10:05 Anni Erno | |
ANNI ERNO
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Anni Erno (fransuzça: Annie Ernaux), doly gyz ady: Anni Terez Blanş Dýuşen, 1940-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Fransiýaň, Lilbonn şäherinde doglan, fransuz ýazyjy-hanymydyr. Ol “şahsy hakydaň köpçülikleýin çäklendirmeleriniň we bigäneleşmeginiň köklerini açýan batyrgaýlygy hem-de kliniki ýitiligi üçin” 2022-nji ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Anni hanymyň çagalygy Fransiýanyň Normandiýa welaýatynda, onuň ata-enesiniň kiçeňräk kafe ýöredýän Iwto şäherinde geçipdir. Ol Ruan uniwersitetini tamamlandan soň başlangyç we orta mekdepde edebiýat sapagyndan okadypdyr, soňra bolsa ol internet üsti bilen distansion ders bermäge geçipdir. Anni hanymyň birinji romany “Les Armoires vides” (Boş şkaflar) 1974-nji ýylda çap edilipdir. Bu roman terjimehal häsiýetli bolup, bu usulda ýazmak ýazyjy hanymyň tutuş döredijiligine mahsusdyr. Anni hanymyň hemme romanlary onuň terjimehalynyň ol ýa-da beýleki bir böleklerini: çagalygyny, durmuşy karýerasyny, nikasyny hem eneligini, öz aýşy-eşrete höwesliliginiň ýüze çykmasyny, aborty, göwsüniň düwnük keselini, ejesiniň hassalygyny hem ölümini we ş.m. şöhlelendirýär. Anni hanymyň romanlarynda şahsy ýatlamalar nesilleriň köpçülikleýin hakydasynyň üstüne goýulýar-da, eýýamyň çyn şaýatnamasy bolup çykyş edýärler. Ýazyjy hanymyň özüniň aýtmagyna görä, ol dessurlaýyn žanrlaň çarçuwasynda döretmek islemän, öz-özüni beýan etmegiň hususy görnüşini agtarýar. Onuň eserleriniň aglaba köpüsi “Gallimar” neşirýatynda neşir edildi. Anni Erno Nobel baýragyndan başga-da şu aşakdaky baýraklara mynasyp boldy: 1. Renodo baýragy (1984, “La Place” romany üçin); 2. Margarit Dýuras baýragy (2008, “Les Années” romany üçin); 3. Fransuz diliniň baýragy (2008, “Les Années” romany üçin). Anni Erno 2014-nji ýyldan bäri Serži-Pontuaz uniwersitetiniň hormatly doktorydyr. Ol 20-den gowrak romanlaryň awtory. Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Эрно,_Анни. 07.10.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||