02:34 Bahar bulaklary -3/ powestiñ dowamy | |
Asyl Jemma Gofmana uly sarpa-da goýmaýanlygy bilen birlikde, onuň döredijiligini hem gyzyksyz hasaplaýar eken. Onuň hyýaly, bulaşyk hekaýalary demirgazyk häsiýetli günortaly gyzyň göwnaçyk hüý-häsiýetine bap gelmeýärdi. Ol eserlere hormat goýman: «Olaryň hemmesi erteki, çagalar üçin ýazylan zatlar» diýip, töweregindäkilere ynandyrýardy. Jemma Gofmanda inçe şahyranalygyň ýokdugyny hem, garjaşyk duýgy bilenem bolsa, aňýardy. Ýöne onuň adyny unudan bir powesti bardy welin, şony Jemma örän halapdy. Dogrusyny aýtsaň-a, gyza ol powestiň diňe başlanyşy ýarapdy, soňuny bolsa ol ýa okamandy, ýa-da okanam bolsa, unudypdy.
Powestler
Eserde gürrüň bir ýaş ýigidiň süýji-köke satylýan dükanda çakdanaşa owadan grek gyzyna gabat gelşi hakda gidýär. Gyzyň ýanynda oňa göz-gulak bolup ýören syrly, gaharjaň hem geň goja bar. Ýaş ýigit bir bakyşda gyza aşyk bolýar. Gyz edil bendilikden boşatmagyny haýyş edýän ýaly, oňa şeýlebir naýynjar seredýär welin... Az salymlyk daş çykan ýaş ýigit yzyna dolananda, dükanda gyza-da, goja-da gözi ilmeýär. Ol gözlege başlaýar, täzeje yzlarynyň üstünden barsa-da, olary hiç ýerden tapmaýar, hiç wagt tapyljaga-da meňzemeýär. Gözel gyz ýigit üçin ömürlik ýitene dönýär. Ýigit ilki gören naýynjar garaýşyny unutmaga özünde güýç, erk tapmaýar, ömrüniň bagt guşy bolmaly gözel hemişelik elinden gidendir diýen pikir ony jebirjepa çekmäge mejbur edýär... Gofman, megerem, powestini edil şol çözgüt bilen tamamlaýan däldirem welin, Jemma ony öz tapan netijesi bilen gutarýandyr diýip pikir edýär, şolam aňynda galypdyr. — Şolar ýaly sataşmak, şeýdip aýra düşmek durmuşda biziň çak edişimizden has kän gabat gelýär — diýip, Jemma ýagdaýa öz baha berşini aýtdy. Dymyp oturan Sanin esli wagtdan soň... jenap Klýuber hakynda dil ýardy. Häzire çenli Klýuberi ýatlamadyk kişi ilkinji gezek onuň adyny tutdy. Süýem barmagynyň dyrnagyny çalarak dişlän Jemma nazaryny bir tarapa dikip, oýa batdy. Soňra ol ertirki gurýan gyzykly bolmaly gezelenji üçin adaglysyny öwensoň, çaltlyk bilen Sanine seretdi-de, ýene dymdy. Sanin gürrüňi nämeden başlajagyny bilmedi. Içerik öz galmagal-şowhuny bilen giren Emil ejesiniň oýanmagyna sebäp boldy. Sanin onuň gelmegine begendi. Frau Jenore kürsüden turdy. Peýda bolan Pantaleone naharyň taýyndygyny habar berdi. Maşgalanyň dosty, ozalky aýdymçy, hyzmatçy bu öýüň nahar-şoruna-da seredýärdi. ХIII Sanin nahardan soňam bu ýerde galdy. Ony ýene-de aýylganç jöwza bahanasy bilen sakladylar, yssy halys basmarlanda bolsa, akasiýanyň saýasynda kofe içip oturmak üçin baga çagyrdylar. Sanin teklipden ýüz öwürmedi. Ýagdaý onuň göwnünden turdy. Birmeňzeş, gyzyksyz durmuş akymynyň aňyrsynda ajaýyp gözellikler gizlenip ýatyrdy. Sanin bolşundan zyýat aýratyn bir bähbidem talap etmän, ertirki gün hakdada oýlanman, düýnki günem ýatlaman şu güne uly lezzet bilen berlipdi. Jemma ýaly ajaýyp maşgalanyň golaýynda bolmagyň özi nämä degmeýär! Ol bahym Jemmadan jyda düşer, aýralygyň hemişelik bolaýmagy-da ahmaldyr. Häzirlikçe bolsa Ulandonyň romansyndaky ýaly şol bir durmuş naýçasy olary sapagyna baglap, öz akymy bilen alyp barýar — şatlan, keýp çek, syýahatçy ýigit! Bagtyýar syýahatça hemme zat ýakymly, eziz bolup duýulýardy. Frau Lenore Sanini özi hem Pantaleone bilen italýanlaryň «tresette» diýilýän kart oýnuny oýnamaga çagyrdy, öwrenmesi kyn däl oýnuň oýnalyşyny öwretdi hem myhmanyň birnäçe kreýser puluny utdy. Sanin hoş boldy. Pantaleone Emiliň haýyşy bilen tüýlek Tartalýany başarýan zatlaryny görkezmäge mejbur etdi. Item taýagyň üstünden bökdi, «gepledi», ýagny üýrdi, asgyrdy, açyk duran gapyny burny bile ýapdy, hojaýynynyň geýilme kemi galmadyk köne köwşüni getirdi, iň soňunda-da, esgerleriň beýik depeli, gaşsyz başgabyny kellesine geýip, dönüklik edeni üçin Napoleon imperatoryň ýowuz ýazgarmasyna sezewar bolan Bernadott marşala meňzän boldy, Napoleonyň keşbini bolsa, elbetde, Pantaleone döretdi. Ol ellerini döşünde çalşyryp, üçburç başgabyny gözüne çenli çümre geýip, gödek hem edepsiz fransuzça, onda-da, — eý, Hudaý, nähili derejede fransuzça — geplemek bilen imperatora meňzemänem durmady. Tartalýa hojaýynynyň öňünde günäkär ýaly tutuş göwresi bilen ýygrylyp, guýrugyny ýamzyna gysyp, gyşyk geýlen başgabyň aşagyndan süzülen gözlerini gyrpyldadyp otyrdy. Wagtal-wagtal Napoleon sesini gataldanda, «Bernadott» art aýaklarynyň üstüne galýardy. Ahyr Napoleon ganygyzmalykdan ýaňa özüniň fransuz häsiýetini ahyryna çenli görkezmelidigini hem unudyp: italýança «Fuori, traditore!» («Güm bol, dönük!») — diýip gygyranda, «Bernadott» aldyrany bar ýaly howlukmaçlyk bilen diwanyň aşagyna sümlüp, derrewem, oýnuň gutarandygyny habar berýän ýaly, ol ýerden begençli ses bilen üýrüp daşyna çykdy. Tomaşaçylar uzak wagt gülüşdiler. Sanin hemmedenem kän güldi. Jemmanyň bolsa aýratyn ýakymly, dyngysyz hem keltejik jyňňyrdaýan jaň ýaly özüne çekiji gülküsi bardy. Şol gülki Saniniň kalbyny lerzana getirdi. Eger şeýtmek mümkin bolsa, ýaş ýigit şol ýakymly gülküsi üçin gyzy höwes bilen ogşardy. Ahyr, gije-de gelip ýetdi. Herki zatda bolşy ýaly, hormatlanmakda-da serhet bar, çeniňem bilmeli! Öýdäkileriň hemmesi bilen birnäçe gezek sagbollaşyp, hemmelere birnäçe gezek «Ertire çenli!» diýip (Emil bilen-ä ol ogşaşdam), myhmanhana ugran Sanin kä gülýän, kä pikire batýan, kä parahat, käte hatda hemme zada göwnübir ýaly, nähili-de bolsa hemişe özüne çekiji gyzyň keşbini hem özi bilen alyp gitdi. Jemmanyň kä edil gündizlik ýaly giňden açyk, aýdyň, şadyýan, käte ýary kirpikleri bilen örtülen, gijäniň garaňkysy ýaly gara gözleri başga görnüşlerdir göz öňüne getirmelere-de mylaýymlyk, täsinlik bilen aralaşyp, Saniniň nazarynyň öňünde durdy. Jenap Klýuber hakda-da, özüni Frankfurtda galmaga iteklän sebäpler barada-da, gepiň keltesi, dek düýn biynjalyk eden zatlar barada-da Sanin bir gezegem oýlanmady. Saniniň özi hakynda-da birki söz aýtmaly ahyryn. Ilki bilen-ä, ol görmeksiz hem däldi, uzyn boýly, syrdam, ýüz şekili onçakly açyk däl, mylaýymdan mawy gözli, altyn öwüsýän saçly, akýagyz ýigitdi. Iň esasy bolsa, ol sadadan mylaýym, ynanjaň, açyk, ilki başda birneme samsyklaç-şadyýan ýaly daş görnüşli bolup göze ilýärdi. Beýle daş sypatly adamy ozallar derrew agramly begzada maşgalasynyň çagasydyr, «atasynyň» — gowy bariniň ogludyr, biziň giň giden ýarym sähra ülkämizde bol-telkilikde ösen diýip çaklaýar ekenler. Ýöreýşi säginipsäginip ýöreýän, sakanaklap geplegen, ýylgyryşy sereden badyňa ýylgyrýan çaganyňky ýaly, iň soňunda-da, terlik, sagatlyk hemem mylaýymlyk, mylaýymlyk, mylaýymlyk — ine, Sanin depesinden-dabanyna çenli şu aýdylanlardan ybarat. Ikinjiden bolsa, ol kemakyl hem däldi, ýuwaş-ýuwaşdan öwrenen zady kändi. Daşary ýurda aýlanyp gelýänem bolsa, şähdaçykdy: şol döwrüň ýaşlarynyň iň gowy bölegini gurşap alan biynjalyk duýgulardan ol känbir habardaram däldi. Soňky mahallarda biziň edebiýatymyzda «täze adamlar» üns bilen gözlenensoň, niçiksi ýol bilenem bolsa tämiz, onda-da S. Peterburgdan getirilýän flensburg ustrisasy ýaly arassa bolmak isleýän ýaş ýigitleriň keşbini öňe sürüp başladylar, Sanin ol ýaşlardan däldi. Gürrüň deňeşdirmä ýeten bolsa, Sanin biziň gara toprakly ýerlerimiziň baglarynda ösüp oturan topbak-topbak ýaprakly, sapylan alma agajyny ýada salýardy ýa-da, has takygy, öňki «hojaýynlaryň» athanalaryndaky ýap-ýaňy boýnuna tanap atylyp, münüş öwredilýän, gowy seredilip läliksiredilen, ýogynaýak, arassa, hamy ýylmanak, üçýaşar aty ýada salýardy. Soňky wagtlarda durmuş mazaly ýepbekläp, ençeme kynçylykly, synagly ýollardan geçensoň, onuň bilen iş salşan adamlar Sanin diýip, düýpden başga adamy gördüler. Şol günüň ertesi Sanin entek ýorganda ýatyrka, bezemen geýnüwli, eli taýaklyja, ýüzgözüne çalyp bilen zadyny çalan Emil otaga kürsäp girdi-de, gerr Klýubertiň häzir paýtun getirýändigini, howanyňam gowy boljakdygyny, hemme zadyň ýola düşmek üçin taýyn edilendigini, ejesiniň gezelenje gitmeýändiginiň sebäbiniň bolsa ýene çakyzasynyň gozgamagyndan gorkýandygyny habar berdi. Ol ýeke minuty hem ýitirmeli däldigini ynandyryp, Sanini gyssamaga başlady. Dogrudanam, jenap Klýuber, Sanin entek üst-başyna serenjam bermegi tamamlamanka, üstüni basdy. Ol gapyny kakdy, içerik girdi, hormat goýýandygyny aňladyp, öý eýesine bilini epip baş atdy, dyzynda goýan saýawanly başgabynyň üstüne gelşiklilik