22:13 Bagtly ýigit -3/ powestiñ dowamy | |
■ Guýynyň başynda
Powestler
Annaguly Altyny halady. Emma Altynyň Annaguluny halaýandygy ýa halamaýandygy heniz belli däldi. Annaguly şony bilmegiň ýoluna düşdi. «Hat ýazyp beräýeýin» diýse, Altyn heniz çalasowatlydy. «Bir aýala aýtdyraýaýyn» diýse, käbir aýala içini ynanar ýalam däl, aýdan sagadyň syryň oba jar boljagy görnüp dur. «Ýeke ýerräkde görüp, Altyna duýduraýaýyn» diýse-de, heniz Altynyň hüý-häsiýetine belet deldi. Birden baryp, ejesine aýdaýsa, ullakan masgaraçylyk boljak. Altynlaryň öýlerine birki gezek baraýsaňam, onda-da: «Annagulam azypdyr-ow, Hanyň öýünden çykanok» diýjekler. Garaz, aňsat däl-de?! Nähili bolsa-da, Annagula Altyny görmek hökman gerekdi. Bir gün Altyn ikindinara guýa suw almaga bardy. Howa sowujakdy. Guýynyň töwereklerine agaç ýapraklary gaýyşyp gaçýardylar. Eýleden-beýleden odunly-eşekli geçýärdi. Daşrakda agaç çapýan paltanyň sesi gelýärdi. Obanyň sygyrlary eňňere bolan gowaçanyň içinden gözlerini oba dikişip, haýdaşyp gelýärdiler. Edil şol wagt Annaguly ýap-gazy işinden atly gelýärkä, Altyna duşdy. Görse, Altynyň ýekeje özi guýudan suw alyp dur. Annaguly musa begenip, atyny suwa ýakmak bahanasy bilen guýa baka sowuldy. Altynyň-da Annagula gözi düşeninden, süňňi gowşady. Annaguly guýynyň başyna gelip, atyny sakga duruzdy-da, atdan düşdi, atynyň agyzzyrygyny aýryp, Altyna gülümjiräp bakdy-da: – Altyn, keýgim, bedräňzi beriň, men aty suwa ýakaýyn – diýdi. Altyn mylaýym ses bilen gözüni güldürdi-de: – Ynha – bedre! – diýip uzatdy. Annaguly bedräni guýa sallap, suw çekip çykardy. Atyň öňünde goýdy, at içmedi. Onsoň bedräni göterip tutdy, at suw içmäge başlady. Annaguly gaňrylyp, atynyň ýüzüne ýylgyryp bakdy-da: – Be, atam janynyň gadyryny bilýär-ow! – diýdi. Altyn ýylgyryp, ýüzüni aşak salyp, saçynyň çözülen ujuny örmäge durdy. At bedredeki suwy içip gutardy. Annaguly ikilenç çekip, çykaryp görkezdi, at içmedi. – Ganypdyr öýdýän – diýip, bedreni Altyna uzatdy. Şol minut Altynyň gözüne gözi düşdi. Annaguly Altynyň gözünde ýürek gopduryjy yşygy gördi. Annaguly-da göwün matlabyny oňa syzdyrmak üçin öz gözüniň yşygyny onuň gözüne tutdy. Söýgi duýgulary göz içinden ýyldyrym ýaly geçip, ýürekde baryp ýerleşdiler. Ylla, Annagulynyň ýüregine Altynyň ok ýaly kirpikleri sanjylan ýaly boldy. Altyn ýylgyryp, bedreni alyp, guýa sallady. Annaguly bu hakda birden bir söz aýdyp bilmedi-de, atyň aňyrsyna geçip, uýanyny gaňtaryp, ýallaryny düzedişdiren boldy. Uludan demini alyp, gözüni Altyna dikdi. – Altyn jan, men seni köpden beri görmek arzuwynda bolup ýördüm, bu gün saňa guýynyň başynda miýesser boldum. Bagyşlarsyň, men saňa birki söz aýtmak isleýän. – Aýdyberiň! – diýip, Altyn bedresini çekip çykardy. Annagulynyň ýüzüne ýylgyryp seretdi-de, bedräniň bagyny külterlemege durdy hem: – Hany, aýdyň-da, eşideli! – diýip, Altyn howlukmaçlyk bilen garaşdy. – Ýa walla, seniň ýüzüne ýüzüm düşeninden soň aýtjak sözlerim-de ýadyma düşmeýär, emma saňa birinji aýtjak sözüm: sen hökman oka, sowatly bol – diýip, şu ýola tutup ugrady. – Ejem okuwa goýbermeýär. – Ejeň okuwa goýbermezlige haky ýokdur ahyry. Ol gaýtam seni her gün uly guwanç bilen mekdebe ugratmalydyr. – Bah, onuň ýaly ene mende ýok ahyry. – Şonuň ýaly ene bolmagyny düşündirmeli bolar. – Men ýogsam haýsy gyzdan pes, pagta ýygmakda bolsun, otag otamakda bolsun, hatyň-da derrew harplaryny öwrenip barýarkam, ejem mekdebe gatnamagymy kesdi. Meniň işimi gaýtarýan ejem-le. Ol meni öňki çykaran gyzlary ýaly, gysymynyň içinde saklajak bolýar – diýip, ejesinden zeýrenmege başlady. – Ejeň indi seni gysymynyň içinde saklap bilmez, enelere aýal-gyzlar azatlygyna düşünere wagt ýetdi – diýip, bu sözler bilen Annagulynyň-da, Altynyn-da ýüzleri açyldy. Annaguly atynyň agyzzyrygyny salyp, içirgilerini düzeltmek bilen, sözüni dowam etdirdi. – Indi aýal-gyzlar erkekler bilen deň hukukda. Olar, birinji nobatda, okamaly, komsomola girmeli, köpçülik işlerine gatnaşmaly, şOnuň bilen-de özüniň halan ýigidine baryp hem bilýärler. – Hawa, eşidýäris «Gyzlar halanyna barmaly» diýip – diýdi-de, Altyn doly bedresiniň suwuny gowuz bedresine guýdy. Annaguly ýylgyryp, Altynyň ýüzüne seretdi-de: – Elbetde, senem birini halaman durýan dälsiň?! – diýdi. – Elbetde, halaýan, kim bilýär ony?! – diýip, Altyn suw almaga gelýän bir aýaly görüp, bedresine ýapyşdy. Näme, guýynyň başynda uzak gürrüňleşip bolýarmy?! Häli-şindi suw alyjylar gelip durýarlar. Annaguly atyna atlandy-da: – Altyn jan, men sen bilen uzak gürrüňleşip hem bilmedim, ýene-de ikimiz görüşmeli bolarys – diýip, atyny sürüp gitdi. Altyn hem bedrelerini göterip, Annagulynyň yzyndan garap, öýlerine bardy. ■ Taryply tam Annaguly ýanwar aýyna çenli köneje öýleriniň ýerine iki sany polly-potolokly, gowy jaý saldyrdy. Iki jaýyň-da koridoryny bir etdirip, oňat gapylar we gowy penjireler oturtdy. Penjireleriniň daşyna bolsa demirden gözenek etdirdi. Jaýyň içini, daşyny agardyp, edil şarňyldap duran jaý etdi. Bir gün jaý kemsiz taýýar boldy. Annaguly ejesini jaýyň agzyna çagyryp, ejesiniň çigninden tutdy-da, jaýyň gapysyny açdy: – Eje, ynha – jaý, bu – siziňki, bu jaý-da meniňki. Sen indi öýüňi bir ýere üýşür-de, garagurumlaryny garagurum çöpleýänlere sat. Uk-tärimleriň-de semawara odun bolar. – Ýogeý, oglum, men öýümi, kakaň birwagt syrkawlanynda, hudaýýoly aýdypdym. Muny işana beräýjek, şoňa degmän hem durmaz. – Muny işana berseň, hezil edinip oda ýakar. Ol ýakandan, gaýtam özüň ýakanyň on esse gowudyr. Galan paty-putularyny bolsa koridoryň burçuna bas. Jaýyňy-da gaty arassa sakla – diýip aýtdy. Jaýyň salynmaga başlanandan bäri, daşyndan guwanyp ýören Aknabat eje begenjinden: – Bolýar, oglum! – diýip, hozanaklap gitdi. Ol derrew Berdi aga bilen öýüni çözüp, durluk-üzüklerini garagurum alýanlara satdy. Uk-tärimlerini hem Berdi aga rejeläp, sygyrýatagyň bir böwrüne basdy. Goşlaryny-da tama çekip, ata-ene oglunyň görkezişi ýaly edip, tama girip ýerleşdiler. Soň Aknabat eje tamynyň içinde peç gurup, tamyny gul ýaly saklamaga başlady. Annaguly hem ertesi şähere gitdi. Ol kooperatiwden iki sany, pružinli krowat, bir sany, içinde geýim asylýan şkaf, bir stol, üç sany stul, dik duranda, boýdan-başa görkezip duran daşaýna, bir ullakan Kerki halysy, iki sany postel, kitap goýulýan etažerka we şuňa meňzeş, tama gelişýän zatlardan alyşdyrdy. Ol zatlary awtobusa basyp, oba alyp gaýtdy. Gelip, tamynyň işiginde düşürdi. Ejesi, kakasy şatlyk bilen oglunyň getiren zatlaryny tamyna çekip başladylar. Annaguly bir krowatyň burçundan tutup yralady-da: – Eje, bu krowaty siz öz tamyňyza salyň, muny siziň üçin aldym – diýdi. – Wiý, oglum, bize kerebat näme gerek?! – Krowat size gaty gerekdir, üstüne ýorgan-ýassygyňyzy goýarsyňyz, ýatarsyňyz. – Tobeý, biz-ä ýatyp bilmeris, kakaň ýatar-da. – Sen ýatmasaň, kakam ýatar. – Men ýataryn, göter, heleý, aňyrsyndan! – diýip, Berdi aga krowaty göterip, tama saldy. Soň Annagulynyň zatlarynyň hemmesini tamyna çekip gutardylar. Annaguly bu zatlary tamynda ýerbe-ýer goýdurdy. Halyny bolsa ýazdylar. Krowatyň hem üstüne postel ýorgan-ýassyklary rejeläp goýdular. Tam bu zatlar bilen biroňat gelşigine geldi. Ynha, bu gapdalda krowat, ol gapdalda şkaf, bu tarapda stol, stul, düýpdäki iki penjiräniň aralygynda bolsa, gözüňe söweýin, gowy aýna, tamyň içi edil gul pürkülen ýaly boldy. Aknabat eje aýnanyň ýanyna baryp, ýylgyryp, özüne seredip: – Elhepus, Annaguly, şu aýnaň-a dünýä malyna degýär, aýna dagam däl ekeni – diýdi. – Eje, size-de şonuň ýaly aýna alyp beräýeýin! – Aý, ýok, oglum, ýene Jeren jan üçin kiçijik aýna bolsa-da bolýar. – Onda kiçijigini alyp beräýerin – diýip, Annaguly jübüsinden papirosyny çykaryp, otlap çekdi hem ejesine ýüzlenip, bir elini bykynyna