22:38 Bally molla / hekaýanyñ dowamy | |
III.
Hekaýalar
Şunluk bilen, birnäçe gün geçendensoň ussa Gözeli aljagyny has çynyrgatdy. Aýalyny aýryp, hatyny berdi hem goşuny paýlaşdy. Ussa bir tam, bir düşekçe, bir ýassyk, bir ýorgan, bir çäýnek, bir käse we şunuň ýaly bir-bir zatlardan ýetdi. Dört aýaklydan bolsa guýrugy küle bir gök eşek ýetdi. Çagalary bolsa ejesiniň ýanynda bolmaga göwnediler. Soň ussa özüne timar bermäge başlady. Ol sakgal-murtundan zat goýman aýyrdy. Geýim-eşigini-de üýtgedip ugrady. Ozaly bilen, egnine maýka, aýagyna jalbar geýdi. Maýkanyň etegini jalbarynyň içine salyp gezmegi çykardy. Ussa Soňky wagtlarda Çary mugallymyň Gyzyl goşun hataryna gidenini hem eşidip, has üýtgedi. Ol günde ir ikindin welosipedi-ni münüp, obanyň içini aýlanmak bilen, haly arteliniň hem işigine baryp gaýtmagy çykardy. Ussanyň: «Gözel» diýip, däli-porhan bolup ýörşüni komsorg Myrat-da bilýärdi. Çünki obanyň komsomol we pionerleri hem Kuly ýaly kolhozçylary ussanyň haçan dükanyny açyp, haçan ýapýanyna çenli, dükanynda näme işläp, näme goýýanyna çenli, kimiň ýanyna baryp, kim bilen gürrüň edýänine çenli bilip durýardylar. Myrat bolsa ussany gören ýerinde: – Haýt, sen, Bally mollajyk, özün-ä il gözünden duşup, üýtgäp, çişipsiň weli, ahyr-a ýarylmaly bolarsyň! – diýip aýdardy. Ussanyň bu bolşuny il hem bilýärdi. Il ussa: – Seniň bu bolşuň bolanok, oňatja bol! Juda bolmasa, öz deňiňi gözle! – diýip aýdýardy. Emma ussa ile: – Meniň bilen näme işiňiz bar? Gyz göwnese, men ikini aljak. Sizem göwnediň-de, alyberiň! – diýip jogap berýärdi. Ussa soňky günlerde günde agşamyna diýen ýaly Gözeliň tamyna gezmege barmany çykardy. Ol Gözele açyk bir zat aýdyp bilmese-de, gürrüňiniň köpüsini özi hakynda edip, özüni öwüp-öwüp, arşa çykaryp gaýdardy. Gözel bolsa ussanyň nähili adamdygyny we onuň näme maksat bilen tamyna gelýändigini biljek bolup pikir-de etmeýärdi. Haçan ussa Gözeliň tamyna gelen wagty, Gözel oňa açyk ýüz bilen: – Geleweri, ussa aga! – diýip, oňa çaý gaýnadyp berýärdi hem ussanyň edýän gürrüňlerine hä berip, käbir gürrüňlerine gülýärdi. Ine, Gözeliň bu bolşy ussany has oda-köze saldy. Ol günde agşamyna Gözeliň tamyna diýip ugranynda: «Şu sapar hökman: – Goşy gataly! – diýeýin» diýip gelýär-de, Gözeliň ýüzüne ýüzi düşeninden soň, şol hakda hiç bir zat aýdyp bilmän, tamyna gaýdýar. Ahyry ussa Gözele hat bermegi ýüregine düwdi. Ol günortanlar dükanyndan çykdy-da, tamyna geldi. Depderiň bir tagta kagyzyny alyp, keçäniň üstüne gyşardy. Döşüni ýassyga berip, galam bilen ýazmaga başlady. Ol häli-şindi galamy diline degrip, pri harplar bilen ýüregindäki dykyn bolup duran sözleriň baryny ýazyşdyrdy. Ýazyp bolanyndan soň haty epläp pikir etdi. Soň ýüregine bir joşgun gelen ýaly bolup, haty jübüsine saldy. Kuly öýlänler tamynyň kölegesinde ýazylgy düşegiň üstünde keserip, tirsegini ýassyga diräp, Ogulbike bilen çaý içýärdi. Kuly herdaýym Ogulbikäniň aýdan gürrüňlerine jak-jak gülüp: – Hä, ýeri, onsoň? – diýip, gürrüňiniň yzyna garaşýardy. Ogulbike bolsa; – Ol tüýs päliýaman ussa ekeni. Hiý, garry adam hem aýalyny aýryp, gyz aljak bolar ýörermi? Näme, gyzlar şagalaň bolaýypmy, her kim baryp alyberer ýaly? Toba-tagsyr, adam utanmasa, her zat etjeg-ow! – diýip, eline çemçesini alyp, ýerinden turdy. Ojagyň başyna baryp, çommalyp oturdy-da, içiniň eti aka bişen, pomidorly, ýüzüniň ýagy serpilmän duran naharyň duzuny gördi. Ýene gelip, ýerinde oturdy. Kuly: – Sen entek ussa belet däl, onuň, hyýaly gaty köp. Ol şonuň üçin aýalyny aýyrdy ahyry. Sen ýene düýn onuň: «Gözele ertip ber» diýip beren hatyny almansyň, ine, seniň oňarmadyk ýeriň. Eger alan bolsaň, biz ony ýagşy utanar ýaly ederdik – diýip, ýene güldi. – Ýogeý, onuň haty-da gursun, özi-de! Men onuň üçin biabraý bolup bilmän. Hany, çaýyňy tizräk içip bol, men-ä nahary getirjek. – Naharyny getirseň getiriber, menem boldum – diýip, Kuly iň soňky käse çaýyny içdi. Ogulbike çäýnek-käselerini ýygnaşdyryp, gidip, naharyny getirdi. Derrew nahary çanaga guýup, iýmege oturdylar. Bular naharlaryny iýip, çanagy beýläk aýranlary hem şol-dy, goňşy öýleriň syrtyndan ussanyň gelýänini Ogulbike gördi. – Ol alnygara gelýär-ow – diýdi. Kuly: – Goý, gelsin, zat diýme – diýip, sözüni Soňlamanka, ussa kölegä geldi. Ol dik duran ýerinden: – Arma, Kuly! – diýdi. – Bar bol, gel, ussa! Nahardanam-a gije galdyň, seni gaýyn eneň söýmändir – diýip, Kuly süýşüp, ýanyndan ýer berdi. – Päheý, Kulynyň aýdýanyny! Heleýi bolmadygyň hem gaýyn enesi bolarmy? – diýip, galoşyny çykaryp, geçip, Kulynyň ýanynda oturdy. Ol kellesinden tahýasyny aýyrdy-da, kellesini gaşap: – Indi ýene siz meni gadyrly gaýyn eneli etjek bolaweriň! – diýip, Ogulbike tarap aýdyp, Kulynyň ýüzüne seredip ýylgyrdy. – Hawa, dogry aýdýar ussa – diýip, Kuly makullady. – Öňki gaýyn enesi har edeniň üçin, indi saňa gaýyn ene ýene tapylaram öýdemok – diýip, Ogulbike çemçe we çanagyny ýuwup, gazanynyň üstüne düňderdi. – Beýdiýme-how! Öňküler: «Duz bilen gyza gytçylyk ýok» diýmänmidirler? – diýip, Kuly ussanyň içini has köwmek üçin ussa baka gyşardy. – Dogry aýdýaň, Kuly jan! Gözel bolmasa, ýene biriniň adyna Gözel dakaýarys. Ýene weli Ogulbikeden eden tamam çykmady. Düýn artele barýarka, öňünden çykyp: «Şu haty Gözele ber» diýdim weli, etmedi. Şondan bäri Ogulbikeden göwnüm geçdi – diýip, Kula aýtdy. Kuly aýalyna käýän bolup: – Näme, elinden kireý isleýärmiň? Alyp, ertip beräýeňde-de, hiç zat bolmazdy – diýip, ussadan: – Şindi hatyňy berdiňmi? – diýip sorady. Ussa: – Ýok, beribilemok – diýeninden soň: – Hany, äber hatyňy, men haty berdirmäge adam taparyn – diýdi. Ussa: – Wah, şeýtsene – diýip, jübüsinden haty çykaryp, Kula berdi. Kuly haty aldy-da: – Agşamlygam jogabyňa garaş – diýip, ol hem haty jübüsine saldy. Ogulbike bolsa sesini çykarman, gazanyny tamyna salyp, arteline ugramakçy boldy. Kuly aýalyna: – Hany-how, arteliňe gitmänkäň, bize bir çaý goýup git ahyry! – diýdi. Ogulbike kündüge ýapyşanyndan, ussa: – Meniň üçin-ä çaý goýjak bolmaň! Özüň içjek bolsaň, çaý goýdur. Men häzir gidip, dükany açmalydyryn. Ozalam prawleniýeler maňa: «Dükany giç açýaň» diýip käýediler – diýip, ýerinden turmakçy bolup, galoşyny öňüne atdy. – Heýlemi, onuň, ýaly bolsa, çaý gerek däl – diýeninden, Ogulbike kündügi ýerinde goýup, artele baka ugrady. Ussa hem oturan ýerinden aýagyna galoşyny geýdi-de, ýerinden turdy: – Kuly, onda haty özüň oňar! Göni şonuň eline berer ýaly etgin! – Aý, indi sen hatdan arkaýyn bol, özüm oňararyn. Näme, saňa: «Baraýyn» dagy diýdimi? – Hawa-la, barjagyny açyk duýdurýar. Ýöne men şeýlebir salykatly gyza birden bir zat diýäýmäge utanýanam. Emma şu hatda aýtdym. «Ol haty okap: «Meniň ýüregimde-de seniň şu pikiriň ýaly pikir bardy. Indi özüň öňürti duýdurdyň, gaty gowy etdiň, şaýyny tutuber» diýip, maňa ýazar» diýip garaşýan – diýdi. – Onuň ýaly bolsa, ören gowy! Şu hatyňy gowşurmak meniň bilen – diýeninden soň, ussa: – Bolýar, şeýt, ýagşylyk et! – diýip gitdi. Ussa bäş-alty öýden aňryk geçeninden soň, Kuly: – Men saňa ýagşylyk etmän, ýagşylyk etmeli adamlar bardyr, şoňa ederin. Indi seni şeýlebir oňaryn, bütin oba üstüňden el çarpyşyp güler ýaly ederin. Gözel hem şular ýaly akmaga barmagy ýüregine düwen bolsa, goý, olam özüniň ýalňyşyny bilsin! – diýip, goňşy öýe baka: – Näzik eje! – diýip gygyrdy. Näzik eje: – Näme-uw, ynha barýan – diýip, öýünden çykyp, Kulynyň ýanyna köwşüni şytdykladyp geldi. – Näme üçin çagyrdyň, Kuly jan? – diýip, aýak üstünden sorady. Kuly ýuwaşlyk bilen jübüsinden haty çykaryp: – Me, ynha, şu haty al-da, komsomollaryň başlygy Myrada ber. Emma haty ýolda hiç adama görkezme. Myradyň-da eline çolarak ýerde bergin – diýdi. Näzik eje Kulynyň aýdanyndan hatda bir gizlin syryň bardygyny aňdy-da, soraýasam geldi: «Aý, soň sorasam-da, Kuly maňa aýdar» diýip: – Bolýar, Kuly jan, aýdyşyň ýaly ederin – diýip, haty aldy-da, gyňajynyň ujuna düwüp, Myratlaryň öýlerine baka eňäýdi. Näzik eje bäş minutdan soň Myratlaryň öýlerine bardy: – Myrat nirä gitdi, gyz? – diýip, Myradyň ejesinden sorady. – Myrat tamdadyr – diýen jogaby eşidip, tama ýüzlendi. Myrat bolsa ýaňyja ukusyndan turup, öňüne bir çäýnek çaý alyp, keserip, çaý içýärdi. Näzik eje Myradyň tamynyň gapysyndan girip: – Amanmy, Myrat, aman-saglykmy? – diýip durdy. – Saglykdyr, gel, Näzik eje! Ynha, men saňa çaý getirdeýin – diýdi. – Ýok, Myrat jan, men çaý içip oturjak del. Ýöne Kuly saňa bir hat iberdi, men: «Şony saňa gowşuraýyn» diýip geldim – diýip, gyňajynyň ujundan haty aldy-da, Myradyň öňüne oklap goýberdi. Myrat haty derrew okady-da pikire gitdi. Näzik eje: – Bolýa, guzym, men-ä turjak! – diýeninden, Myrat: – Entejik otur! – diýip, towsup, ýerinden galdy-da, tekjäniň üstünden syýa çüýşe bilen ruçkany aldy-da, gelip, hatyň burçuna şeýle ýazdy: «Ýoldaş Gözel! Kolhozyň komsorgy şu hat hakynda seniň pikiriňi bilmek isleýär. Sen hat baran sagadynda, öz pikiriňi ýazyp, bize iberersiň. Myrat» diýip gol çekdi-de, haty epläp, Näzik ejäniň eline berdi. Ol: – Näzik eje, sen ýene kyn görme-de, şu haty arteliň başlygy Gözele gowşur. Emma ýolda haty hiç kime görkezme, teni Gözele ertip ber – diýdi. Näzik eje haty ýene gyňajynyň ujuna düwdi-de: – Bolýar, guzym, kyn görmän! Iň bolmanda, şu gün şu ýola çykypdyryn, agşamlyk ýatmaga öýüme barybilsem, gaty razy – diýip, ýerinden turdy. Myrat muňa hezil edinip güldi. Näzik eje ondan çykyp, artele baka haýdady. Näzik eje indi hatdaky syry bilesi gelýär. Ol öz-özüne: «Näme üçin men Kuludan soramadym. Soran bolsam, ol şolbada aýdardy» diýip, içini gepletdi. Arteliň gapysyndan girip: – Armaweriň, dokmaçylar! – diýip, aýallaryň içi-ne gözüni aýlamaga başlady. Dokmaçylaryň birnäçesi: – Bar bol, gel, Näzik eje! – diýişdiler. Näzik eje dokmaçylaryň ileri çetinde Gözeli gördi-de, oňa tarap ugrady. Gözeliň ýanyna baryp: – Amanmy, gyzym?! – diýdi. Gözel: – Saglyk – diýeninden soň Näzik eje gysajynyň ujundan haty çözüp aldy-da, dokmaçylardan üç ädim aňryk çekildi-de: – Gyzym Gözel, bärik gel! – diýdi. Gözel ýanyna baryp durdy. – Ynha, şu haty saňa iberdiler – diýip, Näzik eje haty Gözele berdi. Gözel ussanyň hatyny okady-da, doňan ýaly bolup durdy. Gaharyndan ýüzi dym-gyzyl bolup, gözleriniň içine ýaş çaýyldy. Soň Gözel Myradyň ýazanyny görüp okady. Ýüzünde ýagtylma peýda bolup, gözleriniň töwereginde uşajyk ýylgyrmalar göründi. Ol: – Ýör, Näzik eje, meniň tamyma gideli! – diýip, Näzik ejäni yzyna düşürip, artelden çykyp, tamyna baka gitdi. Gözeliň tamy arteliň edil golaýjagyndady. Gözel dabyrap, derrew tamyna bardy. Işigini açyp girdi. – Gel, Näzik eje, otur bakaly! Men saňa häzir hat ýazyp bereýin weli, şony hem Myrada ert – diýip, stulunda oturyp, hat ýazmaga başlady. Ozaly bilen, ussanyň hatyna jogap ýazdy, ikinjiden hem, komsorga arza ýazdy-da, ussanyň hatynyň ýüzüne arzany ýelmäp, ikisini hem epleşdirip, Näzik ejäniň eline berdi. – Ynha, Näzik eje, şu haty göni Myrada ert. Emma ýolda hiç bir adama görkezmegin – diýdi. – Bolýa, gyzym, bolýa! Garasaý, siz meniň şu gün aýagymyň ýelini aljak-da – diýip, ýene gysajynyň ujuna düwüp, Gözeliň hem tamyndan çykyp, Myradyň ýanyna geldi. Gözeliň beren hatlaryny Myrada berdi. Myrat begenip: – Ine, indi boldy! – diýdi. Näzik eje: – Indi, Myrat jan, men öýüme gaýtsam boljakmy? Gün hem indi gijigip barýar – diýdi. Myrat Näzik ejäniň ýüzüne seretdi-de: – Indi saňa ýekeje ýumuş bar, ondan Soň sen arkaýyn bolýas – diýip, Gözeliň ussa ýazan hatyny berdi-de: – Şu haty ussa ertseň, onsoň sen boşaýarsyň – diýdi. – Heýlemi, onuň ýaly bolsa, men razy-la! – diýip, ol haty hem aldy-da, gysajyna düwüp, ussanyň dükanyna baka gitdi. Ol wagtlar ussa dükanynyň agzynda egni maýkaly, iki elini bykynyna urup, kimedir birine garaşýan ýaly, gözüni haly arteline baka dikip durdy. Onýança ileri gapdaldan Näzik eje gelip, ussanyň ýanynda durdy-da: – Salamelik, ussa! – diýdi. Ussa onuň ýüzüne kürşerilip seretdi. – Aleýk. Bolýa-da, Näzik eje, seniň meni şol oňaranyň hem bardyr. – Ýeri, goýsana, namartaý, ynha, men saňa hat getirdim – diýip, gyňajynyň ujundan haty alyp, ussa berdi. Ussa haty aldy-da, begenip, dükanyna girip, okamaga durdy: «Ussa aga, seniň maňa ýazan hatysy alyp okadym. Men seni atam ýaly adam diýip, hasap edip ýördüm. Emma seniň ýüregiň gara, ekeni. Sen özüň garry köpekligiňe seretmän, meni söýüp, aýalyňdan we çagalaryňdan aýrylypsyň. Sen bir tüýs akmak adam ekeniň. Men düýe bolup ölsem-de, saňa bir çorbalygym ýetmez, ondan ýaňa umydyň gyl ýudan ýaly bolsun! Meniň söýýänim bar. Ol biziň eziz Watanymyzy duşmanlardan goramak üçin Gyzyl goşun hataryna gitdi. Men soňa söz berdim: «Gullugyňy gutaryp gelýänçäň, garaşaryn» diýip. Indi seniň biziň aramyza düşjek bolup ýörmegiň saňa gaty utançdyr. Utan! Gözel». Ussa haty okap boldy-da, elini-aýagyny ýitirip aljyrady. Haty ýyrtym-ýyrtym edip, düýrläp, agzyna saldy-da, çeýnäp taşlady. Dolanyp, Näzik eje: «Gümüňi çek, şum habarçy heleý!» diýip sökjekdi weli, Näzik eje eýýäm gidipdir. Ussa maňlaýyna urup, dükanyň içinde näme işläp-näme goýýanyny bilmedi. Ol gyýkyndy demirleri bir böwre oklaşdyryp durmakdan başga iş etmedi. Edil şol wagt bolsa Myrat dükanyň agzyndan gelip, gapyda durdy-da: – Ussa, şu gün agşam kolhoz prawleniýesiniň ýygnagy bolýar, sen şoňa hökman barmaly – diýip gitdi. Bu habar-da ussanyň ýüregini ullakan bükgüldä goýdy. Ol gözüni tegeläp: «Wah, işim-ä gaýtdy-ow! Indi meni näderlerkä? Men mundan sag-aman gutulmak üçin kimi görsemkäm?» diýip pikir etdi. Häli-şindi ýüzüniň derini süpürdi. Soň ussa dükanyny baglap, tä ýygnaga çenli kolhoz ýolbaşçylaryny görüp, olardan özüniň günäsini geçirmek üçin eýläk-beýläk ylgap gezdi. * * * Agşam sagat onlarda ussa ýygnakdan çykanynda, hammamdan çykan ýaly, ýüzi dym-gyzyl bolup, derden köýnek-balagy sykybermelidi. Ol ýüzüni aşak salyp, ýeňsesinden itiberilen ýaly, göni tamyna baka gitdi. Baryp, tamyna-da girmedi-de, Bibijemalyň tamyna girip, çagalaryna düşek salyp duran Bibijemalyň aýagyna ýykyldy: – Bibijemalym, indi sen meniň günämi geç, men ullakan ýalňyşypdyryn. Sen meniň ýaly bolma, men akmaklyk edipdirin. Men senden we çagalarymdan aýryldym. Öz elim bilen öz bagtymy ýatyrdym. Indi men seni janymdan eziz görerin – diýip bagyrdy. Bibijamalyň ussadan tarap doňan ýüregi munuň ýaly sözler bilen eremedi. Ol: – Gidiber, indi men seniň bilen är-heleý bolup ýaşasym ýok. Sen öň oglandyň-da, indi adam bolaýdyň-my? Çyk derrew öýden – diýeninden soň, ussa ýüzüni sallap, ýerinden turdy. Baryp, çagalarynyň aýagyna ýykyldy. Çagalary ejesiniň ýüzüne seredişip, kakasynyň günäsini geçmegini ejesinden soradylar. Agahan DURDYÝEW. «Sowet edebiýaty» žurnaly, 1940, № 2. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |