23:12 Aýazbaba / hekaýa | |
AÝAZBABA
Çagalar edebiýaty
Altynjyk adatdakylardan has ir oýandy. Sebäbi bu gün ýolka baýramy. Oña häzir ozaly bilen-ä gowy edip ýuwnar. Soñam ertirligini ediner-de, kakasy bilen mekdebe - Täze ýyl dabarasyna gatnaşmaga gider. Altynjyk bu güne gaty kän wagtlap garaşyp gezipdi. Ol Täze ýyl sowgadyndanam has beter Aýazbabany görmäge höwesekdi. Ýogsam, hut düýnüñ özünde onuñ gatnaýan çagalar bagynda hem Täze ýyl dabarasy geçirilip, onda-da Aýazbaba çykyş edipdi. Altynjyk hatda şonda öz joralary Ejegül, Dünýä, Gülşirin dagy bilen bilelikde, Aýazbabany orta alyp tansam edipdiler, aýdymam aýdypdylar. Baý, şonda hezillik bolupd-a. Arman, ony Altynjygyñ kakasy görüp bilmändi. Ynha, bu gün bolsa ol ýene bir Aýazbabany görmeli. Özi-de kakasy bilen bileje. Ýogsa-da onuñ kakasynyñ mekdeplerindäki Aýazbaba nähilikä? Asla ol ýerde Aýazbaba barmyka beri? Kakasynyñ golundan ýapyşyp, jompuldap barýan Altynjyk bu hakda soramasa, ynjalmady: - Kaka, ýolkañyzda Azaýbaba-da barmy? - Azaýbaba däl, gyzym Aýazbaba. Hany diý! - Azaýbaba... Kakasy Altynjyga bu günki Täze ýyl dabarasynda ýeke bir Aýazbaba-ha däl, Garpamygyñam, hatda Tilkidir Towşan, Aýydyr Möjek ýaly ençeme haýwanlaryñam çykyşlarynyñ boljakdygyny şeýle bir gyzykdyryp gürrüñ berdi weli, Altynjyk begenjine nädip mekdebe ýetenlerinem duýman galdy. Kakasynyñ diýeniçe-de bar ekeni. Görse, ynha, öwşün atyp duran owadan ýolka. Bir enaýy aýlanyp dur özem. Kakasy Altynjygy ho-ol öñdäki oturgyçlaryñ birinde, özi ýaly kiçijik gyzjagazlaryñ ýanynda oturtdy-da, oña pugta sargady. - Şu taýda otur-da, arkaýynja görüber, gyzym. Menem hol oturgyçda oturjak... Birbada ýadyrgajak ýaly etse-de, Altynjyk gapdalyndaky nätanyş gyzjagazlar bilen kem-kem öwrenişdi gitdi. Ynha-da dabara başlandy. Çykyş üstüne çykyşlar. Goşgy, aýdym-saz, tans... Birdenem zalda çagalaryñ hor bolup: - Aýazbaba! Aýazbaba!!! - diýşip gygyrýan göçgünli sesleri ýañ salyp başlandy. Begenjine çapak çarpyp oturan Altynjyk dagy hem ulularyñ seslerine ses goşdular. - Azaýbaba! Azaýbaba! Azaýbaba! Ine-de, egni ak possunly Aýazbaba golundaky äpet hasasyny tarkyldadyp, zalda peýda boldy. Garpamykdyr beýlekilerem onuñ yzy bilen hatara düzüldiler. Aýazbabany görüp, hasam şähdi açylan Altynjyk bu gyzykly pursaty kakasyna buşlamakçy bolanda, onuñ ýerinde ýokdugyny duýup, dura-bara keýpi gaçdy. Ol oturan-u-dik duranlary ýeke-ýeke nazaryndan geçirip, olaryñ içinden kakasyny gözledi. Ýöne ony hiç tapmady. Ahyram ýene alaçsyz, sahnadaky oýunlara tomaşa etmäge başlady. Görse eýýäm gapdalyndaky ähli gyzjagazlar Aýazbaba bilen gol tutuşyp, ortada tans edip ýörler. Oñaýsyz ýagdaýda galan Altynjyk utanjyndan nätjegini bilmedi. Ýöne Aýazbaba dessine oña kömege ýetişäýdi. Golundan tutup, Altynjygy hem ýolkanyñ daşyndan aýlap başlady. Hatda oña bir gysym kemput bilen hozam berdi. Şonda Altynjyk ýene-de kakasyny gözledi. Ýene-de tapmady. Şeýle ýagdaý soñam kän-kän gaýtalandy. Ahyry bolmajagyna gözüni ýetiren Altynjyk Aýazbaba ýalbarmaga başlady: - Azaýbaba! Azaýbaba, kakamy tapyp beýäý-dä?.. Goh-galmagalyñ içinde Aýazbaba-da onuñ gulagyna pyşyrdady: - Kakañy näme etjek, gyzjagaz?! - Oña Azaýbabany göýkeýjek... Aýazbaba örän gowy adam ekeni. Ol Altynjyga kakasyny tapyşmaga hökman kömek etjekdigini aýtdy. ...Aýazbabanyñ elinden tutaklap, zaldan çykan Altynjygyñ nazary daş-töweregindedi. Ol şindem kakasyny gözleýärdi. - Seniñ kakañ, megerem, ho jaýda bolsa gerek, gyzjagaz - diýip, ýolboýy göwünlik berip barýan Aýazbaba Altynjygy gabatdaky klas otaglarynyñ birine alyp bardy. Barşyna-da egnindäki possundyr başyndaky şypyrmasyny aýryp, olary asgyja geýdirip goýdy. Kakasyny tanan Altynjygyñ guşy uçdy. - Ka-ka!!! Sahyt ORAZALYÝEW. "Watan" gazeti, 01.01.1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |