ÄÝNEGIÑ OÝNY
- Asyl, Gurbanyñ özi bir töwra adam. Öz gününe kaýyl bolup geziberende, ile gülki bolmazdy. Ýöne göreniñ Gurban-da, yñan ugruna gözi ýok ýaly gidip otyr.
- Beýle janygýañ welin, Gurbana näme bolupdyr?
- Tagapyl et dost, häzir düşündireýin. Edaramyzyñ işgärleriniñ köpüsi äýnek dakynýardy. Işimiziñ esasy bölegi hat-petek bolansoñ, äýnegiñ ýardamy az bolanok. Äýnek dakynsañ, hezil edip ýazyp, okap oturmaly. Telim çarşenbäni beýläk geçirenimizden soñ, gözler egbarlap ugrapdyr. Aý, garaz, ýene bir jübüt göz goşulan ýaly bolýar. Onsoñ biz äýneklerimizi biri-birimize mazamlap öwünmek öwünýäs welin, asyl kemini goýamyzok. Gurbanam äýnege gyzygyp ugrady. Ine, bir günem Gurban biziñki ýaly görşüñe ýardam edýän äýnek edinipdir. Irden işe gelsek, ol gyzyl tapan ýaly äýnegini ýylpyldadyp, ýylgyryp otyr. Ýerli-ýerden Gurbany gutladyk. Birimiz Gurbany ylymlaryñ kandidatyna meñzetsek, ýene birimiz professoryñ agynjak özi diýdik. Başga biri Gurban äýnekli ýagdaýynda hut meşhur akademik diýip, kesgitli baha berdi. Garaz, işimiz Gurban boldy. O bende bolsa, pöwhe sözlere şeýle bir beleñ alýar, gabarylyp oturyşam gülkünç.
- Be, Gurban ýeleksiz ýigit eken-ow?!
- Haý, Gurbanyñ bar bol-a, şo gün-ä işimizi gördi. "Gurban jan, täze äýnekde gazet okap bersene!" diýip, haýyş etdik. Özüni professora meñzetmäge jan edýän Gurban ulumsylyk bilen gazeti eline aldy. Şol tiñkesini gazete dikip, doñdurylan ýaly bolup otyr. "Şu günki teleprogrammany okaýsana" diýdik. Birsalymdan Gurbana seretsek, ýüzi ýuwusgadan ätläniñki ýaly ak tam bolupdyr. Äýnegem burnunyñ üstüne düşüpdir. Gözi hanasyndan çykara gelipdir. "Bi ýerde, "şahyr sygyr okaýar" diýlip ýazylypdyr. Hemmämiz tisginip gitdik. Beýle-de bir zat bolarmy? Ýüregimize düşdi bir dowul. Gazeti özümiz alyp okadyk: "Heý, äýnegiñ gurasyn! Şahyr sygyr okaýar ahyryn bu" diýip käýindik.
- Onsoñ Gurban äýnegiñi aýyrdymy?
- Ýok-la-a! Gurbana görşüñi gowulandyrýan äýnek ýaramaz täsir etse-de, ondan daşlaşasy gelenok. Sebäbi äýnek dakynsa professor ýaly görünýär-de. Gözüniñ öñi garañkyrap dursa-da, äýnekli işlän bolup otyr. Şol güni başlygyñ çykyşy üçib dokladyñ tekstini taýýarlady. Başlygam näme, kagyza ýazylyp berlen zady okaýar-da. Hawa, onsoñ başlyk ýygnakda: "Kollektiwiñ tagallasy bilen hormatly hasapçymyz Hemranyñ öýüne gyz (gaz) eltildi. Öýe tebigy gyzyñ gelmegi gowy. Hözirini görýär" diýip okaýmazmy. Turdy bir gopgun-galmagal. Hemra aganyñ keýwanysy Jemal daýzany zordan köşeşdirdik. "Sakgaly ütülmişiñ başga öýi, özge aýaly bardyr" diýip, zary-girýan aglap otyr. Gurban berk käýinç bilen başyny gutardy.
- Şondan soñ-ä äýnegi bilen hoşlaşandyr.
- Aýtdym-a, Gurban ýerinden gelme keçjal diýip. Öýünde keýwanysyna gazet okap berip, gülki ýassygy bolupdyr. "Diñle, keýwany, peýdaly maslahatlary okap bereýin" diýip, şol şum äýnegini dakynypdyr. Sesini arçap, nyzam bilen okapdyr. "Her gün ýatylmazynyñ öñüsyrasy aýalyñy (aýagyñy) ýuwmaly". Bi söz ýassykdaşynyñ gulagyna ýarapdyr. "Şeýtsene kakasy, günde bolmasa-da günaşa inimize suw alyp durar ýaly etseñ bolýa-la" diýip, suw gyzdyrmagyñ ugruna çykypdyr. Öz ýalñyşynyñ sepini bildirmejek bolup, suwly meseläni birýüzli edipdir. Soñ weli, äýneginiñ gümüni çekipdir. Keýwanysy bolsa: "Aýu, kakasy, birenaýy äýnek dakynyp, gazet okap berýärdiñ welin, onam-a goýduñ bu günler" diýip degýärmiş. Garaz, şeýdip Gurban ile gülki-hä boldy. Indi ony "Gurban äýnek" diýmeseñ tananoklaram.
Jumadurdy ALIKOW.
#edebiyatwesungat_99
Satiriki hekaýalar