22:08 Allany görkez-dä ynanaýyn | |
ALLANY GÖRKEZ-DÄ YNANAÝYN
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ymam Agzam Ebu Hanypa çagalyk ýyllaryndady. Alla diýen döredijiniñ bolmandygyny, her zady tebigat ýaradan diýip öz pikirini goran we her baran jaýynda alymlar bilen görüşip çekişen bir dinsiz, gezip-aýlanyp Kufe şäherine geldi. Bozuk düşünjelerini añlatmaga başlan bu dinsiziñ Kufe alymlary bilen görüşip çekişme arzuwyna gülen Musulmanlar: ''Biziñ kiçi bir alymymyz bardyr. Eger onuñ bilen ýaryşyp ýeñseñ, beýik alymlarymyz seniñ bilen görüşip bilerler'' diýip jogap bererler. Ahyry görüşme jaýyny we wagtyny karar edip dagaşdylar. Kufeden bolanlar zaly hyryn-dykyn doldurypdylar. Aradan ýarym sagat geçende kiçi alym heniz gelmändi. Wagtyñ geçmegi bilen dinsiz alym tekepbirlik edýär we ''Elbetde menden gorkdy'' diýip gülýärdi. Ine ol salymda kiçi alym Ebu Hanifanyñ içeri girenini gördüler. Dinsiz alym: ㅡ Näme üçin gijikdiñ kiçi? Ýogsa gaty gorkduñmy? - diýip sorady. Olam: Ýok, gorkmadym. Öýümiz derýanyñ ol tarapynda. Bu tarapa geçmek islänimde köprüniñ ýykylanyny gördüm. Geçip bilmejegme gözüm ýetende, ol ýerdäki agaçlara, derrew bir gaýyk bolup meni geçirmelerini buýurdym. Olaram gaýyk bolup meni geçirdiler. Şol sebäpli gijikdim, bagyşlañ! - diýdi. Bu jogabyb garşysynda loh-loh gülen dinsiz alym: ㅡ Heý akmak çaga! Hiç haçan öz-özüne gaýyk bolarmy? '' diýeninde Ebu Hanife, birdenkä salykatly bir şekilde: ㅡ Asyl akly bolmadyk sensiñ. Bir gaýygyñ öz özünden ýasalanyny kabul edeñok-da, şu uçursyz-gyrasyz älemiñ özüne bar bolanyny nähili makullaýarsyñ? - diýdi. Bu jogabyñ garşysynda geñ galan tebigatçy (ateist) alym: ㅡ Meni bagladyñ kiçi! Örän gowy welin şol barlygy makullanan Allany görkez bizem ynanaly - diýdi. Ebu Hanife eline bir käse süýt alyp dinsiz alyma sorady: ㅡ Ýag we peýnir nämeden edilýär? ㅡ Elbetde süýtden. ㅡ Şeýle bolsa, şu käsedäki süýdüñ içinde bar bolan ýag we peýnirleri görkezip beriñ! Dinsiz alym geñ galdy: ㅡ Elbetde bu süýdüñ içinde ýag we peýnir bardyr. Emma görnenok'' diýdi. Dinsiziñ iñ ejiz ýerinden tutan Ebu Hanife, ýerinden turup ㅡ Şu süýdüñ içinde ýag we peýnir bolanyny makullan halyñda olary görkezip bilmersiñ. Beýik Allany: ''Ine Alla'' diýip görkezmek mümkin bolup bilermi? Süýdüñ her zerresinde ýag nähili bar bolsa Alla hem bu älemde şol hili bardyr. Emma görkezilenok'' diýip düşündirdi. Bu ynam dörediji jogaplara garamazdan häli Allanyñ bolanyna ynanmaýan adam: ㅡ Soñky soragyma-da jogap berseñ, ökdeligiñi men kabul etjek. ''Alla bar'' diýýärsiñ. Şeýle bolsa, ol häzir näme edýärkä?'' diýip sorady. Bir salym düşünen kiçi alym: ㅡ Şo tribunadan aşak düş. Men soragyñ jogabyny şo ýerde berjek'' diýip dinsiziñ düşen tribunasyna çykdy we: ㅡ Häzir Alla seniñ ýaly bir dinsizi bu tribunadan aşak düşürip, meñ ýaly kiçi guluny çykardy ㅡ diýdi. Şol wagt dinsiz alymyñ aýtmaga sözi galmandy. Müñlerçe adamyñ garşysynda ''Kelimeýi şahadat'' (Allanyñ bir bolandygyny we hezreti Muhammediñ onuñ guly we pygamberi bolandygyny) aýdyp musulman boldy. Çeşme: Taýýar Altygulaç, Demirhan Ünli we Şewki Özgan. Gurhan (Kuran) okamaga giriş (elipbiý) 2 neşir. Ankara - 1996. Isbn: 975-19-0759-4. sah-46-47. Terjime eden: Mehmet GARA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |