21:54 Amuldan Hazara çenli: Gadymy pul serişdeleri | |
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikler. Gadymy pul serişdeleri
Taryhy makalalar
Türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde Beýik Ýüpek ýoly arkaly goýlan mirasa bagyşlanan ýörite makalalar toplumynda Gündogardan Günbatara we yzyna uzan taryhy ýoluň ugrunda ýaň salan kerwensaraýlar we bazarlar barada okyjylarymyza gürrüň berildi. Ýüpek ýoly şeýle hem Ýewraziýanyň ägirt uly giňişliginde sungatyň we ylmyň ösmeginiň güýçli hereketlendiriji güýji boldy. Öňdebaryjy pelsepewi pikirleriň, barlagçylaryň amaly tejribesiniň, şol sanda lukmançylyk ulgamyndaky tejribeleriň ýaýramagyna ýardam berdi. Bu tema toplumdaky mundan ozalky makalada türkmen alymlary tarapyndan Daňdanakan galasynda ýüze çykarylan täze tapyndylaryň esasynda açylyp görkezilipdi. Şu gün kerwen ýollarynyň boýlaryndaky gadymy geçmişiň ýadygärliklerine bagyşlanýan makalalar toplumyny ýurdumyzyň çäginde bolan pul dolanyşygy hakyndaky makala dowam etdirýär. Bu pul dolanyşygynyň ösüşine Beýik Ýüpek ýolunyň işjeň hereket etmegi hem-de onuň bilen baglanyşykly halklaryň ykdysady gatnaşyklary düýpli täsir edipdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwründe türkmen halkynyň ýaşaýşy baradaky gymmatly maglumatlaryň toplumlaýyn öwrenilmegi bu ägirt uly kerwen ýolunyň taryhy ähmiýetine çuňňur düşünmäge kömek eder. Häzirki wagtda bu ýol, ozal bolşy ýaly, halklary we döwletleri birleşdirip, täze döwrebap görnüşlerde gaýtadan dikeldilýär. 5. Gadymy pul serişdeleri Pul serişdeleriniň dolanyşyga girizilmegi häzirki zaman siwilizasiýasynyň kemala gelmeginde esasy orunlaryň birini eýeledi diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Pullar hem edil küýzegärlik işleri, tigir we elbetde hat ýazuwy ýaly ynsan aňynyň beýik oýlap tapyşlaryna girýär diýip ynamly aýtmak bolar. Gadymy Gündogarda puluň wezipesini belli bir agramlardaky we ölçeglerdäki demir ýa-da daş bölekleri ýerine ýetiripdir. Harytlary takyk çekmek üçin zerur bolan dürli agramlyklaryň peýda bolmagy köpsanly arheologik tapyndylar bilen tassyklanyp, olar biziň eýýamymyza çenli IV asyryň ahyry hem-de III müňýyllyk—eneolit we irki bürünç eýýamlary bilen senelenýär. Türkmenistanyň çäginde şeýle agramlyklar Änewde, Garadepede, Namazga depede, Ýylgynly depede hem-de şol uzak döwürleriň beýleki ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy. Olar soňky döwürlerde hem, Köpetdagyň demirgazyk etekleriniň ýaşaýjylary Murgap derýasynyň ugrundaky hasylly ýerleri özleşdiren wagtynda hem ulanypdyr. Bu ýerde häzir Marguş ýa-da Gadymy Margiana diýlip atlandyrylýan patyşalyk döräpdir. Emma şol ýerlerde, siwilizasiýanyň has ösen ýerlerinde pul serişdeleriniň beýleki görnüşlerine hem duş gelmek bolýar. Goňurdepe berkitmesiniň esasy derwezeleriniň ýanynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tokinler-dürli görnüşdäki ştrihler çekilen toýun şarjagazlar tapyldy. Olary ýüze çykaran, ady rowaýata öwrülen arheolog Wiktor Sarianidi şa galasyna girilende, bu ýere önümler ýa-da harytlar getirilende gapyda goýlup geçilen hasaplaşyk žetonlary diýip çaklady. Bu şarjagazlaryň puluň wezipesini ýerine ýetirendigini esas bilen çaklamak bolýar. Mundan başga-da, Marguş ýurdundan gadymy pullara degişli bolup biljek zatlaryň ýene-de bir toplumy gelip çykýar. Gürrüň ýüzleri dürli halkajyklar ýa-da çyzyklar görnüşinde haşamlanan daşlar we keramiki ikler hakynda barýar. Olar gadymy Margiananyň ýadygärliklerinde duş gelýär. 2006-njy ýylda Murgabyň gadymy hanasynda, Ajyguýy ýaýlasynda tapylan, merkezi deşilen ýasy tegelek önümler – demir ikleri seýrek duş gelýär. Gadymy pullary toplaýjy Wladimir Týunibekýanyň çaklamalaryna görä, bu “ikler” köp puly sanamak üçin oňaýly bolar ýaly gadymy Hytaýda edilişi ýaly, ýüplüge düzülipdir. Kauri balykgulaklarynyň ýüpe düzülen daňylary diňe Hytaýda däl-de, eýsem Hindistanda, Tailandda we Afrikada puluň çykan döwründen öň – XIX asyra çenli pul hökmünde ulanylypdyr. 2008-nji ýylda Lebap welaýatynda, Köýtendagyň eteginde, ýagny Gadymy Baktriýanyň ýerlerinde şeýle demir žetonlaryň tutuş hazynasy ýüze çykaryldy. Türkmen arheologlary-numizmatlary ajyguýy we köýtendag tapyndylarynyň meňzeşliginde hiç hili täsinligiň ýoklugy barada bir pikire geldiler. Bürünç eýýamynda, ýagny biziň eýýamymyza çenli ikinji müňýyllykda bu ýerlerde bir dilde gürlän, medeniýetleri we däpleri birmeňzeş bolan halk ýaşapdyr. Ine, şonuň üçin häzirki döwrüň ylmynda taryhy ugurlaryň ikisi hem Baktriýa-margiana arheologik toplumynda birleşdirildi. Şol siwilizasiýa ýitenden soň, biz üçin adaty töleg serişdeleri – pullar peýda bolmazdan öň ýene birnäçe asyr geçýär. Häzirki Türkiýäniň çäklerinde ýerleşen Lidiýsk patyşalygynda taýýarlanandygyny tassyklaýan ilkinji suratly demir pullar biziň eýýamymyza çenli VII asyrda ýasalypdyr. Elektranyň böleginiň (altynyň we kümüşiň ergininiň) agramyny tassyklamak üçin onuň ýüzünde sandalyň hem-de el bilen belgileýjiniň kömegi bilen surat zikgelenipdir. Patyşa bu tagmasy bilen şaýy puluň agramynyň takyklygyny kepillendiripdir. Şeýle hem şol döwürde şaýy pullaryň dürli ölçegleri, her agram ölçegi üçin kakylyp ýasalan pullar peýda bolupdyr. Bu oýlap tapyş örän şowly bolan soň pullary ilki Ortaýer deňziniň beýleki döwletlerinde, soňra bolsa kerwen ýollary arkaly halkara gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde bu usul Gündogar tarapa ýaýrapdyr. Biziň eýýamymyza çenli IV asyryň ortasynda geometrik sudurlaryň, haýwanlaryň ýa-da hudaýlaryň şekillerini patyşalaryň suratlary çalyşýar. Ilkinji Aleksandr Makedonskiniň suraty şekillendirilipdir. Türkmenistanyň çäginde onuň şekili ýerleşdirilen pullar ýüze çykaryldy, olar ýurdumyzyň muzeýleriniň gadymy pullarynyň üstüni ýetirýär, olar dünýäniň ähli iri muzeýlerinde saklanýar. Bu şaýy pullar pul özgertmeleriniň geçirilmegine—ozalky pul ulgamlarynyň birmeňzeş kada getirilmegine hem-de attiki ulgama geçilmegine şaýatlyk edip, şol ulgam birnäçe asyr saklanypdyr. Attiki ulgamdan Türkmenistanyň çäginde Selewkidleriň, şeýle hem Arşakidleriň – Parfiýa döwletiniň hökümdarlarynyň dolandyran döwürlerinde hem peýdalanypdyrlar. Onuň esasyny kümüş şaýy pullary: agramy 17 gramdan gowrak bolan tetradrahma, agramy 4,3 gram bolan drahma hem-de agramy 1,6 gram bolan bölek teňňeler düzüpdir. Arheolog-numizmat Ýewgeniý Zeýmal şaýy pullaryň müňlerçesini öwenip, öz işlerinde Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda ilkinji asyrlara degişli bolan pullaryň hereket edendigini esaslandyrmagy başarypdyr. Ol pul dolanyşygynyň hem-de özbaşdak zikgeleme işleriniň bu ýerde kem-kemden başlanandygy barada netijä geldi. Irki döwürde sebite dürli şaýy pullary hazynalar hökmünde getirilipdir. Soňra olar ýerli görnüşleri çykarmak üçin nusgalar bolup hyzmat edipdir. Parfiýa döwründe bolsa özbaşdak pul çykarmak işleri başlanypdyr. Beýleki tanymal arheolog – numizmat, akademik Edward Rtweladze selewkidleriň hem-de grek-baktriýa şaýy pullarynyň hemişe bu ýerde pul dolanyşygynyň däl-de, eýsem genji-hazynalaryň wezipesini ýerine ýetirendigine şübhelenmesini beýan etdi. Ol arheologik tapyndylaryň arasynda mis halkalaryň köp duş gelip, olaryň zikgelenen döwletiň çäklerinden alyslara seýrek çykandygyna üns berdi. “Mümkingadar, ahemenid darikleri hem-de siklleri (ähtimal şu ýerde tapylan, emma olaryň tapylan ýagdaýy nämälim) ýa-da biziň eýýamymyza çenli VI-V asyrlaryň şaýy pullary: Kiçi Aziýanyň ahemenid satraplarynyň staterleri, Afinleriň şaýy pullaryna öýkünme, Amyderýa hazynasyndan tapylan, Britan muzeýiniň toplumyna düşen şaýy pullary Orta Aziýanyň çäklerine getirilen bolmaly” diýip, E.W.Rtweladze ýazýar. Birnäçe ýyl mundan öň Günorta Türkmenistanda ýaý atyjynyň şekilleri ýerleşdirilen kümüş ahemenid siklleriniň hazynasy ýüze çykaryldy. Şol şaýy pullaryň ikisi ylmy neşirde çap edildi. Olar Türkmenistanyň çäginiň Ahemenid imperiýasynyň pul dolanyşygy zolagyna girendigi hakynda meseläni gozgamak üçin sebäp boldy. Birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda (III asyrdan VII asyra çenli) Günorta Türkmenistanyň çäginde Sasanidler döwletiniň pullary dolanyşykda bolupdyr. Häzir olar Köpetdagyň jülgelerinde hem-de Murgabyň hanasynda köpsanly depeleriň-gorganlaryň ýüzünde hem duş gelýär. Sasanid şaýy pullarynyň her biriniň ýüzünde olaryň zikgelenen döwrüniň patyşasynyň keşbi şekillendirilip, ady ýazylypdyr. Munuň özi taryhçylara dürli patyşalaryň dolandyran döwürleriniň ýalýazgysyny döretmäge ýardam edýär. Sasanid şaýy pullary adatça kümüşden ýasalypdyr. Olarda esasan gapdallaýyn şekillendirilen täçli kelle görkezilipdir. Bu ýerde VII asyrda dolandyryjy şalyklaryň şaýylyklary esasy töleg serişdesi bolupdyr. Ilkibada (696-njy ýyldan başlap) Omeýýadlaryň altyn dinarlary, kümüş dirhemleri we mis felsleri, soňra bolsa (750-nji ýyldan başlap) Abbasidleriň “Kufi” şaýylyklary dolanyşyga girizilipdir. Bu şaýylyklar “Kufi” bezeg ýazgylarynyň ulanylmagy netijesinde kalligrafik öwüşginligi bilen tapawutlanypdyr. Ýaňy- ýakynda hut şu hili şaýylyklary “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň arheologlary Uly Gyzgalada gazyp-agtaryş işleri geçirilýän wagtynda ýüze çykardylar. Munuň özi olara beýleki ýagdaýlar bilen birlikde meşhur ýadygärligiň senesine has anyk düzedişleri girizmäge mümkinçilik berdi. Bu ýadygärlik öň çaklanylyşy ýaly, iri ýer eýesiniň baý mülki bolman, eýsem şäher ýakasyndaky hökümet kabulhanasy bolupdyr. Abbasidleriň syýasy häkimligini ýitiren wagty bolan X asyrda olaryň pullary musulman dünýäsiniň ähli çäklerinde ulanylmagyny dowam edipdir. Ýöne käbir ýurtlarda abbasidleriňkiden onçakly tapawutlanmaýan şaýylyklar hem çykarylypdyr. Emma soňra kümüş şaýylyklaryň hümmetsizleşen döwri gelip ýetýär. Onuň alamatlary X asyryň ahyrlarynda ýüze çykyp başlaýar: Samanidleriň döwründe şaýylyklaryň hili düýpli pese gaçypdyr. Ýuwaş-ýuwaşdan tutuş sebitde kümşüň soňra takmynan iki ýüz ýyla çeken ýetmezçiligi ýiti duýup başlandy. Dürli ýurtlaryň taryhçylary-numizmatlary eýýäm köpden bäri kümüş şaýylyklaryň ýetmezçiliginiň sebapleriniň üstünde kelle döwýärler. Muňa birbada ençeme ýagdaýlar täsir eden bolmaly. Munuň özi gündogaryň kümüş pullarynyň uly böleginiň Ýewropa äkidilmegi hem-de kümüş känleriniň gorunyň azalmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Häzirki zaman barlag işleri X asyryň ahyrynda- XI asyryň başlarynda yslam dünýäsinde kümşüň hakykatdan hem gymmatlandygyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Netijede, hümmeti pes şaýylyklaryň we kümşüň ornuny tutýan mis şaýylaryň uly mukdary peýda bolýar. Ýöne şol çylşyrymly döwürlerde hem halyflar ýokary hilli dirhemleri zikgelemek üçin serişde tapypdyrlar. Umumy hadysalar bilen birlikde, pul zikgelemek işinde we pul dolanyşygynda orta asyr döwletleriniň her biriniň öz aýratyn ýerli däpleri bolupdyr. Hususan-da, Beýik Seljuklar öz döwletlerinde dürli gymmatlygy bolan altyn dinarlary zikgeläpdirler. Şol döwürde paýtagt Nişapurdan başga-da Merwde we Nusaýda hem pul zikgelenýän ýerler bolupdyr. Baryp Soltan Sanjar wagtynda Türkmenistanyň demirgazygynda Anuşteginid türkmen neberesinden bolan horezm şalary öz pullaryny çykaryp başlaýarlar. Şol döwürleriň ýazuw çeşmeleri 1142-nji ýyldan başlap Anuştegin şalygyny esaslandyryjynyň agtygy hörezm şasy Atsyzyň ilkinji bolup öz adyndan pul zikgeläp başlandygyny anyk görkezýär. Şondan laýyk çärýek asyr wagt geçenden soň bu döwletiň ähli mülkleri onuň oglunyň, ýagny şol wagta çenli eýýäm soltan bolan Il-Arslanyň ady bilen altyn dinarlary we kümüş dirhemleri çykarýar. Horezm şasy Jelaleddin Meňburny hem öz şaýylyklaryny zikgeläpdir. Akademik Ziýa Buniýatow: “Horezmşalary şaýy pullaryň düzümi babatda ýerli däplere eýeren bolsalar hem öz pullaryny çykarmagyň syýasy taraplaryna aýratyn ähmiýet beripdirler.Horezmşalary, aýratyn hem Ala-al-Din Muhammet II bu döwletiň çäkleri giňeldigiçe, altyn dinarlary zikgelemegi işjeňleşdiripdir. Onuň adyndan altyn dinarlar diňe bir paýtagt şäher bolan Gürgençde (Köneürgenç) däl, eýsem, beýleki pul zikgelenýän ýerlerde hem çykarylypdyr” diýip belleýär. Häzirki wagtda geçirilýän arheologik barlaglar netijesinde Türkmenistanda uly şaýylyk serişdeleri toplandy. Olar ilkinji gezek hünärmenlere gadymyýetde we orta asyrlarda pul dolanyşygynyň ösüşini anyk we mazmunly tapgyrlara bölmäge mümkinçilik berýär. Gadymy şaýylyklar arheologlara geçmişiň ol ýa-da beýleki ýadygärliklerini takyk senelemäge hem-de Watanymyzyň köp asyrlyk taryhynyň näbelli sahypalaryny açmaga kömek berip bilerler. "MILLI GOŞUN" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |