08:12 Alty Akmämmedow | |
ALTY AKMÄMMEDOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Alty Akmämmedow (1942-1993) Mary etrabynyň Ajap Mämmedowa obasynda doguldy. Alty döredijilikde ilkinji ädimlerini ellinji ýyllaryň ahyrynda ätdi. 1959-njy ýylda onuň ''ilkinji duşuşyk'' atly goşgusy häzirki ''Maru-Şahu-Jahan'' gazetinde çap edildi. Şahyryň ''Ak çäge'' atly ilkinji goşgular ýygyndysyny şygryýet muşdaklary gyzgyn garşyladylar. Edebi tankydam oňa gowy baha berdi. Onuň ''Atylmadyk gülleler'', ''Säher söhbedi'', ''Sähram meniň'' atly poemalary şygryýet muşdaklarynyň arasynda giňden mälimdir. Çagalara ''Suratçy Azat'' atly goşgular ýygyndysyny hödürlemek bilen bolsa, ol öz döredijiliginiň başga bir tarapyny okyjylara açyp görkezdi. A. Akmämmedow kyssaçy hökmünde hem türkmen edebiýatyna önjeýli goşant goşan ýazyjydyr. ''Ene'', ''Al-elwan güller'', ''Aýralyk'', ''Barmaklar'', ''Perzent'', ''Asman perzendi'', ''Salam, adamlaryň arasynda'' oçerkleri okyjylaryň höwesi bilen okan eserlerine öwrüldi. ◾BAGTYŇ ÇÜWÜŞI Dünýä indim gök asmanyň astynda, Göbegim kesilen çägäň üstünde. Pagtadyr-pamykdan dokalan arlyk, Ýumşaklyk hem mähir berdi ömürlik. Çölüň epgegidir tamdyryň nany Köz dek gyzdyrypdyr damarda gany, Myhmany ataňdan uly görmeli, Toý öz işiň! Ýasa hökman barmaly! Şeýle däp-dessury dogduk Diýarym. Uzak ülkelere gidýän käýarym. Eglensem kalbymda harasat gopar Şeýdip bagtym çüwdi birinji sapar... ◾ADAMA BIR GEZEK ÖMÜR BERILÝÄR Adama bir gezek ömür berilýär, Köp zatlary görjek bolup howlugýan. Ömrüň haçan kesiljegi belli däl, Sen bolsa diýbärsiň: ''Näme howlugýaň?'' Bu sähra, dag, deňiz hiç ýere gitmek, Garam ýagar Bahar, tomus güýz geler... Bilýän, ýöne dem degmedik güllerden Gijä galsak, çemen bogar özgeler. Wah görsediň gunçalaryň agzyny Bady-sabaň ogşap-ogşap açanny Bürgüt çagasynyň höwürtgesinden Gaýa gonup ilki sapar uçanny. Bu gurulýan belent-belent binalaň Ilkinji kerpijiň özüň örseňdiň. Mydam adamlara hoş habar buşlap, Söýünji däl, allyşlarny tirseňdiň. Başarýarkak il derdine ýaraly, Ýogsa, ynha, ýyl yzyndan ýyl geler. Ölmesek - garrarys. Soňam bir ýol bar, Ony bize salgy bermez çelgiler. ◾BU DÜNÝÄDE Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl! Säher Günüň dogşun görsem, Ýazda ýagşyň ýagşyň görsem, Aşyk ýigdiň magşuk gyza Gülden, çemen bogşun görsem. Iki ýürek tapsa bir ýol Maňa başga zat gerek däl. Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl! Törde otursa myhmanym, Orta goýsam hanymanym. Matlap-messep hemram bolup, Halal iýsem duzum-nanym. Meý-mest bolup, azmasa päl, Maňa başga zat gerek däl. Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl! Ejizlige beräýsem ýan, Ýalňyzlykda ýansyn bu jan. Ýarasam men toýa ýasa, Il deňinde bolsam men san. Ganat berse arzuw-hyýal, Maňa başga zat gerek däl. Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl! Ýar yşkynda ýansam-köýsem Hem söýülsem, hem söýsem. Dost diýenim duşman çykman, Dost sözüni kalba guýsam. Ortalyk bolsa hal-ahwal, Maňa başga zat gerek däl. Maňa bu dünýäde köp zat gerek däl! Tutup bir gün kükregimden Adym çyzyp depderimden Soňlansa ömür dessanym, Bir mähriban topragymdan Bir garyş ýer ýetse derhal, Maňa başga zat gerek däl. ◾GIJÄŇIZ RAHAT BOLSUN! Adamlar, gijäňiz rahat bolsun! Ynjalsyn ýürekler, dynç alşyny göwre. Howpurgap oýanmaň, gara basmasyn, Gije düýşüňizde sallançak üwräň. Ýazylsyn öýkeler, undulsyn kine, Gahar-gazap gitsin tüsse dek gaýyp. Ýigitler, wepaly söwer ýaryňyz, Ýatsyn gujagňyzda saçlaryn ýaýyp. Sähelçe şygyrda, galdyryp seriň Diňe sen birahat ýatyrsyň ene Gurşugy ýazylsyn durugşan göwräň, Ertirem hysyrdyň ýetikdir ýene. Tolgunyp ogrynça bakan ýigdekçä Biperwaý sereden bolupdyr sen gyz! Ýygralyk huşuňda salsa-da badak, Düýşüňde bir seni goýmasyn ýalňyz. Säher ukyňyzdan oýarsyn guşlar, Täzeden doglan dek dünýä ser salyň. Adamlar, gijäňiz rahat bolsun Bu gohly dünýäni unduň bir salym. Çapa taýýarlan: Orazguly ANNAÝEW GARAGUM 2012/1 | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |