21:46 Bagtly ýigit / powest | |
BAGTLY ÝIGIT (ANNAGULY SÖLPI)
Powestler
■ Annaguly ýaş wagtynda Berdi aganyň ogluna Annaguly sölpi diýerdiler. Ol süňklek, garaýagyz, burunlak bir oglandy. Onuň tüýi ösgün, gara telpegi elmydam başyndan aýrylmazdy, gözleri telpeginiň tüýüniň arasyndan çala ýaldyrap görünýärdi. Annagula «sölpi» at şundan galypdy: ol geýen eşigini, balagynyň, uçguryny, çarygynyň bagyny oňarman, süýräp, hopul-sopul gezerdi. Şol sebäpli-de obanyň oglanlary muňa «Annaguly sölpi» adyny goýupdylar. Annagula köpçüligiň ýene bir dakan ady züwwetdindi. Muňa «züwwetdin» ady hem şundan galypdy. Tomus günleriniň birinde Annagulynyň kakasy Berdi aga Annagulyny ýanyna çagyryp: – Oglum, bar, ýabymyzy guýudan suwa ýakyp gel! – diýdi. Annaguly birden düýrükdi-de, gözüni tegeledi: – Baý-ba, men ýabymyzy münüp bilýänmi näme?! – Münüp bilmeseň, men mündürer goýberibererin diýip, kakasy turup, ýüpli bedräni alyp, ogly bilen ýabynyň ýanyna bardy. Ýabynyň irişmesini salyp, aýagyny çözdi. Bedräniň bolsa bagyny külterläp, bedresi bilen Annagulynyň eline berdi. – Hany, gel, oglum, mündüreýin! – diýip, ogluny mündürmekçi boldy. Emma Annaguly ýaba münmekden gorkup: – Kaka, idip äkidäýeýin-le?! – diýip, kakasyna ýalbardy. – Ýok, münüp git, heý, dogman geçen-ä! – diýip, ogluny gaharly göterip, ýabynyň üstüne batly oturtdy-da: – Bar, gatyrak sürüp git! – diýdi. Annaguly ýabynyň gapdalyna ýüp bilen çalanyny özi-de duýman galdy. Ýaby loňkuldamaga başlady. Annaguly ýabynyň üstünde oturyp bilmän, aşagy ýumakly ýaly, bir gezek eýläk agyp, bir gezek beýläk agyp barýardy. Ol öýlerinden sähel saýlanandan soň yzyna gaňrylyp, derrew ýabynyň başyny çekdi. Soňundan uludan bir sojap, ýöredip gitdi. Guýy obanyň ýokary çetindedi. Oňa obanyň ortarasyndan ýol barýardy. Annaguly ýabysyny mytdyldadyp, guýa bardy. Ol ýabysyndan syrylyp düşdi-de, guýynyň gyrasyndan iki ädim gaýrada durup, bedresini guýa sallamaga durdy. Guýynyň düýbüni görmän, bedresindäki suwy dökän-saçan edip, zordan ýabysyny suwa ýakdy. Soňundan ýabysyny idip gaýtmaga kakasyndan gorkup, guýa geleniň birine: «Meni ýabyma mündürsene!» diýdi. Ol hem ýaba mündürip goýberdi. Annaguly ýene ýabysyny mytdyldadyp ugrady. Ol ýabynyň üstünde edil irkilýän ýaly yranyp, obanyň içinden geçip barýar. Onuň iki gözem ýabysynyň, gulagyndady. Ýabysy näçe gulagyny salpardyp barsa, onuň şonça hem keýpi kökdi. Niçikmi, ýabysy gulagyny hekgerdiberse ýa-da gyrpyberse, ýüregine howsala düşýärdi. Ine, şu baryşda birden onuň, ýabysy boýnuny hekgerdip, ýoluny kesip geçen baýtallyny gördi-de, kişňedi. Muňa Annagulynyň depe saçy üýşüp, der basyp gitdi. Ol ýaba gözüni alardyp: «Heýt!» diýip irişmesini silkdi. Ol geçen baýtalla-da içinden: «Heý, baýtalyň gursun, baýtalyňa jüre degsin, ketew degsin! Şundan başga geçere ýer tapmadyňmy?» diýip sögdi. Şol minutyň özünde ýoluň ileri ýüzündeki garaja öýüň gözeneginde guýlunyp ýatan ala ganjyk ok ýaly zybyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy. Ana, saňa gerek bolsa! Ýaby gulagyny gyrpyp, birden goşa toýnagy saldy-da ýazzyberdi, ganjyk-da mündi mekgesine. Annaguly-da ýabyň üstünde: – Waý, eje, waý, kaka! Waý, eje, waý, kaka! Waý, ýykyldym! – diýip gygyrýardy. Bedresi-de Annagulynyň sesine goşup, şakyrdyk-şukurdyk ses edip barýardy. Annagulynyň bolsa bir eli eýeriň gaşynda, gözi-de töwerek-daşynda, yzy ganjykly halha barýar. Ýabynyň başyny bolsa goýberipdir, irişme-de ýerden süýrenip barýar. Onuň bu bolup barşyny obanyň oglanlary görüp: – Haýda! Aldyň ulyny, gyz! – Baý, Berdi aganyň ogly-ha at darydýar-ow! – Haýda, gyw! Guýrugyndan ozduň, züwwetdin! – diýşip gülüşdiler. Ýaby bolsa hiç ýere sowulman, göni ýatagyna baryp, sakga durdy. Ine, Annagula «züwwetdin» ady şundan galypdy. ■ Annagulynyň «mergenligi» Annaguly sölpiniň şunuň ýaly «batyrlyk» görkezen ýerleri köp. Ol ýene bir ýyl tomus aýlarynda Jumajyk diýen bir oglan bilen kakasynyň goşasyny alyp, guşa gitdiler. Annaguly şol wagtlar edil on sekiz ýaşlaryndady. Onuň boýuna seretseň-ä, ullakan adam hem diýmek boljak. Guş obanyň bir wýorstluk ilersindäki suwly ýabyň aňry gyrasyndaky gur gamyşlygyň içinde bolguç bolardy. Annaguly Jumajyk bilen göni şoňa baka gitdiler. Jumajyk ýolda Annagula: – Jan Annaguly, maňa-da ýekeje ýola atdyrsana! – diýip, ýalbardy. Annaguly ona göwni ýetmän: – Ýok, sen atyp bilmersiň, bu tüpeň gaty depýär. Seni-dagyny depäýse, edil serrelder goýaýar. – Ýok, goý, meni depsin, men onuň depeninden gorkmaýan. – Sen näme tüpeň atyp bilýärmiň? – Hawa, atyp bilýän, men tüpeň atyp, guş hem urdum. – Urarsyň! – diýşip, gamyşlyga bardylar. Annaguly öňde, Jumajyk hem yzynda gamşa girip ugradylar. Annaguly tüpeňiň gulagyna barmagyny ýetirip, öňüne çenläp barýardy. Ol gamyşlaryň arasynda busup ýatan ýa-da obanyň towuklary ýaly gezişip ýören sülgünleri görjek bolup, gamyşlaryň arasyna eglip, gözüni ýiti-ýiti gezdirýärdi. Käwagtlar bolsa durup, yzyna gaňrylyp, Jumajyga elini tutup: – Ýuwaş, ýuwaş! – diýip pyşyrdaýardy. Ine, Annaguly tüpeňini çenläp, bäş-on ädim ýöredi weli, birden aýagynyň aşagyndan güsür edip, ýokary galdy. Annaguly muňa zähresi ýarylan ýaly, arkan serpdi. Tüpeň hem atylyp gitdi. Atylandan, tüpeňini-de taşlady. Başynyň telpegi bolsa, guş uçanyndan, zyňlyp gitdi. Jumajyk Annagulynyň gorkup, aljyraýşyny görüp, el çarpyp güldi: – Aý, ýigid-ä urdy-ow! Bu aw «urşuň» bilen sen meýdanda guş goýmarsyň! Annaguly hasyrdap, telpegini geýip, tüpeňini eline aldy-da: – Ýok, Juma jijim, men urdum, Onuň ganatyny çym-pytrak etdim, ol guş şu golaýlara patlap gaçandyr. Ýör, biz ony gözläp tapaly – diýip, Jumajygy ynandyrjak boldy. Jumajyk: – Arkaýyn bol, guş öňküsinden-de gaty uçdy. Ol guş şu golaýlarda gonmady. Ýöne ol guş seni gorkuzdy, senem ony tüpeň bilen ürküzdiň, başga eden zadyň bolmady. Hany, äber maňa tüpeňi, agaňlaň urşuna-da bir syn et – diýip, Jumajyk onuň elinden batyrgaýlyk bilen tüpeňi aldy. Annaguly sölpi kellesini hyrt-hyrt gaşamaga durdy. Onuň gorkmagyndan heniz hem eliniň, aýagynyň sandyramasy aýrylmandy. Jumajyk goşanyň iki gözünem doldurdy-da: – Hany, Annaguly han, meniň-de yzyma duş! – diýip, tüpeňiň gulagyna barmagyny ýetirip ugrady. Annaguly-da onuň yzynda lep-lep edip barýardy. Jumajyk käwagt yzyna gaňrylyp. – Ýuwaş! – diýmänkä, ol durup ýudunyp hem bilmezdi. Jumajyk şeýdip, birsalym aýlandy. Soň gyrymsyja gök gamşyň içine bardy weli, edil Annagulynyň aýagynyň aşagyndan uçuşy ýaly, munuň-da aýagynyň aşagyndan bir horaz güsürdäp, ýokary galdy. Jumajyk sarsman durdy. Horaz ýoluna gönügenden soň, edil guýrugyndan diýip çenläp goýberdi. Horaz dikbaşaşak kelemenläp gaýtdy-da, patlap, ýere düşdi. – Ine, Annaguly han, beýdip urarlar, tüpeň atmany menden öwren! – diýip, Jumajyk öwündi. Annagulynyň ýüzi çapady ýaly gyzardy. Jumajyk baryp, guşy alyp, öýlerine gaýtdylar. Jumajyk oba barandan soň Annagulynyň «guş urşuny» görene gürrüň edip berip, Annagulyny masgara etdi. ■ Annagulynyň masgaralygy Annagulynyň şunuň ýaly masgara bolan ýerleri köp. Onuň ýene bir erbet masgara bolanyny aýdaýyn. Annagulularyň kolhozynda pagtanyň ilki ýüzüni ýaňy ýygmaga başlapdylar. Bu wagtlar güýz aýlarynyň başlarydy. Kolhozçylaryň köpüsi daş işikde ýatýardylar. Annaguly-da daş işikde ýatardy. Bir gün Annagulynyň ejesi daň bilen turdy-da, çaý goýdy. Derrew gölesini goýberdi-de, sygryny sagdy. Annagulynyň başujuna geldi-de, ýüzüniň ýorganyny serpip: – Annaguly, Annaguly, tursana, oglan! Iller bireýýäm pagta gitdiler, sen bolsaň ýatyrsyň – diýip yralady. Annaguly gözüni açman: – Hüm! Bolýa, bolýa! – diýip, dişini birki ýola çalan boldy-da, beýlesine agdarylyp ýatdy. Annagulynyň kakasy bolsa bugdaý döwegine gidipdi. Ol bolan bolsa, Annagulyny beýdip arkaýyn ýatyrmazdy. Annagulynyň ejesi çalak-çulak çaýyny içdi-de, gölesini alyp, sygryny goýberdi. Ýene gelip, oglunyň ýüzüni serpip: – Annaguly, tursana, oglan, Näme köp aýtdyrýarsyň? Özüň ýaly adamlaryň biri galman, pagta gitdiler, sen bolsaň ýeriňden hem galaňok. Men-ä, oglan, kakaň gelensoň aýdaryn. Her gün seniň bilen şeýdip, urşup turuzmak aňsat düşmeýär – diýip käýindi. – Bolýa-da, ynha, turduk-la! Baý, eje, senem içagyry bolan bolsaň, bireýýäm alardyň! – diýip, Annaguly ýüzüni sortduryp, ýerinden turdy-da, dik oturdy, gözüni açman, kellesini gaşamaga başlady. – Halha, çaýyňy demläp, basyryp goýdum, derrew çaýyňy iç-de, pagta bar – diýip, ejesi pagta ugrady. Annaguly: – Bolýa-da! – diýip, ejesi öýüň syrtyna öwrüleninden: – Ýatana berseň, maňa ber – diýip, ýene kellesini ýassyga goýdy. Gün dogdy, ýokaryk galdy. Annagulynyň üstüne gün geldi, ol şonda-da güne ýatan päýendeki ýaly, pökläp ýatyr. Birhaýukdan soň ýorganyň içinde garadere batyp, hopugyp, ýerinden galdy. Bir gözüni ýumup, Güne seretdi. Gün eýýäm guşluk bolupdyr. Ol ýerinden turdy-da, ýorganlaryny düýrleşdirip, içerik taşlady. El-ýüzüni bolsa pişik ýuwnuşyny edip, çaýyny içmege oturdy. Soň çarygyny geýdi. Haltasyny egnine atdy-da, donunyň ezenegini agdaryp, lep-lep edip, pagta ýygmaga ugrady. Ol şol bolup barşyna, ýygymçylaryň bir çetinden bardy, ýygymçylaryň gözi Annagula düşdi. – Aý, Annaguly han gelýär, gelinler, gyzlar, serediň, görüň! – Aý, görmedigimiz şol bolsun, mysalasy nätüýsli, hassa ýaly, yranyp gelýär. – Aý, Annaguly han gelýär, adamlar, bir syn ediň! – Syn edilen ýaly-da, synyny süýräp, pagta günortan gelýär. – Aý, kolhozçylar, Berdi aganyň dogmasy gelýär, ony «garşy alyň!». Ol Berdi aganyň yzyny tutjak adamdyr. – Aý, Berdi aganyň şol ogly bolandan-a, bir sokudaş bolan bolsa, Berdi aganyň özüne-de, ile-de peýdaly bolardy – diýip, ýerli-ýerden gyjyt berdiler. Annaguly sümügini çekip, ýüzüni sallap, ýygymçylaryň öňünden geçip, gaýra çetdeki pagta ýygýanlaryň ýanyna barýardy. Oglanlardan biri: – Annaguly, meniň öňümden geçme, aňyrdan geç! – diýip gygyrdy. Onuň gapdalyndan biri: – Züwwetdin, yzdan geç! – diýip, o-da gygyrdy. Beýleden biri: – Düýe ýaly, pagtalary basalap ýörme-de, peliň üstünden ýöre! – diýip, Annagulyny it alan sanaja dönderdiler. Annaguly ýygymçylaryň gaýra çetine baryp, ejesiniň ýanyndan pagta ýygmaga durdy. Indi Annagula ejesem igenip başlady: – Haý, ýaşy kesilen, seniň şu masgara bolşuna ýer gazylmady, men girmedim. Heý, ilde seniň ýaly eftini agdaryp, işe günortan gelýän barmy? Kakaň bir gelsin bakaly, seniň inisi-boýusy des-deň etdirin. – Ýeri, eje, sen bir lal bolsana! – Lal-a boljak däl! Ata sakgaly eňegiňe çykypdyr, sende utanç, namys bolmazmy? Iliň seniň ýaly, ýigit ýeten ogullary ot gorsaýarlar, olar gijeden turup, işe gidýärler, sen bolsaň işe günortan gelýärsiň. Şümi seniň ýetişip, ataň golundan göterişiň?! Waý, doganlar, muny biz: «Öýlendirjegem» diýip ýörüs. Kim muňa gyzyny berer?! Hiç kim hem bermez. Nätjek bir pahyryň çagasynyň bagtyny ýatyryp, goý, eftini agdarsyn ýörsün-dä! – Eje, bes et, seniňki maňa artyk degýär. – Bes etjek däl, sypaty guran, sen gepleseň, meniň odum tutaşyberýär. – Bar onda, asmany çek! – Asmany çekmän, ýaşy kesilen, edil içinden çekäýerin – diýip, ejesem käýedi. Soňabaka ejesiniň aýdýan sözleri Annagula edil gara ýere diýilýän ýaly boldy. Annaguly käwagtlar bir hana sogrup, lap edip aýtdygym däl, hut üç düýp gowaçanyň daşyndan bir sagatlap aýrylmady. Ony soňabaka bir pelek uran ýaly, bir düýp gowaçanyň kölegesinden hem aýryp bilmedik. Beýleki ýygymçylar bolsa munuň atgaýtarym öňünde haýdaşyp, pagta ýygýarlar. Bu bolsa yzda brigadir ýa-da zweno başlygyny görse, garantga ýaly sömelip durýar, niçikmi, hiç birini görmese, şol düýp gowaçanyň kölegesinde çommalyp: «Bu hanany-ha sogurdym, hop, duruber, indi ol hanasy galdy. Onam sogursam, bu gapdalynda-da bir hana galýar, onam sograýsam, onsoň şu düýp gowaçanyň menden armany ýok» diýip, içini gepledip ýygýardy. Annaguly şu pagta ýygşy bilen öýläne çenli haltasyny-da dolduryp bilmedi. Öýlän boldy weli, bir ýerden tabelçi eline depderini alyp geldi. Ol hemme ýygymçylara: – Gelin, ýygnanyň, men size bäş günüň içinde gazanan zähmet günleriňizi okap berjek – diýip, ýygymçylary çagyrdy. Ýygymçylaryň hemmesi onuň daşyna üýşdüler. Zweno başlygy Annagulynam şolbir düýp gowaçanyň düýbünden tapyp, alyp geldi. Ol zweno başlygynyň yzynda ýüzüni sortduryp gelýär. Onuň ýüzi edil bazardan satylman gaýdan öküzçäniň ýüzi ýalydy. Ýygymçylar tabelçiniň daşynda: – Meniňki näçe gün bolduka? – Meniňki seniňkiden köpdür. – Sen menden yzdasyň! – diýşip, edil atlaryny ula goýberen ýaly heşerlenişip, tabelçiniň okaryna garaşyp durdular. Annaguly bolsa köpçülige goşulman, çetde oturyp, çarygynyň bagyny daňýardy. Tabelçi ýygymçylaryň atlaryny okamaga başlady: – Birinji Ene Anna aýaly, bäş günüň içinde on iki gün, Baba Bäşim on gün, Gözel Meret-de on gün, Dürjamal Nury gyzy on bir gün, Jumajyk Agaly dokuz gün, Annajamal Esen aýaly sekiz gün, Aknabat Berdi aýaly ýedi gün. Ehem-ehem!.. – Indi kimiňkini aýtjakka? Hany, oglan, biziň adymyz çykmady-la? – Hemmäňiziňki-de çykar, birazajyk howlukmaň! Ehem-ehem!.. – Näme, oglan, bokurdagyňy arçaýarsyň? Tizräk okasana! – Şu taýda bir at bar, şony gatyrak gygyryp okamaly boljak. – Be, ol kimkä? Hemmämizden köp ýygandyr-ow? – Be-gyz, ol kimkä? Gaty köp ýygan bolsa gerek! – Eý, tabelçi, seniň sesiň ýetmeýän bolsa, onda jarça gygyrdaýalyň! – Jarça soň gygyrtsak-da bolýar. Şu wagt özüm bir synanyşaýyn. Ehem-ehem!.. – Ýeri, okasana, oglan, adam baryny sandyradyp goýaýdyň-la! – Annaguly sölpi Berdi ogly iki ýarym gün – diýeninden, hemmesi pakyrdap gülüşdiler. – Aý, sölpi-hä gün gazanypdyr-ow! Bizem: «Kimkä?» diýip, garaşyp hem durus. – Aý, ýigid-ä gün alypdyr-ow! – diýişýärler. Annaguly bolsa bu gepleriň aşagynda, eline çöp alyp, ýeri dyrmalap otyrdy. Ejesiniň Annagula gahary gelip, onuň ýanyna gyjnyp bardy-da: – Tur, ýaşy-kesilen, gözüme görünme! Tur, meniň içimi ýakma! Tur şu taýdan, ugra! – diýip, ejesi oglunyň ýüz-gözüni ýolmalap barýar. Annaguly oturyp bilmän, ýerinden turup, ejesine bir gözüni alartdy-da, haltasynyň ýanyna ugrady. Ejesi yzyndan: – Heý, mysalaň gursun! Seniň bolan ýerinde maňa abraý ýokdur. Kakaň bir gelsin bakaly, seniň edil iniňi-boýuňy des-deň etdirerin – diýip käýindi. Tabelçi: – Hany, indi sesiňizi goýuň-da, gulak salyň! – Ýene gygyryp okamalyň barmy? – Ýok, indikilere sesim ýetjek: Jeren Akmyrat aýaly, Altyn Mämmet gyzy, Towşan Sapar gyzy – bularyň hemmesem alty günden – diýip, tabelçi spisogyny okap gutardy. Ýygymçylaryň hemmesi ýygymyny dowam etdiler. ■ Annaguly hem synçy Annaguly söwedeň, garaýagyz, burunlak, ýapy ýaly pyýada bolup ýetişdi. Annagulynyň deňindeki oglanlaryň köpüsi öýlendiler. Aknabat eje-de, Berdi aga-da ilden kem galmajak bolup, Annagulyny öýermegiň pikirine düşdüler. Bir gün Berdi aga bilen Aknabat eje ertirki çaýlaryny içip otyrdylar. Bu ikisi biri-birine maslahaty herne çaý başynda bererdiler. Bu sapar Aknabat eje Annagulyny öýlendirmek meselesini orta atdy: – Aýu, kakasy, Annagulynam ile meňzeş edip goýbereli, şu wagt elimizde birnämejik zadymyz hem bar. Ynha, eşegimiziň kürresi bar, ony satarys, sygrymyzyň gölesi bar, muny satarys: halat-serpaý alarys. Elimizde bolsa bir müň manat-da lükgejigine dur. Şeýdip, bir zadyň başyny tutaly. Biz agzyny giňden açjak bolup duran ýere baryp hem durmarys. Öz deňimizi gözläýäris. Halha, Annaberdi ogluny sähelçe zat bilen öýerdi, senem şujagaz zatlaryňy pul edipjik lükgeläýseň, birzat bolar-da duruberer. Aknabat eje bir düwürjik süýjüni agzyna salyp, käsesini göterdi. Iki gözüni Berdi aga dikip, jogaba garaşdy. Berdi ogluna göwnüýetmezlik bilen: – Aý, ejesi, men-ä şu dogman geçmiş üçin şu işiň başyny tutmasammykam diýýän. – Wiý, kakasynyň aýdýanyny, burnuň hapasy bolsa, ony kesip zyňjakmy? Her zadam bolsa, oglumyzdyr, ile meňzeş etmeli bolaryň. – Aý, ejesi, entek howlukmaly-la! Ýigrimi bäş-otuz ýaşa barsyn, belki, oňa çenli özüni tijäp, akyly goýalyşar. – Ýeri, goýsana, namartaý, ogluň elmydam şu bolşuna bolar gidesi ýok-la, gelin alyp berenimizden soň, eklenç başyna düşenini biler. Adam bolar. Sen ýene tizräk şunuň ugruna çyk, şunuň bir möwsümini sowmaly. Asyl, sen meniň diýenimi etseň, göni Myrat keliň öýüne baraý, onuň özi neşekeşdirem, şu wagt bir zat diýseň, eder. – Ba, onuň gyzy gaty ýamandyr-ow!.. – Wiý, munuň aýdýanyny, ýaman bolany gowy, Annagula şonuň ýaly gerek. Eýläk-beýläk butnatman, ýola salsyn-la! – Eýsem men şolara baryp göreýin. – Bar, Myrat kel ýaly gudamyz bolsa, gaty oňşarys – diýşip maslahat edişdiler. Bu gürrüňleri eşidip ýatan Annaguly ýorganyň içinde ukuda bolan bolup samrady: «Mem-mem!.. Ejem dogry aýdýar, ýamanam bolsa, bolýar, mem-mem!..» diýip, yzyndan hem dişlerini çalyp, beýlesini agdarylyp ýatdy. Ejesi dilini dişläp, äriniň ýüzüne seretdi-de: – Waý, Annaguly oýamyka? – Oýa nämişlesin, samraýar-la – diýip, Berdi aga bilmediksirän boldy. – Heýlemi? – diýip, ejesi bu gürrüň bilen çaýlaryny içenini duýman galdylar. Edil şol günüň öýlänleri Berdi aga çokaýyny çygşyldadyp, Myrat keliň öýüne salam berip girdi. Myrat kel ýamap oturan çokaýyndan başyny galdyryp: – Waleýkim, gel, Berdi aga, düşek üstünden otur! – diýdi. Berdi aga düşegiň üstüne geçip oturdy. Bu wagt öýde Myrat keliň aýaly, onuň gyzy-da bardy. Ol ikisi düýpde, artelden alan dokmasynyň üstünde ýüzlerini galdyrman çitýärdiler. Myrat kel demlije duran çäýnegi Berdi aga süýşürdi-de: – Al, Berdi aga, çaý iç! – diýdi. Berdi aga çäýnegi öňüňe alyp, çaý içmäge oturdy. Myrat kel ýanyna setanda-seýranda iş üçin gelýän Berdi aganyň derrew habaryny almaga başlady: – Berdi aga, habarlyja geldiňmi? – Hawa, inim, habarsyzam däl. – Onuň ýaly bolsa, habaryny berip otur. – Men-ä, inim Myrat, «Seniň bilen guda bolaly» diýip geldim – diýeninden, Myrat kel lak boldy. Onuň aýaly içini çeken ýaly, ýüzüni dym-gyzyl edip, dokmadan başyny galdyrdy. Gyzy bolsa tormoz berlen maşyn ýaly, elini sakga duruzdy. Myrat kel sypaýyçylyk bilen! – Gowy edýärsiň, Berdi aga! Ynha, ejesi bar, pikirlenişeli, maslahatlaşaly – diýip, sözüni soňlamanka, gyzy oturyp bilmedi: – Oňa maslahat bolmaz. Men ölmändirin, Berdi aganyň şol ogluna barar ýaly. Siz neneň, meni soňa bermege dözjek?! Berdi aga, ýüzüň-gözüň neneň çydaýar şol ogluň üçin gelmege?! Derrew yzysy ýel bozmanka, gümüňi çek, ýogsamam şu darak bilen maňlaýyny ýaryp goýberýän. Ejesi: – Goýsana gyz, çaýyny bir içsin-le! – diýip pyşyrdady. – Çaý ýerine belany içsin, ýagşydabir habary bar ekeni. Men, näme, dälimi, seniň şol ogluna barar ýaly? Edil sakgalyňdan hiňňildik uçaýaryn. – Baý-baý, keýgim, biz goýduk, goýduk, söz aýtmadygymyz bolsun, tobeý! – diýip, Berdi aga ýerinden turup, ýüzüne urlan ýaly, öýüne gaýtdy. – Ýeri, sen ýaly gyz adam lal bolar oturar – diýip, Myrat kel gyzyna käýemäge başlady. Emma gyzy: – Lal bolub-a oturjak däl, men sesimi çykarman otursam, ondan beterrägine-de berersiňiz – diýdi. Berdi aga bolsa öýüne barýança, ogluna gargynyp: «Heý, dogman geçmiş, senden maňa abraý ýokdur, sen bir adam bolsaň, men şeýdip kowlarynmy?» diýip, öýüne bardy. Ol öýünde aýalyna igendi: – Sen, heleý-de, bir zady aýdýaň goýberiberýäň, ogluň şol bor-da, kişiň gapysyndan bararlygyň barmy? – Ýeri, kakasy, bu ne habar? Myrat kel seni kowaýdymy? – Myrat kele galsa, meni kowjak däl weli, onuň aýjyn gyzy kowdy. Onda-da ne kowmak, tas hem urupdy. – Tobeý, tobeý, bu çakyň gyzyndan gorkaýmaly, ene-atasyndan öňe düşüp, kesýänem özleri, biçýänem özleri bolupdyrlar. Sen, gowusy, oba arasyndakylara barma, ilde gyz gyt däldir, elbetde, il içini aýlanyp ýörseň, bir ýazylanyň üstünden duş gelersiň. – Men-ä, heleý, şu oglumyza il içinde-de ýazylan ýokmuka diýýän. Bolaýsa-da, seniň ogluňy görmen, gyzyny beresleri ýok. – Wiý, kakasynyň aýdýanyny, oglumyzy girmege gelseler, ol-a ondanam gowy, Jumajygy bezär-de görkezäýeris. – Gelip, obadan sorasalar, nätjek? – Hemmesi gelip, sorap durasy ýok-la! Senem muşakgat baryny ýagdyrýarsyň. Halha, Geldimyrat lal ogluny öýermedimi! Bar-da, şonuň alan gelnini bir gör, gaty gowy maşgala. Saňa-da şonuň ýaly biri duş geler. Sen ýöne meniň diýenimi et-de, ertirden biliňi pugta guşap, il içine çyk – diýip, aýaly Berdi agany il içine çykmaga boýun etdi. Ertesi Berdi aga şaýyny tutup, eşegini münüp gitdi. Ol oba adamlarynyň salgy beren gyzly öýleriniň hemmesine baryp çykdy. Baran ýerinden kowlup, baran ýerinden kowlup, kowulmakdan Berdi aganyň lapy keç boldy. Ahyry üç gün diýlende, obasyna gaýdyp geldi. Aknabat eje Berdi aganyň hoň ýaly ýerden eşekli yranyp gelýäninden onuň ýüzüniň salyklygyny billi. Ol haýdan-haý çaý goýup, çäýneklerini çaýkaşdyrdy. Onýança-da işikden Berdi aga salam berip girdi. Aknabat: – Aleýkim, kakasy, sag-aman geldiňmi? – Sag-aman geldim – diýip, Berdi aga geçip oturdy. Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok. Aknabat eje öňüne çäýnegini goýdy-da, käseni süpürişdirip eberdi. Yzyndan hem ýylyjak nandan doly saçagy gapdalyna goýdy-da, düýpdäki ýagküýzeden kiçiräk jamy gowurdakly ýagdan tümmekläp äberdi. Elleriniň ýagyny çalyşdyryp: – Hany, kakasy, iýeniň-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber. Gurtmusyň-tilki, bir eşideli? – diýdi. – Ogluň Annaguly bolar-da, gurt boljak gümanyň barmy? Elmydam tilkisiň-dä! – Hiýbir: «Geliberiň!» diýen bolmadymy? – Ýok. – Aý, hemmesem seniň özüňdendir-le, baran ýeriňde lemmi-lemmi edip oturansyň, häli men gitsem, boş gelmejegimi-hä bilýän. – Senem, belli, daş ýerde däl-le! Halha, gök eşek, ertir mün-de, gidiber! – Ýogsamam giderin. Ynha, şu ilerki oba täze biri göçüp gelipdir. «Gaty gowy gyzy bar» diýýärler, baryp, söz aýdan bolsa, gyzyny berjekmiş. – Onuň ýaly bolsa, git-de, guda bolup geleweri! – Men-ä indi Annaguly üçin bir adamyň-da gapysyndan barjak däl. – Bu ýaşy kesileniň-de hiç bagty açylmady. Gaty agyr boldy. – Bagty açylar ýaly, ol bir adammy? – Ýeri, goýsana, namartaý, seneý şondan aýrylyp, gidere ýeriň ýok-la, seniň tohumyň-da – diýşip, sögüşip otyrkalar, onýança-da işikden Annaguly geldi. Ol iç işikde direnip durdy-da: – Ýeri, kaka, sag-aman geldiňmi? – diýdi. – Zäher etdiňmi, ýok bol gözümiň öňünden, görünme. Häý, dogman geçmiş! – Be, be, be! Kaka, sen dälirediňmi? – Bela etdiňmi? Häý, seniň bir... – diýip, ýerinden turup topuldy. Annaguly öýden dazlap çykdy. Ol juluny tasadyp, birýaňalyga ýazdy. Aknabat eje ara düşüp: – Aýu, seniň bolşuň nätüýsli, toba-tagsyr! Sen ýaly ogullam ilde bar ahyry, olar şeýdip ýerýerlermi? Ilde ogluň dyrnagyna zar bolup ýörenlerem bar. Sen şükür et ahyry! – Şunuň ýaly ogul bolandan bolmany gowudyr – diýip, Berdi aga haşlap baryp, ýerinde oturdy. Indi gelinlik gözlemege gezek Aknabat eje geldi. Ol hem şol günüň ertiri bilini guşap, başyna çabydyny atdy-da, sekiz ýaşlaryndaky oglanjygy yzyna düşürip, ilerki oba gitdi. Soň ol öýlänler ilerden geldi. Onuň bolup gelşinden iş bitirenligi görünýärdi. Bu wagtlar bolsa Berdi aga işiginde eli orakly ota gitjek bolup durdy. Ol Aknabadyň bolup gelşinden bir habaryň bardygyny aňdy-da, oňa garapdy. Aknabat eje çabydyny egnine atyp, dylym-dylym edip, Berdi aganyň ýanyna geldi. Berdi aga oňa: – Ýeri, ejesi, sen nätdiň, gurtmusyň, tilkimiňiň? – Gurt bolmajak gümanym barmy? Tilki gurdy görse, umma gaçýandyr. Men sen ýaly, iş bitirmän gelmen. Hakyt mundan bardym, gyzyny gördüm. Edil öňün-de oturyp syn etdim. Gaty gowy maşgala, arman, saçy inçejik ekeni. «Syrkawlandyr, saçy düşendir» diýip pikir etdim. Soň söz aýtdym. «Geleweriň!» diýdiler. «Bizem ýigidiňizi ertir baryp synlaryň» diýdiler. Men-de: «Baryň, synlaň!» diýip gaýtdym. Ine, bolan iş-ä şeýle. – Olar gelip, ogluňy görseler, onda sen tilki-de bolmarsyň. – Eý, kakasy, ondakysyny onda göreris. – Görlen ýaly-da! – diýip, Berdi aga eşegini münüp, otuna gitdi. Aknabat eje bolsa Annagulyny ýanyna çagyryp, habaryny aýtdy hem ogluna ýalbaryp: – Annaguly jan, senem adam bol! Ynha, seni synlamaga geljekler, bu sölperip ýörmegiňi taşla, dogumlan, senem bir hepbelije bol. Jan oglum, biziň bir şu sapar dilimizi gysga etme! – diýip ýalbardy. – Bolýar, eje, sen nähili bol diýseň, men bolaryn – diýip, Annaguly ejesini ynandyrdy. Emma weli ol ejesi: «Synçy geljek» diýeninden, özüni tutup bilmän, elini-aýagyny ýitirip başlady. Soň ejesi obanyň, ýetginjek ýigitlerinden üç-dört sanagyny öýüne çagyryp, olara: – Oglanlar, sizem Annagula: «Ertir seni synlamaga geljekler, sen örän gowy bol, dogumly bol, tertipli otur» diýiň. Şeýdiň, janlarym, illäp-günläp, kel gyzy äre beren ýaly, muny-da bir sana geçireliň – diýip, Aknabat eje tabşyrdy. Oglanlar: – Bolýar, Aknabat eje, her edip-hesip edip, Annagulyny sana geçirjek bolaly. Ýöne ol geljek synçy aýalmy ýa-da erkek adammy? Şony bize öňünden aýdyp ber – diýişdiler. Aknabat eje: – Aýal adam – diýip jogap berdi. Onda oglanlardan biri: – Şol synçy erkek adam bolaýan bolsa, has gowy bolardy. Ol: «Ýigidiňiz eýle ekeni, beýle ekeni» diýip durmasa ýagşy?! – Aý, beýdip durasy ýok-la! – diýip, ýoldaşlary aýtdylar. «Şu gün synçynyň geljek güni» diýlende, ol oglanlar Annagulyny bir boş öýe çagyryp, oglanlaryň dördüsi dört ýerinden ony bezemäge durdular. Ilki bilen, egnine täze geýim geýdirdiler, yzyndan egnine iki gat gyrmyzy don, aýagyna gara ädik, başyna garaköli telpek geýdirdiler. Biline-de Hywanyň tirme guşagyny guşadylar. Goltugyna-da gaty gaply, birinji sortly papirosdan birini saldylar. Soň oglanlardan biri oňa daşyndan syn etdi-de: – Ine, göze dolumly, ýapy ýaly pyýada özüň öňünde dur, daşrakdan muny tanap biljek gumanyň ýok – diýdi. Ýene biri: – Be, adamyny çyn adam edýän eşik ekeni, synçy Annagulyny görse, bir gyzyny-ha däl, iki gyzynam berewersin – diýeninden, ýoldaşy onuň sözüni kesip: – Bu pahyr birini berseler-de, razydyr-la! – diýdi. Annaguly: – Şeýdiýsene! – diýip ýylgyrdy. Soň oglanlardan wäşisi Annagulynyň egnine kakyp: – Annaguly, beriňi bak, eger synçy dik durkaň geläýse, onda sen telpegiňi gyşygrak geý-de, bir eliňi bykynyna urup, bir eliňde-de papiros, tüssesi asmana üfläp, eýläk-beýläk gezim etgin. Ine, şeýle, şeýle! – diýip görkezdi. Bulardan ýene biri: – Ýok, Annaguly, onuň diýenini etmegin, eger etseň, onda synçy aýdar: «Buw, bu-ýa tüýs kelpeň ekeni, munuň kellesinde bir mysgal-da akyly ýok ekeni, beýle adamyny biz giýewi edinip bilmeris» diýer. Ýöne sen meniňkä gulak sal: eger-de synçy otyrkaň gelse, aýbogdaşysy gurup, ýüzüni aşak salyp, sülmüräp oturgyn. Bardy-geldi, synçy seni gepletmek isläýse, onda sen biziň birimize: «Juma, kükürdi al-da!» diýäýgin, bolýarmy? – diýeninden, ýene biri: – Ýok, Annaguly, beýdiýmegin, onda synçy saňa näme diýer diýsene: «Wiý, munuň-a kükürdem ýok ekeni, egnindeki eşiklerem amanat bolsa gerek» diýer. Ýöne sen geplejek bolsaň: «Oglanlar. myhmana bir çäýnek çaý beriň!» diýäýgin, bolýamy? – diýdi. Oglanlar: – I, şu boljak, şu boljak – diýşip razylaşdylar. Emma Annaguly olara ýalbaryp: – Eý, dostlar, başga näme et diýseňiz, edeýin weli, meni gepletmäň! – diýdi. – Ýok, geplemeli bolarsyň. Ol geljek synçy seni gepledibem görer, ýöredibem görer, akyl-huşuňam synar. Ýöne saňa birinji tabşyrygym: synçy gelen wagtynda, biziň ýaly, tertipli otur, burnuňy çekmegin, hut böwrüň-dagyň gijäp, alyp barýan bolsa-da, gaşamagyn – diýip tabşyrdy. Ol oglanlaryň bu beren maslahatlarynyň üçden birini tutsa-da, ker düýesi köprüden durman geçjek. – Bolýar, dostlar, sizin aýdyşyňyz ýaly edeýin – diýip, Annaguly söz berdi. Onýança-da daşarda garawul duran oglan: «Synçy gelýär!» diýip habar berdi. Annaguly bu habary eşideninden, süňňi gowşady. Gözüni tegeläp, ysytma tutýan ýaly sandyramaga başlady. Oglanlardan biriniň gözi Annagula düşdi. Ol: – Wah, muňa biziň ertirden bäri çeken azabymyz biderek boljag-ow! Ahaw, Annaguly, beýle bolma, azajyk salym özüni tutup otur. Soň hem biziň göwnümiz bitjek, hem synçyň göwni – diýip, Annagulyny aşak oturtdy: Gapdalyna güpjek taşladylar. Eline papiros berdiler. Emma şonda-da Annaguly edil buzuň üstünde ýalanaç oturan ýaly saňňyldap otyrdy. Daşyndaky oglanlardan biri muňa gahary gelip: – Ýa, bu-ýa oňarjag-ow! Bizi ýüňsakgal etjeg-ow! How, Annaguly, sen Nämeden gorkup sandyraýarsyň? Gelip syn etjek adam-da özüň ýaly adam ahyryn! – Walla, men-ä özümi tutubam bilemok – diýip, ol elini sandyradyp, çilimini-de gaçyrdy. Ýene birisi Annagulynyň bu bolşuna durup bilmän: – Wah, ozal munuň şeýle bolup oturjagyny bilen bolsak, ejesine boýun bolmazdyk – diýip sözüni soňlamanka, başy çepbetew çabytly, orta ýaşlarynda, etli-ganly bir aýal işikden geldi-de, öň bu oglanlaryň burnuny sykan ýaly beletsiräp: – Salawmaleýkim, jigiler – diýdi. Annaguly bu aýala gözi düşenden, derrew tirsegini güpjege berip gyşardy. Oglanlardan biri: – Aleýk, ýeňňe, içerik girip otur! – diýdi. Ol aýal: – Gurgunja otyrmysyňyz, jigiler?! – diýip, öýe girip, işige arkasyny berdi-de oturdy. – Ýeňňe, düşek üstüne geçip otursaň bolmaýarmy? – Aý, ýok, jigiler, men köp oturjak däl. Ýöne siziň haýsy birisiz görjek adamymyz bolar? – diýip sorady. Oglanlardan biri: – Ynha, şu ýigit bolar – diýip, barmagyny Annagula uzatdy. Ol uzadylan barmak Annagulynyň böwrüne taýak bilen dürtülen ýaly boldy. Ony der basdy. Ol aýal: – Örän gowy, ol ýigidiňiz gepläp bilýärmi ýa-da ýokmy? – diýip beren soragyna oglanlar Annagulynyň jogabyna garaşdylar. Ondan wagty bilen jogap çykmady; – Aý, özi-hä gepläp bilýändir-de, birazajyk utanjaňrakdyr – diýeninde, birden Annaguly tirsegini ýassykdan galdyrdy-da, agzyna gelenem şu boldy: – Aý, walla, turuň, gideliň-le! – diýip, tarpa ýerinden turdy. Annagulynyň: «Gideliň-le!» diýen sözi oglanlara-da kem ýaramady. Hemmesi turup, çykyp gitdiler. Synçam Annagulyny görüp, obasyna gaýtdy. Iki günden soň Aknabat ejäniň guda boljak ýeri: «Gyzymyzyň ejesi göwnemeýär, gelip-de oturmasynlar» diýip habar edipdir. Bu habary Aknabat eje Annaguly bilen öýünde ikiçäk bolup otyrka, ogluna aýtdy: – Aý, oglum, seniň maňlaýyňa açylmak ýok öýdýän. Ynha, düýnki baran ýerimiz-de biz bilen guda bolmagy göwnemeýärmişler. Elbetde, biri olara seni ýamanlandyr-da! Indi oglum, ilem maşgalasynyň geljegini göz öňünde tutýar. Gyzynyň göwnüne seredýär, onuň halap barmagyny isleýär. Indi senem kysmatyňdakyny görüberersiň-dä! – diýip sözüni kesdi. Annaguly ejesinden bu habary eşidip: – Aý, eje, bizem-ä: «Özümizde kemimiz bardyr» öýdemzok. Elbetde, il biziň bir däl ýerimizi tapýandyrda – diýip, ýüzüni aşak saldy-da, ullakan pikir etdi. Soň başyny galdyryp, uludan demini aldy-da, turup, öýden çykyp gitdi. Men Annagulynyň bu sana geçmezligini özünden gerjek däl we muny oňlamaýan ilden-de görjek däl, Annagulyny ýaşlykda terbiýelemän, bibaş ösdüren ejesi bilen kakasyndan görjek. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |