07:50 Ata-ene perzent üçin görelde | |
ATA-ENE PERZENT ÜÇIN GÖRELDE
Pedagogika we edep-terbiýe
Kanun bilen iş salyşýan hünärmenler ýurdumyzyñ her bir raýatynyñ ykbalyna adalatly, jogapkärçilikli çemeleşip, lebzi halallyk, kalby päklik bilen zähmet çekmeli. Şeýle-de ýaşlaryñ we ýetginjekleriñ arasynda baý durmuş tejribesini toplan ýaşulular, saglygy goraýyş, bilim ulgamynyñ işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyñ wekilleri bilen bilelikde, ýaşlaryñ Watana wepaly, başarjañ, päk ýüreklj, halal adamlar bolup ýetişmeklerini ündäp, yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Ata-babalarymyzyñ nygtaýşy ýaly, ýaşaýyş üçin ähli zatda ölçeglilik, sazlaşyk zerur. Şonuñ üçin biziñ borjumyz maşgalada perzendiñ we ata-enäniñ öz hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek bolup durýar. Ata-ene öz perzendiniñ häsiýetlerini, güýmenjelerini, olaryñ boş wagtlaryny nämä sarp edýändigini ünsde saklamalydyr. "Ogul-gyz görer gözüñ nurudyr!" diýen pederlerimiz durmuşda ata-enäniñ göreldesini perzent üçin wajyp orunda goýupdyrlar. Bu häzirki wagtda hem şeýledir. Ata öz terbiýesinde mertlige, paýhasa ýugrulan dözümlilige ýykgyn edýär. Enä bolsa syzgyr bolany üçin, maşgalada esasy orna eýedir. Ata-eneleriñ durmuşda öz perzentlerine hemmetaraplaýyn nusga bolmagy möhüm zerurlykdyr. Çagany terbiýelemekde zähmete esasy orun degişlidir. Zähmet çagalarda ene-ata hormat goýmak, ulyny sylamak ýaly häsiýetleri terbiýelemek bilen bir hatarda, olarda durmuşda öz ornuna düşünýän şahsyýet bolup ýetişmäge ýardam edýär. Giñ dünýägaraýyşly, pikirlenip bilmek we netije çykarmak ýaly ukyplary ösdürýär. Ýaşlarda ruhy-ahlak ýörelgelerini kämilleşdirmek, olary watançylyk, ynsanperwerlik hem zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemegi amala aşyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylda "Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" Türkmenistanyñ Kanuny we 2015-nji ýylda "Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy" kabul edildi. Ýer ýüzünde şadyýan çaga sesinden dabaraly sena barmyka? Megerem, ýok bolsa gerek. Bagtyýar balalar her bir ojakda ajaýyp şertlerde ýaýnap, sagdyn kemala gelip, owadan Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere ýetirsinler. Goý, olaryñ şadyýan gülki sesleri ýañlanyp dursun! Bossan NURÝAGDYÝEWA, Babadaýhan etrap polisiýa bölüminiñ Ýerli wekiller bölümçesiniñ Kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ işi boýunça toparynyñ başlygy, polisiýanyñ maýory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |