12:20 Aziýany baglan türkmen pälwany | |
AZIÝANY BAGLAN TÜRKMEN PÄLWANY
Sport we turizm
Türkmen milli göreşi medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri göreş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelipdir. Olar bu sungaty diňe bir toý-dabaranyň, baýramyň bezegi hökmünde görmän, eýsem, göreşi dürli çylşyrymly, gapma-garşylykly meseleleri çözmegiň, parahatçylygy saklamagyň, özara düşünişmegiň, ýaraşmagyň sungaty derejesine ýetiripdirler. Batyrlygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň alamat-nyşany hökmünde görlen göreş sungaty türkmen halkynyň arasynda şeýle bir meşhur derejä baryp ýetipdir welin, gadymy döwürler bu sungat bilen türkmen gelin-gyzlary hem meşgullanyp, ony hatda maşgala gurmagyň bir çözgüdi derejesine çenli ösdüripdirler. Muňa «Kitaby dädem Gorkut» şadessanyndaky Bamsy Beýrek bilen Banuçiçegiň, «Görogly» eposyndaky Görogly beg bilen Harmandäliniň arasynda bolan göreşleri we beýlekileri mysal hökmünde görkezse bolar. Halk arasyndan ýygnanyp alnan rowaýatlarda-da taýsyz pälwan hesaplanan Salyr Gazanyň hem özi ýaly bir pälwan gyz bilen göreşip, ony ýeňendigi beýan edilýär. Şeýle taryhy pälwanlaryň biri hem orta asyrlarda Aziýanyň «çempiony» derejesine göterilen Mahmyt Pälwan bolupdyr. Her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda, erki, ukyby, zehini taplamakda hereketiň — sportuň peýdasy çäksizdir. Türkmen milli göreşi hem aýkido, dzýudo, guşakly göreş, karate, kuraş, taekwondo, uşu ýaly beden taýdan taplanan, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde synagdan geçen we nesilden-nesle geçip gelýän asylly däpleriň biridir. Türkmen milli göreşi Aziýa oýunlarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi Türkmenistanda köpugurly sportuň ösdürilmegine, her bir adamyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň netijeli hasiýete eýediginiň anyk güwäsi bolup durýar. Döwrüniň belli pälwany, ussal rubagyçy şahyr Mahmyt Pälwan, irki çeşmeleriň agramly böleginiň berýän maglumatlaryna görä, 1255-nji ýylda gadymy Horezmde, has dogrusy, Gürgenç − Köneürgenç topragynda dünýä inip, 1326-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Şahyryň aramgähi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda öz adyny göterýän Ysmamyt ata öwlüýasinde ýerleşýär. Mahmyt Pälwanyň öz ady Mahmyt, kakasynyň ady Ýar ýa-da Pirýar bolupdyr. Ilat arasynda Pirýar weli ady bilen meşhur bolan bu şahsyň aramgähi Köneürgenç şäherindedir. Abdyrahman Jamynyň «Nefehatul-üns», Alyşir Nowaýynyň «Nesaýymyl-muhabbet», Hüseýin Wagyz Kaşifiniň «Futuwwetnamaýy Soltany», Kemaleddin Hüseýin Gäzergähiniň «Mejälisul-uşşak» atly eserlerinde we beýleki ilkinji çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň ilkibaşdaky adynyň «Mahmyt Böke Ýar», ýagny «Ýaryň ogly Mahmyt Böke (Pälwan)» görnüşinde meşhur bolandygy beýan edilýär. Bu maglumatlar Mahmyt Pälwanyň gelip çykyşy boýunça türkmen pälwany bolandygyny anyklamakda uly ähmiýete eýedir. Çünki «böke» sözi irki türkmen dilinde pälwan diýmegi aňladypdyr. Bu sözüň manysy bekewül (bökewül) — göreş tutýanlaryň emini — sözünde saklanyp galypdyr. Mahmyt Pälwan halk arasynda Mahmyt ata, Pälwan ata, Hezreti Pälwan, Pälwan Mahmyt, Pilmahmyt ýaly dürli atlar bilen atlandyrylypdyr. Häzirki döwürde ol Ysmamyt ata ady bilen meşhurdyr. Bu barada akyldar şahyr Magtymguly Pyragy özüniň «Şypa ber» atly şygrynda: «Horezm ýurdunda ýatan jananlar, Ismi Mahmyt — ar päliwan şypa ber», Oraz Aşyky (XIX asyr) hem «Medetkär Ysmamyt Pälwan bölaýdy» diýip ýatlap geçýär. Şahyr ylym-bilimi söýýän, halalhon, takwa we pälwanlykdan baş çykarýan maşgalada önüp-ösüpdir. Ol başlangyç bilimi Gürgençde alýar. Onuň öz döwrüniň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolandygyny, döwrüniň pelsepewi, jemgyýetçilik-syýasy, sopuçylyk we edebi ylymlaryndan oňat baş çykarandygyny çeper rubagylary, «Kenzil-hakaýyk» («Hakykatlar genji») atly eseri we köp sanly ylmy çeşmeler tassyklaýar. Şahyryň biziň günlerimize 200-den gowrak rubagysy, «Kenzil-hakaýyk» atly mesnewisi, bir gazaly we birnäçe kytgasy gelip ýetipdir. Onuň çuňňur pelsepä ýugrulan döredijiligi diňe bir parsy dilli türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar edebiýatynyň hem ösmegine itergi beripdir. Çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň Kattaly edebi tahallusyny ulanandygy beýan edilýär. Onuň biziň döwrümize Kattaly tahallusy bilen ýazan eserlerinden diňe ýeke-täk bir gazaly gelip ýetipdir. Mahmyt Pälwan diňe bir rubagyçy şahyr bolman, eýsem, ol örän güýçli pälwan hem bolupdyr. Pälwanlygy şahyrlygyndan, şahyrlygy pälwanlygyndan zyýada bolan Mahmyt Pälwan kakasynyň ugrukdyrmagy bilen, ýaşlykdan göreş sungaty bilen içgin gyzyklanypdyr we meşhur pälwan bolup ýetişipdir. Bu barada Alyguly han Dagystany«Ryýazuş-şugara» atly eserinde: «Ol özüniň belent mertebeli we hormatly kakasynyň ýörelgesine eýerip, pälwanlyk lybasynda bir älemi janlandyrdy, azat-erkinlik eşiginde bir älemi özüne bendi etdi...» diýip, Mahmyt Pälwana ýokary baha beripdir. Bu maglumat onuň pälwanlar neberesinden bolandygyna şaýallyk edýär. Ol örän berdaşly, daýaw, kuwwally, haýbatly pälwan bolup, kämillik ýyllarynda Horezmde, Mawerennahrda, Horasanda, Eýranda, halda Hindislanda hem onuň arkasyny ýere degrip bilen pälwan tapylmandyr. Ol bütin ömrüne bu ülkeleriň baş pälwany hökmünde toýlarda, dabaralarda ýa-da ýörite göreş ýaryşlarynda yzygiderli göreş tutup, hemişe ýeňiş gazanypdyr. Hatda şa pälwanlaryny-da ýenip, uly at-abraýa eýe bolupdyr. Şonuň üçin orta asyr tezkireçi alymlary oňa örän ýokary baha beripdirler. Türkmen tezkireçisi Lutfulla beg Azer Begdiliniň 1174-nji hijri-kamary − 1760-1761-nji milady ýylynda ýazan «Ateşkedeýi-Azer» atly eserinde ol hakynda: «Pälwanlyk owazasy, jismany we ruhany kuwwaty jahany tutan (eýelän). Öz döwründe taýsyz, belki, hiç döwürde hiç kim onuň bilen merdanalyk lapyny urup bilmez. Şygyr sungatynda hem ussat bolupdyr» diýlip, pälwanlyk abraýy bilen bir hatarda ussal rubagyçydygy hem nygtalypdyr. Mahmyt Pälwan göreş sungatynyň inçe syrlaryny doly özleşdirenden soň, ýörite pälwanlyk sport mekdebini — göreş öýüni açyp, köp sanly şägirtleri ýetişdiripdir. Şonuň üçin ol wagtyň geçmegi bilen pälwanlaryň piri hasaplanylyp ugrapdyr. Soňabaka onuň ady pälwanlaryň pälwany, pälwanlaryň piri diýen manyda, hatda baş pälwana berilýän lakam manysynda ulanylyp ugrapdyr. Şonuň üçin onuň goşgulary ilkibaşda şägirtleriniň arasynda, soň-soňlar bolsa göreş meýdanyndaky pälwanlaryň arasynda okalypdyr, ondan medet dilenipdir. Pälwanlar onuň ady bilen ant içipdirler, göreş öýlerinde bolan dabaralarda, «Ýa Pirýar weli» diýen sözi dilleriniň senasy edip, ondan ruhy goldaw tapypdyrlar. Şonuň üçin bu endik soň-soňlar däbe öwrülip, ol ýörelge Eýranda, Owganystanda we Hindistanyň kabir ýerlerinde häzire çenli saklanyp galypdyr. Ol göreş öýünde öz şägirtlerine diňe bir pälwançylygyň inçe syrlaryny, inçe sungatlaryny öwretmän, olara, ilkinji nobatda, ynsanperwerlik, ejize hemaýat, entäni goldamak ýaly adamkärçilikli ýokary ahlak ýörelgelerini hem öwredipdir. Çeşmelerde Mahmyt Pälwanyň örän ynsanperwer, adamkärçilikli, Watanyny, il-ýurduny söýen pälwan bolandygy barada biri-birinden az-kem tapawutly, emma biri-biriniň üstüni ýetirýän birnäçe hekaýatlardyr rowaýatlar, ylmy maglumatlar saklanyp galypdyr: Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Mahmyt Pälwana Hind ülkesiniň şasy Çunadan öz huzuryna çagyrýan bir çakylyk gelip ýetipdir. Bu çakylykda onuň näme maksat bilen çagyrylýandygy beýan edilmändir. Şonda Mahmyt Pälwan özüni hindi şasy hyzmatynda gulluk etmäge çagyrandyr öýdüp, Watanyny hiç bir zada çalyşmajagyny aýdyp, permana garşylykly şu rubagyny goşupdyr: Bir zergär oglanjyk − ülkesi Miltan, Çakylyk getirdi berdi diýp soltan, Men-u dostlarmyň hümmeti gaşynda, Bir arpa alynmaz Çuna, Hindistan. Emma gaýyp äleminden oňa ol ýere gitmek barada bir yşarat bolupdyr, ýagny pälwan özüniň göreş tutmak üçin ol ýere çagyrylandygyny bilipdir. Şondan soň ol Hindislana barypdyr. Hind mülküniň patyşasynyň bir atly pälwany bar eken. Palyşa Mahmyt Pälwany şol pälwan bilen göreşdirmek üçin çagyran eken. Hindistana baran Mahmyt Pälwan özüniň hemişeki kadasy-ýörelgesi bilen göreş tutuljak gününden bir gün öň Allatagala doga-dileg etmek maksady bilen mukaddes öwlüýälere zyýarata barýar. Doga-dileg edip durka, bir keramatly mazaryň başynda bir garry aýalyň nalyşy bilen Taňra doga-dileg edip: «Hudaý-a, bu Horezmden gelen pälwanyň garşysynda meniň oglumy şermende-ýüzügara çykarmagaý Sen. Oglumyň hem, biziň hem ykbalymyz şoňa bagly, bizi şanyň gazabyna duçar etmegeý Sen» diýip, mynajat kylyp, ýal-baryp duranyny görüpdir. Bu zenanyň şa pälwanynyň enesidigini bilen Mahmyt Pälwan onuň zaryn sözlerine, nälyşyna we perişanlygyna dözmän, ertesi toýda şa pälwanyndan ýykylmagy müwessa bilýär. Patyşa Mahmyt Pälwan bilen öz pälwanyna göreş tutmagy emr edýär. Mahmyt Pälwan bir-iki gezek zor salandan şa pälwanynyň özünden ezizdigini bilýär. Emma ol birnäçe wagtlap tomaşaçylary gyzykdyrmak maksady bilen dürli göreş emellerini ulanyp, halka hezil berýär. Soňra, adam ykbaly bilen baglanyşykly bolany üçin, bilgeşleýin garşydaşyndan ýykylýar we özüniň bu işinden hoşal bolýar. Hindi patyşasy hem begenip, maksadyna ýetýär. Şägirtleri ýagdaýy aňlap, ondan närazy bolýarlar. Şonda Mahmyt Pälwan olara: − Güýç synanyşmakdan, göreşmekden maksat diňe bir garşydaş pälwanyňy ýere ýykmak däl, pälwana ilkinji gerek zat merdanalykdyr, ejize mähribanlykdyr, goldawdyr: Güýçli elin, güýç-kuwwatyň şüküri, Ejizleriň elin tutmak ahyry − diýip, pälwanlygyň ahlak ýörelgeleri barada olara öwüt-nesihat beripdir. Emma olar halypasyndan närazy bolupdyrlar. Şonda Mahmyt Pälwan olara: «Men ýykylsam hem, ýyksam hem, öňki Mahmytdyryn» diýip, şäherden daşary — sähra çykyp, olar bilen ýeke-ýekeden göreş tutup, baryny ýykýar. Emma hindi şasy ýörite çagyryp getirdendigi üçin, Mahmyt Pälwany, ýykylan hem bolsa, hormatlap-sarpalap, öz söhbedine-mejlisine goşupdyr, ýürekdeşlik edip, aw-şikara bile gidipdir. Bir gün Mahmyt Pälwany hem özi bilen alyp, daglyk ýerde aw awlap ýörkäler, şanyň kowalap barýan awy gaýadan uçupdyr. Patyşa hem atynyň jylawyny saklap bilmändir. Atyň iki aýagy kemer gyrasynda galyp, öňki iki aýagy hata bolanda — gaýadan sallananda, şanyň ýany bilen al çapdyryp gelýän Mahmyt Pälwan derrew elini uzadyp, aty üstündäki patyşa bilen bilelikde göterip, düz-tekiz ýerde goýupdyr. Muny gören patyşa örän haýran galyp: «Munuň ýaly aýylganç güýjüň bilen meniň pälwanymdan ýykylmagyň geň galdyryjy» diýipdir. Şonda Mahmyt Pälwan onuň düýp sebäbiniň şanyň özüdigini ýaňzydyp, şu rubagyny aýdypdyr: Mert kişi nebsine bolýandyr emir, Hiç kime daýanmaz, özgä tekge biýr, Düşeniň aýagyn almak mertlik däl, Mertlik ýykylana bolmakdyr destgir. Şonda Hindistanyň patyşasy hoşal bolup, Mahmyt Pälwana hormat-sarpa bilen ýüzlenip: «Menden näme dilegiň bolsa dile, bitireýin» diýipdir. Mahmyt Pälwan patyşadan maly-dünýä, altyn-kümüş dilemän, birwagtlar Hindislana ýesir düşen horezmli ýesirleri azat etmegini haýyş edipdir. Hindistan patyşasy Mahmyt Pälwanyň haýyşyny kabul edip, horezmli ýesirleri boşadyp, ýol harajatlaryny-da berip, Horezme iberipdir. Kabir rowaýatlarda gelşine görä, şa şonda Mahmyt Pälwana bir pil sowgat beripdir. Şonuň üçin oňa Pilmahmyt hem diýlipdir. Bu rowaýatlar we taryhy maglumatlar Mahmyt Pälwanyň örän adamkärçilikli, ejize hemaýalkär, entäne ýardam etmek-de öz bähbidinden geçmegi başarýan, watansöýer ynsan bolandygyna şaýatlyk edýär. Horezmdir Horasany, Eýrandyr Turany, hatda Hindistany hem öz pälwanlygy bilen baglan, halk arasynda belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi bilen giňden tanalan türkmen gerçegi: Birgöwün awlamak — uly haj, bilseň, Müň Käbeden artyk bir ýürek, bil sen — diýmek bilen, ynsan mertebesini bar zatdan ýokary tutupdyr. Rahmanberdi GODAROW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri. «Türkmenistan» gazeti, 2017-nji ýyl, 25-nji noýabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |