20:45 Azatlyk / ýumoreska | |
AZATLYK
Satiriki hekaýalar
- Siz azat. - Sag boluñ, jenap. - Siz azat. - Minnetdar, jenap. - Sen indi erkin adam, nirä gidesiñ gelse, gidiber. Näme diýesiñ gelse, diýiber. - Köp sag boluñ, jenap. - Sen näme diýesiñ gelen zady diýibereñok? - Men eýýäm diýdim-ä! - Näme diýdiñ? Haçan diýdiñ? Men-ä heniz hiç zat eşidemok. - Ýañy: "Köp sag bol!" diýmedimmi? - Onyñ az. Nirä gidesiñ gelse, gitmäge, näme diýesiñ gelse, diýmäge hukugyñ bardygyna begen-de, şatlykdan ýaña bir ýerde durup bilmän, böküp, tans et. - Ynha, tans edip durun-da. - Munyñdan tans bolmaz. Uzaklardanam görnüp durar ýaly, hiç kimiñ saña ganalga bermeýänligi bildirer ýaly, seniñ şatlykdan ýaña bir aýagyñda has belendiräk bökmäge hukugyñ bar ahyryn. Ynha, şunuñ ýaly. Indi tans edişiñ ýagşy. - Mümkin bolsa, aýtsañyzlañ, jenap, şatlykdan ýaña tans etmegimi az mahallyk goýmaga rugsat edilýärmi? Ýogsam meniñ demim içime dolup, böwrümden sanjy tutup başlady. - Hany, men bir instruksiýamy göreýin. Ynha, altynjy statýa, bellikde şeýle diýilýär. Şatlykdan ýaña bökjekläp tans etmekden, çagalykda gyzamykdan galan sanjysy bolan adamlar boşadylýar." - Sag boluñ, örän minnetdar, jenap. Bir azajyk demimi dürsäýin... - Tans etmäñi goýjak bolma, böküber! Sen heniz gyzamykdan galan sanjyñ bardygy hakdaky sprawkañy maña görkezeñok. - Bagyşlañ jenap, men seniñ kimdigiñem-ä tanamok?.. - Men azatlyk boýunça berlen çäksiz hukugy neneñsi peýdalanmalydygyny ilata öwredýän instruktor. - Sag boluñ, çäksiz minnetdar. Aýsañyzlañ, jenap instruktor, men şol berlen çäksiz azatlykdan peýdalanman bilerinmi? - Bilmersiñ! Başga zada ünsüñi sowma. Şatlykdan ýaña böküber. Belendiräk, has belendiräk bökjekle... Wiola MARKONI, (Meksika). Rusçadan terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW. "Tokmak" žurnaly, 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |