14:51 Saklanyň! | |
SAKLANYŇ!
Goşgular
"Ýarag öndürýän zawodlar diňe bir gün işlemän dursalar, şol günki çykdajy Ýer ýüzünde açlyk çekýän adamlaryň bir ýyllap ine-gana iýip-içmegine ýetýär". ("Литературная газета"-dan). Saklanyň siz, Hemişelik saklanyň, Ýer ýüzüniň müňläp ýarag zawody! Gün dogandan gün ýaşýança - köremän, Öçüsün pejiňiziň alawy-ody! Nähili gowy bor - El serip ýörmän, Gerk-gäbe doýsa açlar-gedaýlar. Asmanda bar bolsa, bu gudraty Görmek üçin Ýere düşer hudaýlar... Saklanyň siz, Hemişelik saklanyň! Ýasalmasyn toplar bilen bombalar! Aç enäň gözüne mähir çaýylyp, Süýtden dolsun gurap giden emmeler. Açlygyndan ýaňa aklyn ýitirip, çagasyn satmasyn bir döwüm nana. ýa köçä zyňmasyn! Ol ynsan bolup, Meňzemesin bir ýyrtyjy haýwana. öz bilinden önjek - dünýä inmedik Perzendini ýigrenmesin atalar. Şonuň üçin saklanyň siz ebedi, Undulsyn ýandyryjy raketalar! Göze grönüp ugran zenan maşgala Iýgi-içgä çalşyp bu dünýäň baryn, Näzik bedenini bir teňňä satyp, terezä goýmasyn namysyn-aryn. Aga-ini, Ata-ogul, Ene-gyz - Nähili eýmenç zat! - Bolsalar ýagy. Bir saçak başyna üýşürip biljek Ýeke döwüm çörek, Bir gysym tüwi. Şonuň üçin saklanyň siz, saklanyň! Goý, asuda bolsun gije hem gündiz! Açlar nana mätäç, Doklar dynçlyga. Pähim et, adamzat, giç dälkä şindiz! Alty AKMÄMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |