14:09 "Änew medeniýetini" hem-de "Ak bugdaýy" açan alym | |
"ÄNEW MEDENIÝETINI" WE "AK BUGDAÝY" AÇAN ALYM
Taryhy makalalar
"Türkmenistanyñ ak bugdaýyñ watanydygyny taryh tassyklady. Bäş müñ ýyl mundan ozal bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen we Änewiñ eteklerinde ýañy-ýakynda tapylan bugdaý dänesi janlandy, dil açdy..." Saparmyrat TÜRKMENBAŞY'nyñ "Ruhnamasyndan". * * * "Ruhnamada" getirilen mowzuk XX asyryñ başlarynda Rafael Pampelliniñ amerikan arheologiýa ekspedisiýasy tarapyndan Änewiñ eteklerinde geçirilen gazuw-agtaryşlarynyñ maglumatlarynyñ türkmenleriñ ata-babalary tarapyndan örän gadymy döwürde ak bugdaýyñ ösdürilip ýetişdirilendigini göz öñünde tutulýar. R.Pampelliniñ ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tarapyndan türkmen topragynda Köpetdagyñ dag etegi zolagynda (Änew etrabynda) we Merw sebitlerinde (bürünç wr demir eýýamlarynyñ ýadygärlikleri) arheologiýa ylmy-barlaglarynyñ geçirilip başlanmagyna şu ýyl (2003-nji ýylda) 100 ýyl doldy. Şu mynasybetli ekspedisiýanyñ işiniñ, onuñ ähmiýetiniñ we onuñ ýolbaşçysynyñ şahsyýetiniñ üstünde has giñişleýin durup geçmek maksada laýyk bolar. ■ Rafael Pampelli kim? Rafael Pampelli ~ amerikan geology, 1837-nji ýylyñ 8-nji sentýabrynda Owegoda (Nýu-Ýork) doguldy. Ol uly ylmy işleriñ 8-niñ awtory, fransuz, nemes we italýan dillerini örän oñat bilýärdi. 1856-njy ýylda R.Pampelli Fraýburgdaky (Germaniýa) Korolluk dag-magdan akademiýasyna kabul edilýär. Okuwy tamamlandan soñ, dag-magdan inženeriniñ diplomyny alan we şeýlelik bilen minerallary öwrenmek boýunça ABŞ-da ilkinji diplomly hünärmen bolan R.Pampelli 1861-nji ýylda ýapon hökümeti tarapyndan Hokkaýdo adasynda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryñ bardygyny ylmy taýdan barlamak üçin çagyrylýar. Ýaponiýada işini tamamlap, ol 1864-nji ýylda Hytaýyñ imperator hökümetiniñ sargydy boýunça bu ýurduñ kömür känlerini barlagdan geçirýär, 1865-nji ýylda bolsa, ilkinji bolup, Gobi çölüniñ mineralogiýa babatda gözden geçirilmesini amala aşyrýar. Şondan soñ ol typýan arabajykda Sibir boýunça ylmy-barlagçylyk gezelenjini geçirýär. 1866-njy ýyldan 1875-nji ýyla çenli aralykda R.Pampelli Garward uniwersitetiniñ minerallary öwrenmek boýunça professory bolýar. Şol bir wagtyñ özünde ol Ýokarky kölüñ töweregindäki sebiti öwrendi we 1873-nji ýylda öz geçiren işleriniñ hasabatyny taýýarlady. R.Pampelli tarapyndan bu ýerden tapylan mineralyñ soñrak, 1925-nji ýylda onuñ hormatyna pampelit (pumpellyite) diýlip atlandyrylandygyny bellemek ýerlikli bolar. Rafael Pampelli altyn çykarmaga däl-de, demre serişdeler goýmagy maslahat berdi, çünki, ol geljekde polada islegiñ artjakdygyny önünden bilýärdi. Aradan birnäçe wagt geçensoñ, onuñ çaklamasy dogry bolup çykdy. R.Pampelli professor Dewis bilen bilelikde geologiýa boýunça birnäçe ylmy işler ýazdy. Şolaryñ hatarynda şol döwürde ABŞ-nyñ ähli uniwersitetlerinde diýen ýaly kabul edilen okuw kitaby hem bardy. 1903-nji ýylda ol kömekçileri E.Hantington we öz ogly R.W.Pampelli bilen bilelikde, Karnegi institutynyñ (Waşington ş.) maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrdy. Dolanyp barandan soñ, institutyñ ýolbaşçylaryna hasabat berdi, şonuñ netijesinde hem ekspedisiýa geçirmäge goşmaça serişdeler goýberildi. 1904-nji ýylda Änewde hem Merw sebitlerinde arheologiýa ylmy-barlaglary geçirildi, olar barada aşakda giñişleýin gürrüñ ediler. Amerikanlaryñ Türküstanda arheologiýa işlerini geçirmäge hukuk alan ilkinji daşary ýurtlular bolandygyny şu ýerde belläp geçmek gerek. Bu ekspedisiýa R.Pampelliniñ ylmy işinde iñ soñky bolupdy, ýogsam onuñ 1905-nji ýylda Türkmenistana gaýtadan gelmegi meýilnamalaşdyrandygyny hem belläp geçmek gerek, ýöne 1905-1907-nji ýyllaryñ öwrülişik hereketleri zerarly, oña bu ýere gelmäge rugsat bermediler. 1905-nji ýylda R.Pampelli ABŞ-nyñ Geologiýa jemgyýetiniñ prezidentligine, şeýle hem ABŞ-nyñ Milli ylymlar akademiýasynyñ agzalygyna saýlanylýar. Rafael Pampelli 1923-nji ýylyñ 10-njy awgustynda Nýuportda (Rod Aýlend ştaty) 86 ýaşynda aradan çykdy. Ýöne biziñ ülkämizi öwrenmek boýunça onuñ başlan işini soñra onuñ watandaşlary dowam etdirdiler. ■ Pampelliden soñky barlag işleri XX asyrda biziñ ýurdumyzyñ çäklerinde arheologiýa ylmy-barlaglaryny beýleki köpsanly amerikan alymlary alyp bardylar. Ýigriminji asyryñ 80-90-njy ýyllarynda öz açyşlary bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanan amerikan alymlary Türkmenistanda işlediler. Olar Robert Breýwud ~ Miçigan uniwersitetiniñ professory, Robert Daýson ~ Pensilwaniýa uniwersitetiniñ professory, Jon Olsen ~ Arizona uniwersitetiniñ professory, Filipp Kol ~ Massaçusets ştatynyñ Ueslins kolležiniñ doktory, Karl Lamberg-Karlowskiý ~ Garward uniwersitetiniñ professory, Frederik Hibert - Pensilwaniýa uniwersitetiniñ doktory we beýlekilerdir. Bu alymlaryñ işleriniñ netijesi dürli neşirlerde çap edildi. ■ Pampelliniñ Türkmenistanda geçiren işleriniñ häsiýetnamasy. R.Pampelliniñ geçiren işleriniñ häsiýetnamasyna dolanyp gelýäris. 1903-nji ýylyñ tanyşlyk ekspedisiýasy barada şol döwürde Aşgabatda gulluk eden Zakaspi welaýatynyñ başlygynyñ ýanyndaky aýratyn tabşyrykly emeldar, guberniýa kätibi W.G.Ýançeweskiý - soñra belli ýazyjy, meşhur taryhy romanlaryñ awtory Wasiliý Ýan (1875-1954) ýeterlik derejede aýdyñ ýazgylar galdyrypdyr. Gepiñ gerdişine görä aýtsak, 1904-nji ýylda R.Pampelliniñ arheologiýa ekspedisiýasynyñ işine gözegçilik etmegi ilkibaşda şol W.G.Ýançeweskä tabşyrmak göz öñünde tutulypdy, çünki, ol iñlis dilini bilýärdi. Ýöne ol, Eýran boýunça ekspedisiýadan ýañy dolanyp gelen badyna, keselledi we Zakaspi welaýatyny terk etdi. Onuñ ornuna Lazarewskiniñ gündogar dilleri institutyny tamamlan we arheologiýa bilen meşgullanýan A.A.Semýonow (1873-1958) bellenildi. Soñra ol alym hökmünde ajaýyp ýol geçdi. Taryh ylymlarynyñ doktory, professor we akademik boldy. R.Pampelliniñ ekspedisiýasynyñ gazuw-agtaryşlaryna öz gözegçiligini A.A.Semýonow gazuw geçirilýän ýerlere gidip gelenden soñ düzen habarnamasynyñ käbirlerinde örän giñişleýin beýan etdi. Rafael Pampellä häsiýetnama bermek bilen, Semýonow 1904-nji ýylda şeýle ýazypdy: "R.Pampelliniñ sözlerinden şeýle netije çykarmaj bolar, ol arheologiýa garanda geologiýa has ýakyn, ýogsam arheologiýa gazuw-agtaryşlary babatda onuñ uly tejribesine üns bermezlik mümkin däl. Orta Aziýanyb geçmişi barada onuñ taryhy bilimleri gowşak, ýöne daşlara we ýeriñ ol ýada beýleki gatlaklarynyñ ýerleşişine onuñ düşünişi düýpli". Semýonowy onuñ bir aýratynlygy haýran galdyrypdyr: welaýatyñ käbir etraplarynyñ topografiýasy babatda uly bilimleri, bu welaýata gaýtmak üçin öýünde düýpli taýýarlyk görendiginiñ äşgärligi bu ýerde biderek geçmändir. Arheologiýa işlerine gös-göni ýolbaşçylygy belli nemes arheology, ady rowaýata öwrülen Troýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan doktor Gumbert Şmidt amala aşyrdy. Ol arheologiýa tapyndylaryny kesgitlemek we toparlara bölmek bilen meşgullandy. Änewdäki işleri amerikanlar giñ gerim bilen amala barýardylar. Mysal üçin, Günorta baýyrlygy gazmaga işçileriñ 100-e golaýy çekilipdi, olaryñ ählisi diýen ýaly Änew obasyndan bolan türkmenlerdi. Ýöne Pampelliniñ işi Änewiñ demirgazyk depesi diýilýäni gazmakdan başlanypdy. A.A.Semýonowyñ şaýatlyk etmegine görä, onuñ gazuw-agtaryş ýerlerine ilkinji gezek baran pursatynda gadymy ýaşaýyş jaýynyñ üsti açylypdyr, onuñ şol ýerde bolan döwründe bolsa, şol ýerde çaganyñ jaýlanan ýeri tapylypdyr. Pampelliniñ pikirine görä, mazarystanlyk taryjdan ozalky eýýamyñ adamlaryna dahylly bolmaly. Şol ýerden tapylan zatlar soñra habarnamada görkezilipdi, olary iki eýýama degişli etmek bolar: ýeriñ ýúzüne ýakynrak ýerlerden toýundan ýasalan gap-gaçlaryñ we bürünç önümleriñ galyndylary tapyldy, has ep-esli çuñlukda bolsa, ýaraglar we daş asyrynyñ zatlary: sapanlar, atylýan daşlar, çörek bişirmek üçin niýetlenen daşlar we beýlekiler tapyldy. "Gazylyp alnan zatlaryñ arasynda örän täsin zatlar hökmünde üç sany pöwrize daşyny görkezmäge het edip bilerin, olar, ähtimal, haýsydyr bir aýal bezegleriniñ galyndylary bolsa gerek, bu ýagdaý asyrlaryñ dumanly alyslygynda hem Horasanyñ pöwrize daşynyñ adamyñ sadaja öý durmuşynda bezeg hökmünde ulanylandygy hakda pikir etmäge mümkinçilik berýär" diýip, Semýonow nygtaýar. Şol wagta çenli amerikanlaryñ gazuw-agtaryşlarda tapan zatlarynyñ hasaba alnanlarynyñ umumy sany bolsa eýýäm 140 birlikden geçýär. Soñrak bu ýerde peýkamlaryñ bürünçden ýasalan uçluklary, pyçaklar, bürünç pyçaklar (gylyçlar ýa-da gamalar), gaty gum daşdan örän oñat ýasalan sokularyñ ikisi we olaryñ mermerden ýasalan ajaýyp soky daşlary, berk gara daşdan çeper haşamly, üç gyrañly prizma görnüşli, ortasynda hem deşigi bolan (ähtimal, boýna dakylýan bezeg bolandyr) bezeg şaýy tapyldy, onuñ gyrañlarynda hem adamyñ, gajar guşunyñ we öküziñ (ýa-da ýolbarsyñ) şekilleri düşürilipdir. Amerikanlar tarapyndan Günorta depede ulanylan we Semýonow tarapyndan ýazylyp beýan edilen gazuw-agtaryşlaryñ "tehnologiýasy" hem täsin. Depäniñ dört ýerinde deñölçegli bolmadyk çuñlukda köw edilipdir, üstesine-de, esasy işler depäniñ merkezindäki köwleriñ ikisinde jemlenipdir. Küýzegärlik önümleriniñ döwük bölekleriniñ az möçberi, çakmak daşdan peýkamyñ uçlugy, daşdan ýasalan egriji enjam (togalajyk ikbaşy bilen) tapyldy. Köpetdag tarapyndaky köwde, A.A.Semýonowyñ şaýatlyk etmegine görä, onuñ şol ýerde bolan mahalynda, ýaşaýyş jaýynyñ düýbüniñ üsti açylypdyr, onuñ daşlary burawlanyp deşilipdir, ähtimal, olar gapynyñ söýesini geýdirmek üçin taýýarlanylan ýerler bolsa gerek. Änewiñ depelerinde şeýle hem bürünçden ýasalan aýal bezegleri, päkiler, pyçaklar, aýallaryñ daşdan ýasalan monjuklarynyñ galyndylary tapyldy. Şondan soñra bu ýadygärlikde türkmen arheologlary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryşlar demirgazyk depäniñ günortadaka garanda, has gadymydygyny we onuñ eneolit eý6amy bilen senelenýändigini görkezdi. ■ Bu möhüm taryhy işe meşhur alym Bartold hem dahylly edilipdi R.Pampelliniñ ekspedisiýasynyñ işine belli alym - gündogary öwreniji, Peterburg uniwersitetiniñ professory W.W.Bartold hem dahylly bolupdy. Şol döwre çenli ol Türküstanyñ taryhyny gowy bilýän meşhur alym hökmünde tanalýardy. Amerikan alymlarynyñ Zakaspidäki işine umumy gözegçilik hem hut şoña tabşyrylypdy. W.W.Bartold Änewde ýüze çykarylan tapyndylar bilen tanyşdy, Köpetdagyñ eteklerinde amerikan arheologlarynyñ geçirýän barlaglaryna ilkinji gezek hakykatçylyk bilen baha berdi. Türkmen halkynyñ hakyky taryhyny öwrenmekde W.W.Bartoldyñ hut özüniñ goşan goşandyna Saparmyrat Türkmenbaşy örän ýokary baha berdi: "Häzirki günde gündogary öwreniki meşhur alymlaryñ onlarçasynyñ atlary bizde uly hormat hem minnetdarlyk bilen tutulýar. Olaruñ arasynda W.W.Bartolda aýratyn orun degişlidir, onuñ işlerinde türki halklaryñ gelip çykyşynda we olaryń medeni gymmatlyklarynyñ kemala gelmeginde türkmenleriñ ilkinjilik orny aýratyn bellenilýär. Türkmenistanyñ ýokary okuw jaýlarynda W.W.Bartoldyñ adyny göterýän ýörite talyp haklary döredildi". ■ Änew medeniýeti Tapyndylaryñ arasynda çig kerpijiñ galyndylarynda däne ekinleriniñ hasylynyñ gabyklarynyñ we gylçyklarynyñ bolmagyny aýratyn belläp geçmek gerek. Munuñ özi oguz-türkmenleriñ gadymy ata-babalarynyñ bu ýerde dän ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Takyklanyp öwrenilende, tapylan alamatlaryñ bugdaý üçin häsiýetlidigi aýdyñlaşdyryldy. Bugdaýyñ bu görnüşi häzir "ak bugdaý" ady bilen bellidir. Bu tapyndylaryñ ähmiýetini Saparmyrat Türkmenbaşy aýratyn belläp geçýär. Ol 2000-nji ýylda "Türkmenistanyñ medeni mirasy: gadymy çeşmeler we häzirki zaman mümkinçilikleri" atly Halkara ylmy konferensiýasynyñ açylyş şeýle diýipdi: "Gadym eýýamlarda türkmenleriñ ata-babalary medeniýetleriñ we medeni gymmatlyklaryñ özara täsirlenmesini üpjün edipdirler, olaryñ ýaşaýan ýerleri bolsa ekerançylyk medeniýetiniñ, halyçylygyñ, maldarçylygyñ ösen merkezi bolupdyr. Änew etrabynda amerikan professory Rafael Pampelli tarapyndan arheologiýa we ösümlikçilik babatda edilen açyşlat b.e.öñ 6.000 ýyl mundan ozal türkmenleriñ ata-babalarynyñ arpa we ak bugdaý ösdürip ýetişdirendiklerini, ondan ilkinji bugdaý çöregini bişirendiklerini subut edýär". R.Pampelli Änewde geçirilen gazuw-agtaryşlaryñ maglumatlaryny ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizdi, şeýlelik bilenem olar dünýä möçberinde meşhurlyk gazandy. Änewiñ demirgazyk depesinde amerikan ekspedisiýasynyñ gazuw-agtaryşlarynyñ netijeleriniñ biri hem bu ýerde medeni gatlaklaryñ ikisiniñ bardygynyñ ýüze çykarylmagydyr. "Änew I" we "Änew II" ekspedisiýasyna gatnaşyjykar olary medeni gatlaklar diýip atlandyrypdyrlar. Şondan bäri hem ylmy edebiýatlarda eneolit we bürünç eýýamlarynda Köpetdagyñ dag etek zolagynda "ÄNEW MEDENIÝETI" diýip atlandyrylýan oturymly ekerançylyk medeniýetiniñ bolandygy bellenilýär. ■ Maryda geçirilen barlaglar 1904-nji ýylda amerikan arheologlary Merw sebitinde hem gazuw işlerini alyp bardylar, şol ýerde olar bürünç we demir eýýamlarynyñ ýadygärliklerini barladylar. Bu ýerde şaýylyklar, toýundan bişirilip ýasalan grek amforalaryndaky (küýzelerindäki) ýaly belent eltutarly owadan küýzejikler, aýna önümleriniñ we monjuklaryñ galyndylary, toýundan ýasalan heýkeljikler, haýsydyr bir ullakan, owadan ýasalan gabyñ galyndylary tapyldy, olaryñ ýüzi oñat saklanyp galan hat ýazgylary bilen örtülipdir. Änewde we Merw sebitinde amerikanlar tarapyndan tapylan möhürler toplumynyñ ylmy taýdan gymmaty hem uludyr. Munuñ özi bürünç eýýamyna dahylly şeýle kysymly ilkinji tapyndylardyr. Bürünç eýýamy üçin seýrek bolan görnüşde ýörite toýun galypda guýlan nusgalyk hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Iki tarapy hem nagyşly toýundan ýasalan möhür hem täsindir. Tapyndylar toplumynda iñ gymmatly zatlaryñ biri hem Merw sebitinden tapylan silindr şekilli möhürdir. Görnüşi boýunça möhür silindre meñzeşdir, onuñ tekizliginde oýulyp döredilen äheñde bolsa atlynyñ ýolbars pisint hyýaly bir jandar bilen başa-baş söweşi şekillendirilipdir. Atly bir elinde naýzany saklap dur we onuñ bilen şol nägehany paýhyn etmäge taýýarlanýar. Beýleki elinde atly, ähtimal, güýçli çapyp barýan atyñ uýanyny saklaýan bolsa gerek. Baktriýanyñ we Margiananyñ möhürleriniñ W.I.Sarianidi tarapyndan çap edilen sanawynda silindr şekilli möhürleriñ nusgalyklarynyñ ikisi bar, olarda atlynyñ ýekegapany awlaýan pursaty şekillendirilipdir. Bu şekli iş ýüzünde Merwden tapylan möhürdäki atlynyñ keşbiniñ nusgasyny gaýtalaýar. Rafael Pampelliniñ ekspedisiýasynyñ işiniñ netijeleri küti ikitomluga ~ ýagny "Ehplorations in Turkestan Prehistoris Civizations of Anau" neşirlerine siñdirilipdir. Ol 1908-nji ýylda Waşingtonda neşir edilipdi we türkmen halkynyñ taryhynyñ öz kökleri bilen asyrlaryñ jümmüşine gidýändigini bütin dünýä ýüzüne äşgär edipdi. Amerikan alymlarynyñ 1903-1904-nji ýyllarda Köpetdagyñ dag etegi zolagynda we Merw sebitinde geçiren arheologik ylmy-barlaglary soñky ylmy taýdan işläp düzmeler üçin özboluşly ugur alyş nokady bolupdy. Ýüze çykarylan stratigrafiýa gatlaklary boýunça täsirli maglumatlary giñişleýin beýan edýän neşirler arkaly olar Änewiñ gadymy ekerançykyk medeniýeti hökmünde dünýä möçberinde meşhurlyk gazandylar. Häzirki zaman ylmynyñ nukdaýnazaryndan seredeniñde, XX asyryñ başlarynda geçirilen işlerde, aýratynam senelemeler babatda belli bir bärden gaýtmalaryñ hem göze ilýändigi tebigydyr. Häzirki wagtda "Änew medeniýeti" diýlen jemleýji at Köpetdag eteginiñ, Tejeniñ we Murgabyñ gadymy ekerançy taýpalarynyñ garyndaşlygyny we özara baglanyşyklylygyny alamatlandyrmak üçin giñden ulanylýar. Bu ýerde tapylan zatlar şol döwrüñ hojalyklarynyñ belli bir derejede ösendigine şaýatlyk edýär. Ýeri işläp bejermek üçin taplanan iki sany kätmeniñ tapylmagy uly gyzyklanma döretdi. Ýüñden ýüpek egrilendigine bu ýerde tapylan köp sanly egriji enjamlar şaýatlyk edýär. Küýzegärlik önümçiligi ýokary ösüşe ýetipdir. ■ Pampelliniñ bitiren işleri geljekki geçiriljek ylmy barlaglara badalga boldy R.Pampelli ekspedisiýasynuñ geçiren ylmy-barlaglarynyñ jemleri diñe bir türkmen alymlarynyñ däl, eýsem daşary ýurtly alymlaryñam mundan beýläkki ylmy-barlaglary üçin esas bolup hyzmat etdi. Änewiñ aşaky gatlaklaryndan amerikan alymlary tarapyndan tapylan paleoantropologik maglumatlar 1908-nji ýylda belli italýan arheology G.Serji tarapyndan öwrenildi. Onuñ ylmy-barlaglary türkmenleriñ paleantropologiki öwrenilişiniñ başlangyjy boldy. Öwrenilýän maglumatlaryñ parçalaýyn we az sanlydygyna garamazdan (7 kelleçanak) garamazdan, G.Serji olaryñ Orta ýer deñiz jynsynyñ kelle çanaklary bilen örän meñzeşdigi baradaky netijä geldi. Olary şol jynsyñ görnüşleriniñ birine degişli hasap etdi we olarda mongol jynsynyñ garyşygynyñ ýokdugyna ünsi çekdi. Türkmen arheologlary tarapyndan bu ýadygärlikde şondan soñky geçirilen gazuw-agtaryşlarda kelle çanaklaryñ ikisi tapyldy, olaram süýnmek kelleli ýewropa jynsyna degişli bolup çykdy. Munuñ özi türkmen halkynyñ şindiki wekilleriniñ arheologik ölçeglerine esasan, gabat gelýär. XX asyryñ dowamynda has giñ möçberli arheologik barlaglar yzygiderli geçirildi. Alymlar gadymy eýýamyñ ýadygärlikleriniñ birnäçesini ~ Jeýtun, Garadepe, Göksüýri, Hapyzdepe, Altyndepe ýaly ýadygärlikleri we beýlekileri gazyp açdylar. Şolardan kelle çanaklaryny öwreniş maglumatlarynyñ ençemesi tapylyp alyndy, şolaram türkmen halkynyñ gelip çykyşyny öwrenmekde uly ähmiýete eýe boldy. Şol ýadygärlikden tapylan maglumatlar Türkmenistanyñ çäklerinde iñ gadymy zamanlardan bäri iñ uly ýewropeid jynsynyñ keşbine dahylly adamlaryñ ýaşandyklaryna şaýatlyk edýär. Ýöne türkmenleriñ 5.000 ýyllyk taryhynyñ dowamynda ençeme gezekler daşardan çozuşlar, uruşlar bolup geçdi, munuñ özi hem antropologik keşpleriñ käbir derejede garyşmagyna getirdi. Muña garamazdan, Merkezi Aziýada ýaşaýan halklaryñ arasynda türkmen halky öz gadymy keşbini, biraz süýnmek kelleli ýewropeid görnüşini saklan ýeke-täk halk boldy. Bu deliller Saparmyrat Türkmenbaşynyñ oguz-türkmenleriñ ilki dörän we kämilleşen ýeriniñ häzirki Türkmenistanyñ çäkleridigi barada çykaran taryhy netijesini tassyklaýar. Türkmenistanyñ Merkezi Döwlet arhiwinde Rafael Pampelliniñ ekspedisiýasy tarapyndan tapylan maddy medeniýwtiñ zatlarynyñ möçberine şaýatlyk edýän resminamalar saklanylýar. Änewiñ golaýynda geçirilen gazuw-agtaryşlardan soñ, olar Peterburga iberilipdir. Mundan hem başga, Imperatoryñ arheologiýa iş toparunyñ ygtyýar bermegi bilen şol maglumatlar Sýurihe we Amerika hem iberilipdi. Häzir olar Pibodi muzeýinde (Filadelfiýa) saklanylýar. Ýokarda aýdylanlary jemläp, Änew medeniýetiniñ açylmagynyñ taryh ylmyna we Türkmenistanyñ taryhynyñ öwrenilişine uly goşant bolandygyny bellemegimiz gerek. Rafael Pampelliniñ ekspedisiýasy aslyýetinde XX asyryñ ilki başlarynda Türkmenistanda uly ylmy taslamany amala aşyran ilkinji daşary ýurtly alymlar boldy. Şol hem biziñ halkymyzuñ uzak geçmişiniñ näbelli sahypalaryny açdy. Onuñ işiniñ jemleri türkmen alymlarynyñ daşary ýurtly görnükli Gündogary öwrenijiler bilen hyzmatdaşlykda geçiren soñky ylmy barlaglaryna itergi berdi. ■ 2003-nji ýylda Pampelliniñ ekspedisiýasynyñ 100 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy konferensiýa geçirildi R.Pampelliniñ arheologiýa ekspedisiýasynyñ 100 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Taryh instituty Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde, ylmy konferensiýa taýýarlady. Şonda Türkmenistanda arheologiýa ylmynyñ, galyberse-de, tutuş taryh ylmynyñ ösüşine şol ekspedisiýanyñ eden täsiri barada onlarça habarlar diñlenildi. Munuñ özi gadymy türkmen halkynyñ baý medeni mirasyny öwrenmäge öz goşandyny goşan alymyñ hatyrasyna hormat goýmagyñ alamaty boldy. Muhammet AÝDOGDYÝEW. #edebiyatwesungat_2003 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |