00:53 Amerikanyñ "Azatlyk heýkeli" - Osmanlynyñ emlägi | |
AMERIKANYÑ "AZATLYK HEÝKELI" - OSMANLYNYÑ EMLÄGI
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
ABŞ-nyñ dünýä belli "Azatlyk" ("Freedom") heýkelini bilmeýäniñiz ýok bolsa gerek. Ýöne bu heýkeliñ amerikanlaryñ däl-de, musulman medeniýetiniñ eseridigini näçämiz bilýärkäk?!.. Heýkel XIX asyryñ ortalarynda şol wagt Osmanly türkmen döwletiniñ düzüminde bolan Müsürde dikmek maksady bilen fransuzlar tarapyndan taýýarlanypdyr. Emma garaşylmadyk şowsuzlyklaryñ ýüze çykmagy sebäpli, heýkel Müsüre däl-de, Amerika tarap rowana bolupdyr. Hasam geñ ýeri, heýkele edilen çykdajylaryñ agramly bölegi şol wagtyñ hökümdary Soltan Abdyleziz tarapyndan tölenipdir. "Nýu-Ýork!" diýlende, biziñ göz öñümize köplenç Manhettendäki neboskorýoblar we şäheriñ dik mañlaýyndaky adada howalanyp duran 93 metrlik "Azatlyk heýkeli" gelýär. XIX asyryñ segseninji ýyllarynda Fransiýada ýasalan "Azatlyk heýkeliniñ" çykdajylarynyñ esasy bölegini Osmanly türkmen soltany töläpdir. Özem bu heýkel Nýu-Ýorkda däl-de, şol wagtlar Osmanlynyñ tabynlygyndaky ýurt bolan Müsürde dikmek üçin taýýarlanypdyr. Şeýle-de bolsa, abyrsyz zähmet siñdirilip ýasalan äpet heýkel iş tamamlanan wagty ýüze çykan bir şowsuzlyk sebäpli Amerika äkidilýär. XIX asyrda Osmanly türkmen imperiýasynyñ çägindäki Müsür şol asyryñ başyndan bäri Kawalaly Mehmet Aly paşanyñ neslinden gelýän "Hidiw" ünwanly häkimler tarapyndan dolandyrylypdyr. Hidiwleriñ häkimiýeti içerki işlerde özbaşdaklyk statusyny gazanypdy. Müsür hidiwleri diñe daşary ýurtlar bilen baglaşýan şertnamalary osmanly patyşasyna tassyklatmaga borçludylar. Stambulyñ merkezi häkimiýeti hidiwleriñ bular ýaly talapnamalaryny hemişe diýen ýaly tassyklap durýardy. Müsür hidiwi Sait paşa 1854-nji ýylda fransuz inženeri Ferdinand de Lessepse taýynladan we Orta Ýer deñzi bilen Gyzyl deñizi birikdirjek Suweýş kanalynyñ taslamasyny tassyklamak üçin Osmanly hökümdarynyñ garamagyna ugradypdy. Taslamanyñ arkasynda Fransiýa bardy. Emma Angliýa özüniñ Orta Ýer deñzindäki we Hindistandaky agalygynyñ soñuny getirip biljek bu taslamanyñ amala aşmagyna garşy çykýardy hem-de Soltan Abdyleziziñ bu taslamany tassyklamazlygy üçin elinden geleni gaýgyrmaýardy. Sait paşa Stambulyñ razylygyna garaşyp durmady we 1854-nji ýylyñ 30-njy noýabrynda fransuz inženere bu tutumly taslamany başlamak üçin gerekli şereketiñ gurulmagyna ejaza berdi. Fransuz maýasy bilen gurlan şereketiñ aksiýalary satylansoñ, Angliýa Soltan Abdyleziziñ üstüne hasam köp hüjüm edip başlady. Hökümdar müsür paşasynyñ taslamasyny 12 ýyllap oñlamady. Müsür tarapy bolsa Stambulyñ tassyklamasyna garaşman işe başlady. Emma 1863-nji ýylda Sait paşa tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuñ ýerine geçen Ysmaýyl paşa bolsa fransuzparaz däl-de iñlisparazdy. Şonuñ üçin ol agalygynyñ ilkinji ýyllarynda taslamanyñ durmuşa geçmegine üns bermedi. Emma soñky ýyllarda kanalyñ Müsüriñ halk hojalygyna näderejede özgeriş getirjegine göz ýetirip, olam bu taslamanyñ amala aşmagy üçin janaýaman tagalla etdi. Işler tamamlanyp barýarka fransuz hökümeti Soltan Abdylezize iñlislerden has beter hüjüm edip başlady. Soltan 1866-njy ýylyñ 19-njy martyndaky Permany esasynda kanala rugsat bermek bilen kanaly çekýän şereketdir Sait, Ysmaýyl paşalaryñ baglaşan şertnamalaryny tassyklady. Şeýle-de, kanalyñ gurluşygy üçin Müsüriñ eden bergilerini hem döwlet kepilligine aldy we kanaly gurýan şereketiñ býužetine ep-esli pul geçirdi. ■ AZIÝANYÑ ÝALKYMY BOLMALYDY Sait paşa bilen kanalyñ inženeri Ferdinand de Lessepsiñ arasynda 1854-nji ýylda baglaşylan şertnamanyñ şular ýaly täsin maddasy bardy: Kanalyñ Orta Ýer deñzine kesişýän sepgidinde äpet heýkel dikilmelidi. Heýkel faraonlar döwrüniñ eşigine bürenen aýalyñ sypatynda we onuñ elinde "Aziýanyñ ýalkymynyñ Müsürden çykýandygyny" añladýan şamçyrag bolmalydy. Soltan Abdyleziziñ tölän pullarynyñ içinde heýkele edilen çykdajylaryñ ep-esli bölegi bardy. Paşa bilen inžener heýkeli ýasamagy Fransiýanyñ tanymal heýkeltaraşy Frederik Ogýust Bartoldä buýurdylar. Hatda heýkeltaraşa zähmet hakynyñ belli bir bölegi öñünden tölendi. Bartoldi işe başlapdyr. Dikiljek ýerinde bölekleýin düzüp boljak görnüşde taýynlanan heýkeliñ işi birnäçe ýyla çekipdir. Heýkel kanalyñ Orta Ýer deñzine birikýän ýerinde birnäçe hepdäniñ dowamynda dikiler ýaly edilipdir we bir gämi bilen Marselden Müsüre äkitmäge taýýarlyk işlerine-de girişilipdir. Emma edil şol wagt Sait paşanyñ ýerine geçen Ysmaýyl paşa musulman ýurtda bular ýaly uly heýkeliñ dikilmegi halk arasynda ýakymsyzlyk döreder diýen pikir bilen inžener Ferdinand de Lessepse heýkeli Müsüre getirmezligini buýurdy. Inženeriñ paşany pälinden gaýtarjak bolup eden synanşyklary netije bermedi. Suweýş kanaly 1869-njy ýylyñ noýabrynda dünýäniñ çar künjünden gelen myhmanlaryñ gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda, emma "heýkelsiz" açyldy. Bartoldiniñ zehin siñdirip ýasan eseri bolsa Parižiñ bir künjüne oklandy we esli wagtlap çañ siñip ýatdy. Şol ýyllarda dünýäniñ beýle ýüzündäki döwlet bolan ABŞ bilen Fransiýanyñ arasynda dostana gatnaşyklar ýetjek derejesine ýetipdi. Taraplar, ylla, biri-birini ýitirip tapan aşyk-magşuklar ýalydy. ■ HEÝKELIÑ ÝÜZI AMERIKA TARAP!.. Parižde gurlan fransuz-amerikan dostluk toparynyñ başlygy Eduar Rene Lefewr de Labule hökümete amerikanlaryñ fransuz dostlugyny hemişe ýatlap durarlary ýaly ýatdan çykmajak sowgat ugratmagy teklip etdi. Sowgadyñ ullakan heýkel bolmagy barada karara gelindi. Heýkeliñ bir elinde hukugy añladýan kitap, beýleki elinde-de "dünýäni ýagtyldan azatlygyñ simwoly" bolan şamçyrag bolmalydy. Buýurma ýene-de, şol öñki heýkeltaraşa - Frederik Ogýust Bartoldä edildi. Bartoldiniñ eseri eýýäm taýyndy, heýkel birnäçe ýyl bäri ussahanada çañ basyp ýatyrdy. Bir ýetmezi bardy - olam heýkeliñ ýokarky böleginde, ýagny, ellerinde, golunda we ýüzünde käbir üýtgeşmeleri girizmelidi. Amerikanlar heýkeli Nýu-Ýorkuñ dik mañlaýynda - girişindäki kiçijik adalaryñ birine ýerleşdirmegi makul bildiler. Bartoldi heýkeliñ oturdyljak ýerini görmek üçin ýörite Nýu-Ýorka gitdi we Pariže dolanyp gelip täzeden işe başlady. Mis we polat ten örten heýkeliniñ üstünde guran adybir diñi bilen ýatlanýan Gustaw Eýfel bilen bile işledi. Eser 1884-nji ýylyñ iýun aýynyñ başynda tamamlandy we fransuz hökümetine tabşyryldy. Bartoldi heýkeliñ ýüzüni bütinleý çalşypdy we ejesi Şarlotteniñ keşbini beripdi. Biri-birine çatylup gurnalýan 350 bölekden ybarat heýkel "Sere" adyndaky fransuz gämisine ýüklendi we 1885-nji ýylyñ 4-nji noýabrynda Nýu-Ýorka gelip ýetdi. Şol wagt Nýu-Ýorkda heýkeliñ oturdylmagy üçin haýyr-sahawat kampaniýasy dowam edýärdi. Ilkinji haýyr-sahawaty wenger emigranty, Nýu-Ýorkda çap edilýän "World" gazetiniñ hojaýyny Jozef Pulitzer etdi we 100 müñ dollar bagyşlady. Žurnalistikada dünýäniñ iñ abraýly baýragy hasaplanýan "Pulitzer" baýragynyñ ady hut şu emigrant wenger žurnalistiniñ adyndan gaýdýar. Pulitzer heýkeliñ dikilmesine we resmi açylyş dabarasyna hem gatnaşypdyr. Bartoldi bu gezek Suweýş kanalynyñ inženeri we heýkeliñ baş inisiatory bolan Ferdinand de Lessepsi hem ýanyna alyp Nýu-Ýorka gelipdir we 1886-njy ýylyñ 25-nji oktýabrynda öz ýasan eseriniñ açylyş dabarasyna gatnaşypdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |