14:49 Arzuw / hekaýa | |
ARZUW
Mistika we fantastika
Gyzjagaz deňziň kenarynda balykgulak gözläp ýörkä, öňünden jadyly çyra çykýar. Eline alyp tozanyny süpürişdirenem şoldy welin, çyranyň içinden zompa jyn çykýar duruberýär. — Eý, Taňrym, bu hakyt jyn ýaly-la... — Hawa, edil özi. Men şu jadyly çyranyň jyny. Hormatly eýäm! Size boýun egýän we gulak asýan! Näme hyzmat bolsa aýdyberiň. — Men seň eýäň däl. — Kim meni şu çyradan çykaran bolsa, şolam meň eýäm bolýar. Men siziň üç arzuwyňyzy ýerine ýetirmäge taýyn. — Seň çyrada ýesir galanyňy bilse, islendik kişi çykarardy. Şonuň üçin sen meniň üç arzuwymy berjaý etjek bolup azara galyp oturma. Men öz günümi özüm görerin. Jyn gyzjagaza geň galyp seretdi. Sebäbi ol ömründe beýle jogaby eşidip görmändi. Hiç kim üç arzuwynyň hasyl bolmagyna garşy bolmandy. — Seniň hiç hili arzuw-hyýalyň, maksat-myradyň ýokmy? — Men ýaňy saňa duşmankam, kenarda rowaýatlarda aýdylan, içinde älemgoşar gizlenen balykgulak gözleýärdim — diýip, gyzjagaz gözüni ýerden aýyrman durşuna dillendi: - Gerek bolsa men saňa müň sany balykgulak tapyp bereýin. — Sag bol, minnetdar. Men höwes edýän işimi özüm etmäni gowy görýän. — Ol-a älemgoşar eken, içinde Gün, ýel, ýyldyz gizlenen balykgulagam tapyp bereýin. Ýöne sen menden zat almak isläňog-a — diýip, jyn öýkeli ýagdaýda asmandan älemgoşar çykardy. — Sag bol, minnetdar — diýip, gyzjagaz aýagynyň ýanyndaky balykgulagy galdyrdy. — Ehh, ýene-de älemgoşarsyz balykgulak. Şeýdip, gyzjagaz onam gapdala zyňyp goýberdi. — Onda saňa görlüp-eşidilmedik kaşaň köşk gurup bereýin — diýip, jyn boýy bulutlara ýetýän köşk salyp berýär. — Bir sered-ä, görmäge göz gerek, näçe gördügiňçe, gözüň dokunýar. Bular ýaly köşk hiç kimde ýokdur. Hany, onda, köşge gir-de ornaşyber... — Maňa ilde ýok zat gerek däl — diýip, gyzjagaz köşkdenem boýun gaçyrdy. — Ýeri bolýar, gözel göwnüň, men-ä saňa goJiu Ba Dao, hytaýly ýazyjy (Hekaýa) ARZUW 26 De №6. 2019 27 De №6. 2019 wusy bolsun diýdim — diýip, jyn gyzjagaza balykgulak gözlemäge kömekleşdi. Jyn ahyry içi byjyklap gürlemän durup bilmedi: — Men şu wagta çenli näçe adamyň üç arzuwyny bitirip berendirin öýdýäň? — Adamlar senden näme dilediler? — Gutarmaýan baýlyk, ölümsiz durmuş, baky söýgi... — Olaryň hemmesi tükeniksiz zat isläpdirlerdä. — Sen beýle zada ynanaňokmy? — Ol juda bir möhüm zat däl. Üýtgeşik zadam däl. Edil Güneş ýaly, Güneş her günem bar, hemme kişiňem umumy zady, olam sen-men diýmän, her kime öz şuglasyny saçýar... Jyn ýene-de üç arzuwa dolanyp geldi: — Diňle, gyzjagaz, men saňa bir wakany gürrüň bereýin. Öň bir dilegçi bardy. Aýdym aýtmagy juda gowy görýärdi. Ol menden baýlyk diledi. Men şonda daga bir gezek üfedim welin, dag atlyn-kümşe öwrüldi duruberdi. — Dilegçi altyndan daglary gowy görýän bolsa, Gün doganda, tutuş bir oba hem altyn reňke bürenýär ahyryn. Onsoňam pula bagt satyn alyp bolanok. Kim satyn alyp bolýar diýip pikir edýän bolsa, diýmek, ol ýoksulyňam ýoksulydyr. Ýogsa-da, onuň ikinji arzuwy nämedi? — Ol altyn dagy ogurlanar öýdüp, ony gorar ýaly ullakan berk gala gurup bermegimi haýyş etdi. — Üçünji arzuwy näme? — Ol üçünji arzuwyny aýtmady. Bir gün altynlarym tükenende aýdaryn diýdi. — Ýeri onsoň, ol altynlaryny sowup gutardymy? — Gutararmy? Ol altynlarynyň müňden birinem sowup gutarmanka dünýäsini täzeledi. Şeýdip, ol üçünji arzuwyny aýdyp ýetişmedi. Ol hemişe galadaky altynlaryny garawullap gezerdi. Aýdym aýtmagynam taşlady. Bar oý-küýi tyllalaryny gorap saklamakdy. Şeýdibem ölüp gitdi pahyr. — Diýmek, ol dilegçi bagt isläp, betbagt bolupdyr-da. Baýlygynyň hözirinem görüp bilmändir — diýip, gyzjagaz asmandan uçup barýan durnalara gözlerini dikdi. Jyn gyzjagazyň baýlykda gözüniň eglenmejekdigini görüp, oňa şu wakany gürrüň berdi: — Öň betgelşijek bir gyzjagaz bardy. Ol dünýädäki iň owadan, iň görmegeý gyz bolmak isledi. Menem arzuwyny bitirdim welin, şobada peri-peýkere öwrüldi duruberdi. — Ýeri onsoň, dünýä gözeliniň ikinji arzuwy nämedi? — Ikinji arzuwymy? Ikinji arzuwy hemişelik ýaş bolup galmakdy. Sebäbi garrasa görk-görmegini ýitirjekdi. — Onsoň dünýäniň iň owadan gyzy özüne taý tapyp bildimikä? — Wah, bar mesele-de şonda. Dünýä gözeli özüne ýoldaş tapynmak üçin jar çekdirdi. — O nähili? — Kimde-kim dünýäniň iň owadan gyzyna öýlenmek isleýän bolsa, gyzyň öýüniň gapysynyň agzynda nobata durmaly diýip. Gyz ýigitleri ýeke-ýeke synap görjekmiş. — Oňa öýlenmek islän ýigit bary üýşen bolsa gerek?! — Näsini aýdýaň, baýy-garyby, gaýkyjasyküýküjesi diýmän, garaz, dünýäniň dürli künjeginden özüne göwni ýetýän men-men diýen ýigitler ýygnandylar. Olar özleriniň söýgüsini subut etmek üçin ähli bägülleri ýolup gutardylar. — Hawa, onsoň taý tapyldymy? — Tapylsa bolmajakmy? Onuň gözelligine deň gelip biljek ýigit entäk eneden dogulmanmyş. — Ol näme üçin baky gözellige eýekä, garrap gitjek ýigit bilen durmuş gurmakçy bolduka? — Ol üçünji arzuwyny aýtmandy ahyryn. Eger-de göwün söýen ýigidi tapylan bolsa, onda onuň üçinem baky ömür diläp bilerdi. — Bolup biler, emma ony söýjek ýigit muňa razy bolup, gyz bilen ýüz müň ýyl bile ýaşamaga kaýyl bolarmydy? — diýip, gyz bilesigelijilik bilen sowal berdi. — Onçasyn-a biljek däl... — Ýeri onsoň, gyz näme diledi? — Gyz düýş diledi. — Nämäň düýşi? — Ol menden ýüz müň sany owadan düýş diledi. Onuň pikiriçe, diňe düýşde baky owadan ýigide duşup boljakmyş... — Gussalydygyny. Gyz özüne baky owadanlygy dilemek bilen baky ýekeligi, ýalňyzlygy alypdyr — diýip, gyzjagaz çägäniň üstünde oturdy. Jyn: — Gyzjagaz, seni diňläp, adamlaryň arzuwlaryny amala aşyrmak bilen olara ýagşylyk däl-de, ýamanlyk edýänime düşünip galdym — diýdi. — Jyn, seniň pikiriňçe, arzuw diýmek näme? — diýip, gyzjagaz elini aýagynyň üstüne goýup oturyşyna sorady. — Arzuw — gowuşmak isleýän zadyň diýmek... — Onda oňa arzuw däl-de, isleg diýilýär. — Näme tapawudy bar? — diýip, jyn sorady. Jyn hakykatdan hem isleg bilen arzuwyň tapawudyny bilenokdy. — Atam maňa hemişe aýdardy, arzuw diýmek — bu seniň umydyň, maksadyň. Umyt adama güýç berip bilýär, emma isleg güýç berip bilmeýär — diýip, gyzjagaz ýylgyryp jogap berdi. — Näme üçin güýç berip bilenokmyş? — Isleg diňe köp isleg döredip bilýär. Men munuň şeýledigini ýaňky iki hekaýadan öwrendim. Adamyň islegleriniň soňy ýok. — Diýmek, onda bu arzuw däl-de, isleg-dä? — Jyn düşünmän kellesini gaşady. — Bolýa, goý, seň diýeniň bolsun. Ýöne, meniň pikirimçe, arzuw bilen islegiň tapawudy ýok... — Ýogsa-da, jyn, hiç kim üç arzuwynyň biri hökmünde seniň arzuwyňy amala aşyrmak islemedimi? — diýip, gyzjagaz gyzyklandy. Jyn aňkaryp galdy. — Kim özüne derek meň üçin arzuw etsin, hä? Baryp ýatan akmagyň biri bolaýmasa, hiç kimem muňa razy bolmaz, jynyň arzuwyny amala aşyrmak kimiň kellesine gelsin diýsene... — Sen nämäni arzuw edýäň, jyn? Jyn näme jogap berjegini bilmedi. Hiç kim şu wagta çenli jynyň arzuwy bilen gyzyklanmandy. Gyzjagazyň müňlerçe ýyldan soň ilkinji bolup jynyň arzuwyny soramagy täsin ýagdaýdy. Ýöne üç arzuw dileýänlerem günäkärläp bolmaz. Sebäbi jyndan üç zat dilemek olara berlen hukukdy. Soňky sapar çyradan çykanyna sekiz ýüz ýyl bolupdy. Sekiz ýüz ýyllap çyranyň içinde ýaşamak, şonça ýyldan bir gezek daşyna çykyp, bu ýagty jahany görmek — jyn üçin mundan uly arzuw ýokdy. Ýöne jynyň mundan başga-da arzuwy bar ýalydy. — Meniň arzuwym... — Jyn arzuwyny aýtmaga ýaýdandy. — Näme isleýäň? Jyn näme isleýänini bilmän sägindi. Sebäbi arzuwlary amala aşyryjy jyn üçin bu, birhili, geň ýagdaýdy. Kesekileriň arzuwlaryny amala aşyryp, bu günem özüň zat dilemek — ýüzüň hamy galyň bolmasa, bu aňsat däldi. Uzakdaky Günüň gyzyl şapagy deňziň aňyrsynda bireýýäm öçüp gidipdi. Garaňky asmanda ýyldyzlar patrak ýalydy. Olar, hamala, jyn bilen gyzjagazyň gürrüňini diňleýän ýaly, alyslardan ýylpyldaýardylar. — Erkin bolsam gowy bolardy — diýip, jyn göwünli-göwünsiz hümürdedi. — Erkin bolsaň, bu giň jahanda ähli arzuwyňa ýetse bolýar. — Men saňa erkinlik berýän. Sen şu günden şeýläk çyraň jyny däl. Sen indi adamlaryň arzuwlaryny amala aşyrmaga-da borçly däl. Sen erkin. Öz eliň, öz ýakaň... — Çynyňmy? Ynanyp bilemok, men indi erkinmi? — Hawa, sen erkin... — Men erkin, eşidýäňizmi, men indi erkin — diýip, jyn begenjinden möňňürip goýberdi. Biraz salymdan soň jyn birden bir zat ýadyna düşen ýaly: — Seniň beýleki iki arzuwyň näme — diýip, ýüzüni sallap durşuna sorady. — Men durmuşdan kän zada garaşamok. Ýaňam aýdyşym ýaly, adamlaryň islegine gutarma ýok. Şonuň üçin galan iki arzuwymdan el çekýän. Gyzjagazyň sadalygy, kanagatlylygy erkinlik dälmi, eýse?!... Bular her bir ynsan dünýä gelende berilýän baýlyklar. Emma käbirimiz erkin ýaşap, erkinligiň nämedigini unudypdyrys. Erkinlik — adamlara arzuwyny gözlemäge, amala aşyrmaga ýardam edýän ruhy güýç. Garaňky gatlyşsa-da, gyzjagaz içi älemgoşarly balykgulagy tapyp bilmändi. Hyýalyndaky balykgulagy tapmasa-da, ol gözlemekden lezzet alýardy. — Sag bol, jyn, ýene-de görüşýänçäk sag bol — diýip, gyzjagaz elini galgadyp, jyn bilen hoşlaşdy. — Meň öýe gaýdar wagtym boldy. — Sag bol, meň perişdejigim. Men seni şeýlebir gowy görýän — diýip, jyn birden gözden gaýyp boldy. Jynyň nirä gideni belli däldi. Ýöne onuň arzuwyny gözlemäge we amala aşyrmaga esas berýän erkinligi bardy. Gyzjagaz jynyň çyrasyny öýe getirdi-de, onda gül ekip, penjiräniň öňünde goýdy. Indi her gezek içi gülli çyra seredende, jyn biygtyýar ýadyna düşýärdi. Jiu BA DAO, hytaýly ýazyjy. Hytaý dilinden terjime eden: Sähetmyrat BEGENJOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |