08:34 Asly jöhit ermeniler: Pakraduniler | |
ASLY JÖHIT ERMENILER: PAKRADUNILER
Taryhy makalalar
Orta asyrlarda ermeniler Wizantiýanyñ hristian buthanasyny we hökmürowanlygyny inkär etmek bilen birlikde gadymy Ysraýyla garaşly bir akymy emele getirdiler. Pakraduniler diýip atlandyrylýan bu topar Dawut patyşany (Dawut pygamberi -t.b.) atalary diýip kabul etdiler we 855-nji ýyldan 1045-nji ýyla çenli Ermeni korollygyny dolandyrdylar. A.Galante "Pakraduniler ýa-da ermeni-jöhit sektasy" atly kitabynda: "Pakraduniler Iuda imperiýasynyñ ahyrky ýyllaryndan (b.e.öñ VII asyr) XX asyra çenli dowam edip ermeni-jöhit gatyşykly kowumdyr" diýip ýazýar. Ermeniler özbaşdak halk hökmünde emele gelen wagtlary b.e.öñ 521-nji ýyldyr. Ermeniler we Ýahudy döwletiniñ raýatlary persleriñ, Aleksandr Makedonskiniñ we Selewkitleriñ golastynda ýaşadylar. Selewkitler döwleti dagaýança özbaşdak millet hökmünde emele geliş prosesi dowam etdi. Gadymy ermeni patyşalygy Tigran II-niñ döwründe gülläp ösüşi başdan geçirdi. Tigran II Siriýany basyp alyp, Akro çenli gelenem bolsa, b.e.öñ 69-njy ýylda rimlileriñ Ermenistana hüjüm etmegi bilen yza çekilmäge mejbur boldy. Orta asyr ermeni taryhçysy Moses Çoron Tigranyñ birnäçe jöhit (ýewreý) ýesiri ermeni şäherlerine ýerleşdirendigini ýazýar. Bu jümle Tigranyñ tabynlygydaky şäherleriñ söwda gatnaşyklaryna jöhitleriñ täsiriniñ bolandygyny añladýar. Çünki şol wagtlar bu ýerlere jöhitleriñ özleri-de köpçülikleýin göçüp gelipdirler. Bu sebitde rimliler tarapyndan bellenen wassal hökümdarlar Herod Tigran IV (b.e.öñ VI a.) we Aristobul (55-60 ý) günbatar çäkleri ýa-da Kiçi Ermenistany, Tigran V (60-61 ý) Uly Ermenistany dolandyrypdyr. Has awtonom bolan partlar (partlar - bular parfiýanlardyr, käbir ermeni taryhçylary türkmenleriñ ata-babalary bolan parfiýanlary ermenilere degişli hasaplaýarlar -terj.belligi) döwründe (85-428/33) bolsa ermeni şäherleri ellinistik medeniýetine wekilçilik etdi. Garnide geçirilen gazuw-agtaryş işleri muña güwä geçýär. Ellin sebitlerinden jöhit göçleri bolupdyr we pers hökümdary Şapur II ýewreýleri 360-370-nji ýyllarda Eýrana köpçülikleýin göçürip getirýänçä ermeni şäherlerinde jöhitler has agdyklyk edýärdi. Hroniki ýyl ýazgylaryny ýöreden Fawstos Buzandyñ habar bermegine görä bäş şäherden 81 müñ ermeni maşgalasy we 83 müñ jöhit maşgalasy göçürilipdir. Bu sanlar has çişirilip görkezilýän bolmagy-da mümkin. Jöhitler esasan Eruandaşat, Wan we Nahçewan şäherlerinden edilipdir. Uly Ermenistanda geçirilen barlaglarda Alaha (jöhit şerigat kadalary) boýunça hiç hili maglumat duş gelinmedi. Muña Nisibis şäherindäki ermenistanly Ýakuby mysal görkezmek bolar. (Ýeruşalaýym Talmudy, Gittin 6:7, 48a). Şol sanda Ermenistanyñ ady Aggada ýazgylarynda-da duş gelýär... Nuhuñ gämisiniñ duran "Araratdaky iki dagy" (Targum Ýeruşalimi, Ýaradylyş:8:4), jöhit-ellinistik çeşmelerinde duş gelýän Ermenistanyñ hristian-ermeni däp-dessurlary bilen gabat gelmek bilen bile, Ermenistanyñ has demirgazykda bolandygyny görkezýär. Şeýle-de, Moşe ben Nahmanyñ we Dawid ibn Ýahýanyñ eserlerinde Ermenistana "Uz" diýilýär. Jöhitleriñ ermenilere "amalek" diýendikleri bellidir. Hazaryñ öñ Amalek bolandygyna we Hazar jöhitleriniñ şolardan gelip çykandygyna ynanylýar. Raşi Hazar daglarynda ýitirim bolan gadymy taýpanyñ ýaşan "Garañky daglaryndan" söz açýar. Ararat sözüniñ (Ýaradylyş, 8:4;II. Patyşalar 19:37; Ýermiýau 51:27), Wan kölüniñ töweregindäki Urartu ermeni korollygynyñ ady bilen meñzeşligine üns bermezlik mümkin däl. Amalekler bolsa Ysraýyl ogullarynyñ Müsürden gaçyp gaýdanda Gyzyl deñizden geçenden garşylaşan zalym bir kowmunyñ adydyr. • Orta asyr döwründe Orta asyrlaryñ Ermenistany hristian feodal knýazlyklardan ybaratdy. Şäherler kiçidi we öñkülere garanda ilat has gomogen häsiýetlidi. Jöhitler kän däldi. Orta asyrlarda ermeniler Wizantiýanyñ hristian buthanasyny we hökmürowanlygyny inkär etmek bilen birlikde gadymy Ysraýyla garaşly bir akymy emele getirdiler. Moses Çoron amatuni taýpasyna we Ermenistanyñ aristokrat-feodal maşgalasyna degişli bolan Bagratunileriñ (Bagratid / Pakraduni) aslyny ibranylara (gadymy jöhit -t.b) degişli hasap edýär. Pakraduniler diýip atlandyrylýan bu topar Dawut patyşany (Dawut pygamberi -t.b.) atalary diýip kabul etdiler we 855-nji ýyldan 1045-nji ýyla çenli Ermeni korollygyny dolandyrdylar. Soñra bu sebite musulmanlar aralaşyp başlady. 1801-nji ýyla çenli Gruziýada höküm süren bu dinastiýanyñ wekilleri prawoslaw hristian dünýäsinde özleriniñ aslynyñ ysraýyllydygyny aýdyp, jöhit däp-dessurlaryny hem ýitirmän sakladylar. Ermenistan korollygy dargap başlansoñ, ermenileriñ birnäçesi Wizantiýanyñ garamagyndaky Kilikiýa (häzirki Türkiýäniñ çäginde) göçdüler we Kiçi Ermenistan korollygyny gurdular. Bu korollyk Ierusalimdäki Latyn korollygyñ soýuzdaşydy we 1375-nji ýylda ol ýerler mamlýuklaryñ eline geçensoñ ýewreý jemagatlarynyñ öz agramyny ýitirdi. Ýöne olaryñ bir bölegi kürtleşen jöhitlere goşuldy. Taryhçy alym Lewon Panos Dabagýan pakradunileriñ aslynyñ b.e.öñ 730-njy ýyldan gaýdýandygyny we 1045-nji ýyla çenli olaryñ ermenileri rehimsizlik bilen dolandyrandygyny ýazýar. Ol bu sözlerini dünýä belli taryhçy professor Abraham Galantäniñ kitaby bilen delillendirýär Galante "Pakraduniler ýa-da ermeni-jöhit sektasy" ("Pakraduniler’ veya bir Ermeni-Yahudi Tarikatı") kitabynda: "Pakraduniler Iuda imperiýasynyñ ahyrky ýyllaryndan (b.e.öñ VII asyr) XX asyra çenli dowam edip ermeni-jöhit gatyşykly kowumdyr" diýip ýazýar. "Kripto jöhitlik" boýunça spesialist bolan professor Abraham Galante fransuz dilinde çykan "Les Pacradounis ou Une Secte Armeno-Juive’’ (4-nji neşir, Stambul-1933) kitabynda pakradunileriñ Erzurum, Siwas sebitlerinde, Mermer deñiziniñ Ýewropa kenar ýakalarynda, Stambuluñ Hasköý raýonunda ýaşaýandyklaryny, ýigrimi alty asyrlap jöhit sypatlaryny saklap galandyklaryny, şonuñ üçinem olaryñ portugaliýaly maraonlar, selanikli dönmeler, eýranly meşhediler bilen bir hatarda jöhit jemagatlaryndan hasap edilmelidigini ýazýar. Dabagýan pakradunileriñ ulanýan adam atlarynyñ ermenilerden tapawutlydygyny aýdyp, ermeni taryhçysy Gatogigos Gorenaziden mysal getirýär: "Pakradunulerde Simpat diýen at bar. Bu at ibrany dilinden gelýär we asly Şampatdyr. Ermenileriñ arasynda giñden ýaýran Pakrat, Simpat, Aşot, Kakik, Israel, Tawit ýaly adam atlarynyñ asly ermenilere degişli däl. Dabagýan wizantiýaly taryhçy Pawstosyñ III asyrda sebitde ýerleşdirilen we hristian dinine geçen 400 müñ jöhitiñ bolandygyny habar berýär. Ladino we kripto ýewreý jemagatlary boýunça spesialist Gas Nassi sebataýizmiñ pakradunileriñ XX asyryñ birinji ýarymyna çenli dowam edip gelen däp-dessurlary bilen bile Siwas, Erzinjan/Egin (täze ady Kemaliýe) sebitlerinde saklanyp galandygyny aýdýar. Nassiniñ pikirine görä bu jemagat Arapkir, Kapadokýa, Kilikýa/Çukurowa çenli ýaýrapdyr. Nassi pakraduni taýpasyndan bolanlaryñ fiziki aýratynlyklarynyñ ermenilerden tapawutlanýandygyny, olaryñ öýlerinde biri aradan çyksa ýedi gije-gündiz işlemän, edil jöhitler ýaly ýas tutýandyklaryny, şenbe güni işlemek gadagan diýen kada uýýandyklaryny we familiýalarynyñ-da jöhit atlaryna menzeşdigini aýdýar. Alymyñ pikiriçe, elbetde, bu "jöhitligiñ dowamydyr". Nassi pakradunileriñ söwda we maliýe gatnaşyklarynda has işbaşarjañdyklaryny nygtamak bilen, edil şolar ýaly ýene bir toparyñ Gruziýadaky gruzinleriñ içinde täsirliligini saklaýandygyny ýazýar. Dabagýan pakraduniler tarapyndan meçew berilip, 1863-nji we 1895-nji ýylda osmanlylara garşy turzulmaga synanşylan gozgalañyñ Osmanly döwletine ikilik etmekden ýüz öwren Gregorýan ermenileriniñ goldamandygy üçin şowsuzlyga uçrandygyny ýazýar. Alym pakradunileriñ häli-häzirem bardygyny, ýöne olar öñküleri ýaly guramaçylykly ýagdaýda hereket edýänlerinden ýa etmeýändiklerinden habarynyñ ýokdugyny, çagalygynda "pakraduni" sözüniñ hapa-paýyş sözleriñ biri hökmünde ulanylandygyny hem ýazýar. Ýusuf BESALEL. # "Şalom" gazeti, 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||