urdy-da: – Ynha, eje şu zatlaryň hemmesi galyňdan boldy. Indi sen, gelin alýançak, meniň tamyma hem seredersiň – diýdi. – Bolýar, oglum, serederin, içini gaty arassa saklaryn, ýöne oglum, sen gelni tizräk aljak bol! – diýip, ejesi Annagulynyň ýanyna gelip: – Näme, «Baraýyn» diýen gyz boldumy? – diýip, ýuwaşlyk bilen sorady. – Bolar-da, eje! – diýip, Annaguly ýylgyrdy. – Aý, oglum, sen Kerimiň gyzyny halaňok-da, ýogsam ol gyzyny sähelçe zada-da berer weli! – Eje, halamaýan gyzym maňa gerek del, ondan gowularam bar-la. – Ýa şeýlemi? Hüm, Myrat kel indi ahmyr edýär. – Onuň henizem gyzy barmy? – Buw, öten ýyl satdylar. – Neneň, barjak ýigidini halamaýan gyz özüni satdyrdyka? – Hiý, Myrat kelem satmazmy? – Özüni atasyna satdyrýan gyz gowy bolmaz. Ol gyz barjak ýerine we atasy öýüne nälet getirer. Hany, eje, tizräk çaý gaýnat, çaý içip, dynjymy bir alaýyn-la! – diýdi. – Bolýar, oglum! – diýip, ejesi düwdenekläp gitdi. Soň Annaguly çaýyny içip, çykyp gitdi. Elbetde, Annagulynyň jaýy obada birinji göreldeli, medeniýetli jaý bolansoň, kolhozçylaryň köpüsi gelip öerýärler. Içiniň zatlaryny görüp täsin galýarlar. «Näçe aldyňyz?» diýşip soraýarlar. Şonluk bilen, Annagulynyň bu jaýynyň tarypy agyzdan-agza geçip, oba ýaýrady. Birnäçe kolhozçylar: – Ynha, «jaý» diýip, Annagulyňka aýdaýsaň, oba-da birinji jaý. Bar gazananyny şular ýaly jaý bilen içiniň zatlaryna bermek gerek. Şunuň ýaly jaýyň içinde ýaşasaň, gaýgyň-da bolmaz, garramarsysam – diýişýärdiler. Hatda obanyň gelinleri topar tutup, Aknabat ejäniň tamyna gelip, tamynyň agzyndan äňedişip aýdýarlar: – Aknabat eje, tamyň gutly bolsun! Tüweleme, sen-ä ömrüňde görmedik eşrediňi gördüň – diýip gutladylar. Aknabat eje açykgöwünlilik bilen ol gelinleri garşy alyp: – Tama giriň, gelinlerim, çaý gaýnadaýyn, çaý içip gidiň! Hawa, gelinlerim, birwagt hasrat gören başymyz eşredem görsün ahyry! – Hawa-la, Aknabat gaýyn, şu gara öýlerden hemme kişiň-de dynasy gelýär. – Dynmak gerek, men-ä tama girip, dynyp hezil edinäýipdirin – diýip, Aknabat eje ol gelen gelinleriň öňüne duşup, Annagulynyň tamyny açyp görkezdi. Olar tamyň içini görüp haýran galdylar. Içine girip, zatlaryna syn etmege durdular. – Tamyň içiniň zatlary şäher tamlarynyň zat-ary ýaly, kirli el bilen tutar ýaly däl – diýişdiler. Krowatyň üstünden elleri bilen basyp gördüler-de: – Edil mymyldap dur-da, gyz, şunda ýatýandyr – diýşip, Aknabat eje ýüzlenip: – Tüweleme, Aknabat eje, Annagulyň-a gaty zor çykdy. Serediň, «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýen ýaly, birwagt Annagula hiç kimiň göwni ýetmeýärdi. Gör, indi adamlar şunuň ýaly bolubilse armany ýok. Ynha, ejesine bir tam, özüne bir tam saldyrdy. Hany, biziň oglumyz etsin-dä? – diýdiler. Gapdalyndan biri: – Ol Gyzyl goşundan gelende, adam bolup geläýdi. – Hawa, hawa, gelensoň perişdesi göterilen ýaly boldy-da gidiberdi. Ýöne, Aknabat gaýyn, bu tamyň ýeke kemi bar, ol-da bolsa gelin hem alyp beräýseňiz, başga kemi ýok. – Hawa, gelinlerim, bir gowy maşgala bolaýsa, gelinem alyp berjek-le! – Obada gowy maşgala bar-la: Kerimiň gyzy bar. – Kerimiň gyzyny Annaguly jan halanok. – Ony halamasa, obanyň ýokary çetinde Han aganyň gyzy bar, özem kemsiz ýetişipdir. Gaty gowy maşgala. – Hawa, hawa, ony bilýän, onuň, gaty artykmaç gyzy bardyr. Ýöne Oguldursun meň bilen guda bolmazmyka diýýän. – Wiý, guda bolman näme, ol gyzyny Annaguludan gowa berjekmişinmi? – Aý, näbileýin?! Hany, ýörüň, ol tama baralyň, çaý içiň! – Ýok, sag bol, Aknabat gaýyn, biz okuwa geçip barýarys. Gelin edin, toý et bakaly, onsoň ýörite geleris – diýşip gitdiler. * * * Fewral aýynyň bir güni ertir ir bilen howa sowukdy. Gündogardan öwüsýän şemal ýüzüni ýalap, gözleriňi ýaşardýardy. Tamlaryň, kepbeleriň turbalaryndan çykýan tüsseler duw-dagyn bolup pytraýardy. Egni pilli pyýadalar tam-kepbelerden çykyşyp, ýerlere haýdaýardylar. Dölelerden bugaryşyp çykan sygyr-göleler syňraklaryny silkişip, tirkeşip, otlamaga meýdana gidýärdiler. Üç-dört gün mundan öň ýere düşen gar heniz hem eremän, gözüni jüýjerdip ýatyrdy. Kolhozçylar: «Bu gar üstüne seplejek bolup ýatandyr, odun enjamyňy pugta tutmaly» diýşerdiler. Işiklere basylan ojar-sazak-çerkezlerden oglanlar goltuklap alyp, ylgap, öýe girýärdiler, birtopar oglan-gyzlar hataryň ugruny syryp, elleri kitaply, syýa çüýşeli mekdebe barýardylar. Bu wagt hataryň ýokary gapdalyndan egni güpbi donly, aýagy gülli joraply, alnyna täzeje ýaşyl seçeklini bir çalyp, Altyn gyz gelýärdi. Onuň bir elinde ikdir gapak bardy, elleri üşäp, duluklary nar ýaly gyzarypdy. Ol şonda-da ýöreýşini üýtgetmän, Aknabat ejäniň tamynyň gapysyna geldi. Ol içinden: «Gel, Aknabat ejäniň tamyny göreýin hem ýylnyp gideýin» diýip sowuldy. Bu söz oňa bahana bolsa-da, maksady başgady. Onuň otursa-tursa ýadynda, ýatanyn-da düýşünde görjek bolup, tutup, bagryna basjak bolup ýören ýigidi Annagulyny görmekdi. Altyn baryp, Annagulularyň daşky gapysyny açyp girdi-de, çep egnindäki gapyny açman, çat maňlaýyndaky gapyny ýuwaşlyk bilen açdy. Ynha, egni harby geýimde, gyrmyzy donuny ýasgynjak alyp, peçiň gapdalynda, halynyň üstünde tirsegini ýassyga diräp, keserip çaý içýän Annagula gözi düşdi. Annaguly: «Altyn geler» diýip, düýbünden garaşmaýardy. Ol guş ýaly ýerinden galdy-da: – Gel, Altyn gyz, gözüm üstüne! Men bu gün nähili bagtly, gökden islänim ýerde gowuşdy. Gir, Altyn jan, üşänsiň, ýylyn! – diýip, işikde nähili bolup duranyny bilmän duran Altynyň elinden tutup, çekip, tamyna saldy. Annaguly eliniň tersi bilen gapyny ýapdy-da, Onuň elinden ikdir gapagy alyp, stoluň üstünde goýdy. – Otur, Altyn jan, ýylyn, çaý iç! – diýdi. Emma Altyn tamyň burçuna gysylyp, ýüzüni aşak salyp, käwagt Annagula gözüni dikmek bilen, ony magnit ýaly özüne çekýärdi. Ine, Altynyň şunuň ýaly seretmesi Annagulynyň bütinleý ygtyýaryny elinden alýardy. Annaguly durup bilmän: – Wah, Altyn jan, seniň gara gözleriň yşygy meniň ýüregimi eretdi – diýip, elinden tutup, gujaklap, bagryna gysdy. Gyzaryp duran dulugyndan sormaga duranynda, birden gapy şarka açyldy. Aknabat eje içerik girip, Annaguly bilen Altyny görüp, begenjinden: – Wiý, şeýlemi, hawa, gaty gowy! – diýip, yza çekilip, işigi derrew ýapyp, tamyna gitdi. Annaguly bilen Altyn, gapy açylandan, towsup, her haýsy bir ýerde durdular. – Ejeňem gördi, biz indi ile masgara bolarys – diýip, Altyn ýüzüni sallady. – Ýok, Altyn jan, meniň ejemden arkaýyn bol! Ol hiç ýerde gürrüň etmez, men oňa pugta tabşyraryn – diýeninden soň, Altynyň ýüzi açylyp başlady. Annaguly ýylgyryp: – Ol pahyr nahar taýýarlandyr-da: «Çaýysy içip bolan bolsaň, naharyny getireýin» diýmäge geläýendir. Otur, Altyn jan, çaý iç! – diýdi. – Ýok, men çaý içip oturjak däl, geçip barýan. – Nirä? – Jamaly gaýtarýarlar, şonuň çelpegini ýaýmaga barýan. – Onda heniz gyzlaryň birem ýygnanan deldir, otur-da, çaý iç. Indi bir söw bilen gelipsiň, goýbermen. Başyna şu gyrmyzy dony atar-da, oturdaryn. – Bu ýaman basym-la?! – diýip, Altyn tamyň içine gözüni gezdirip başlady. – Seniň tamyň öwgüsi bardy weli, öwerçe-de bar ekeni – diýip, aýnanyň ýanyna bardy, ýüzüni, boýuny, syratyny gördi. – Äl, aýna jan ekeni! – diýip, geýim asylýan şkafyň, baryp, agzyny açyp gerdi. Onsoň gelip, krowaty gördi, peçiň başyna gelip, ýylgyryp, Annagulynyň ýüzüne seretdi-de: – Annaguly, seniň bu tamyň ýekeje kemi bar, şony özüň bilýärmiň? – diýip sorag berdi. – Wah, Altyn jan, bilýän-le, bu tamyň ýekeje sen kemi bar. Hany, sen haçan bellisini etjek, maňa şu taýda aýdyp ber?! – Ýeke men kemi bar bolsa, onuň işi haýyr-la. Ejemi-dagyny razy etseň, meniň gürrüňim ýok-la. – Ejeň-dagyň göwnüni taparyn, sen ýene tizräk bellisini et, haçan men bilen gitjek? Indi ikimize tapyşmaga wagt ýetdi. – Onda sen aňyrsy üç gün sabyr et, men şu wagt köýnek tikinýärin. Soň özüm duýduraryn ýa-da habar ederin – diýip, ikdir gapagyny alyp, koridora çykdy-da, köwşüni geýmege durdy. Onýança daşky işikden Aknabat eje goltugy odunly girdi. Asyl, ol Altyn bilen Annagulynyň gürrüň edişip duranyny görüp, begenjinden nähili bolup ýörenini bilmän, içerik bir girip, daşaryk bir çykyp ýördi. Ol Altyny görüp: – Be, Altyn jan, senmi? Gurgunjamysyň, bu taýyk neneň düşdüň? Ýör, tama gireli, çaý içeli. – Çaý içip oturjak däl, Aknabat eje! Men geçip barýan. «Tamyňy göreýin» diýip sowlaýdym. Tamyň gutly bolsun, içi gelinli bolsun! – diýip ýylgyrdy. – Taňryýalkasyn, guzym! Seniň ýaly maşgala meniň ogluma-da ýazylsyn-da, hudaýym! Tamymy gördüňmi? – Gördüm, gaty gowy tamyň bar ekeni. – Hawa, gowudyr. Ejeň dagam gurgunmy? – Gurgun. – Akjamalyň çelpegini ýapmaga barýarmyn? – Hawa. – Örän gowy, çaý içip gitseň-ä gowy bolardy. Annaguly janyň tamyny gördüňmi? Gaty gowudyr. – Gördüm – diýip, Altyn çykyp gitdi. Annaguly Altyny tamynda göreninden soň, üçünji gün günortanlar Gözelleriň ileri ýanyndan geçip, kolhozyň edarasyna barýardy. Bu wagt Gözel gapysynda odun alyp durdy, onuň gözi Annagula düşdi. – Annaguly, bärik gelip git! – diýip gygyrdy, Annaguly Gözeliň sesini eşidip, oňa baka sowuldy. Gözeliň ýanyna geldi-de: – Ýeri, näme etjek, Gözel daýza? – diýdi. – Hany, ýör, tama gireli, men sana bir gürrüň aýtjak – diýdi. Ikisi tirkeşip, tama girdiler. Annaguly duldaky bugdaý salynýan gapyrjagyň üstünde oturdy. Gözel-de ýerine geçip, peçiň agzyny açdy-da, birki agajy saldy. Annaguly howlukmaçlyk bilen: – Hany, Gözel daýza, gürrüňi tizräk aýtsana, meniň gyssag işim bar – diýdi. – Aýtsam, Annaguly, senem näziňi çekdirýärsiň-ow! Juda gereklenseňem, beýle näzini çekdirmezler – diýip, peçi üfledi. Annaguly muňa aňka-taňka boldy? – Ol nähili näz? Men-ä bilemok, Gözel daýza! – «Bilemok» diýen bolma, Altyn seni gerjek bolup ýör, sen bolsaň ondan gaçýarsyň. Hiý, gyzdanam ýigit gaçarmy?! Annaguly Gözeliň bu sözüne biraz dymdy-da: «Diýmek, Altyn Gözel daýza syryny duýdurypdyr, elbet-de, muňa ynamy bardyr-da» diýip pikir etdi. Ol çep aýagynyň üstüne sag aýagyny atdy-da: – Ýok, Gözel daýza, men-ä gaçamok, başga gyzlardan gaçsam-da, Altyndan gaçman, çünki ol meniň ýetibilmeýän altynymdyr – diýdi. – Şeýle bolsa, men Altyny şu gün öýlän tamyma çagyrjak, sen hem gelgin. – Wah, gözüm üstüne, Gözel daýza, şunuň ýaly ýagşylyk etseň, men seni ýadymdan çykarman. Asyl men: «Altyn bilen nähili duşuşarkam?!» diýip, pikir edip ýördüm. Sen-ä, daýza, gaty gowy edýäň, men öýlän hökman gelerin – diýip, Annaguly durup bilmän, gapyrjagyň üstünden düşüp, ojagyň başyna baryp, dyzyny epdi hem içginlik bilen sorady: – Sen, daýza, Altyny haçan gördüň? – Mundan bir sagat öň gördüm. Işim çykyp, öýlerine bardym. Barsam, düýpde ýekeje özi işini edip oturan ekeni. Meni görüp: «Gowy geldiň, Gözel gelne-je!» diýip, pahyr turup, derrew çaý goýdy. – Onsoň näme diýdi? – Onsoň ýylgyryp, gapdalymda gelip oturdy-da, elimden tutup: «Gözel gelneje, saňa bir ýumşum bar weli, bitirsene!» diýdi. «Nähili ýumuş, Altyn jan? Hany aýt, eşideýin!» diýenimden; «Bitirmeseň, aýtjak däl, sana ömrümde ýekeje ýola ýumşum düşdi, onam: «Nähili ýumuş?» diýip, çintgäp otyrsyň» diýdi. Men üstüne goýup aýdamok, edil özüniň diýşi ýaly edip aýdýan. – Bolýa, bolýa, ýeri, onsoň? – Menem: «Altyn jan, seniň ýumşuny bitirmän, kimiňkini bitireýin?! Hany aýt?» diýenimden, uludan demini aldy-da, boýnuny burup, ejizlän ýaly boldy. «Gözel gelneje, men Annagulyny görjek bolup ýörün, görüp bilmeýän. Sen şony öýüňe çagyr, menem baraýyn, Onuň bilen biraz gürrüňim bar» diýdi. Menem: «Bolýar. Altyn jan, seniň şu ýumşuny bitireýin-de» diýip gaýtdym. – Ýaşa, Gözel daýza! Altyn gyzyň meniň bilen gürrüňi bardyr, ony men bilýän. Emma, Gözel daýza, men seniň bilen gyssagarada gürrüňleşip hem bilmedim, bagyşlarsyň! Häzir meniň kolhozyň edarasynda gyssag işim bar, men öýlen hökman gelerin. Sen ýene Altyn gyzy tiz çagyrmak bilen bol! – diýip, ýerinden turup, çykyp gitdi. Gözel şol sagadyň özünde Altyna baryp aýdypdyr. Altyn hem: «Bolýar, baraýyn» diýipdir. * * * Öýlänler Gözel tamynda ýekeje özi oturyp, jam-böruk tikýärdi. Gözeliň adamsy Gully bolsa şähere gidipdi. Gully orta boýly, agyrýüzli, seýrek gepli, gaharjaň bir ýigitdi. Onuň adamdan ýüz görmesi bolmazdy. Aýtjak-diýjek sözüni morta aýdardy. Ol özüne degen adamy hatda urmakdan-da gaýtmazdy. Ine, ol şeýle häsiýetli bir ýigitdi. Gullynyň özüniň garawulçylygy islemegi bilen kolhoz prawleniýesi oňa gijesine sklada garawul durmak wezipesini tabşyrypdy. Ol şonda durýardy. Gözel ýerinden turup, ýanyp duran peçine köpräk odun saldy hem peçiň üstüne demir çäýnegi suwdan dolduryp goýdy. Ýerine baryp oturdy. Işini eline alanam şoldy, onýança gapynyň penjiresinden biri seredip, gaýra çekilen ýaly boldy. Gözel penjireden Altyny gerdi. – Geläý, gyz, işikden, hiç kim ýok – diýip gygyrdy. Altynyň aýagy tara köwüşli, egni keteni köýnekli, başy şaýly tahýaly. Saçynam täzeje ýuwupdyr, bu-da tosy gara ýaldyraýar, uzynlygy hem guşaklygyndan aşak geçip dur. Özem etli-ganly, owadan yşganakly gara gözi bardy. Altyny daşdan gören adamlar: «Tüweleme, Han agan gyzy ýalpyldap dur, al görünýär-ä» diýşip syn ederdiler. Altyn bezenip, kolhozyň toýuna-dagysyna baranynda, ýetginjek ýigitler Altyny görüp: «Adamyň bagtyndan şular ýaly gyz çykarmyka? Şuny alanyň-a dünýede armany ýokdur» diýşerdiler. Tä Altyn toýdan gaýdýança, uludan-kiçiniň gözi Altynda bolardy. Olar Altyny «gyzlaryň seresi» diýip hormatlardylar. Altyn göze görnüp başlandan soň muňa sözaýdyjy gelýäniň san-saýgysy ýokdy. Uzak obalardan-da, oba arasyndan-da gelip söz aýdardylar. Emma Altynyň kakasy-ejesi: «Gyz çykarjak däl» diýip, hemmesini yzyna gaýtarýardy. Olary yzyna gaýtarmagynyň-da sebäbi bardy. Altyn eneden ýaňyja bolanynda, Altynyň ejesiniň erkek doganynyň aýaly Altynlara gezme-ge gelipdir. Ol Altynyň ýüzünden ýaglygy aýryp: «Bir oňatja, Aýyň bölegi ýalyjak gyz, gaýgysyzja zat» diýip, ýüzüne sylypdyr. «Muny men gelin edinerin» diýip, boýnuna işip, alaja-da dakypdyr. Altynyň ejesi-de: «Bolýar, saňa gelinlik beräýerin» diýip söz beripdir. Ine, şol söz üçin Altynyň ejesi Altyny doganynyň ogluna saklap geldi. Altyn birki basyp, sallanyp, Gözeliň işiginden geldi. Ol bir eli bilen gapyny itekläp açanynda, bulutdan çykan Gün ýaly, Gözele ýüzi düşdi. Gözel towsup, ýerinden turdy-da: – Gel, Altyn jan! – diýip, eline sübse alyp, düýpdeki halynyň ýüzi gül ýaly bolup dursa-da, Altynyň hatyrasy üçin onuň oturjak ýerini sübseledi. Altyn Gözeliň ýüzüne seredeninden, Gözele: «Hany meniň söýgülim?» diýen ýaly syzyldy, Gözel-de göreniň Gözel-dä, ol-da ýylgyryp, wäşilik bilen: – Waý, bu gyzy-gyz, näme, gözüň bilen meni iýip gidip barýarsyň? Ýokary geç, otur, demiňi-dagysy bir dürse ahyry – diýip, ýerinde oturdy. – Waý, Gözel gelnejemi, ýüzüne sereder ýalam bolmandyr – diýip, köwşüni çykaryp, düýbe geçip, ýalpyldap oturdy. Goltugyndan tikýän jambörügini alyp, etegine saldy. – Altyn, seniň ýaňky seredişiň, hemişeki seredi-iň ýalam bolmady! Ýa Annaguly öňüňde taýýar bolmansoň etdiň şony? – Goýsana, gyz, ol seniň göwnüňedir – diýip, eteginden tikýän jambörügini alyp, dyzynyň üstünde goýdy, barmagyna ýüwsesini ötürip, keşde etmege oturdy. – Ýa şeýlemikä? – diýip, Gözel Altynyň öňüne bir çäýnek çaýy demläp goýdy. Bir ýaglyk gandy hem Altynyň gapdalynda ýaglygy bilen ýaýradyp goýdy. – Al, şuny iç bakaly, ýene men saňa... – diýip, kiçiräk ak jama ak ýag çykardy-da, peçiň üstüne goýup eretdi, onuň üstüne-de toşap guýdy. Onýança-da gapy açyldy. – Salam, Gözel daýza! – diýip, Hojaguly girdi. – Geleweri, Hojaguly! – diýip, Gözel ellerini ýuwup, tikýän tahýasyny eline aldy. Hojaguly geçip, duldaky gapyrjagyň üstünde oturdy-da: – Gözel daýza, Gully niräk gitdi? – diýip sorady. – Şähere gitdi. Onluk näme işiň bardy? – diýip, Gözel Hojagulynyň ýüzüne seretdi. – Aý, hiç, göräýjekdim – diýip, Altyna gözüni dikdi. Altyn gabagyny galdyrman, işini edip, käwagtda bir käse çaý içip otyrdy. Gözel iňňesindäki sapagynyň towuny aýyrdy-da: – Hojaguly, ojagyň başynda otur, çaý bereýin – diýeninden soň Hojaguly: – Taňryýalkasyn, Gözel daýza, men çaý içjek däl! – diýip, ýerinden turdy, gapyny açyp, çykyp gitdi. Hojaguly herne oba gelse, Altyny garawullap ýörmekden başga onuň näme işi bar?! Ol – Altynyň ýanyna kim gelýär, kim gidýär we Altynyň haýsy aýal bilen aragatnaşygy bar? – ine, şuny biljek bolup, aýlanar ýörerdi. Hojaguly çykyp gideninden soň Altyn işinden başyny galdyrdy-da: – Gözel gelneje, ýaňky üçinem arada ejesi gelip, bize söz aýtdy-da, ýeri, muňa näme diýip, näme aýdarsyň? – Näme diýdiňiz? – Ejem; «Bu ýyl gyz çykarjak däl» diýip, kowdy. – Şeýdiýsene, bolasy, Hojagulyň ýüzüni salyk gördüm-le, ýogsam ol, hiý, ýaňramazmy?! – diýip, Gözel ýerinden turup, saçagy alyp, Altynyň öňünde ýazyp goýdy. Onuň üstüne-de içi alaçaly ýagly jam goýdy. – Al, şunam iý bakaly, oňa çenli islegliň geläýse gerek – diýip, baryp, ýerinde oturdy. Altyn myssa ýylgyryp, dyzynyň üstünden işini aýryp, gapdalynda goýdy-da: – Gözel gelneje, «Geläýse gerek» diýip gümansyradýaň-la?! Onuň geljegem gümanamy? – Gümana-ha däldir. «Öýlän hökman gelerin» diýipdi. – Niräk gitdi? – «Kolhozyň edarasynda gyssag işim bar» diýip gitdi, geler wagty-ha boldy, geler-le – diýip, Gözel jogap berdi. Altyn çaýdan iki kesejik içdi-de, yzy-na gaýtardy, nahardanam iki barmajyk çöregi ýag bilen iýdi, onam yzyna uzadyp: – Al, Gözel gelneje, meniň hiç zat işdem ýok – diýip, elini, agzyny süpürip oturdy. – Wiý, şumy, gyz, bar çaý içip, nahar iýşin? Sen-ä Annaguly diýip, iýmeden-içmeden kesilip ýören ekeniň. Altyn bu dogruda näçe saýrajak weli, Gözeliň tokmakly sözlerinden çekinip, syr saklap otyrdy. Ol iňňäni iki ýola sanjyp, gözüni gapa dikýärdi. Iňňe sanjym arasynda durup pikir edýärdi. Birden daşardan ädikli aýagyň sesi geldi. Gözeliň: «Annaguly gelýär» diýen sözi Altynyň has ýüregini gopdurdy. Altyn hereketsiz gapa gözüni dikdi. Onýança iki gapy şarka açyldy, Annaguly: – Salawmaleýkim! – diýip girdi. Gözi Altyna düşdi, onuň gözüne düýpden Aý dogan ýaly göründi. Ol ýylgyryp: – Be, Altynam gelipdir, munam görmek bar ekeni – diýdi. – Altyn saňa öýländen bäri garaşyp otyr – diýip, Gözel daýza turup, çäýnegine çaý atdy. Annaguly Altynyň gaşyna geçip durdy: – Hany, Altyn gyz, eliňi ber, görşeli! – diýip, elini uzatdy. – Görüş, gyz, Altyn, soň: «Näme üçin görüşmedimkäm?!» diýip ökünersiň – diýip, Gözel seslendi. – Dogry aýdýarsyň, Gözel daýza! – diýip, Annaguly Altynyň uzadan elini gysdy. Soň ojagyň başyna geçip oturdy. Gözel daýza demlän çaýyny Annagulynyň öňüne äberdi-de: – Wiý, meniň huşsuzdygymy! Hamyrym ajap barýandyr, tamdyra odun elteýin – diýip, turup, köwşüni geýip, daşaryk çykdy, dolanyp, gapyny jebis ýapdy. Annaguly ýylgyryp, çaýyny gaýtaryp, bir gezek Altyna seredip, bir gezek çaýyna seredip: – Ýeri, Altyn jan, gürrüň edip otur. Nätdiň, köýnegisi tikip gutardyňmy? – Gutardym weli, ejem-kakamdan gaty gorkýan. Biz olardan maslahatsyz bir iş edäýsek, olar ömür-boýy biziň ýüzümizi görmezler. – Näme diýjek bolýarsyň, Altyn jan? – Meniň diýjek bolýanym: seniň-de ejeň-kakaň, meniň-de ejem-kakam ikimiz dogrusynda razylaşaýsalar gowy görjek. Altynyň şunuň ýaly sözüne bu sapar Annaguly düýbünden garaşmaýardy. Ol ýüzüni aşak salyp pikire gitdi. Soň ýüzüni galdyrdy-da: – Altyn jan, olar razylaşmazlar, eger razylaşaýanlarynda-da, bir zat bilen razylaşarlar, ol zat hem galyňdyr. Galyň bermäge bolsa men düýbünden garşy – diýip, Annaguly öňündäki çäýneginiň gapagynyň bagyny oýnamaga oturdy. – Sen galyňa garşy bolsaň-da, Hojaguly garşy bolmaýar. Ol arada ejesini iberipdir. Ejesi gelip, söz aýtdy. Ejem ony: «Bu ýyl gyz çykarjak däl» diýip kowdy. Ejemiň maksadyny bilýän. Ol meni doganynyň ogluna berjek bolýar. «Doganlarym şaýyny tutup gelsinler» diýip, telim gezek sargyt etdi. Men bolsam olary halamaýan, ejem dagy meniň halamaýanyma seredip durmazlar, ýeňsämden iter goýbererler. Eger-de siz gudaçylyga barsaňyz, onda men ejeme: «Şolardan başga ýere bermersiňiz» diýip aýdyberjek. – Ýok, Altyn jan, ikimiziň söwdamyzy başga adam edip bilmez. Erkimiz elimizdedir, ol erki hiç bir adam alyp bilmez. Men seni mal ýaly edip, satyn almak islemeýärin. Men bu zatlara düşünýän. Iki ýyl Gyzyl goşun gullugynda boldum, onda okadym, öwrendim, düşünjämi giňeltdim. Lenin komsomolyna girdim, häzir men halkymyň söýýän adamy bolup durun. Ýöne men seniň eneň-atasy hor etmän, olara her wagt göz aýlap duraryn. Çünki eneler bizi ak süýt berip ulaldypdyrlar, ekläpdirler, saklapdyrlar, kemala getiripdirler. Şonuň üçin-de biz olary hor etmeli däldiris – diýdi. Altynyň bu söze gamaşyp duran ýüzi açyldy. Ol işinden başyny galdyrdy: – Men seni söýüpdirin, senden başga adama, etimi dogram-dogram etseler-de, barjak gumanym ýok. Şeýle-de bolsa, biz ene-atany hor etmeli däldiris, özüň-de meni tiz alyp git, ejem dagy meni gaty pugta tutýarlar. Olar, men öýden çyksam, gözläp ýörler. – Başüstüne, Altyn jan, şu gün agşam Gözeliň öýüne gel, men taýýar bolup duraryn. Şu gijäň özünde şähere bararys, ertirem doktordan, zagsdan geçeris. Yzymyzy baryşdyrmak üçin bolsa kolhoz başlygymyz bar, partorgymyz bar. – Boljak, seniň şunyň gowy maslahat – diýip, Altyn işlerini ýygnaşdyryp, ýerinden turdy-da, köwşüne tarap ugrady. Annaguly hem ýerinden turdy. Altyn köwşüni geýip: – Annaguly, wadamyz şu ýeri bolsun! – diýip gitmekçi boldy. Annaguly onuň ýanyna baryp, öňünde durdy-da: – Bolýar, Altyn jan, wadamyz şu ýeri bolsun! Hany, ak goluňy ber, eliňden bir ogşaýyn, goý, bu-da bizden dessur bolup galsyn! – diýip, Altynyň uzadan elini ogşady. Altyn çykyp gitdi. Annaguly hem çykyp, bir tarapa gitdi. Bulardan on minut geçeninden soň, Gözel tamyna girdi. Onuň yzysüre Hojaguly-da girdi. Gözel ona agzynyň aldygyna birzat-birzat aýdýardy. Hojaguly hem Gözele ýalbaryp: – Jan Gözel daýza, meniň şu ýumşumy bitirip ber! – diýdi. – Ýogeý, Hojaguly, ol sözüňi aýtmagyn, meniň başarýan işim däldir – diýip, hamyrly çanagyny kendirigiň üstüne düňderip, hamyryny süýndürip ýoluşdyrmaga başlady. – Walla, Gözel daýza, sen başaryp bilmeseň, başga başaryp biljek adam ýok. Seniň bilen onuň arasam bar. – Ýok, men başarman, – Egniňe gaty bir gowy keteni köýnek edeýin, şoňa bir duýdursaň bolýar. Onuň üstüne bir seçeklem alyp bereýin. – Ýok, Hojaguly, onuň ýaly zady garry aýallar oňarar, mem ömrümde gyz bilen ýigidiň arasynda gözip ýören däldirin. – Hany, gepe bir gulak goýsana! – Gulak goýlan ýaly-da! – Walla, ant içýän, şu işimi bitirseň, puldan näçe diýseň, bereýin. – Näme etjek maňa köp aýtdyryp? Boýum bilen gyzyl berseň-de, şu işi etjek däl. Eger seni Altyn söýýän bolsa, ol seni her ýerde-de görüp biler. – Wah, ol meni söýýer-le, emma ata-enesinden gorkýar. – Çyn söýgä ata-eneň etjek zady bolmaz. – Mahlasy, Gözel daýza, sen meniň şu ýumşumy bitirjek däl-de, şeýlemi? – Hojaguly, ynansaň-a, men şu işi başarmaýan. – Bu sözüňe ynanjak däl-le. – Ha ynan, ha-da ynanma, seniň bu ýumşuňy bitirjek däl, ine, däliden dogry habar – diýip, Gözel hamyryny göterip, eline suwly bedresini alyp, tamdan çykyp gitdi. Hojaguly yzyndan gaharlanyp: – Bolýar, bolýar, aýtmadygymyz bolsun. Hop, sen, heleý, Annagulynyň göwni diýip, meniň şu ýumşumy boýnuňa almadyň weli, meniň seni bir oňaryşyma seret, şeýlebir araňyzy bulaşdyryp zyýan ýetirin, hiç bir adam uç tapyp bilmez ýaly ederin – diýip, gaharly çykyp gitdi. | |
|
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |