07:15 Atlaryñyz owadan at bolsun... | |
Dünýä taryhyny türkmenlersiz göz öñüne getirmek mümkin däl. Üçeksiz, suwagsyz, aýnasyz-gapysyz jaýy göz öñüne getiriñ. Türkmensiz taryh hem şol dört diwar ýaly ýalañaç taryhdyr.
Edebi makalalar
Yslamyñ ikinji müñýyllygynyñ beýik mürşidi, beýik yslam alymy, asly dört Çaryýarlaryñ üçünjisi Hezreti Omara baryp direýän we Hindistanda ýaşap geçen Ymam Rabbanynyñ "Mektubat" ("Hatlar") kitabynda taryhy taýdan gymmatly maglumatlaryñ üstünden bardyk. Bilnişi ýaly Ymam Rabbany yslamy içinden çüýretmek üçin dörän wahhabyçylyk, kadyýanyçylyk ýaly ters akymlaryñ ideologlaryny ylmy dialoglar arkaly gazaply tankyt edipdir. Şeýle hem ol yslamyñ arassa ýoluna howp salyp biljek islendik ýaramaz edim-gylymlara sessiz galmandyr. Şöhratly türkmen serkerdesi, Hanlaryñ Hany Muhammet Baýram Hanyñ ogly, Hanlar Hany Abdyrahym Han hem Ymam Rabbanynyñ döwründe ýaşap geçipdir. Kitapda Ymam Rabbanynyñ Abdyrahym Hana ýazan birnäçe hatlary bar. Hatlardan çen tutsañ, Ymam Rabbanynyñ Abdyrahym Hany nähili hormatlaýşyny, Abdyrahym Hanyñam bular ýaly beýik alymyñ sözüni diñleýändigini we maslahatlaryny amal edýändigini bilmek kyn däl. Terbiýeçilik gymmatyny we taryhy ähmiýetini nazarda tutup, ol hatlaryñ birini terjime edip, siziñ dykgatyñyza ýetirýäris. ◆ ◆ ◆ YMAM RABBANYNYÑ ABDYRAHYM HAN TÜRKMENE ÝAZAN HATY (Ymam Rabbanynyñ "Mektubat" ("Hatlar") kitabynyñ 23-nji haty). Bu hat Han-Hanan ady bilen meşhur bolan Abdyrahyma (rahmetullahy aleýh) arapça ýazylyp, dini jahyllardan (nadanlardan) öwrenmegi gadagan edýär we at saýlap almak barada söz açýar. Allatagala hemmämizi (boş) sözden halas edip, iş etmegi nesip eýlesin. Ynsanlaryñ iñ oñady we hemmämiziñ Pygamberiniñ (s.a.w) hormatyna amalsyz ylymdan, derege ýaramaýan bilimden gorasyn! Arapça ýazylan bir şygyrdan terjime: Her kim bu dogaga "Omyn" diýse eger, Haktagala ol gula rehmet eýleýir! Eý, belent ýaradylyşly doganym! Allatagala Siziñ ýaradylyşyñyzda bolan kemallygyñ orta çykmagyny yhsan eýlesin! Bu dünýä ahyretiñ ekin meýdanydyr. Munda tohum sepmän, ýaradylyşda bolan, ýer deýin hasyl beriji güýjüni ulanyp bilmediklere, mundan peýdalanmadyklara, amal we ybadat tohumlaryny elden giderenleriñ gününe itler aglasyn! Ýer deýin hasyl beriji mümkinçiligi ulanmazlyk, ol ýere hiç zat ekmezlik ýa-da zyýanly tohum ekmek bilen bolýar. Bu ikinjisiniñ zyýany, emele getirýän bozuklygy birinjisinden birnäçe esse ýokarydyr. Zäherli tohum ekmek, dini, dini dersleri dinden habary ýoklardan öwrenmek we din duşmanlarynyñ kitaplaryndan okamakdyr. Çünki din jahyllary nebsine eýerýändir we öz keýpine kowalaşýandyr. Olar dini öz göwünleriniñ islegine görä düşündirerler. Garşysyndakynyñ bolsa nebsini azdyrar we kalbyny garaldar. Çünki din jahyllary din dersini berende (din kitabyny ýazanda) yslamyýete laýyk däl zady laýyk zatdan aýyl-saýyl etmez. Ýaşlara nämäni we nähili düşündirmegiñ gerekligini bilmez. Ol şägirdini-de özi ýaly nadan edip ýetişdirer. Birnäçe zady okap ýat tutanyñ bilen (ylymyñ başga ugurlarynda belli bir derejä geleniñ bilen, ylymda we sungatda rowaçlyk gazananyñ bilen) din adamy bolup bolmaz (din kitaby ýazyp bolmaýar) we din barada ders berip bilmez. Bir din alymy ýaşlara din öwretjek wagtynda bulara ilki dinsizler, yslam duşmanlary (we jahyl din adamlary) tarapyndan şygar edilen ýalñyş propogandalary, töhmetçilikli pikirleri seljerip, olaryñ arassa we ýaşajyk kellelerini munuñ ýaly zäherlerden arassalamalydyr. Eýýäm zäherlenen ruhlaryny bolsa bejermäge çalyşmalydyr. Soñra ýaşlaryna we añ-düşünjelerine laýyklykda, olara yslamyýetiñ prinsiplerini, peýdalaryny, emirlerindäki we gadagan eden zatlaryndaky hikmetleri, inçelikleri we adamzady sagadatly durmuşa ýetirýändigini iñ täsirli görnüşde añlaryna ýerleşdirmelidir. Şeýlelikde ýaşlaryñ ruh bakjalarynda dertlere dowa, ruhlara iýmit bolan ajaýyp bägüller kemala geler. Bular ýaly din alymyny ýetişdirmek iñ uly gazançdyr. Olar ýaly adamlaryñ nazary-da ruhlara täsir edýär. Sözleri kalplary özüne bendi edýär. Yslam dinini taýýar lukma deýin ýuwtmak, suwsuz galanda buz ýaljak şerbet içip on iki süññüñ bilen lezzetini duýmak ýalydyr we bu diñe şular ýaly Allanyñ halan adamlarynyñ sakylyk etmegi bilen mümkin bolýandyr. Allatagala hemmämizi Muhammediñ (s.a.w) dogry ýolundan aýyrmasyn! Omyn. Çünki ynsanlary dünýä we ahyret rahatlygyna gowuşdyrjak diñe bu ýoldur. Pars dilinde ýazylan şu bent, gör, ne ajap sözlenipdir: Arabystanda doglan Ahmet aleýhyssalam, Iki jahanda üstün Oldur, heman! Gara ýeriñ astynda galsyn, her zaman Onuñ gapysynda ýer dek bolmaýan! Pygamberleriñ "ala nebiýýina we aleýhymussalawatu weteslimat" iñ beýgine, iñ belent mertebelisine bizden salamlar bolsun! Bir zada haýran galýaryn, siziñ arzyly serpaýyñyza mynasyp bolan şahyrlardan biriniñ kapyrlaryñ adyna meñzeş at göterýänini eşitdim. Munuñam üstesine ol seýitlerden, mertebesi belentde tutulyp söýülmeli adamlaryñ hataryndan ekeni. Käşgä, muny eşitmedik bolsadym... Ol bu bolgusyz ady näme üçin aldyka? Hiç hili düşünip bilemok. Beýle ady almakdan aýylganç ýolbarslardan gaçan ýaly gaçmak gerekdir. Çünki bu atlar we olaryñ eýeleri Allatagalanyñ duşmanlarydyr. Musulmanlaryñ (isle hristian, isle ýewreý, isle başga dinli, tapawudy ýok) kapyrlary duşman hasaplamagy emir edilendir. Munuñ ýaly pis atlary çagalaryna goýmazlyk her bir musulmana parzdyr. Meniñ adymdan oña aýdyñ! Bu alan adynu derhal üýtgetsin! Onuñ ýerine ondan haýyrly we musulmana gelişýän bir at goýsun. Musulmana musulman ady dakmak ýaraşar. Allatagalanyñ halajak we Onuñ Pygamberiniñ (s.a.w) begenjek adyny goýmak yslam dininde bolmak bagtyna eýe bolan her bir adama parzdyr. (Ebu Dawudyñ we Muhammet ibni Hibbanyñ aýtmagyna görä, Resulalla (s.a.w): "Kyýamat güni atlaryñyz we atalaryñyzyñ atlary bilen çagyrylarsyñyz. Şonuñ üçin owadan atlary alyñ!" diýipdir. Tirmiziniñ rowaýat etmegine görä, Hezreti Aýşa aýdypdyr: "Resulalla (s.a.w) erbet atlary çalyşypdyr".) Tirmizi we Ibn Maje rowaýat edýär: Abdylla ibn Omar (r.a) aýdypdyr, "Hezreti Omaryñ bir gyzynyñ ady Asiýe ekeni. (Asiýe - dawa, pitne turuzyjy diýmegi añladýar). Resulalla (s.a.w) ol ady aýryp, Jemile diýen ady dakýar". Bular ýaly başga-da birnäçe adamyñ atlarynyñ, ýer we köçe atlarynyñ çalşylyp, musulmanlara ýaraşýan atlaryñ dakylandygyny Ebu Dawut habar berýär. Hadysda: "Erbet gümana galynjak ýerlerden gaçyñ" diýip emredilýär. Dinsizlik alamaty bolan we gümany oýandyrýan atlary goýmakdan (sözleri sözlemekden, alamatlary ulanmakdan we işleri etmekden) gaça durmak her musulmanyñ borjudyr. "Bakara" süresiniñ 221-nji aýatynda: "Musulman bolan bir gul kapyr bolan begden ýokardadyr" diýilýär. Muhammet alaýhyssalamyñ ýolundan gidenlere Allatagala salamat bersin. Omyn. Mala-mülke olma magrur, diýme: "Barmy men deýin", Garşyñdan bir ýel öwser, sowurar harman deýin. Ymam Rabbany - Ahmet FARUKY SERHENDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||