Türk detektiw ýazyjysy Aýşe Erbulak 1957-nji ýylda dünýä indi. Onuñ kakasy tanymal teatr artisti, žurnalist Altan Erbulakdyr. Geñ göräýmeli, onuñ teatr artisti bolan ejesiniñ ady-da Altan bolupdyr. Altanlar munuñ çäklenmändir, olar täze doglan gyzjagazyna-da bu ady dakdylar. Aýşe Erbulak 16 ýaşaýança bu at bilen gezýär.
Ankara uniwersitetiniñ döwlet konserwatoriýasyna okuwa girende Jüneýit Gökçer oña adyny üýtgetmegi maslahat berýär, olam muny kabul edýär. Şeýlelikde suduñ karary esasynda Altan Erbulak Aýşe Erbulaga öwrülýär.
Aýşe Erbulak biraz wagt geçensoñ Ankara uniwersitetini taşlaýar we Stambul munisipialetiniñ konserwatoriýasynda okuwyny dowam etdirýär. Ýöne ol ýerde-de okuwyny tamamlaman žurnalistlige baş goşýar. "Güneş", "Günaydın", "Sabah" gazetlerinde işleýär.
1987-nji ýylda ilkinji gezek professional artist hökmünde Aly Poýrazogly adyndaky teatryñ sahnasynda çykyş edýär. Kakasy Altan Erbulak bilen bile oýnan bu spektaklyñ ady "Seçimlerdi".
Has soñra maşgala ýagdaýy sebäpli Norwegiýa göçen Aýşe Erbulak ol ýerde hem işleýär, hemem azyk önümleri boýunça okaýar. Ol Norwegiýada "Smilee" atly kafe açýar. "Skatval" we "Stjördal" teatrlarynda işleýär. "Stjördal" teatry bilen bile 2010-njy ýylda Türkiýä gelip, Halkara teatr festiwalynda norweg dilindäki bir spektaklda oýnaýar.
Aýşe Erbulak adamsy aradan çykansoñ, bir ýylyny geçirip watanyna dolanýar. Şeýdip on iki ýyl dowam eden norweg depderi-de tamamlanýar. Artistlik karýerasyna Türkiýede dowam eden ýazyjy "Metin Zakoğlu Cafe Theatre", "Lush Kabare", "BKM Mutfak Sahne", "Hayal Kahvesi" ýaly birnäçe hususy teatrlarda "stand up" çykyşlaryny edýär. "Pis Yedili" atly teleserialda hem oýnaýar. "Duru Tiyatro" teatrynda "Nafile Dünya" atly spektakly bilen teatr sahnasyna-da dolanyp geldi. 2014-nji ýylda artistlik, ýazyjylyk we suratkeşlik ugurlary boýunça okadýan "Erbulak Evi" atly hususy kurslaryny açdy.
Birinji adamsy Ryza Külegeç bilen on dokuz ýaşda nikalaşan Aýşe Erbulak soñra Norwegiýa göçmegine sebäp bolan Wily Banga durmuşa çykýar. Üçünji gezek bolsa 2015-nji ýylda Özden Özgürdal bilen nikalaşýar. Onuñ birinji adamsyndan Daghan Külegeç atly bir ogly bar.
Aýşe Erbulagyñ ilkinji detektiw romany "Aşa şekerli ölüm" 2012-nji ýylda neşir edilýär. "Goragçy aýallar ("Hafiye Karılar") trilogiýasynyñ birinji kitaby bolan bu romanyndan soñ trilogiýanyñ beýleki kitaplary "Limonsöw ölüm" we "Baýrakly ölüm" satuwa çykýar. 2014-nji ýylda "Dokuz otag jenaýatlary" ("Dokuz Oda Cinayetleri"), 2017-nji ýylda bolsa "Jenaýat synpynyñ başlygy" ("Cinayet Sınıfı Başkanı") atly romanlary detektiw muşdaklaryna gowuşdy.