19:13 Alladan öýkelän serçäniñ hekaýaty | |
ALLADAN ÖÝKELÄN SERÇÄNIÑ HEKAÝATY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Günlerde bir gün serçe Alladan öýkeläpdir. Aradan birnäçe gün geçipdir, serçeden ses-seda çykmandyr. Serçe janawer gaýgy-gama boglup geziberipdir. Ol Hudaýa kelam agyz söz sözlemändir, Onuñ bilen gürleşmändir! Perişdeler aladalanyp Alladan serçäniñ ahwalyny sorapdyrlar. Her gezegem Allatagala perişdelere: - Ol entek ýanyma geler - diýip jogap beripdir. - Sebäbi onuñ sesini menden başga eşitjek ýok. Onuñ kiçijik ýüregindäki derdine menden başga dowa bolup biljek bolmaz. Belli bir müddet geçensoñ ýañky serçe haly perişan, bagry girýan, gözi ýaşly halda bir agajyñ şahasyna gonupdyr. Ondan ses-üýn çykmandyr. Allatagala serçä ýüzlenipdir: - Hany, aýt bakaly maña?! Seni beýle alada goýan, kalbyñy gussadan dolduran näme derdiñ bar? Perişdeler serçe näme diýerkä diýip, bir gulaga öwrülip diñläpdirler. Serçe boýny buruk halda, hem biraz öýkeli heñde: - Kiçijik höwürtgäm bardy. Aryp gelenimde dynç alardym, üşäp gelenimde ýylanardym. Hiç kime azarym-bizarym ýokdy, şu giñ dünýäde iññäñ ujy ýaly ýer tutýan sümelgäm hiç kimiñ ýerini daraldanokdy. Sen şojagaz höwürtgämi köp gördüñmi nämemi? Bimahal turan tupan ony ýer bilen ýegsan edip meni öýsüz-öwzarsyz goýdy... Bokurdagy dolan serçe mundan artyk sözüni dowam edip bilmän säginipdir. Ümsümligiñ ýañy Arşy-Rahmanda ýañ salypdyr. Perişdeler başlaryny öñe egip Allatagalanyñ berjek jogabyna garaşypdyrlar. Allatagala: - Sen o höwürtgäñde dynç alyp ýatyrkañ, seni awlamaga gelýän ýylan höwürtgäñe ýakynlaşypdy. Men seni ýylandan goramak üçin ýele höwürtgäñi ýyk diýip höküm etdim. Şeýdibem sen oýanyp ol ýerden daşlaşdyñ. Ýylandan halas bolduñ. Nijeme belalar bardyr, muhabbetim bilen olary senden uzaklaşdyrdym. A sen bolsa daşyñy gurşap alan mähir-muhabbetimi görmän geldi-geçer bela-beterler sebäpli maña duşmançylyk edýärsiñ - diýipdir. Muny eşiden serçäniñ gözleri ýaşa dolupdyr we zary-girýan aglamaga başlapdyr. Ol özüni eý gören Allanyñ mähir-şepagatyna haýran galypdyr. Serçäniñ dili zordan: "Öt günämi, Allahym" diýmäge ýarapdyr. Onuñ halysalla kalbynyñ töründen syzylyp çykan bu söz Arşy-Aglanyñ çar künjüne ýañ salypdyr. "Öt günämi, Allahym!" Alladan öýkelän serçäniñ hekaýaty biziñ başymyza her bir bela-beterlerde, kynçylyklarda nijeme hikmetleriñ gizlenip ýatandygyny görkezýär. Hudaýa näşükürlik etmegiñ deregine, her bir bolan işde bähbidiñ bardygyna ynanmaly... "Bähbit bolsun", "herne iş bolsa-da, haýyrlysy bolsun" diýip bilýänleriñ işi oñuna bolsun... "Bu-da geçer" diýip, ýoluna dowam edip bilýänleriñ ýollary aýdyñ, işleri rowaç bolsun... @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||