11:34 Köçe haýwanlary üçin iýmit / detektiw hekaýa | |
KÖÇE HAÝWANLARY ÜÇIN IÝMIT
Detektiw proza
Siliwri taraplarda baý adamlaryñ dynç alýan añrybaş daçalygy bardy. Ol ýerde ýigrimi bäş sany ýörite bag-bakjaly, aýratyn serhowuzly, iki gat binaly, bäş otagly willalar bardy. Agaçlaryñ boýy uly bolansoñ, bir willanyñ howlusyndan beýlekisini görüp bolanokdy. Hiç kimiñ hiç kimi tanamaýan, käbir ýaşaýjysynyñ ýyllap ýaşap oturan, käbir willalaryñam hepdelik, aýlyk, bir möwsümlik kireýne berilýän bu daçalygy deñziñ kenarynda ýerleşýärdi. Dört aýal we üç sany erkek awtoulagdan yzly-yzyna düşdüler. Willanyñ açary Kamiliñ aýaly Minäniñ elindedi. Ol öñden ýöräp gapyny açdy. Garawul sözünde durup, öýi syryp-süpüripdir. Gelenleriñ hiç biri uly goş götermändi. Olaryñ hemmesinde dört tigirçekli, samolýodyñ bagažyna sygýan kiçijik çemodan bardy. Howa diýseñ gowudy, şeýle-de bolsa hiç kim deñze girip suwa düşeýin, seleñläp ýataýyn diýenokdy. Olar derhal aýdylany edip bu ýerden gitmek we dagy-duwara bu ýeri ýada salmazlyk isleýärdiler. Kamil, Nezih we Demir itleriñ ullakan iýmit torbalaryny we et dograýan stanogyny awtoulagdan düşürip öýe getirdi. Mine: - Otaglara nädip ýerleşeris? - diýip sorady. Demir oña: - Bar zatdan öñ hammama gowy esewan etmeli. Nirde ýatanlygymyzyñ näme tapawudy bar?! - diýip sorag bilen jogap berdi. Willa girenlerinden soñ olar bir-birleriniñ ýüzüñe çiññerildiler. Olaryñ hemmesiniñ ýüzi örän ünjüli görünýärdi. Ilki bolup söze Kamil başlady. - Bir teklibim bar. Agşam gowy edip ussa saçagyny ýazalyñ, iki bulguram raki iceliñ howluda. Ertir ir bilen işe başlarys... Emine ýoldaşynyñ sözüni kesdi. - Ýok, bolmaz. Üns çekmejek bolmaly. Töwerekdäki goñşulardsn bizi soranlarynda "Bilemzok, ýuwaş adamlardy. Geldiler, öýde kän görmedik, deñizde bolaýmasalar. Soñam gitdiler, onsoñam ol öý her möwsüm bir dynç alyja kireýne berilýär, gelip-gidip durlar" diýsinler. Howluda içmäliñ, göz bar-gulak bar. Ýöne içmeli bolsa öýde içäýeliñ. Zerrin hem ýoldaşyny tassyklady. - Emine hak aýdýar. Eýwanda sessizje iýip-içeliñ, iki bulgurjyk raki-de içäýmeli bor-da. Kamil kän göwnemänligini bildirip: - Dynç almaga gelýän adamlar çişlik bişirýär, bizem bişirsek erbetmi näme, doganjygym? - diýse-de, ýoldaşlarynyñ göwünsizdigini görüp, aýak diräp durmady. Dört otagly willanyñ otaglaryna ýerleşdiler. Gelenleriñ syrtynyñ aşagynda tiken bar ýalydy. Çünki olaryñ etmeli işleri ýürek bulaýjydy. Olar Stambuldan getiren işdäaçarlaryny stoluñ üstünde goýdular. Rakilerini içdiler. Owallar durmuşlary çepbe çöwrülmänkä azyndan aý bir gezek biriniñ öýünde toplanyp iýip-içerlerdi. Süýji söhbetlerden doýup bolmazdy. Häzir bolsa olar ne gepleýärdiler, ne-de bir-birleriniñ ýüzüne seredýärdiler. Sessizje iýip-içip bolanlaryndan soñ ýerli-ýerden saçagy ýygnaşdyrdylar. Willanyñ içi ne arassa, ne hapady. Belli bir eýesi bolman, ýaşaýjysy çalt-çaltdan çalşyp duransoñ, kireýkeşleriñ derdine ýararlyk ýönekeý mebeller goýlupdyr. Howa sowuk bolmasa-da, o diýen yssam däldi. Tomusyñ gutarmagyna az wagt galypdy. * * * Iki willa añyrda oturanlar täze kireýkeşleriñ kimliginden habarlary ýokdy. Ýöne täze kireýkeşler welin, iki willa añyrda oturanlaryñ kimligini örän gowy bilýärdiler. Olaryñ wezipesi şol salgyda ýaşaýan iki sany ýaramaz adamy ýok etmekdi. Bu ýok etme şeýle bir köstsüz edilmelidi, hatda olaryñ bedenleri-de tapylmaly däldi. Olara berilen tabşyryk şeýledi. Näme etmelidigini meýilleşdirip durmagyñ geregi ýokdy. Olaryñ näme iş etmelidigi we nähili etmelidigi esgere tabşyrylyşy ýaly berk tabşyrylypdy. Telefondan gelýän ses: - Örän añsat bolar alada etmäñ. Ýagdan gyl sogrulan ýaly bolar - diýýärdi. Ertesi irde öýüñ hammamynyñ her millimetrini galyñ neýlonlar bilen örtüp çykdylar. Yz galdyrmajak bolup şeýtdiler. Diñe gözi açyk suw geçirmeýän neýlon tulumlary kimleriñ geýjegini has öñden kesgitläpdiler. Olary üç erkek geýmelidi. Banu: - Hany, onda eşikleriñizi çykaryñ, çuw-ýalañaç bolup soñ geýiñ. Biz dolanyp gelenimizde äýnekleriñizi dakarsyñyz - diýdi. Emine bilen Nezihiñ aýaly Zerrin awtoulagdan tigirçekli taburetkalary alyp geldiler. Dört aýal ilki daçalygyñ içinde aýlandylar. Öñ fotosuratlar bilen iş salşansoñ, öýüñ ýerleşýän ýerini we deñiz bilen aralygyny gowy bilýärdiler. Soñra hemmeleriñ deñize giden, öýüñ orta ýaşly gyzynyñam deñze suwa düşmäge giden wagtynda iki willa añyrdaky öýüñ gapysyny kakdylar. Gapyny ýetmişiñ onlugyny tamamlap barýan, ýüzi asyk garry aýal açdy. Kempire güler ýüz bilen salam beren Emine, Zerrin, Banu we Mine dagylar: - Salam, biz siziñ täze göçüp gelen goñşyñyz, kofe içäýeli diýip geldik - diýdiler. Ýöne olar kempiriñ ýüzüniñ açylyp gidibermändigini gördüler. Şeýle boljagynam bilýärdiler. Garry aýal: - Häzir biz boş däl, ertir gelseñiz gowy bolardy - diýen badyna, dört aýal içeri girip, ellerindäki pürküji serişdäni onuñ ýüzüne tutdular. Ýörite gazyñ täsirinden başy aýlanan Aýnur bilen Hikmete itleri huşundan giderýän sanjym etdiler. Ikisini-de tigirçekli taburetkalara oturdyp, adam görmänkä gelen willalaryna dolandylar. Bihuş bolup ýatan garryny ýokaryk, has öñräk neýlon bilen örtülen hammama çykardylar. Kempiri çykarmak añsat bolanam bolsa, erkek adamy ýokary çykarmak kynyrak boldy. Mundan soñky bolan işler elhençlikler filmine tomaşa edeniñde-de bolmaýan aýylgançlygyñ çygrynda bolup geçdi. Dograýjy stanoklaryñ arassalanmagy we gaplardaky etleriñ it-pişiklere berilýän iýmitlere garylyp köçedäki eýesiz haýwanlara berilmegi birnäçe güne çekdi. Bolsa-da ahyry dyndylar. Işlerini dynansoñ, uludan bir dem aldylar. Tabşyryk doly ýerine ýetirilipdi. * * * Dört aýalyñ kofe bahanasy bilen gapyny kakan güni deñizden dolanyp gelen Güliz ene-atasynyñ öýde ýoklugyna geñ galdy. Olaryñ biri hökman öýde bolardy, esasanam ejesi. Ol çagalygyndan bäri kakasynyñ öýden uzak wagtlaýyn gitmelerine öwrenşipdi. Ýöne ejesi hemişe diýen ýaly öýde bolardy. Ol diñe bir gezek uzak wagtlap hassahanada ýatmaly bolupdy, ejesine gan beripdi. Güliz öýe gelensoñ nahar-şor taýynlady. Garaşa-garaşa uklap galdy. Ertesi öýde hiç kimiñ ýoklugyna geñ haýran galdy. Iki günläp ejesindenem, kakasyndanam gara beren bolmady. Dünýä inen gününden bäri bile bolan ejesiniñ birdenkä ýanynda bolmazlygyna näme etjegini bilmedi. Kakasynyñ bolmazlygam geñdi. Soñky ýyllarda olaryñ ikisi-de mydama öýde oturardylar we gyzyna buýruk bererdiler. - Güliz, suw getir! - Güliz, öýi arassala! - Güliz, kir ýuw! - Güliz, eşikleri ütükle! - Güliz, çalt gel! - Güliz, dükana gidip-gel! - Güliz, kän eglenme! - Güliz, kän telewizora aññalma! - Güliz, kitap okap oturma, gel arkamy owkala! - Güliz, nirde sen, Hudaý tutmuş! - Güliz, ýatýan ýerime gel! - Güliz, göwüsleriñi aç! - Güliz, otagyma bar-da çykarynyp, maña garaş! - Güliz, ýadadym senden! - Güliz, aýaklaryñy aç! - Güliz, ýüzüñi asma! - Güliz, özüñi kakaña bagş et! - Güliz, künti sen, jelep sen! - Güliz markete gidip-gel! Soñra kyrk sekiz sagatlap bu sözleri ilkinji gezek eşitmän ýaşamak onuñ üçin birtüýslidi, ýöne diýseñ gowudy. Nahar etmän, holodilnikde bar zatlardan iýip oññut etdi. Ol ene-atasynyñ nirä gidenlerini pikir etse-de, olaryñ dolanyp gelmelerini asla islänokdy. Ol häzir ýeke başyna diýseñ bagtlydy. "Indi hiç haçan gelmezlermikä?" diýip içinden pikir etdi. Şu pikiri etmegiñ özi oña bagtyýarlyk duýgusyny berýärdi. Ejesiniñ gapjygyndan pul alyp dükana gitdi. Satyjy onuñ ýeke özüniñ dükana gelmesine geñ galyp durmady, sebäbi ol mydama ýeke gelerdi. Satyjynyñ bir bilmedik zady, Güliziñ ejesiniñ gapjygyndan soraman pul alanlygydy. Ejesi Gülize pul berse, ýassygynyñ aşagynda bukup saklaýan gapjygyndan bererdi we gapjygyñ ýerini özünden başga hiç kim bilmeýändir öýderdi. Güliz bilse-de bilmezlige salan bolýardy. Onuñ ömri geplemän dymyp geçdi. "Ýogsa-da, olar nirä gitdilerkä? Belkäm meni taşlap gidendirler?" diýen soraglary öz-özüne bermekden ýadan Güliz, ahyrynda polisiýa habar bermegi müwessa bildi we jañ edip: - Ene-aram dereksiz ýitdiler, birnäçe gün bäri öýde ýok - diýip habar berdi. Aýşe ERBULAK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |