22:29 Ärsarylar: rowaýatlar we taryhy faktlar | |
ÄRSARYLAR: ROWAÝATLAR WE TARYHY FAKTLAR
Taryhy makalalar
Taryh düýbi görünmeýän, çuň okeana çalym edýär. Taryh — düýnki gün. Düýnki gün bolan wakalary gözleri bilen görmedik adamlar düýnki gün hakda diňe düýnki günden galan ýazgylara salgylanyp gürrüň etmeli bolýar. Düýnki günden galýan ýazgylar hem iki dürli bolýar, ýagny olaryň biri hakyky taryhy faktlar, ikinjisi bolsa halkyň rowaýatlary esasynda dörän gürrüňler. Men şu makalamda türkmenleriň iň bir uly tiresi bolan ärsarylar hakda gürrüň gozgamazymdan ozal alym Naderiden pars taryhyna siňip galan ýazgylary okyjylara hödürlemek isleýärin (2-nji tom, sahypa-788), ine, şol ýazgylar: «Hijriniň 1153-nji ýylynda, miladynyň 1740-njy ýylynda Nedir şa afşar Hindistandan dolanyp gelenden soň Horezmi hem-de Mawerennähri basyp almak üçin Balh bilen Çeharjuýa (Çärjew — häzirki Türkmenabat) goşunyny salmak isleýär. Çeharjuý (Çärjew) şäherine Jeýhun derýasynyň üstünden geçmek üçin köpri gurmagy hem-de şol köpriniň iki tarapynda bek galalar galdyrmagy emr edýär. Her galada bäş-alty müň tüpeňçi, ýene-de otuz-kyrk müň söweşiden ybarat goşun ýerleşdirmek isleýär. Soňra ol Buhara hüjüm edip başlaýar. Emma hut şol pursatdan soň, ýagny hijriniň 1160-njy ýylynda, milady hasaby boýunça 1747-nji ýylda Nedir şa ýogalýar. Onuň uly goşuny Çeharjuýyň üsti bilen Mawerannähre geçmäge synanyşýar. Ýöne şol wagt saryk hem-de ärsaý türkmenleriniň ýolbaşçylary we beýleki türkmen tireleri naýza bilen ýaraglanan otuz müň atly goşun bilen olaryň ýoluny baglaýarlar. Şol sebäpli Nedir şanyň goşunlary häzirki Täjigistanyň golaýyndan geçip gitmäge mejbur bolýarlar. (Ýokarda agzalan kitap, 3-nji tom, 1127-nji sahypa we şondan aňry). • Ärsarybaba taryhy şahsmy ýa-da rowaýatmy? Ýokarda aýdyp geçişim ýaly, taryh düýbüne ýetip bolmaýan çuň okeana çalym edýär. Ony näçe dördügimizçe täze-täze faktlaryň üstünden barýarys. Ine, biz goňşy Eýran halklarynyň taryhy ýazgylaryny okadyk-da, Amyderýanyň boýunda ýaşaýan ärsarylara bir döwürler «Ärsaý» diýleniniň üstünden bardyk. Belli bir ýyllaryň dowamynda sözleriň aýdylyş äheňiniň üýtgemeginiň netijesinde sözler mydama başga görnüşe geçip durýar. Ençe wagtyň geçmegi bilen «ärsaý» sözem «ärsary» sözüne öwrülip gidipdir. Taryhy faktlaryň, rowaýatlaryň üstünde dawa etjek bolmaly däl. Gaýtam olary öz pikiriň bilen baýlaşdyrjak bolmaly. Halka düşnükli bolmadyk her bir taryhy waka, taryhy şahs hakda hernäçe köp pikir aýdylsa, şonça gowy. Onsoň, müňläp-müňläp pikirleri orta döküp, olaryň haýsysy hakykata gabat gelýän bolsa, şony hem alyp, hakyky fakt hökmünde halka hödürlemeli. Türkmen alymy Amantagan Begjanowyň «Gömlen akabalar» atly kitabynda türkmenleriň ärsary tiresi hem onuň ýolbaşçysy Ärsarybaba hakdaky maglumatlar berilýär. Ol kitapda alym Ärsarybaba hakdaky ýazgylaryny şeýle başlaýar: («Gömlen akabalar», 17-nji sahypa) «Ärsarybaba hakynda gürrüň edilende ýeke-täk taryhy çeşme bolan «Şejerei teräkime» («Türkmenleriň nesil daragty») diýen kitaba ýa-da halk rowaýatlaryna salgylanaýmasaň, ol barada maglumat berýän başga bir suwytly zat ýok diýerlikdir. Mälim bolşy ýaly, bu kitaby onuň awtorynyň aýtmagyna görä, türkmenleriň haýyşy boýunça olaryň taryhyny beýan etmek maksady bilen, on ýedinji asyrda Hywa hany Abulgazy ýazypdyr». Amantagan Begjanow özüniň «Gömlen akabalar» atly kitabynyň 18-nji sahypasynda rus alymy Bartoldyň «Şejerei teräkime» kitaby barada aýdanlaryny mysal getirip, şeýle ýazýar: «Bu kitapdan örän ägälik bilen peýdalanmaly bolar, sebäbi käbir maglumatlary Reşit-ed-dinden alandygyny hasap etmeseň, Abulgazy ony başdan-aýak dilden aýdylýan hekaýalar esasynda ýazypdyr». Halk arasyndaky gürrüňlere seretmezden, biz islendik şahsyň taryhy şahsmy ýa-da rowaýaty şahslygyny anyklamak üçin onuň doglan ýyly, ýogalan wagty hakdaky senä gabat gelmeli. Biziň eramyzdan öňki asyrlarda, biziň eramyzyň ähli asyrlarynda ýaşap geçen taryhy şahslaryň — patyşalaryň, hanlaryň, pygamberleriň, alymlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň, lukmanlaryň doglan ýyllary, ýogalan wagtlary, ýaşan ýerleri, ýaşan döwründe eden anyk işleri hakda biz hakyky faktlary tapyp bilýäris. Ýöne halkyň dilindäki köp şahslaryň halk tarapyndan döredilen şahslardygyny bilip bolýar. Ýa-da kimdir biriniň prototipi bolan rowaýaty şahslardygyny bilip bolýar. Mysal üçin, Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowa ýazylyp berlen «Ruhnamada» getirilýän Oguz han taryhy şahs däl. Türk alymy Faruk Sümeriň «Oguzlar — türkmenler» atly kitabynda «oguz» diýen söz «taýpa» diýen manyny berýär. Oguzlar — taýpalar. Oguz han — şol taýpalaryň hany. Soňra bu ýagdaýy halk rowaýat görnüşinde ösdürýär. Oguz hanyň gadym döwürde ýaşap geçen batyr han Bode hanyň prototipiniň bolmagynyň-da mümkindigini Faruk Sümer öz kitabynda ýazýar. Ärsarybabanyň-da şeýle şahs bolmagy mümkin. Onuň doglan hem ölen ýyly hakda hiç hili fakt ýok. Birnäçe türkmen hem rus alymlary Ärsarybabanyň ölen hem doglan ýyly hakda çaklama faktlary oklaýarlar («Gömlen akabalar», 26-njy sahypa), ýöne akademik A.N.Samoýlowiçden mysal getirmek bilen, Amantagan Begjanow ol çaklamalary hem puja çykarýar. Şeýle hem Abulgazy Ärsarybabany Ogurjyk alpyň (batyryň) çowlugy hasaplaýar. Ogurjyk alpy bolsa Oguz hanyň 16-njy arkasy hasaplaýar («Gömlen akabalar», 19-21-nji sahypa). Oguz han bolsa taryhda bolmadyk şahs. Ýok adamdan nädip arka döreýär? Hatda öz aýdýan bu faktyna Abulgazynyň özem gaty bir ynanmandyr (şol ýerde). Taryhy şahslar öwrenilende olar hakdaky ýazgylara öz döwrüniň gözi, aňy bilen nazar aýlamaly. Sebäbi sülä gelse-gelmese, aňyrsyny güýçli patyşalara, pygamberlere diretmek, özlerini gudratlylaryň nesilleri edip görkezmek gadymy döwürleriň şahslaryna mahsus bolupdyr. Köp taryhy şahslaryň ömür beýanlaryny okanyňda muňa göz ýetirse bolýar. Ärsarybabanyň «Ärsary» adyny alşy hakda hem türkmenleriň arasynda Salyr Gazan bilen baglanyşykly iki rowaýat bar. Bu rowaýatlaryň birinde Salyr Gazanyň iki ogly bolup, olaryň biriniň ady Teke, beýlekisiniň ady Sary bolup, Sary duşman tarapyndan öldürilen atasynyň aryny almakda edermenlik görkezip, Ärsary adyny alýar. Bu wakany beýan edýän ikinji rowatda bolsa Salyr Gazanyň Saryk, Sary, Janmämmet atly ogullarynyň bolup, duşman tarapyndan öldürilen atalarynyň aryny almakda Sary edermenlik görkezýär we Ärsary adyny alýar. Ahyrsoňy, bu hem taryhy hakykat däl-de, rowaýat. Ärsary baýyň Mama atly owadan gyzynyň bolanlygy, soňra ony duşman sorap, onuň üstünde uruş bolanlygy, şol uruşda hem Ärsary baýyň ölenligi hakdaky rowaýat hem Abulgazyda berilýär. Hut şeýle epizod Oguz handaky rowaýatlarda-da bar. Rowaýatlar dilden-dile, ilden-ile geçýärler. Ärsarybaba hakdaky maglumatlary Hywa hany Abulgazy iliň arasyndaky rowaýatlar boýunça ýygnan hem bolsa, Amantagan Begjanowyň «Gömlen akabalar» kitabynda Ärsarybaba hakda şeýle ýazgylar hem berlipdir: «Krasnowodskiden has demirgazyk-gündogarda, Nebitdagdan bolsa ep-esli demirgazyk tarapda Ärsarybaba daglary diýilýän baýyrlyklar we depeler uzap gidýär. Şol alaňlyklarda Ärsarybaba gonamçylygy bolup, onda nesilbaşy, tirebaşy bolan bu gerçegiň jesedi ýatyr». (29-njy sahypa). 1819-njy ýylda bu gonamçylygyň gapdalyndan geçen rus kapitany Murawýow hem Ärsary baba gonamçylygy hakynda: «Onuň duşundan geçen her bir adam, hatda ol başga tireden bolsa-da, bu ýere gelip, aýat okap gidýär» diýip, ýazgy galdyrypdyr. (Şol ýer.) Amantagan Begjanow özüniň «Gömlen akabalar» kitabynda: «Ärsarybabanyň jesedi arheologlar tarapyndan öwrenildi we şonda onuň öldürilendigi takyklandy. Il-günüň arasynda saklanyp galan rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Ärsarybaba ömrüniň ahyryna çenli öz halkynyň ar-namysyny we mertebesini mertlerçe goramagy başaran adam bolupdyr» diýip ýazýar. Soňra bolsa, awtor: «Ärsarybabanyň şahsyýeti entek doly öwrenilenok» diýip ýazypdyr. Alymlar ony taryhy şahsa öwürjek bolýarlar. Taryhy hakykatda bolsa ol hakda hiç hili maglumat ýok. Ýöne Balkan welaýatyndaky Tüwer obasynda Ärsarybaba gonamçylygy bar hem-de ol ýerde özüniň Mama atly owadan gyzyny almaga gelen duşman bilen söweşip ölen Ärsarybaba hem-de onuň bilen deň söweşip, gurban bolan ärsarylaryň gonamçylygy bar. Owadan gyz Mama bilen baglanyşykly waka rowaýat. Ýöne Ärsarybaba gonamçylygy hem-de şol ýerde jaýlanan Ärsarybabanyň mazary, Ärsarybabanyň jesedini şu günki alymlaryň barlap, netije çykaryşlary şu günüň gürrüňi. Rowaýatda ýogalan adamyň jesedini barlap bolarmy? Rowaýatda ýogalan adamyň mazaryny anyklap bolarmy? Sary atly bir kişiniň Ärsary adyny alşy-da rowaýat. Belki, bu rowaýatlaryň aňyrsynda hakykatyň ýatan bolmagy-da ahmal. Türkmenlerde «Görogly» eposy bar. «Görogly» eposy regionyň halklarynyň köpüsinde, şol sanda türklerde-de bar. «Ker ogly», «Kör ogly», «Är ogly» ýaly atlar bilen Orta Aziýanyň köp halklarynda çap edilen bu epos okuw kitaplarynda halk döredijiliginiň bir görnüşi hökmünde öwredilip gelindi we ol häzir hem şeýle. Halk Görogly hakda hakykatda bolup bilmejek wakalary toslap, halkyň göwnünden turaýjak, ajaýyp bir eposy döredipdir. Şu çaka çenli Göroglynyň halkyň toslap tapan rowaýaty gahrymanydygyna ynanyp geldik. Ine, birdenem, Göroglynyň hakykatdan-da taryhda ýaşap geçen gahrymandygy hakda eşidildi. Bu barada türk alymlarynyň biri ylmy iş gorapdyr. (Entek muny türkmenleriň köpüsi eşiden däldir). «Görogly» eposynyň Köpetdagdan ilerde, dag eteginde kowçum-kowçum bolup ýaşan tekeleriň eposydygyny, tekeleriň ony hemmelere gürrüň berendiklerini alym ýazypdyr. Bir döwürler Köpetdagyň ileri ýüzünde oturan tekeleriň Eýran şasynyň garşysyna gozgalaňa galandyklaryny, şol gozgalaňa-da Görogly atly batyr ýigidiň ýolbaşçylyk edendigini, soňra tekeleriň öz gahrymanlary hakda rowaýat-epos dörendigini, ol rowaýatlaryň dilden-dile, ilden-ile geçendigini türk alymy öz ylmy işinde belläpdir. Hatda ol işde Göroglynyň jaýlanan ýerine, haýsy patyşa bilen urşanyna çenli anyk berilýär. Ärsarybabanyň-da öz iliniň öňüne düşen şeýle batyr kişileriň biri bolan bolmagy mümkin. Soňra halk hakyky bolan wakanyň üstüni rowaýatlar bilen dolduryberýär. Belki, ylmyň geljekde Ärsarybabanyň prototipiniň-de üstüni açmagy mümkin. Häzirlikçe dünýede bir-ä ärsarylar bar, birem Ärsarybaba gonamçylygy bar, birem Ärsarybaba hakdaky rowaýatlar bar. Ärsarybaba hakda taryhy hakykat, taryhy ýazgylar ýok. Belki, Ärsarybaba gonamçylygyň-da ärsarylaryň jaýlananlygy üçin oňa «Ärsarybaba» gonamçylygy diýlip at berlen bolmagy mümkin. Sebäbi türkmenler öwlüýädir gonamçylyklara «baba», «ata» sözüni mydama ýanaýarlar. Meselem, «Ärsarybaba», «Astana baba», «Didar baba», «Goçgar ata», «Hekim ata», «Mäne baba» we şuňa meňzeşler. Haýsydyr bir taryhy şahs hakda öz pikirini aýtmaga hemmeleriň haky bardyr. Bu birek-birek bilen pikir alyşmadyr, ylma tarap kiçijik ylmy pikir oklandygydyr. Şol pikire alymlar üns sowsa-ha sowar, sowmasalar-da, janlary sag bolsun, okarlar, goýarlar. «Belki, biziň bu gürrüňlerimiz ylym üçin kiçijik goşant bolar» diýip, alym Amantagan Begjanow hem öz kitabynda belläpdir. Hemmeler hem şeýle pikir bilen, gowy pikir bilen taryhy ýazgylary derňeýärler. Taryhy derňeýänleriň ýüreginde hiç hili gara pikir bolmaýar. Olar garaňkylykda bukulyp ýatan faktlary ýagtylyga — hemmeleriň görüp biljek ýerine çykarmaga ymtylýarlar. Çoluk MÖWLAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||