16:38 Aýdaly, bendileriñ göze görünmeýän zynjyrlaryny ýoldugam-da, näme bolar öýdýärsiñ? | |
AÝDALY, BENDILERIÑ GÖZE GÖRÜNMEÝÄN ZYNJYRLARYNY ÝOLDUGAM-DA, NÄME BOLAR ÖÝDÝÄRSIÑ?
Filosofiýa
Adamlar çagaka has bagtlydyr, sebäbi hemişe öz bolmalysy ýaly hereket edýärler... Bir gowagy göz öñüne getir, dostum. Girelgesi boýdan-başa günüñ ýagtysyna açyk ýerasty gowak. Adamlar hem şol gowakdamyş diýeli. Çagalykdan bäri hemmesi zynjyrlanan. Ne duran ýerinden gymyldap, ne-de kellesini öwrüp bilýärler. Diñe dik garşysyny, öñlerini görýärler. Yş hem yzdan düşýär. Alysda bir depede ýanýan otdan düşýär. Ot bilen aralarynda bir ýol bar, ýoluñ uzaboýuna-da adamyñ boýundan geçýän haýat. Gözbagçylary tomaşaçylardan aýyrýan setleri bilýänsiñ, üstünde gurjaklaryny serip goýýandyrlar, şolar ýaly haýat... Göz öñüne getir, adamlaryñ elinde birtopar zatlary bar: tagtadan, daşdan ýasalan dürli-dürli adam ýa-da haýwan heýkeljikleri. Adamlar haýatyñ bir gyrasyndan ýöräp barýar. Kimsi gepläp barýar, kimsi dymyp. Geñsi görnüş diýersiñ, bendileriñ bolşy hasam geñsi. Ömür boýy kellelerini eýläk-beýläk öwrüp bilmeli däl. Özlerini-de, tanyş-bilişlerini-de arkalaryndan geçýän zatlary-da haýatyñ ýüzüne düşýän sudurlaryndan görmeli. Şindi birdenem gowagyñ içinde bir sesiñ ýañlanyp gidendigini göz öñüne getiriñ. Daşardan biri gygyrdymy belli däl, ýöne bendiler sudurlaryñ biri gygyrandyr öýdýärler, şeýle gerek? Gepiñ keltesi, olar üçin bir hakykat bar: Sudurlar. Aýdaly, bendileriñ göze görünmeýän zynjyrlaryny çözdügem-dä, olary wehim-howatyrlaryndan halas etdik. Näme bolar öýdýärsiñ? Düşündireýin. Aýaga galmakda, kellesini eýläk-beýläk öwürmekde we ýagtylyga seretmekde kynçylyk çeken bendi bulary edende-de azap barsyny çekerdi. Gözleri gamaşardy, sudurlaryny görmäge öwrenşen zatlaryny tanamazdy. Biri oña "Ömürboýy gören zatlaryñ hyýaly zatlardy. Indi hakykat bilen ýüzbe-ýüz bol" diýse, soñam hakyky zatlary birin-birin görkezse, agzyny açyp galardy we gowakda gören zatlaryny soñky görkezilýänlerden has hakyky hasaplardy. Birem şuny göz öñüne getir, bendini gowakdan çykaryp, ýoda bilen idip, günüñ ýagtysynyñ düşýän ýerine äkitdik. Görgüli gygyrdy, çabalandy, gaharlandy… Gulak asmadyk. Günüñ ýagtysyna golaýlaşdygyça gözleri hasam gamaşdy. Hakyky zatlaryñ hiç birini saýgaryp bilmän başlady. Soñra kem-kemden ýagtylyga öwrenişdi. Ilki sudurlary aýyl-saýyl etdi, yzyndan adamlaryñ we jisimleriñ suwa pagşyldap urulýan seslerini Agşam düşensoñ ýüzüni göge tutdy, Aýy gördi, ýyldyzlary gördi. Gündizine Günüñ suwuñ ýüzündäki keşbine seredip bildi. Yzyndan asmandaky Güne seretdi. Soñ oýlanmaga başlady. Ol pasyllary-da, ýyllary-da Gün döredýändir, Güni göze görnüp duran dünýäniñ häkimidir öýtdi. Bendiler gowakda näme gören bolsalar, barsy Gïbüñ eseridi. Hem ötüp giden günlerini ýada saldy. Oña okymyşlygy, pähimdarlygy nähili ýalñyş düşündiren ekenler. Ol indi özüni bagtly duýýardy, gowakda galan dostlaryna gynanýardy. Öñki durmuşyna, öñki wehim-howatyrlaryna gaýdyp gelmezlik üçin islendik kynçylyga döş germäge taýýardy. Adamyñ gowaga dolanyp gelşini göz öñüne getir. Tümlüge añsat-añsat öwrenişip bilermi? Dost-ýarlaryna hakykaty aýtsa, ony diñlärlermi? Agzyny açyp-açmanka ýañsa alarlar: «Señ daşarda gözüñ gapylypdyr, dost. Kän samrap durma. Biz öz duran ýerimizden hoşal. Bizi daşaryk çykarjak bolýan işigaýdanlara nebsimiz agyrýar». Ine, şeýle, meniñ gadyrdan dostum. Saña aýdyp beren hekaýatym biziñ öz bolşumyzyñ beýanatydyr. Ýerasty gowak - göze görnüp duranlaryñ dünýäsi. Beýige çykarylan bendi - çelgiler, ideallar älemine göterilen ruh. Eflatunyñ "Döwlet" eserinden bölek. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |