18:49

Aýazhan / erteki

Ertekiler
Категория: Ertekiler | Просмотров: 625 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024
Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024
Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Revo  
484
"Malyň ýamanynyň gatyr bolýandygynyň sebäbi-de, ol owal gargyş siňen haýwandyr, özünden hem hiç wagt tohum ýaýramaýar, onuň üçin bolsa gatyr iň erbet mal bolýar."

Kyssasyl Enbiýanyň, Ybraýym alaýhyssalam kyssasyndan bir bölek:
"Nemrut (goý, oňa nälet bolsun!) adamlaryň bu pikirini bildi. Ol: «Halk menden dönüp, Ybraýym tarapa öwrüläýmesin» diýip gorkdy we howsala düşdi. Ol: «Muny tutuň we ony oda ýakyň. Siz öz hudaýlaryňyza ýardam beriň» di ýdi. Olar Ybraýymy oda salmagy maslahat bildiler. Nemrut: «Eý, Ybraýym! Meniň taňrymyň tamugy bar. Ol öz günäkärlerini ot bilen gynaýar. Men bu gün seni ot bilen gynaýyn. Onsoň kim seni bu azapdan gutarjakdygyny göreýin» di ýdi. Nemrut hemme leşgerine dört aýlap odun ýygdyrdy. Haýsy bir kölüge odun ýüklemekçi bolsa, ol ony götermedi. Düýä ýüklediler, ol çökdi we turmady. Eşek we at bu işi kabul etmedi. Ahyry oduny gatyra ýüklediler. Ol bu işi kabul etdi. Ybraýym bu zatlary görüp durdy. Ol gatyra nälet etdi. Şol sebäpli: «Gatyrdan nesil önmez» diýipdirler. Şu günler hem gatyra ýük ursalar, ony urmasalar we sögmeseler ol ýerinden gozganýan däldir."

0
2 Revo  
484
"Guşuň erbedi bolsa, alahekge bolýar, çünki ol janawer agzyndan guzlaýar"

Alahekgäniň ýada alahekegiň (köpçülikde ogrujada diýilýär) agzyndan guzlaýanlygy mif ýaly eşidilýär.

Alahekek.
Meýdan alamatlary: gargadan biraz maýda. Oňat tanalýan, uzyn guýrukly gara-ak reňkli guş. Kellesi, boýny we arkasy gara, garny, guýrugynyň üsti, eginlerindäki we ganatlaryndaky inli zolaklar ak. Ganatlary metal ýalpyldyly, ýaşylymtyl - gögümtil ýa-da ýaşylymtyl - gök. Guýrugynyň aşagy gara, üsti – ýaşylymtyl, gögümtil we gyzylymtylmetalsypat öwüşginli. Ýaş guşlaryň ýelek örtügi has ýumşak, goňurrak ýokundyly we metal ýalpyldysyz. Sesi pert jakyrdama. Gysga ganatlaryny ýygy-ýygydan kakyp, tolkunsypatda, agyrlyk bilen uçýar. Ganaty – 17.5- 23.0, guýrugy – 22.9-26.6 sm, agramy - 165-261 g.
Meňzeşlikleri-tapawutlary: basgançakly uzyn guýrugy we garaak reňki bilen beýleki gargalardan tapawutlanýar.
Ýaýran ýerleri: Ýewropanyň hemme ýeri, Günorta-Günbatar, Günorta- Gündogar, Merkezi we Orta Aziýa, Demirgazyk Amerikanyň günbatary. Türkmenistanda Köýtendag, Bathyz, Sarygamyş, Köpetdag, derýalaryň jülgeleri, we Hazaryň kenarynda Günbatar Uzboý.
Ýaşaýşy: oturymly guş. Dürli landşaftlarda ýaşaýar, derýalaryň joşup giňän ýerlerinde, ekerançylyk, miweli we saýaly baglyk, bakjaçylyk meýdanlarda, ilatly nokatlarda ýaşamany halaýar. Aprelde höwürtgeleýär. Höwürtgeleri özboluşly.
Ýokarysy ýapyk, gapakly, beýik agaçlarda, seýrek gyrymsylarda seýrek gurýar. 4-6 sany goňur menekli mawumtyl-ýaşyl ýumurtgalary goýýar. Aprel-maýda jüýjeleýär. Dürli mör-möjekler ädiktikerler, wyžžyldawuklar, jykjyklar, çarlaklar, çekirtgeler, şeýle-de gurçuklar, maýda oňurgaly haýwanlar we ösümlikleriň miweleri, tohumlary bilen iýmitlenýär. Tebigatda 20, emeli şertlerde 15 ýyla
çenli ýaşaýar.
Statusy: oňat tanalýan, adaty,
bölekleýin ýaýran guş.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]