MILLI MIRASYŇ HAZYNASY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilýär. Şöhratly taryhymyza, milli medeni mirasymyza, danyşment alymlarymyza çuňňur gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň adamzada haýyrly bütin pelsepewi-ruhy mirasynyň häzirki galkynýan jemgyýetimiziň täze ideologiýasynyň binýady bolup durýandygyny nygtaýar. Hut şoňa görä, türkmen halkynyň golýazma mirasyny has çuňňur öwrenmekde, onuň meselelerine has içgin çemeleşmekde mundan ýigrimi bäş ýyl ozal, 1993-nji ýylyň 15-nji martynda döredilen, 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndan bäri Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ygtyýaryna berlen Milli golýazmalar institutynyň öňünde täze wezipeler emele geldi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitabyny türkmen halkyna sowgat etmegi, 2018-nji ýylyň hem şeýle atlandyrylmagy milli mirasymyza bolan söýgini has-da artdyrdy, golýazma çeşmelerini toplamak, ylmy taýdan öwrenmek, halk köpçüligine ýetirmek, wagyz-ündew etmek, geljekki nesillere abat ýetirmek işlerine badalga berdi.
Türkmen halkynyň köki geçmişiň müňýyllyklarynyň gatlaryna siňip gidýän örän baý we gadymy taryhy bar. Adamzat taryhynyň iň gadymy siwilizasiýalarynyň döremeginde, halklaryň medeni-ylmy gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alşyp-çalşylmagynda dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkyna, Jeýtun, Marguş, Dehistan we Ürgenç siwilizasiýalarynyň dörän Diýaryna — Türkmenistana uly orun degişlidir. Türkmen halkynyň dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşlylygy bilen tapawutlanýan baý hem-de gözbaşy gadymyýetden başlanýan milli medeniýeti bar. Haly, ahalteke bedew atlar, milli şaý-sepler we beýleki ençeme gymmatlyklar dünýä medeniýetine uly goşantdyr. Golýazma mirasy hem türkmen halkynyň ruhy gymmatlygy hökmünde aýratyn orun tutýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň milli baýlygy bolan golýazma mirasyna örän ýokary baha berip, şeýle diýýär: «Golýazma mirasy döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän adamzadyň iň gymmatly baýlygydyr. Häzirki döwürde gadymyýetiň daşa, göne, kagyzlara ýazylan ýazuw ýadygärlikleri halklaryň medeni taýdan özara baýlaşmagyna, ýakynlaşmagyna we düşünişmegine ýardam berýär, halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär».
Golýazma ýadygärlikleri, ähli halklarda bolşy ýaly, türkmen halkynyň hem medeni baýlygynyň bir bölegidir. Nepislik bilen ýazylan, ýokary çeperçilik bilen bezelen ajaýyp golýazmalarymyz diňe bir beýik akyldarlarymyzyň döreden eserleri bolman, eýsem, olar kagyz taýýarlaýjy ussalaryň, hatdatlaryň, suratkeşleriň, nagyşçy we kiçi görnüşli suratlary çekiji — miniatýuraçy ussatlaryň, zer çaýyjylardyr jiltleýjileriň ellerinden çykan gymmatly milli mirasdyr. Şu ýerde ýene-de hormatly Prezidentimiz, akademik, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine ýüzlenmek isleýäris: «Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň ýaňyny özüne sindiren, nepislik bilen ýazylan we ýokary çeperçilik bilen bezelen hem-de kagyz taýýarlaýjy ussalaryň, hatdatlaryň, bezegçileriň, zer çaýyjylaryň ellerinden çykan golýazma çeşmeleriniň bir bölegi häzir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda döredilen Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýar. Milli golýazmalar instituty türkmen halkynyň ýazuwly ýadygärliginiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri — golýazmalary abat saklaýan, öwrenýän, ylmy taýdan teswirleýän we neşire taýýarlaýan ýörite ylmy-barlag merkezidir».
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynda seýrek duş gelýän Gündogar golýazmalarynyň on müňden gowragy, türkmen, arap we pars dillerindäki daşbasma kitaplarynyň iki müňe golaýy, halkyň dilinden ýazylyp alnan mirasyň baý hazynasy saklanýar. Bu mirasyň täsinligi we köpdürlüligi diňe bir türkmen alymlarynda däl, eýsem, daşary ýurtly barlagçylarda hem uly gyzyklanma döredýär.
Institutyň gaznasynda milli mirasymyza degişli rus, özbek, gazak, garagalpak, buluç, kürt dillerindäki materiallar, gadymy ýewreý dilinde ýazylan golýazmalar, Nurmuhammet Andalybyň, Magtymguly Pyragynyň, Şabendäniň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň we beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň diwanlarynyň we eserleriniň ýüzlerçesi, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň dürdäneleriniň sanawyna girizilen «Görogly» şadessanynyň birnäçe görnüşleri, küştdepdi gazallary özboluşly türkmen halk döredijiliginiň ýazgylary, türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna we diline, şeýle-de, lukmançylyga, astronomiýa, matematika, geografiýa, haýwanat dünýäsine we beýleki ugurlara degişli köp sanly golýazmalar saklanylýar.
Gadymy hem müdimi golýazma eserleriniň arasynda Döwletmämmet Azadynyň, Mollanepesiň, Misgingylyjyň öz elleri bilen göçüren golýazmalary, Salar baba Gulaly ogly Hyrydarynyň öz eli bilen ýazan we dünýäde ýeke-täk bolan «Jamygut-taryh» eserleri-de saklanýar.
Bu golýazmalaryň arasynda agramy bary-ýogy 100 grama barabar bolan nakysja kitaplar — «Nurnamalar», agramy on ýedi kilogramdan geçýän ylmyň dürli ugurlaryny öz içine alýan Muhammet Sarahsynyň «Muhyt» («Umman») atly äpet golýazmasy hem bar. Onuň ölçegi 58X29,5 santimetre, galyňlygy bolsa 15,5 santimetre barabardyr.
Häzirlikçe institutyň hazynasynda saklanýan arap dilinde ýazylan iň gadymy golýazma XIII asyryň ahyryna degişli «El—Işarat wet-tenbihät» («Bellikler we duýduryşlar»), pars dilinde bolsa, XIV asyryň başlaryna degişli «Adaby-sufiýe» («Sopuçylyk ylmynyň edepleri») atly eserlerdir. Nusaýly türkmen taryhçysy Salar baba Gulaly ogly Hyrydarynyň 1555-1556-njy ýyllarda ýazan «Jamygut-taryh» («Taryhyň ýygyndysy») atly kitabynyň nusgasy gymmatly hem ajaýyp nusgadyr.
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary geçen ýigrimi bäş ýylyň dowamynda medeni-ruhy gymmatlyklary toplamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, ynsanperwer pelsepesine, ylmyna we bilimine, nusgalyk edebiýatyna, gadymy diline, kämil we özboluşly däp-dessurlaryna, köptaraply sungatyna we medeniýetine degişli gymmatly golýazma kitaplarynyň 400-den gowragyny neşire taýýarladylar. Bu eserleriň 200-den gowragy, şol sanda 150-ä golaýy türkmen dilinde we 70-e golaýy daşary ýurt dillerinde neşir edildi. Türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrlary Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Mollanepesiň eserleri azerbaýjan, türk, özbek, täjik, arap, pars, rus we beýleki daşary ýurt dillerine terjime edildi hem-de giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri 20-den göwrak dürli daşary ýurt dillerine terjime edildi. Şolaryň 16 sanysy — arap, urdu, türk, azerbaýjan, özbek, gazak, tatar, ýapon, rumyn, ukrain, iňlis, ispan, ermeni, koreý we beýleki dillere terjime we neşir etmek işleri Milli golýazmalar institutynyň guramagynda ýerine ýetirildi.
Institutda çärýekde bir gezek üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň sahypalarynda umumy we ylmy meseleler, täze açyşlar we işläp düzmeler, medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklaryna dahylly makalalar, gysgaça ylmy we medeni durmuş habarlary berilýär.
TYA-nyň Milli golýazmalar instituty ýakynda täze kitaplary — orta asyr türkmen akyldary Muhammet Awfynyň «Naýbaşy danalar» atly II jiltlik eserini, «Alyşir Nowaýynyň milli edebiýatymyzy ösdürmekdäki hyzmatlary» we «Magtymgulynyň mirasynyň Garagalpagystanda öwrenilişi» atly monografiýalary, «Milli golýazmalar institutynyň işleri — II» ady bilen makalalar ýygyndysyny neşire taýýarlady.
Institutda milli Liderimiziň adamzadyň miras goýan medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak we geljekki nesle ýetirmek ugrundaky ylmy başlangyçlaryndan, medeniýetiň, sungatyň, däp-dessurlaryň nesilleri terbiýelemekde, ynsanlaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde hyzmatynyň çäksizdigi hakyndaky taglymatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň çäklerinden, şeýle hem daşary ýurtlardan golýazma kitaplaryny gözläp tapmak, toplamak işleri ymykly ýola goýuldy. Türkmen halkynyň taryhyna, sungatyna, edebi we medeni mirasyna degişli çeşmeleri, golýazmalary, halk döredijilik eserlerini gözläp tapmak, Türkmenistana getirmek, olary ylmy esasda öwrenmek, terjime etmek we halka ýetirmek maksady bilen, Saud Arabystanyna, Özbegistana, Hindistana, Pakistana, Fransiýa, Belgiýa, Türkiýä, Russiýa, Angliýa, Germaniýa, Eýran Yslam Respublikasyna we beýleki ençeme ýurtlara yzygiderli ylmy saparlar guralyp, bu ýurtlaryň ylmy merkezlerinde, kitaphanalarynda we golýazmalar hazynalarynda saklanýan 2000-e golaý gadymy golýazmalaryň surat, kserokopiýa, elektron nusgalary ata Watanymyza getirildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryna guralan ylmy saparlarda hem ýüzlerçe gadymy golýazma we daşbasma kitaplary, halk döredijilik eserlerine we milli mirasymyza degişli dürli maglumatlar toplanylyp, hazyna tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen dünýäniň ylmy merkezleri, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Juma Al Majid Medeniýet we miras merkezi, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Faýsal adyndaky yslam ylmy-barlag merkezi, Abdulaziz Ylmy merkezi, Günorta Koreýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk boýunça Assosiasiýasy we beýleki ylmy merkezleri bilen, şeýle-de, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň we beýleki ýurtlaryň golýazma institutlary we ylmy edaralary bilen özara ýakyn halkara ylmy-medeni gatnaşyklar dowam etdirilýär. Şu ylmy-medeni gatnaşyklar esasynda, bilelikde ylmy maslahatlar geçirildi, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri terjime hem neşir edildi. Häzirki wagtda Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy adyndaky Edebiýat instituty bilen «Türkmen edebiýatynyň antologiýasy» atly kitaby iki dilde neşire taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan milli medeniýetiň dürli ugurlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryň ýygy-ýygydan geçirilýän ýurdy hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň ýörite kararlary bilen Milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmeniň beýik akyldarlary Mahmyt Zamahşarynyň, Abusagyt Abylhaýyr Mäne babanyň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Baýram hanyň, Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň ylmy-edebi mirasyna, Parfiýa we Seljuk döwletleriniň taryhyna bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlaryň 100-e golaýy, şol sanda olaryň 20-ä golaýy ýurdumyzyň çäklerinden daşarda daşary döwletleriň ylmy merkezleri bilen bilelikde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Wagtyň geçmegi bilen zaýalanýan golýazmalary dikeltmek we abat saklamak üçin mynasyp şertleri döretmek institutyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem öwrenilen tejribeler esasynda, milli gymmatlygymyz bolan golýazmalary ähli babatda aýawly saklamak üçin dürli işler amala aşyrylýar. Zaýalanyp ugran gymmatly golýazmalary tehniki serişdeler arkaly rejelemek, konserwirlemek, jiltlemek, arassalamak, dezinfeksiýa işlerini geçirmek, ýazylan we sahaplanan döwrüne laýyk usulda sahaplamak ýaly dürli dikeldiş we abatlaýyş işleri geçirilýär. Rejeleýiş kagyzynyň we ýeliminiň alnyş ýollary öwrenilýär hem-de öndürilýär, konserwirleýiş we rejeleýiş işleri ylmy taýdan has-dakämilleşdirilýär we bu meseleler bilen bagly gollanmalar taýýarlanylýar. Golýazmalaryň maglumatlaryny öwrenmek, kompýutere geçirmek, görkezijileri ýazyp, ulgam boýunça ýerleşdirmek işleri dowamly alnyp barylýar.
Her bir nesil özünden öňki geçen nesillerden miras galan ýörelgeleri, däp-dessurlary sapak edinýär, olary geljekki nesle geçirýär, has-da kämilleşdirýär. Daragtyň kök urup, şaha ýaýradyşy ýaly, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hem milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan şöhratly taryhyna daýanyp, uly ösüşlere eýe bolýar. Halkyň mukaddes mirasyna inçelik bilen çemeleşýän hem-de beýik sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri, asylly başlangyçlary, öňdengörüjilikli, oýlanyşykly döwlet syýasaty mundan beýlägem rowaçlansyn, jany sag, ömri uzak bolsun!
Rahmanberdi GODAROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň
direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
«Türkmenistan» gazeti, 2018-nji ýyl, 5-nji aprel .
Edebi makalalar