly goşunyny derýadan geçirmek başardýar. Ilkinji 2 müň adamy çar tarapa dargadyp, ussatlyk bilen hüjüm edip Aleksandr falanganyň hüjüme geçmegi üçin Pory goranyşynyň birinji hataryny açmaga mejbur edýär. Şondan soňra hiç hili päsgelçiliksiz duşman goşunynyň merkezini, soňra iki ganatyny derbi-dagyn edýär. Hindi goşunynyň üçden ikä golaý bölegi söweş meýdanynda wepat boldy; galanlary bolsa, gaçanlar we ýaralananlar ýesirlige düşýärler, şol sanda Poruň özi hem ýesir düşýär. ▶ MYNASYBYŇ GÜNÄSINI GEÇMEK Pory zynjyra baglap ýeňijiniň ýanyna getirýärler, ýöne şa başyny belent tutup we özüni garaşsyz alyp barýar. Por özüne nähili gatnaşyk etmelidigi barada berlen soraga: “Edil patyşa ýaly”–diýip mynasyp jogap berýär. Aleksandr oňa hemme ýerlerini gaýtaryp bermek bilen derrew mynasyp baha berýär. Onuň bilen hemişelik dostluk we soýuz baglaşýar. ▶ ATYŇ ŞANYNA DÖREDILEN ŞÄHER Bu ertekilerdäki gabat gelýän Hindistandaky ilkinji ýeňşidi. Ýeňşi dabaraly ýagdaýda belläp, patyşa ondan aňryk gündogara tarap hereket etmäge başlady. Ýöne ýörişe girmezden ozal ol iki şäheriň düýbüni tutmak barada buýruk berdi: birinjisi–Idasp derýasynyň gündogar kenarynda ýeňşiň şanyna Nikeý şäheri, ikinjisi bolsa Idasp derýasynyň günbatar kenarynda ölen atynyň ýadygärligine Busefaliýa şäheri. Şu ýerde Aleksandryň belli Busefal atynyň şol wagt ýaşynyň otuzdygy–öz hojaýyny bilen gözli ýaşdaşdygyny belläp geçeliň. ▶ BELLI GIFAZIS Aleksandr ikinji derýa çenli ýeňilmän tutuş düzlügi geçdi we Penjaba bardy. Ol derýadan agaçdan ýasalan we samanyň çöpleri doldurylan gämilere münüp geçdi. Şeýdip ol üçünji derýany hem geçdi, Sangal patyşalygynyň paýtagtyny ýykyp, dördünji derýa Gifazise geldi. Onuň beýleki kenarynda 10-12 günlük ýoly bolan, uly suwsuz çöllük ýatyrdy, ondan aňyrda Gang derýasynyň mukaddes sary suwunyň kenarynda, Hindistanda iň uly taýpalaryň biri bolan gandoridleriň taýpasynyň mesgeni ýerleşýärdi. Ol görülmedik ýurduň täsinlikleri we baýlyklary baradaky gürrüňler, basybalyjylaryň göz öňünde bireýýäm janlanypdy. Gifazis derýasynyň meşhurlygy Aleksandryň basybalyjylykly syýasatynyň gutarmagyna getiren hadysalaryň hut şonuň kenarynda bolup geçmegidir. Gifazis derýasynyň kenarynda esgerler aňryk gitmekden boýun gaçyrdylar. ▶ BOÝUN EGMEZLIGE NÄME SEBÄP BOLDY? 8 ýylyň dowamynda esgerler Aleksandr üçin şäher yzyna şäher, ýurt yzyna ýurt basyp aldylar we ahyry çydamadylar. Goşunyň halys lüti çykdy. Adaty däl nahar, çygly, yssy howa köpdürli keselleri döredýärdi. Ýeriň ýüzüni suw, ýollary bolsa palçyk basypdy. Ýetmiş günüň dowamynda yzyny üzmän diýen ýaly ýagyş ýagdy. Azyk önümleri zaýalandy, ýaraglar poslady, adamlar horlanýardy: aýaklar edil gurşun ýaly agyrdy. Kuwwatly goşun köne-küşül hindi eşigini geýen kirli, lüti çykan topar adamlara öwrülipdi. Esgerlerde diňe gahar we ýadawlyk galypdy. ▶ SERKERDELERIŇ MASLAHATY Aleksandr elmydama esgerleriň ýagdaýyna oňat düşünýärdi we olaryň göwnüni götermegi başarýardy. Ýöne ol şol gezek derrew esgerler bilen harby maslahaty geçirmäge töwekgellik edip bilmedi, diňe ýokary serkerdeleriň ýygnagyny geçirdi. Ol şeýtmek bilen goşunbaşylary özüne çekip, olaryň kömegi bilen tutuş goşuny özi bilen äkitmegi göz öňünde tutýardy. Patyşa edil öňki gezeklerdäki ýaly tereziniň jamlaryna özüniň dilewarlygyny we mylaýymlygyny taşlady. Ýöne egindeşleri dymdylar. Ahyrynda, patyşanyň örän tutanýerli we batyr egindeşi Ken gürledi. Ol örän uly gür ilatly Hindistany boýun egdirmek meýilnamasynyň bütinleý halys bolan goşuny heläkçilige eltjekdigini ynandyryjylykly subut etmegi başardy. Keniň sözi bilen serkerdeleriň ýanynda gazanan üstünligine tolgunan patyşa gyssagly ýygnagy gutardy. ▶ IŇ AGYR 3 GÜN Aleksandr kanagat etmän, bagtyny synap görmek üçin ertesi gün ýene goşunbaşylaryny ýygnaýar. Olara ýörişini dowam etdirjekdigini, ýöne hiç kimi mejbur etmejekdigini duýdurýar. Ol şeýle diýmek bilen goşunyň arasynda ýeterlik meýletinleriň tapyljakdygyna ynanýar, galanlar bolsa goý gitsinler-de, öz patyşalaryny duşmanlaryň arasynda nädip taşlaýyşlary hakynda gürrüň bersinler diýip pikir edýär. Şondan soň çykyp gidýär. Ol özüniň ejizliginden ejir çekip, üç günläp jogaba garaşýar. Hiç kim gelmeýär. Onuň kalbynda gurlan, tutuş dünýäni birikdirýän ägirt uly döwletiň nusgasy onuň gözüniň öňünde ýykylýardy. Hiç bir duşmandan ýeňilmedik Aleksandr, indi öz goşunyndan ýeňilmeli boldy! Bu ýeňlişiň kemsidiji bolmazlygy üçin, ol hudaýlaryň özüne öýe dolanmaly diýen jogaby “eşidendigini” hemmelere aýdýar. Ählumumy şadyýanlyk bu çözgüdiň göwnejaýdygyny has gowy makullady. ▶ GÜNDOGAR SERHEDI Gifazis derýasynyň kenarynda minara meňzeş 12 sany beýik, dini däpler berjaý edilýän stollary dikdiler. Aleksandr hudaýlara sadaka berdi, onuň yzyndan bolsa adaty grek däp-dessurlary dowam etdi. Şeýdip Aleksandryň Aziýadaky mülkleriniň serhedi görkezildi. ▶ BIZ BAŞGA ÝOL BILEN GIDERIS! Aleksandr yza başga, has uzyn ýol bilen gaýtdy. Ol eýdip-beýdip özüniň döwletiniň daşyndan aýlanmagy we onuň serhetlerini çekmegi isledi. Esasy güýçler Hind derýasynyň akymynyň aşaklygyna tarap gidip barýardy, goşunyň kiçiräk bölegi bolsa gämilere mündirilipdi. Bu ýüzüş ýedi aýlap dowam etdi, sebäbi esgerler ýygy-ýygydan düşýärdiler we kenarýaka halklar bilen söweşýärdiler. ▶ MALLIÝSLERIŇ DERBI-DAGYN EDILMEGI Aleksandr malliýsleriň ýurduna gelip, bu iň batyr hindi taýpalarynyň kuwwatly goşuny bilen duşuşýar. Olaryň goşuny 80 müň pyýada goşundan we 10 müň atly goşundan, 700 sany söweşjeň arabadan ybaratdy. Diňe şöhratlanan serkerdäniň ajaýyp ussatlygy şol güýçli goşundan üstün çykmaga getirip biljekdi. Söweşde taktikanyň üýtgeşikligi we manýowryň tizligi esasy roly oýnady. Aleksandr goşunyna aýratyn, bölek-bölek toparlara bölünip gitmegi buýurdy. Başda patyşa esasy urgynyň ugruny gizläp, duşmany ýeserlik bilen aldaýar. Soňra öz bölümlerini ýarym aýlaw görnüşinde uzaldyp, duşmanyň goşunyny gabaýar we derbi-dagyn edýär. Aýratynam duşmana derýadan duýdansyz çalt geçilmegi we şähere hüjüm edilmegi zyýan ýetirýär. Malliýsler we olaryň arasynda ýaşaýan brahmanlar soňkusyna çenli garşylyk görkezmäge taýýardy, ýöne duýdansyz çozuş olaryň güýç-gaýratyny alýar. Diňe bir derbi-dagyn edilen malliýler däl, eýsem entek urşa goşulmadyk goňşy halklar hem garşylyk görkezmekden boýun gaçyrdylar. Olar sylag-serpaý gowşurdylar, salgyt tölemäge borçlandylar we girewine adam goýberdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |