21:33 Aly Guşçy | |
ALY GUŞÇY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Meşhur türk(men) astronomy we matematik alymy. Aly Guşçynyñ haýsy senede we nirede dogulandygy belli däl, ýöne XV asyryñ başlarynda Samarkantda dogulandygy kabul edilýär. Ulug begiñ hökümdarlyk edýän wagtlarynda Samarkantda ilkinji bolup dini okuwyny tamamlaýar. Çaga wagtlary matematika we astronomiýa bolan höwesi artýar. Döwrüniñ iñ beýik alymlary bolan Ulug beg, Bursaly Kadyzada Rumy, Gyýaseddin Jemşid we Muinuddin Kaşydan astronomiýa we matematika derslerinden sapak alýar. Ulugbegiñ öldürilmeginden soñ Samarkant Medresesindäki dersleri bilen rasathanadaky uly işlerine ara ýolda goý bolsun edip Samarkantdan aýrylyp Tebrize, bir az wagtdan soñra Uzyn Hasanyñ ilçisi bolup Stambula geldi. Fatyh Soltan Mehmet han, onuñ ylymly adamdygyna gysga wagtda göz ýetirýär we ondan Osmanly döwletiniñ hyzmatynda bolmagy üçin haýyş etdi. Soñra ol Aýasofiýa Medresesinde Müderrislige kabul edilýär. Fatyh soltan Aly Guşça edýän işiniñ daşyndan öz kitaphanasynda müdürlik etmeklik wezipesini berdi. Stambul medreselerinde astronomiýa we matematika ylymlarynda Aly Guşçynyñ eden işleri netijesinde uly öñegidişlikler gazanyldy. Derslerine Stambulyñ meşhur alymlary hem goşulýardy. Ylym ýolunda eden hyzmatlary we gazanan at-abraýy bilen meşhurlyk gazanan Hoja Sinan Paşşa, Molla Lütfi we Aly Guşçynyñ ogly Mirim Çelebi ýaly alymlar onuñ derslerinde okap ýetişdiler. Aly Guşçy 1474-nji ýylda dünýeden ötdi we ony Eýýup Soltan Gonamçylygynda depin etdiler. GEÇMIŞTEN GÜNÜMÜZE OSMANLI-ALFABETIK OSMANLI TARİHİ Venedik neşirýaty. İstanbul. 2016. Tolga USLUBAŞ Terjime eden: Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |