ALTAÝ MELIKESINIÑ NÄLETI
Bar zat 1993-nji ýylda başlady. Rus arheologlaryndan düzülen topar Russiýanyñ, Gazagystanyñ, Mongoliýanyñ we Hytaýyñ kesişýän ýerindäki günorta Altaýyñ Ukok ýaýlasynda tapylan kurganda gazuw-agtaryş işlerini geçirýärdi...
Alymlaryñ işi şowlady: antik guburyñ üstünden bardylar. Mazaryñ içki otagynda asty arassalanan atyñ süñkleri we bürünç çüý kakylan uly agaç tabyt tapyldy. Tabydyñ içinde ýaş zenanyñ mumyýalanan jesedi bardy. Gölegçiler gömmänkä tabydyñ içine ep-esli buz goýandyklary üçin mumyýa gowy saklanypdyr. Alymlar mazaryñ ýaşyny iki ýarym müñ ýyl diýip çakladylar. Rus we daşary ýurtly hümärmenler bir pikire geldiler: tapyndy XX asyryñ ahyrynda tapylan iñ gymmatly arheologik tapyndylarynyñ biri boldy.
Mumyýa gapdallygyna ýatyrylan ýagdaýda, aýaklary çala epilipdir. Egin-eşigi: ýüpek bluzka, ýüñ köýnek, keçe jorap we deri penjek. Zenanyñ saçy-da syrylan ýagdaýda eken, golarynda we omuzlarynda fantastiki jandarlaryñ we guşlaryñ suraty çekilen birnäçe tatuirowkalar bar. Megerem, bu zenan ýañy 25 ýaşlaryndaka ölen bolmaly. Özem begzada maşgalasyndan bolmaly, şonuñ üçin arheologlar bu mumyýa "altaý melikesi" diýip başladylar.
Seljerme-barlag işlerini geçirmek üçin melikäniñ jesediniñ galyndylary ýörite laboratoriýa ýollandy. Mumyýa wertolýota ýüklendi. Uçuş wagtynda wertolýotyñ motory birdenkä işlemesini bes etdi, uçarman zordan diýen ýaly kynlyk bilen ýere indi. Bu wakadan soñam birnäçe tragiki wakalar bolup geçdi.
Guburyñ açylanyna kän wagt geçmänkä Altaýda ýer titremeler we suw-sil joşgunlary döredi. Ýer titremeler netijesinde ýüzlerçe öý ýykylyp weýran boldy, siller ekin meýdanlaryny ýumurtga togalabermeli etdi. Ýerli ýaşaýjylar "altaý melikesiniñ näletinden" söz açmaga başladylar. Altaýyñ ýerli halklarynyñ wekilleri arheologlaryñ ýer astyna barýan girelgäni goraýjy "Beýik Enäni" bimaza edendiklerini aýdýarlar. "Beýik Ene" ýerinden gozgaldy we erbetligiñ güýçleri herekete geçip, adamlara zelel bermäge başladylar. Mumyýany öñki ýerine äkidip, öñküsi ýaly jaýlanmagy gerek.
Emma alymlaram uly ylmy ähmiýete eýe bolan gymmatly tapyndydan el üzesi geläýenok. Alymlar "altaý melikesiniñ näleti" baradaky gürrüñe edil "müsürli faraonlaryñ näleti" ýaly mit diýip düşünýärler. Ýer titremeler Altaýda arheologik gazuw-agtaryş işlerinden öñem bolup geçýärdi, suw-sil we güýçli ýagyşlar bolsa yklymara üýtgeşmeleriñ netijesidir.
Tebigy hadysalaryñ ylmy düşündirişleri bar, boş ynançlaryñ we o dünýä güýçleriniñ muña hiç hili dahyly ýok. Üstesine soñky onlarça ýylyñ dowamynda Altaýda başga-da birnäçe mumyýalanan jesetler tapylypdy. Olaryñ guburlarynyñ açylandygyna we jeset galyndylarynyñ öwrenilendigine garamazdan hiç zat bolmandy.
Şeýle-de, melikäniñ mazarynyñ tapylan Ukok ýaýlasy soñky ýyllarda ýene alymlaryñ ünsüni özüne çekdi. Hünärmenler ýaýlada birnäçe kilometre uzaýan täsin çyzgylaryñ üstünden bardylar. Bu çyzgylar antik eýýamlarda çyzylypdyr we olary diñe guşuñ uçýan belentliginden görüp bolýar. Geñ galaýmaly: Gadymky adamlar uçmagyñ nämedigini bilmeseler näme! Bu adamlar şular ýaly kyn we gapdaldan görüp bolmaýan "yşaratlama" çyzgysyny nädip takyk çyzyp bildilerkä? Birnäçe çaklama wersiýalar orta atylýar. Olaryñ arasynda müñlerçe ýyl owal Ukok ýaýlasynda başga saýýaralylaryñ kosmos ulaglarynyñ uçup-gonýan "kosmodromy" bolaýmasyn?" diýýänlerem bar. Eýse, şolaryñ uçarmanlary bu "şekilleri" çyzdylarmyka?
Ukok ýaýlasynda ýeriñ ýüzüne çekilen gadymy geogliflerde ýolbarsyñ şekiline, bürgüdiñ kellesine, ganatly legendar jandar griffinlere çalym edýär. Bu şekiller melikäniñ synasyndaky tatuirowkalara meñzeýär.
Mumyýalanan syrly jeset 2012-nji ýyldan bäri Gorno-Altaýsk şäheriniñ döwlet muzeýinde saklanýar, ol muzeýiñ ýörite zalynda, mikroklimat şertlerinde ýörite tabytda saklanýar.
Soñky iki ýyldan bäri Altaýda tebigy hadysalar bolup geçenok. Belkäm, melike pyglyny üýtgedendir? Emma muña garamazdan köp adam altaýly melikäniñ gömülenini kem görenok. Häzirki imi-salalyk uly tupanyñ öñüsyrasyndaky sessizligem bolmagy ähtimal...
Taýýarlan: Has TÜRKMEN.
Çeşme: sputniknews.com
Geň-taňsy wakalar