|
BAGT GUŞY
Gadym zamanlarda üç dogan ýaşapdyr. Doganlaryñ ulusy senetçilik hünärini öwrenmek üçin zergärçilik bilen meşgullanýan ussanyñ şägirdi bolupdyr. Doganlaryñ ortanjysy bolsa baýyñ goýunlaryny bakypdyr. Körpesi daýhançylyk edip, ekin ekip, hasyl ýygnapdyr.
Günleriñ birinde Bagt guşy doganlaryñ ulusynyñ ýanyna gelýär we şeýle diýýär:
ㅡ Meniñ saña kömek edesim gelýär. Menden islän zadyñy soraㅡdiýipdir.
Doganlaryñ ulusy köp pikirlenip durman:
ㅡ Maña bir halta altyn berseñ, men razy bolarynㅡdiýipdir. Onuñ arzuwy şol pursat hasyl bolupdyr.
Soñra bagt guşy ortanjy doganyñ ýanyna barypdyr we sözüni gaýtalapdyr. Çopan köp pikirlenip durman şeýle diýýär:
ㅡ Men näçe ýyl bäri baýyñ goýunlaryny bakdym, indi bolsa halys ýadadym. Arzuwym, mende bir uly goýun sürüsi bolsa, hojaýynymdan hem baý ýaşardymㅡdiýýär.
Bagt guşy ortanjy doganyñ arzuwyny hem ýerine ýetirýär. Bagt guşuñ aýdanyna doganlaryñ körpesi köp pikirlenip durman:
ㅡ Maña baýlygam gerek däl, goýun sürüsem. Maña diñe saglyk, şeýle-de parahatlyk we agzybirlik bolsa ýeterlik. Janym sag bolsa iş başarjañlygymam artar.
ㅡ Sen näme üçin baýlyk soramadyñ?ㅡ diýip, Bagt guşy geñ galypdyr. Doganlaryñ körpesi oña şeýle jogap berýär:
ㅡSaglyk ähli zadyb gözbaşy. Eger-de adam sagdyn, agzybir bolmasa, baýlykdan näme haýyr bar. Bu jogap bagt guşuñ göwnüne ýarapdyr. Ol:
ㅡ Sen dogry jogap berdiñ, şonuñ üçin seniñ ýanyñda galjak ㅡ diýipdir.
Şeýlelikde kiçi dogan maşgalasy bilen agzybir durmuşda bagtly ýaşaýar. Uly dogany bolsa altynyny köpeltjek bolup, özüne hiç zat dözmändir. Ortanjy dogany bolsa goýun sürüsini hiç kime ynanman, olary kösenip bakypdyr.
Rus dilinden terjime eden: Oguljennet AMANOWA
''Esger'' gazet. 24.10.2017.
Elektron görnüşine geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap
Ertekiler
|
Категория: Ertekiler |
Просмотров: 806 |
Добавил: afrasyyap
| Рейтинг: 5.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Ertekiler bölümiň başga makalalary