14:36 Osman Gazy | |
OSMAN GAZY
Taryhy şahslar
Osmanly soltanlarynyñ ilkinjisi. Dünýäniñ iñ uzyn ömürli hanedanynyñ we iñ beýik döwletleriniñ biri bolan Osmanly döwletiniñ gurujusy. 1258-nji ýylda Söwütde dünýä geldi. Kakasy Ärtogrul Gazy, enesi Haýma Enedir. 1281-nji ýylda uç begi hökmünde tanalyp kakasynyñ ýerine geçdi. Kakasynyñ yzyny ýöretmek bilen Wizantiýadan topraklary basyp almak üçin syýasatyny sürdürdi. Osman begiñ ady taryhlarda ilkinji gezek 1302-nji ýyldaky wakalaryñ arasynda agzalyp geçilýär. Wizantiýa çeşmeleriniñ birinde saklanan dokumentde Osman begiñ söwda ýollaryna häkim bolmak üçin Wizantiýany kyn günlere salandygy aýdylýar. Osman begiñ Begligi Stambulda Anadoly beglikleriniñ iñ gyraky uç nokady taraplaryny öz içine alýardy. Ýöne ol Stambula tarap süýnen okdy. 1308-nji ýylda Seljukogullary ysgyndan gaçanda Osman beg, Tebrizde Beýik Türk hakanlygynyñ tagtyna geçen Ilhanlylara tabyn boldy. Ýöne hakykatynda Ilhanly Anadolynyñ tutuş topraklarynda eýeçilik edýärdi. Tebrizde hukuk tarapyndan, ady boýunça Mongol hakanyna baglydy. Şeýh Edebalynyñ gyzy Bala hatyna öýlenen Osman begiñ gazy derwiş toparlarynda haýynlara, gorkaklara ýer ýokdy. Mutyg, sadyk, wepakär, gerçek bolan kabylalar bu jemagat toparynda orun aldylar. Şol ýagdaýda az sanly ýöne üstünlige ýetip biljek derejede tanalypdy. Bu üstünlik beýgeliş asyrlarynda hemişe ýatlanylmalydy. Sögütden Domaniçe çenli uzap gidýän ýaýla, Osmanlylaryñ Gaýy iliniñ oturýan ýurdy bolupdyr. Oguzlaryñ 24 taýpasynyñ birinjisi we iñ köp illisi hasaplanan Gaýylaryñ begi bolan Osman beg, töweregine birnäçe Türkmeni toplaýar. Ärtogrul Gazynyñ jigsi Dündar beg Begligi jigsi Osman gazydan almakçy bolýar, ýöne ol öldürilýär. Inegöl Rum serkerdesi Nikola, Osman begiñ iñ uly duşmanydy. Aralaryndaky söweşde Osman begiñ jigsi Sarybaty Sawçy begiñ ogly Beg Hoja beg şehit düşýär. Inegöl serkerdesiniñ baştutanlygyndaky wizantiýanyñ goşuny bilen Osman begiñ arasynda bolan Domaniç meýdan Sarybaty Sawçy beg hem şehit boldy(1288). Ýöne Wizantiýa goşuny hem ýeñlişe sezewar edildi. Osmanlylar Göýnük we Taraklyýa eden çozuşlarynyñ netijesinde Sakarýanyñ Garadeñize guýýan ýerlerderindäki dereleriñ ýakynlaryna çenli topraklar basylyp alyndy. Hendegi hem alan Osman gazy Garadeñize 20 km golaý geldi. 1321-nji ýylda Mundanýany alyp Mermer deñzine çenli baryp ýetdi. Bilejik bilen Ýarhisarda 1299-njy ýylda Osman beg tarapyndan basylyp alyndy. Şol ýyl Inegöl hem eýelendi. Ýarhisar serkerdesiniñ 13 ýaşyndaky gyzy Holofira, 18 ýaşly ogly Orhan gaza alyp berdi. Osman beg, merkezi Sögütden Bilejige bardy. 1301-njy ýylda Osmanlylar Iznik kölüniñ günortasynda Ýenişäher (Täzeşäher) obalygyny gurdylar. Şol wagtlar mirasdüşeri Orhan beg Garajahisaryñ, agasy Gündiz beg Eskişäheriñ, Turgut Alp Inegöliñ, Şazada Alaeddin beg Ýenişäheriñ, Hasan alp bolsa Ýarhysaryñ begligindediler. 1302-nji ýylyñ iýulyñ 27-sine Osman beg Goýunhisary Meýdan söweşinde Bursanyñ serkerdeligindäki 5000 adamlyk wizantiýa goşunyny derbi-dagyn etdi. Osman begiñ ýegeni Aýdogdy beg bu söweşde şehit bolýar. Soñra Osmanlylar Ulubat (Abolýont) Kölüniñ günorta kenarlaryna häkim boldular. 1315-nji ýyldan başlap Bursany gabap başlaýar. Bursa Iznik, Wizantiýanyñ Anadolyda elinde galan şäherleriniñ esasy şäherleriniñ biridi. Osman galany güýçden gaçyryp, gabap almaga güýji pesdi, şonuñ üçinem şo ýerde saklanmaly boldy. 1324-nji ýylyñ Fewral aýynda begligi ogluna beren Osman beg 1326-njy ýylda Bursany zabt edýärkäler Söwütde dünýeden ötdi. Bursa getirildi we bu ýerdäki türbesinde depin edildi. Tolga USLUBAŞ ''Geçmişten günümüze osmanlı-alfabetik OSMANLI TARİHİ'' Wenedik neşirýaty - 2016. Terjime eden: Çarymuhammet SUGTYÝEW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |