20:29 Altyndepe | |
ALTYNDEPE
Goşgular
Haýsy maksat bizi muña getirdi, Geçmişimiz öwrenmäge höwesmi? Onlap ýigit, onlap gözel, asyrlañ Çuñluklaryn öwrenip ýör höwesli. Bir o ýandan, Bir bu ýandan gazýarlar, Düýnki günden bir nyşanjyk agtaryp. Altyndepäñ hazynaly goýnunda, Bu günden barýarlar düýnüne tarap. Sährañ ýüzün sypap öwüsýän şemal, Howasyn getirýär geçen asyrlañ. Biziñ eramyzdan owalky asyr, 302-nji ýyl, Beýan et syrlañ! Hany? Ol ozalky güllän medeniýet, Gadymy Urartu, Mesopotamiýa! Neçün bozulypdyr gözel diwarlar, Soñlanmaýan uruşlaryñyz barmy ýa! Bize syryñy aç, Gadymy depe! Syr ýüzüñden asyrlaryñ perdesin. Geçmişinden, Şu gününden öwrenip, Döretmeli biz dünýäniñ ertesin. Aýsoltan JEPBAROWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 05.06.1987 ý. | |
|
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |