21:41 "Ýýak, hawa-la..." / ýumoreska | |
"ÝÝAK, HAWA-LA..."
Satiriki hekaýalar
- Durmuşda köpler pul diýip hars urýarlar weli, esasy baýlyk saglyk dälmidir? - Ýýak, hawa-la... - Ony diýen bolýas. Ýöne puluñ bolmasa-da, aljak galañ-a ýok. - Ýýak, hawa-la... - Ýeri, bor-la. Bal diýeniñ bilenem agyz süýjäp baranok. Alýanja aýlygymyz, şükür, maşgalamyzy aýlamaga-ha ýetýär. Galan zatlañam näme, bir zady bor-da?.. - Ýýak, hawa-la... - Ýöne, dogrusy, bir aýlyga ýaplanyp oturmagam... Baý, eklenmegem kyn bold-ow. - Ýýak, hawa-la... - Dogry, käte gazete-beýlekä odujak-budujak zat çyrşan bolýas weli, şondanam bäş-üç şaý gelmän-ä duranok. Eýsem, şo-da çagalara süýji-köke almaga... - Ýýak, hawa-la... - Bäh! Bir kitap ýazyp, ogluny öýerýän ýazyjylar barmyşyn. Şolar dagy diýýän-ä, gaty baýdyr-ow?.. - Ýýak, hawa-la... - Olañkyñ ýanynda dagy, biziñ alýanja gonorarymyz... Bäş-üç manatdan pul bolýarmy diýsene. - Ýýak, hawa-la... - A-aý, bolýa-la. "Kanagata bereket" diýipdirler. Jan saglygy bolsa, dura-bara hemme zadam bolar barar-da. - Ýýak, hawa-la... - Şeý diýen bolaýýas, ýöne özüñçe barly-ýoklar gapdalyndan "Wolgaly" ýa "Žigulili" daz ýasap geçip gidýärler weli, içiñ ýangyjyna özüñi öldüresiñ geliberýär, how?! - Ýýak, hawa-la... - A-how, diýýän-ä, men nämeler samran bolup durun-a?! Indi gel-gel, ölümden başga gürrüñ tapmadyñmy diýsene. - Ýýak, hawa-la... - Bir zady zol-zol gaýtalap dursañam, ýüregiñe düşüberýär. - Ýýak, hawa-la... Sahyt ORAZALYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 25.08.1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |