11:25 Aleksandr Makedonskiý / makalanyñ dowamy | |
▶ ÖLÜMIŇ WE DIRILIGIŇ ARALYGYNDA Malla galasyna hüjüm edilende patyşa tas wepat bolupdy. Goşunyň okgunly hereket etmegi netijesinde galany ýumrujy ýaraglar yzda galypdy. Aleksandr wagt ýirirmejek bolup, galanyň düýbüni gazmagy tabşyrdy, ýöne oňa iş bolmalysy ýaly çalt gitmeýän ýaly görünýär. Şonda ol merdiwany alyp, beýik diwara söýeýär we dyrmaşmaga başlaýar. Onuň yzy bilen birnäçe makedonlylar topulýarlar. Ýöne merdiwan döwülýär we Aleksandr üç goşunbaşysy bilen diwaryň üstüne, köpsanly duşmanyň öňüne düşýär. Olar minaranyň içine girýärler we güýçleri barka goranýarlar. Bir makedon şol ýerde öldürilýär. Döşi ok bilen ýaralanan Aleksandr duýgusyz ýykylýar, galan ikisi bolsa zordan ony goraýarlar. Onuň bagtyna şol wagt makedonlylar derwezeden girip ýetişýärler we öz patyşalaryny halas edýärler. Birnäçe günüň dowamynda Aleksandr ölüm ýassygynda ýatýar; Indi ol galmaz diýip pikir edipdirler. ▶ GYMMAT DÜŞEN ŞÖHRAT Aleksandr Hind derýasynyň guýýan ýerine baryp öz goşunyny böldi. Olaryň bir bölegini olara has tanyş bolan ýurtlaryň içinden goýberdi, özi bolsa esasy güýçler bilen Arap deňziniň kenary bilen gitdi. Harby deňiz güýçleri goşun bilen ýanaşyk (parallel) hereket edýärdi. Admirala şol kenarlaryň teswirlemesini taýýarlamak buýruldy. Aleksandr goşuny bilen kenarlaryny gum basan, demirgazykdan bolsa uçut beýik daglara gurşalan ýeriň kenarýaka zolagy bilen hereket edýärdi. Kenaryň gyrasynda diňe garyp balykçylar bolaýmasa, başga hiç-hili ilat ýokdy. Ol çölüň içinden henize çenli hiç bir goşun aman–sag geçmändi, hemmesi jöwzaly çägelikde ölýärdiler. Bu çöllükden has gadymy döwürde meşhur şa aýaly Semiramida öz ýanynyň 20 adamsy bilen dolanyp gelipdir, pars patyşasy Kir bolsa özüniň 8 adamsy bilen zordan çykypdyr. Şeýle rowaýatlar häzirki Belujistan hakynda hem saklanyp galypdyr. Aleksandryň şöhratparazlygy ony şöhrat üçin Semiramida we Kire başartmadyk işi etmäge itekläpdir. Ýöne Aleksandra-da ol şöhrat örän gymmat düşüpdir. Goşunyň köp bölegi jöwzadan we suwsuzlykdan ölüpdir. Hemme ýük ýüklenilýän haýwanlar çölde heläk bolupdyr. Gowşak, yza galan esgerler hiç-hili kömeksiz ölüpdirler. Goşun bolsa çölde gör, näçe gezek ýoluny ýitiripdi! Ýollary gum basýardy, güýçli ýagyşlar ýuwýardy. Ysgynsyz we gowşak Aleksandr, şol synaglaryň hemmesine garamazdan, elmydama öňe gidýärdi hem sabyrlylygyň hemem mertligiň nusgasyny görkezýärdi. Örän agyr düşen bu ýöriş iki aýdan gowrak wagta çekip, diňe goşunyň dörtden bir bölegi öýlerine dolanypdyr! Şeýlelikde bu ýol ölenleriň süňkleri, ýöne duşmanyňky däl-de özleriniňki we söweşde bolmanlygy bilen bellidir. Şöhratparazlygyň bahasy şeýle-de bolýar... ▶ YZA DOLANMAK Ahyry b.e.öň 324–nji ýylyň fewralynda Aleksandr Kiçi Aziýanyň çägine girenine dogry on ýyl geçenden soňra, Hindistana we Türküstana ýörişini alty ýylda tamamlap, özüniň täze paýtagty bolan Suzy şäherine girdi. Onuň harby taryhda entek deňi-taýy bolmadyk ýörişlerde aman galan egindeşlerine baý sylaglar garaşýardy. Ýaşuly esgerler öz watanyna goýberildi. Her bir esgere puldan başga köp altyn we kümüş berildi. Hemme baş serkerdebaşylar we aman galan “doganlar” altyndan ýasalan wenok (zeýtun baldagyny) alypdyrlar. Olaryň bergileri bolsa patyşa gaznasyndan tölenipdir. ▶ HAZYNA OGRULARY Öýlerinde Aleksandra gam-gussaly habar garaşýardy: bellän hökümdarlary ýurdy talapdyrlar, parslary ezipdirler, olar bolsa çekip-çydamakdan ýaňa halys bolup gozgalaňa taýýarlyk görüp başlapdyrlar. Patyşa gaznasynyň goraýjysy bolan Garpal toý-meýlise ägirt köp mukdarda pul harçlapdyr, haçanda patyşanyň dolanyp gelýändigini eşideninde bolsa, özüne gorag hökmünde grekleriň otrýadyny hakyna tutýar we gaznanyň bir bölegini alyp Gresiýa gaçyp gidýär. Gaýgyly we örän gaty gaharlanan patyşa köp wagtlap özüne gelip bilmändir: onuň iň ynamdar adamlary Aleksandryň döreden, hut şonuň üçin ýaşan hem söweşen zadyny ýykypdylar, onuň gündogaryň we günbataryň halklaryny birleşdirmek üçin eden tagallalaryny puja çykarypdyrlar. ▶ GÜNDOGAR - GÜNBATAR Ýöne, şoňa garamazdan patyşanyň başyny başlan halklary birleşdirmek prosesi gün–günden güýçlenipdir. Makedon goşunynyň weteranlary garyp watanyna dolanmak islemändirler. Olar pars gyzlaryna öýlenip, Persiýada mydamalyk galypdyrlar. Şol bir wagtyň özünde-de Aleksandryň goşunynyň hataryna grek dili we grek nyzamy öwredilen 30 müň ýaş pars ýigitleri gulluga durupdyrlar. Olar ýaş patyşa wepaly bolupdyrlar we öz wepalylygyny subut etmek üçin diňe amatly pursada garaşypdyrlar. Şeýdip şol wagta çenli duşman bolan iki halkyň birleşmegi başlanypdyr. ▶ DUÝGY – HIÇ ZAT, SYÝASAT – HEMME ZAT Patyşa öz egindeşlerine at-abraýly pars han-begleriniň gyzlaryna öýlenmegi buýrupdyr. Onuň aňyrsynda Aleksandryň makedon han-begleri bilen pars han-begleriniň maşgalalaryny garyndaşlyk düwüni arkaly birikdirmek üçin guran syýasy pirimi ýatyrdy. Gelin üçin galyňy onuň özi töläpdir. Aleksandr öz ýakyn adamlary üçin gelinligi hem özi saýlapdyr. Şonda ol mejbur bolup nika baglaşýanlaryň nähili pikiriniň bardygyny soramandyr. Hut şol ýagdaý – adamyň duýgularyna biperwaý garamak, onuň saýlan adamsy bilen utanman ýakyn gatnaşyga girmek bu deňsiz - taýsyz geçirilen nika toýlarynda has hem geň galdyryjy ýagdaýdyr. ▶ 90 SANY NIKA JÜBÜTLERI Patyşa hut şunça jübüti “bagtly” etdi. Bu köpçülikleýin toý däbi bir wagtda, yzy üzülmän gurnalypdyr. Öýlenjek ýigitleriň garaşýan ägirt uly çadyryna nobatdaky gyz girýär. Oňa öýlenmek üçin bellenen ýigit ony garşy alýar, gapdalynda oturdyp, elinden tutýar we öpýär, hudaýlara sadaka berýär. Mis saz guralynyň çalynmagy bolsa täze maşgalanyň kemala gelendigini aňladýar. Şeýdip 90 gezek! Bu çäre bolsa seleksiýaçynyň täze tohumy ýüze çykarmak üçin dürli ganlary haýasyz çaknyşdyryşyny ýada salýardy. ▶ BIRINJI KÖPAÝALLY – ÄR Şol nika gyýlyşykda ilkinji öýlenen ýigit Aleksandryň özi bolupdyr. Şoňa çenli Roksana bilen onuň çagasy bolmandy we Aleksandr eýýäm pars patyşasy hökmünde özüni birnäçe aýal almaga hukukly hasaplaýardy. Ol Dariý patyşanyň uly gyzyny we patyşa Ohuň gyzyny saýlapdyr. ▶ TÄZE MEÝILNAMALAR Wawilonda Aleksandry döwleti dolandyrmagyň aladalary we täze ýörişe taýýarlyk işleri gurşap alypdyr. Ol Arabystana ýüzüp barmak üçin, uly flotuň şaýyny tutmaga başlapdyr. Beýleki flot Nearhyň baştutanlygynda Afrikany aýlanyp gelmeli eken (has öňe gidip aýtsak, Nearhyň floty Aleksandryň ölüminden soňra onuň wesýetini ýerine ýetirmek üçin gidýär, ýöne yzyna dolanyp gelmeýär). Patyşa Karfageny we tutuş Demirgazyk Afrikany, soňra Ispaniýany boýun egdirmek üçin goşunyny taýýarlaýar. Basyp almakdan başga-da, Aleksandryň ýene-de bir maksady – dünýäniň galan bölegini bilmek, onuň dürli künjekleriniň arasynda söwdany dikeltmek arzuwy bardy. ▶ HALKARA YKRARNAMA Ýeňilmezek basybalyjynyň şöhraty onuň bu ýurtlara boljak ýörişinden has öňürtýär. Wawilona Afrikadan, Galliýadan, Günorta Russiýadan, Italiýadan ilçiler özüniň geljekki hökümdaryna öňünden seretmek üçin gelýärdiler. Şol wagta çenli hiç wagt gadymy dünýäniň biri-birinden ýat halklarynyň arasynda şeýle güýçli we ysnyşykly gatnaşyklar bolmandy. ▶ SERKERDÄNIŇ ÖLÜMI Emma ykbal düýbünden başga tarapdan gopdy. Wawilonda Aleksandr agyr keselledi. Gyzzyrmadan sandyramakdan ýaňa onuň ysgyn-mejaly gidip halys egbarlady. Sütüniňi süýndirýän ýörişde halys bolan teniň garşylyk görkezmäge gurbaty bolmandyr. Ol çaşyp barýardy. Şol wagt ýakynlarynyň biri: “Kimi mirasdüşer edip bellärsiň?” diýip soramaga ýetişdi, Aleksandr: “Mynasyp adamy” – diýip pyşyrdady we ömürlik gözüni ýumdy. Şeýdip iň meşhur serkerde dünýäden ötdi. Ol şol wagt bary-ýogy 32 ýaşyndady. ▶ MIRAS Meşhur serkerdäniň basybalyşlarynyň miwesi bolan–imperiýa onuň ölüminden soňra derrew dargaýar. Aleksandr tarapyndan gurlan örän uly patyşalygy onuň goşunbaşylary öz aralarynda derrew paýlaşýarlar. Ol ýerleri bölüşmek o diýen kynam düşmedi, sebäbi Aleksandr dirikä olaryň hemmesine basylyp alnan ýerleriň hökümdarynyň wenogyny (altyndan ýasalan zeýtun baldagyny) paýlapdy. Ýeke – täk döwlet bolmak pikiri onuň nökelerinde entek döremändi! ▶ GEP ÝAŞDA DÄL.. “20 ýaş – we ölmez-ýitmez bolmak üçin hiç zat ýok!” – diýip, Aleksandr bir gezek jany ýanyp gygyrypdyr. Ýöne ol örän çalt bu ýagdaýy düzedipdir. Aleksandryň entek ýetginjekkä başyny başlan (şol wagt onuň ýaşy 21–den geçmändi) Balkanlardaky ilkinji ýörişleri onuň dogabitdi serkerdelik zehininiň bardygyna şaýatlyk edýär. Harby strategiýanyň we taktikanyň örän kämil sungaty (okgunly hereket etmek, düzlükde we daglarda söweşi alyp barmak, duşmanyň daşyny gabamak we hüjüm etmek), esasanam ajaýyp ugurtapyjylyk, has amatly ýagdaýy saýlamagy başarmak – bu zatlaryň hemmesi duşmany ruhdan düşürip, täsirli ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berýärdi. ▶ HAÝRAN GALMAGA MYNASYP Hyjuwly, batyr ýigit öz kakasynyň esgerlerini we ýaşuly serkerdelerini özüniň çydamlylygy we täsirli hereketleri bilen haýran galdyrýardy. Ýöne ondan başga-da ol esgerleri, köp zady başyndan geçiren adamlary, özüniň ýiti akyly we häsiýetiniň durnuklylygy bilen geň galdyrýardy. Söweş başlamazyndan ozal ol söweşde etmeli hereketleri dogrusynda oýlanýardy we hasap-hesip edýärdi, söweş güni bolsa hakyky gahryman bolup howply ýeri gözleýärdi. Söweşiň iň gazaply ýerine okdurylýardy we özüniň kuwwatly goly bilen duşmany derbi–dagyn edýärdi. Aleksandr söweşlerde özüni köp howply ýerlere oklady we ençeme gezek agyr ýaralandy. Onuň söweş meýdanynda bir gezek görünmesi duşmanyň hatarynda gorky, howsala we başagaýlyk döredýärdi. Gadymy Gresiýanyň iň söýülýän gahrymanlary şeýle hereketleri edýärdi. Şonuň üçin–de söweşlerde taplanan weteranlaryň belent mertebeli serdaryny söýmegi we onuň janyny aýap saklamaklary geň zat däldi. Aleksandr olara diňe bir serkerde hökmünde däl-de, eýsem agyr ýörişleriň ähli kynçylyklaryny deň paýlaşýan söweşjeň ýoldaş hökmünde hem örän gymmatlydy. ▶ ESGERLERIŇ ATASY Ýaş patyşanyň öz egindeşleri bilen şeýle hoşniýetli gatnaşygy Aleksandra serkerde – atanyň obrazyny beripdir. Şu sanawa köp faktlar şaýatlyk edýär. Geliň olaryň diňe käbirlerini, has görnüklilerini mysal getireliň. Gyşyň aňzakly günleriniň birinde Aleksandr gapdalyndan geçip barýan goşunyny synlamak üçin oduň başynda saklanýar. Şol wagt halys doňup (üşäp) barýan esgeri görüp, oňa öz ýerine geçip oturmagy buýurýar, özi bolsa onuň ýerine nyzama geçýär. Ýa-da onuň esgerleriniň birnäçe gezek gören ýagdaýlary: patyşa ýaş, gujurly eli bilen ýörişlerden ýaňa halys bolan weterany saklaýar. Kyn minutlarda serkerdebaşynyň mydama ýanyňdadygy, onuň esgerleri ýatlaýandygy we olar hakynda elmydama aladalanýandygy baradaky düşünje, hiç-hili şübhesiz Aleksandryň at-abraýyny has-da ýokarlandyrypdyr we esgerlere köp kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edipdir. Şeýle-de Aleksandra şöhrat getiren, söweşde gaýduwsyzlyk görkezen esgerleri sahylyk bilen sylaglamak häsiýeti hem esgerleri kynçylyklary ýeňip geçmäge ruhlandyrypdyr. ▶ GOŞUNYŇ RUHY ÝAGDAÝY Goşunyň içki ruhy ýagdaýynyň has möhümdigine gowy düşünýän Aleksandr Makedonskiý, Molly galasy basylyp alynanda agyr ýaralanyp, gara – gana bulaşýar we lukmanlaryň duýduryşyna garamazdan, öz goşunlaryna görünmek üçin özüni ata mündürmegi buýurýar. Hemmelere öz patyşalarynyň hal-ýagdaýynyň gowudygyny görkezenden soňra, ysgyndan gaçýar we köp wagt geçenden soňra gutulýar. Haçanda Aleksandryň egindeşleri oňa özüni eserdeň alyp barmagy, öz janyny goramagy haýyş edip ýüzlenenlerinde, ol: “Ärleri edermenlik bezeýär” – diýen dana sözlerini aýdypdyr. ▶ MAKSADA GÖNÜKDIRILEN REHIMSIZLIK Öz esgerleriniň ýokary ruhy ýagdaýy hakynda aladalanyp, Aleksandr Makedonskiý özüne duşmany ruhdan düşüriji şöhrat gazanypdyr. Muňa ilki bilen onuň duşmana bolan rehimsizligi degişlidir. Aleksandr özüniň rehimsizligi baradaky gürrüňleri, akgöwünliligi baradaky gürrüňlerden has peýdaly hasaplapdyr. Şeýle elhenç rehimsizlik dönüklere jeza berlende has aýdyň ýüze çykýardy. Ilki bilen ol ýesir alnan duşmanlara – greklere degişlidi. Aleksandr olary Elladanyň işine dönüklik edenler diýip hasaplaýardy. Çünki, olar garşylyk görkezmän, eýsem oňa ellin medeniýeti ýaýratmaga kömek etmelidiler. Şonuň üçinem, ýesir alnan grekleri, ol kada bolşy ýaly uçdantutma gyrýardy. Rehimsizlik bilen gyrylýanlaryň ikinji toparyny bolsa Aleksandra erjellik bilen garşylyk görkezen şäherleriň – Tiriň, Mallaň, Gazaň ýesir alnan goraýjylary düzýärdi. Ol şäherleriň ilaty bolsa gul edilip satyldy. Şeýle çäreleriň geljekki duşmanlary ruhdan düşürmek, olary öz tarapyňa çekmek ýaly aýdyň maksady bardy. Hakykatdanam, şeýle çäreler edil birnäçe uly goşunlary derbi – dagyn eden ýaly, täze onlarça söweşleriň edip biljek işinden hem köp zady berdi. ▶ IMPERIÝANYŇ DÖREDILMEGINDE KÖWŞÜŇ ROLY Şu ýerde köp ýörişlerde mizemez makedon falangasynyň söweşlere ýeterlik derejede seýrek girýändigini, esasanam özbaşdak garşylyk görkezmäge ukyply, dumly-duşa ýaýradylan atly goşunyň hereket edendigini aýtmak ýeterlikdir. Şol sebäpli-de, Aleksandr şu jähtden pyýada esgerleriniň ýaraglarynyň üstüni ýetirmekden, olary berk köwüş bilen üpjün etmek üçin has beter aladalanypdyr. ▶ KIM KIME GULAK ASÝARDY?! Aleksandr goşunyny ýeke-täk özi dolandyrandygyna garamazdan, ol maksatlaryny esgerleriniň deň paýlaşmagy üçin esgerlerini ynandyrmagy dogry hasaplapdyr. Haçanda goşunyny ynandyryp bilmese, ol öz goşunyny diňläpdir – Gifazis derýasynyň boýundaky Hindistana bolan ýörişi bes etmek bilen bagly bolan iň kyn we möhüm mesele hem şeýdip çözülipdi. ▶ NÄME ÜÇIN ALEKSANDR DUŞMANLARYNY DOLY DERBI-DAGYN ETMEÝÄRDI?! Harby nazarýetçiler (bilermenler) patyşanyň näme üçin, duşmany derbi-dagyn edenden soňra olary yzarlap, onuň işi bolmalysy ýaly doly soňuna çenli ýetirmeýändigine ýygy-ýygydan geň galýarlar. Şeýle ýagdaý ençeme gezek bolupdy. Muňa mysal hökmünde Dariýniň Issada derbi-dagyn edilenden soňky ýagdaýyny görkezmek bolar. Aleksandr şonda Dariý patyşany yzarlamagyny dowam etdirip, Persiýanyň tutuş içerki we gündogar oblastlarynyň içinden geçip, ähli dört paýtagty basyp alyp Dariýni täze goşun toplamak mümkinçiliginden kesip bilýärdi ahyryn. Onuň deregine ol iki ýyllap parslaryň Ortaýerdeňiz koloniýalaryny tabyn etmäge gidýär, şonuň bilen bir wagtda bolsa Dariý täzeden ägirt uly goşun toplaýar we aýgytlaýjy söweşe taýýarlyk görýär. Bu näme? Öz bagtyňa çäksiz ynammy ýa-da özüňden on esse artyk duşmany ýeňip täzeden meşhurlyk gazanmak islegimi? Mümkin, ikisemdir. Ýöne üçünjiden: Aleksandr şeýle hatarly ädim ätmek bilen bir söweşde Persiýany we onuň soýuzdaşlaryny geljekde garşylyk görkezmekden mahrum etmek isläpdir diýen çaklama bar. Ol şeýle bolupdyram. ▶ BEÝIK PSIHOLOG Megerem, Aleksandr Makedonskiýniň harby ýeňişleriniň esasy sebäplerini onuň ähli zady inçeden yzarlaýandygyndan – çuňňur psihologiýadan gözlemek gerekdir. Çünki rsihologiki taýdan şu aşakdakylar ýaly täsir etmezden açyk meýdandaky söweşde özüňden on esse artyk duşmany ýeňmek mümkin däl. Duşmany tolgundyrmak, aljyraňňylyga salmak, aljyramaga mejbur etmek we ahyrynda bolsa gaçmaga mejbur etmek. Duşmanda söweşiň soňunyň gowy gutarjagyna bolan şübhäni döretmek, ony seresaply hereket etmäge mejbur etmek bilen gaharyny getirmek. Ýa-da köpçülikde tiz ýaýramak häsiýeti bolan dowuly döredip - duşmanyň belli bir bölegini gaçmaga mejbur etmek Serkerdäniň hemme hereketleri şu aşakdaky ýaly psihologiki täsir etme esasynda amala aşyrylandy. Okgunly hüjümler, garaşylmadyk ýerden, garaşylmadyk wagtda duýdansyz çykmak. Ysgyndan düşürýän ýolsuz ýörişler ýa-da adam mümkinçilikleriniň çäginden daşardaky dag uçutlaryna dyrmaşmak hut şu maksada gönükdirilendi. Tejribeli duşmanlary çykgynsyz ýagdaýa salýan garaşylmadyk manýowrlar. Öz esgerlerini ruhlandyrýan we duşmany ysgyndan düşürýän gözsüz batyrlyk. Hatda özleri üçin ýagdaý amatly däl hem bolsa, söweşi duşmanyň garaşýan wagtyndan ir başlamak. Hawa bu zatlaryň hemmesi psihologiki artykmaçlygyň netijesinde gazanylan netijelerdi. ▶ UGURTAPYJYLYKLY HEREKETLER Aleksandr Makedonskiý boljak söweşiň meýilnamasyny düzeninde ykjam oýlanýardy, söweşjek taraplaryň ýerleşýän ýerlerini, olaryň hemme güýçli we gowşak taraplaryny jikme-jik öwrenýärdi we esasan söweşi çalt dolandyrmaklyga uly ähmiýet berýärdi. Onuň ugurtapyjylykly hereketleri duşman üçin şeýle bir duýdansyzdy welin, ol hokgalar olaryň ähli meýillerini garym-gatym edýärdi, makedonlylara bolsa söweşiň iň aýgytlaýjy pursatynda artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik berýärdi. Onuň söweşiň öň ýanyndaky duýdansyz manýowrlary serkerdelik sungatynyň ýokary derejesi bolup durýar. Olaryň köpüsi daglarda we düzlerde gijesine amal edilýärdi. ▶ GENIAL ÖŇDEN GÖRÜJILIK Aleksandryň öz goşuny bilen amala aşyran manýowrlarynyň köpüsi harby bilermenler üçin düşnüksiz bolmagynda galýar. Mysal üçin: onuň Gawgamel-Arbeldäki söweşde öz goşunyny sag tarapa sürmek bilen nähili maksada eýerendigi düşnüksiz bolup galýar. Bize bolsa Aleksandr şol hereketi bilen duşmanyň frontuny sähelçe wagtlyk böwüsmegi we şol ýagdaýdan peýdalanmagy isländir diýip çak etmek galýar. Onuň garaşyşy ýaly bolanlygy üçin, biz duşmanyň etjek hereketlerini genial öňden görüji bilen iş salyşýandygymyza göz ýetirýäris. Şeýle öňden görüjilik entek uruşlaryň taryhynda bolmandy. ▶ ALEKSANDRYŇ ŞAHSYÝETI GORDIÝ DÜWÜNI Şol meşhur düwüniň taryhyny bilmeýän bir barmyka! Aleksandr Kiçi Aziýa girip Gordion şäherini eýeleýär. Ol ýerdäki Zewsiň hramynda (metjidinde) bolsa araba durdy, rowaýata görä, frig patyşasy Gordiý ol arabanyň arşyna boýuntyrygy gaty çylşyrymly görnüşde çigişdirip daňypdyr. Rowaýatda eger kimde-kim şol düwüni çözmegi başarsa ol tutuş dünýäniň hökümdary bolar diýlip bellenilýärdi. Dünýäniň hökümdary bolmagy arzuw edýän ýaş patyşa, elbetde, şol düwüni çözmäge girişýär. Haçanda Aleksandr düwüni çözüp bilmejegine gözi ýeteninde, gylyjyny çykarýar we düwüni kesip taşlaýar. Şol meşhur hereket bolsa Aleksandr barada: onuň islendik işde ýeňilmek diýlen pikiri inkär edýän, gedemligi hakynda – da, öz maksatlaryna ýetmeginiň serişdesi hasaplaýan – güýji hakynda-da köp zady aýdýardy. ▶ ÝEKE-TÄK , ÝÖNE ÇENSIZ ALAWLY HYJUW Aleksandryň güýçli şahsyýetdigi barada gürrüň edilende, onuň mertlik, gaýduwsyzlyk, töwekgellik, maksadaokgunlylyk, çydamlylyk ýaly söweşjeň häsiýetleri barada ýatlamazlyk mümkin däl. Onuň tutuş ömri bütin dünýäni basyp almak maksadyna gönükdirilendi, onuň halklary tabyn etmekden başga hiç-hili gyzyklanýan zady ýokdy. ▶ARZUWLAR Aleksandr diňe bir basybalyşlar barada däl-de, eýsem tutuş dünýäni birikdirýän döwleti gurmak barada arzuw edýärdi. Şeýle döwletiň ruhy esasyny bolsa grek medeniýetiniň ýokary üstünlikleriniň gazananlary düzmelidi. Ýöne ol mejbur etmegi däl-de, eýsem birikdirilýan halklaryň medeniýetleriniň hasabyna bilelikde baýlaşdyrmagy göz öňünde tutýardy. Bir gezek ylgamakda çalasynlygy bilen tapawutlanan Aleksandrdan, onuň ýakyn adamlary: “ Patyşa Olimpiýa oýunlarynda ylgawda bäsleşmek isleýärmikä?” - diýip sorapdyrlar, şonda ol: “Hawa, eger-de meniň bäsdeşlerim patyşalar bolsalar!” diýip jogap beripdir. ▶ ŞÖHRATPARAZLYK Ol gürrüňsiz şöhraty gowy görüpdir, ýöne ol şöhraty özüniň mynasyp hasaplan bäsdeşleri bilen boljak arassa göreşden gözläpdir. Aleksandryň “ýeňşi ogurlamak” islemeýändigi sebäpli, parslaryň on esse artyk goşunynyň üstüne gije çozmak barada edilen teklipden boýun gaçyryşyny ýada salalyň. ▶ SAHYLYK Belent mertebeli serkerdäniň bu häsiýeti hiç-hili şübhe döretmeýär, ol hemmelere mälimdir. Ol ähli ýörişe gatnaşyjylary, aýratynam söweşde saýlananlary sahylyk bilen sylaglapdyr. Goşunbaşylara iş haky hökmünde oblastlar dolandyrmaga berlipdir, has ýakynlar bolsa tabyn edilen döwletleriň patyşalary edilip bellenipdir. ▶ MINNETDARLYK Aleksandr şol döwrüň patyşalarynyň içinde iň salyhatlysy bolupdyr, hemmelere özüni aldyrmagy başarypdyr. Ol beren sözüne wepaly bolupdyr, eger boýun bolýanlara söz berse, hökman ýesirlere rehim-şepagatlylyk bildiripdir (eger-de ýagdaý başga zady talap etmeýän bolsa). ▶ ALEKSANDR KIMI HORMATLAPDYR Aleksandr ilki bilen özüni mynasyp saklamagy başarýan hökümdarlary we goşunbaşylary hormatlapdyr. Aleksandryň söweşde sarsman, soňuna çenli söweşen we zynjyra baglap getirenlerinde bolsa özüni mynasyp saklan hindi şasy Por bilen nähili sypaýy gatnaşyk edendigini ýada salalyň. Aleksandr diňe bir parasatlylygy bilen däl-de, eýsem pula satylmaýandygy bilen tapawutlanan afin goşunbaşysy Fokiona uly hormat goýupdyr. Haçanda Aleksandr afinlylardan gämilerini bermegi talap edende, halk näme etjegini bilmän maslahat almak üçin Fokiona ýüz tutanlarynda, ol: “Size ýa-ha güýçli bolmagy, ýa-da güýçli bilen dost bolmagy maslahat berýärin” – diýipdir. Aleksandr Fokiona ýüz talant (gadymy pul birligi) iberipdir. Fokion geň galyp wekillerden sorapdyr: - Näme üçin Afinanyň şunça ýaşaýjylarynyň içinden patyşa meni saýlady-ka? - Çünki ol diňe seni mynasyp we halal hasaplaýar. - Goý, onda ol maňa diňe halal hasaplanmaga däl-de, eýsem şonuň ýaly bolmaga ygtyýar bersin! – diýip Fokion jogap beripdir we wekilleri sowgatlary bilen yzyna ugradypdyr. ▶ TÖWEKGELLIK, YNAM, DÜŞBÜLIK? Tarsa şäherinde şeýle waka boldy: derläp üsti-başyny tozan basan Aleksandr jöwzaly yssyda derýa ýetýär we suwa düşmekçi bolýar. Sowuk suwa ýaňy bir giripdir welin, ony gyzzyrmasy sandyradyp başlapdyr. Ýüzi öliň ýüzi ýaly bolan Aleksandry çykarypdyrlar we ýerine geçirip ýatyrypdyrlar. Kesel şeýle bir güýçlenipdir welin, hatda makedon lukmanlary ony bejermäge hem çekinipdirler. Şol bir wagtda bolsa pars patyşasy Dariý golaýlaşypdyr. Aleksandryň goşuny bolsa gaýgyly ýagdaýda habara garaşýardy. Şonda Aleksandryň merhum kakasynyň şahsy lukmany garry Fillip öz bilýän emlerinden, iň soňkusyny etmäge taýýarlanypdyr. Heniz garry Fillip dermanyny taýýarlaýarka Aleksandr Parmeniondan şeýle mazmunly hat alypdyr: “Eger-de saňa janyň gymmatly bolsa, Fillipe ynanma: ony parslar satyn aldylar”. Parmenion Fillipiň goşunbaşylarynyň arasynda iň ýaşulysy we iň gowy görýäni bolupdyr. Aleksandr haty okaýar we ony ýassygynyň aşagynda goýýar, haçanda eli dermanly Fillip gapydan gireninde bolsa, patyşa bir eli bilen ýaňky haty uzadýar we beýleki eli bilen bolsa dermany alýar we arkaýyn içip goýberýär. Ýaşuly gaty lapykeç ýagdaýa düşýär. Aleksandr bolsa oňa: “Seni ähli zatdan beter dermanyň berjek peýdasy aklar!”-diýipdir. Hakykatdanam, üç gün geçenden ol eýýäm şatlanýan goşunynyň içinde aýlanyp ýördi. ▶“GAHAR KAPYR” DIÝLENI Aleksandr b.e.öň 328-nji ýylda Orta Aziýada ýaşamak bilen, yzgyderli ýörişleriň netijesinde nerw taýdan gaty ýadap çendenaşa gaharjaň bolupdyr we öz dostlary bilen giç agşama çenli oturyp, çakyrdan durmuşa bolan höwesi gözläpdir. Samarkantda bolan şeýle oturlyşyklaryň birinde, çakyr içip kellesi gyzan Aleksandr öz edermenliklerini ýatlapdyr we özüniň uçursyz zehinine hem-de bagtyna haýran galmaga başlapdyr. Ol ýerde oturanlaryň hemmesi ony biragyzdan makullapdyrlar. Aleksandry Gerakl bilen deňeşdirip, ony öwüp arşa çykarypdyrlar. Serkerdeleriň biri bolsa, golaýdaky wagşy adamlar bilen bolan söweşde yza çekilen makedon otrýadyna düzülen gülkünç aýdymy aýtmaga başlapdyr. Şol myhmanlaryň içinde oturan, patyşanyň dosty Klit gahar-gazaba münüpdir we şowsuzlyga uçran esgerleriň patyşanyň çadyrynda agşamyny keýpi-sapada geçirýänlerden kem däldigini aýtmak bilen aýdymçynyň sesini tapba kesipdir. Aleksandr oňa “mümkin Klit öz gorkaklygyna – sowsuzlyk diýýändir” diýip ötgür sözleri aýdypdyr. Klit özüni ynjydylan hasaplapdyr. “Eýsem-de bolsa, ol barmagyny Aleksandra çenäp – şol gorkaklyk seni, Zewsiň ogluny, Spifridatyň gylyjyndan halas etdi diýip gygyrypdyr we şol bir wagtda-da Aleksandryň öwünjeňligine häliden bäri saklap oturan gaharyny döküpdir hem-de onuň öz kakasynyň uçursyz zehinine we serkerdeleriniň talantyna nähili borçlarynyň bardygyny sanamaga başlapdyr. Aleksandr öz gezeginde gazaba münüp: Klitiň öz janyny halas edendigini we onuň uýasynyň ak süýdüni emendigini ýadyndan çykaryp, öz gwardiýasyna ony tutmagy buýrupdyr we özi bolsa gylyja tarap okdurylypdyr. Ýöne gwardiýa ýerinden hem gozganmandyr, gylyç bolsa ätiýaçdan gizlenipdir. Gaharlanan Aleksandr Klita tarap okdyrykylmaga we ony bogup öldürmäge taýýardy, ýöne ýakyn dostlary onuň elinden tutup durdular, şol wagtda-da beýlekiler Klity zor bilen äkidip barýardylar. Emma, Klite her niçik-de bolsa sypmak we dostlarynyň elinde urnup duran patyşanyň ýanyna towsup baryp, Ýewripidiň iki setirli gazalyny: “Diýmek bu seniň däbiňmi? Diýmek Gresiýa öz esgerlerini şeýle ýol bilen sylaglaýarmy? Indi müňlerçe adamyň gazanan ýeňşini bir adam öz adyna geçirmek isleýärmi?” – diýip, aýtmak başardýar. Aleksandr däliräp, özüni saklap duranlary zyňyp goýberip Klita tarap okdyrylypdyr, ýakynda duran garawulyň naýzasyny alyp oňa tarap zyňypdyr. Jenaýat edildi, betbagt patyşa bolsa, gözüni oýnakladyp bolan waka içgin seredýär we öz aýagynyň aşagynda söwer dostunyň gara gana boýalan göwresini görýär. Şol minutyň özünde-de ol aklyna aýlanýar: ümsümlikde diňe onuň içiňden geçip barýan agysy eşidilýärdi, Aleksandr ony ýüz – gözünden ogşap, adyny tutup çagyrýar we özüni onuň göwresiniň üstüne lampa goýberýär. Ýöne bary biderek: Klit dem alman ýatyrdy, Aleksandr bolsa naýzany ýaradan sogrup alyp özüne sokjak bolýar. Onuň bagtyna Aleksandry saklaýarlar, ol agyr hasratdan ýaňa titräp, öz ýatýan otagyna tarap gidýär we krowatyna geçip söwer egindeşini çagyryp, möňňürip aglamagyny dowam edýär. Ol şeýle ýagdaýda hiç zat iýmän we hiç-kimi görmek islemän üç günläp ýatýar, diňe dördünji gün diýlende onuň dostlaryna onuň çadyryna girmek we ýalbaryp, özlerini günäkärlemek bilen ony köşeşdirmek başardýar. Aleksandr Klity hormat bilen jaýlamagy buýurýar. ▶ AR ALYJYLYK Indiki waka onuň ar alyjylygy barada gürrrüň berýär. Gawgamel-Arbeldäki söweşde pars patyşasy gaçandan soňra Aleksandr Makedonskiý Dariýniň yzyndan hökman kowup ýetmegi ýüregine düwýär. Ýöne, şol wagt hem Aleksandra goşunyň beýleki tarapynyň serkerdebaşysy Parmenionyň kömek etmek baradaky haýyşyny ýetirýärler. Aleksandr öz egindeşine goldaw bermäge gidýär, ýöne ol Parmenionyň şol haýyşyny hiç wagt bagyşlap bilmändir. Sebäbi, Aleksandr, “Parmenion öz gorkaklygy bilen meni patyşanyň hut özüni ýesir almak mümkinçiligimden kesdi” diýip hasaplapdyr. ▶ MANA ÝUGRULAN REHIMSIZLIK Aleksandr Makedonskiý grek medeniýetini ýaýradyjynyň wezipesini öz üstüne almak bilen özüni beýleki greklerden has ýokary hasaplapdyr. Aleksandr Makedonskiý öňki grek koloniýasy bolan Ioniýanyň (Kiçi Aziýa) Milet şäheriniň golaýyna baryp, onuň ýaşaýjylaryny (branhidleri) 150 ýyl ozal pars patyşasy Kserksyň baýdagynyň astynda Gresiýa dönüklik edendikleri üçin rehimsizik bilen jezalandyrmagy ýüregine düwýär. Hökümdar öz esgerlerine günäli branhidlere mynasyp jezany saýlamaga mümkinçilik berýär. Esgerlerinden hiç-hili jogap eşitmänden soň, ony özi kesgitleýär. Goragsyz şäher goşun bilen gabalypdyr, onuň tutuş ilaty, parahat we garşylyk görkezmedik ýaşaýjylary soňky adamsyna çenli gyrlypdyr. Şeýdip söwdanyň, senetçiligiň we medeniýetiň merkezi, şähergurluşygynyň iň nusgawy görnüşi hasaplanan bu şäher ýer bilen ýegsan edilýär. Şäheri gurşap alan mukaddes tokaýlyklar çapylypdyr we şol wagta çenli gülläp ösen bu ülke gurap ýatan çöle öwrülipdir. ▶ ÖWÜNJEŇLIK Aleksandryň ulumsylyk bilen şöhrata, sylaga ymtylyşy onuň harby üstünlikleriniň hemişe öwülmegine, kuwwatynyň güýçlenmegine we patyşanyň tagtynyň daşynda ýaraňjaňlaryň köpelmegine getiripdir. Emma, diňe hökümdaryň şöhrata ymtylyşy bolan halatynda ýaranjaňlar ol duýgularyny has-da ösdürýärler. Aleksandryň ýany bilen ýörişe gidýän köp sanly filosoflaryň we alymlaryň arasynda iki sanysy aýratyn orny eýeleýärdi: Anaksarh we Kallisfen (Aristoteliň ýegeni). Olaryň birinjisi mekir ýaranjaň bolup, gündogar däbine eýerip, ol Aleksandry Hudaýlyk derejesine çykarmagy ýüregine düwüpdir. Munuň üçin käbir parslar we midiýalylar bilen şertnama baglaşyp, patyşanyň öňünde dyza çöküp ýüzün ýatmak dabarasyny girizmegi (synag hereketi görnüşinde) teklip edipdir. Şol esasda hem öňünden taýýarlyk görüpdirler we patyşanyň şol herekete hoşamaý garaýşyny görüpdirler. Ine toýlaryň birinde bolsa, haçanda çakyr hemmeleriň ganyny mazaly gyzdyran wagtynda, Anaksarh patyşanyň eden işlerini taryplaýan uzyn we ussatlyk bilen düzülen sözleri bilen çykyş edip, ol işleri şol wagta çenli adamzat ogullarynyň gazananlaryndan has ýokary diýip yglan edýär we Aleksandry edil Hudaý ýaly hormatlamagy maslahat berýär. Parslar we midiýalylar uly joşgun bilen el çarpypdyrlar, ýöne makedon we grek myhmanlary garşylyk görkezmäge milt edip bilmän, ýöne goldamagy hem islemän gazaply dymmagyny dowam etdiripdirler. Şonda Kallisfen ýerinden turup, öz adyndan we dostlarynyň adyndan ol bolgusyz teklibiň garşysyna närazyçylygyny bildiripdir. Ony makedonlylaryň we grekleriň el çarpyşmalary goldapdyrlar, Aleksandr bolsa gahar atyna atlanyp dymypdyr. Toý – meýlis dabarasynyň gutarmagynyň öň ýanynda patyşa we onuň myhmanlary posa alyşmaga başlaýarlar, şonda diňe Kallisfeniň bir özi bu ogşaşma gatnaşmandyr. Bu hem onuň meýlisden gaýdanda hiç kim bilen sagbolaşman, hormatlanyp ugradylman gaýtmagyna sebäp bolupdyr. Şonda filosof degşip hakykatynda özüniň posadan başga hiç zat ýitirmändigini aýdypdyr. Ýöne ol ýalňyşypdyr, ol hökümdaryň özüne bolan ynamyny ýitiripdir we ol özüniň batyrgaý sözi üçin agyr jeza çekmeli bolupdyr. Basym ol özüniň hiç-hili gatnaşygy bolmadyk düldüwşikde aýyplanypdyr we jezalandyrylypdyr. Ylymly – bilimli zalym hökümdar (tiran) zalym hökümdarlygyna-da galýar. ▶ AÝALLAR ALEKSANDRYŇ DURMUŞYNDA Öz durmuş toýuna çenli Aleksandr Barsinadan başga hiç bir aýaly bilmändir (Barsina Damaskyň eteginde ýesir alnan Memnonyň dul aýaly). Ýesir düşen beýleki owadan we syratly gyzlara seretmek bilen Aleksandr “pars gyzlarynyň daşky görnüşi göz üçin azap beriji” diýip oýun edip aýdar eken. Olaryň özüne çekijiliginiň garşysyna özüniň berk ahlaklylygyny goýup, öz erkini barlap görmek isläp, Aleksandr olara hiç hili üns bermändir, hamala olara janly aýallara däl-de, eýsem, jansyz heýkellere sereden ýaly seredipdir. Iki sany makedonlynyň nähilidir bir hakynatutmanyň aýallarynyň namysyna degendigini eşidip, patyşa şol hadysa subut edilen ýagdaýynda, ol esgerleri adamlara ýaramazlyk edendikleri üçin, edil ýabany ýyrtyjylar ýaly edip öldürmek barada ýazmaça buýruk berýär. Şol buýrukda-da patyşa özi hakda sözme-söz şu sözleri ýazýar: “Hiç kim meniň Dariýniň aýalyny görendigimi, ony görmek isländigimi ýa-da onuň owadanlygy baradaky gürrüňlere gulak gabardandygymy aýdyp bilmez”. Aleksandr: “Uky we zenan bilen ýakyn gatnaşykda bolmak başyň ölümliligini beýlekilerden has beter duýmaga mejbur edýär, sebäbi ýadawlyk we lezzet görüjilik adamyň tebigatynyň şol bir gowşak ýerinden gelip çykýar” – diýip aýdypdyr. ▶ ALEKSANDRYŇ ÇAKYRA BOLAN GATNAŞYGY Aleksandr şeýle-de artyk iýmitden saklanyp bilýänligi bilen hem tapawutlanypdyr. Aleksandr çakyr içmäge hem adaty pikir edişlerinden, has pes meýilli bolupdyr; çünki, onuň toý saçagynyň başynda köp oturýandygy üçin şeýle pikir edipdirler. Ýöne, hakykatynda Aleksandr içeninden has köp gürläpdir we her bir bulgur çakyry uzyn sözler aýtmak bilen galdyrypdyr. Toýlara hem diňe köp boş wagty bolanynda gatnaşypdyr. Eger-de gep işde bolsa, onda Aleksandry ne çakyr, ne uky, ne tomaşa, ne aýal, ne gyzykly wakalar, hiç bir zat saklap bilmändir. Emma şunuň ýaly ýagdaýlar beýleki serkerdelerde gabat gelmeýärdi. Muňa Aleksandryň nähili gysga bolsa-da, köpsanly we beýik edermenlikler bilen doldurmagy başaran tutuş ömri şaýatlyk edýär. ▶ NETIJE Görşümiz ýaly, bu meşhur serkerdäniň ömri onda bilelikde göz öňüne getirmek kyn bolan häsiýetleriň ençemesiniň bolandygynyň üstüni açýar: Ylymly-bilimlilik bilen wagşylyk, adamkärçilik bilen kine saklamaklyk, sabyrlylyk bilen ganygyzgynlyk, beýik ideýany yzarlamak bilen ownuk şöhratparazlyk, kalbyň sahylygy bilen rehimsizlik. Ähli zamanalaryň we halklaryň iň meşhur serkerdeleriniň birinjisi Aleksandr Makedonski şeýle uçursyz zehinli şahsyýet bolupdyr. Wiktor Pawlowiç ŞEÝNOW. | |
|