bilen elini goýup oturdy, näçe garaşmaly bolsa-da, garaşjakdygyny aýtdy. Çakdanaşa bezemen bolansoň, ýeňles görkezýän eşik geýnen ýüzi nurana ýigit, soňuna garaman, üstüne atyr baryny sepinensoň, her bir hereketinde ýiti, hoşboý ys göterilýärdi. Ol owadan bolmasa-da, iki sany daýaw güýçli at goşulan, «lando» diýlip atlandyrylýan giň paýtunly gelen eken. On bäş minut geçenden soň, Sanin, Klýuber hem Emil üçüsi şol paýtun bilen süýji-köke dükanynyň öňüne dabara bilen baryp saklandylar. Rozelli hanym gezelenje gitmekden kes-kelläm boýun towlady, Jemma onuň ýanynda galmak isledi, ýöne ejesi ony öz ýanyndan «kowdy». — Men höwre mätäç däl, ýatjak. Pantaleonäni-de siz bilen ibererdim welin, dükanda söwda etmäge adam galjak däl. — Tartalýany äkitmek bolýarmy? — diýip, Emil ejesine sowal berdi. — Äkidiberiň! Tartaliýa, gepe düşünýän ýaly, begençli hereketler bilen dyrmaşyp, derrew paýtunyň oturgyjyna mündi-de, gabat gelen zady ýalaşdyrmaga başlady. Çaky, it paýtuna birinji gezek münmeýän bolarly. Jemma etegi mele ýüpli ullakan sypal saýawanly başgap geýipdi. Başgabyň aşak eplenen öň tarapy Günden goramak üçin onuň ýüzüni tutuş diýen ýaly ýapýardy. Başgapdan düşýän kölegäniň bir tarapy gyzyň dodagynyň üstüne çenli baryp ýetýärdi, päkize dodaklar bolsa ýüzi ýaprakly bägüliň gülýapragy ýaly näziklik bilen gyzaryp lowurdaýardy. Neresse çaganyňky ýaly päkize dişler ajaýyp dodaklaryň arasyndan ogryn garaýardy. Jemma paýtunyň yzky ornunda Saniniň gapdalynda oturdy, Klýuber bilen Emil hem olaryň garşysyna geçdiler. Aýnanyň aňyrsyndan frau Lenoräniň aksowult ýüzi göründi, Jemma oňa ýaglyk bulady, atlar ýöräp ugradylar. XV Kiçeňräk şäherçe Soden Frankfurtdan ýarym sagatlyk ýolda ýerleşýär. Ol Russiýada suwy döş kapasasy näsag adamlara, göýä, nepi degýändigi sebäpli, meşhur bolan Taunus dagynyň eteginde owadan ýerde ýerleşýär. Frankfurtlylar ol ýere, köplenç dynç almak üçin gidýärler. Çünki ajaýyp seýilgähli Soden şäherçesinde ösüp oturankerkawlaryň hem lipalaryň saýasynda ýerleşýän garbanyşhanalardan piwodyr kofe içmek diýseň lezzetlidi. Frankfurtdan Sodene barýan ýol Maýn derýasynyň sag kenaryny syryp gidýär, tä barýançaňam, iki tarapyňy-da miweli daragtlar bezeýär. Paýtun öran oňat ýol bilen assaja gidip barýarka, Sanin Jemmanyň öz adaglysyna bolan garaýşyny assyrynlyk bilen synlady. Sanin olary ilkinji gezek bile görýärdi. Gyz özüni sadalyk bilen parahat, adatdakylaryndan-da has sabyrly hem agras alyp barýardy. Klýuber bolsa Jemma golunyň astyndakylara sadadan ýakymly lezzet almaga rugsat beren tekepbir terbiýeçi ýaly bolup seredýärdi. Onuň Jemmanyň ugrundan gopmak üçin, fransuzlar aýtmyşlaýyn, «duýduryş hereketlerini» edişi-de Saniniň gözüne ilmedi. Çaky, jenap Klýuber adaglanan gyzy bilen mesele çürt-kesik çözülen hasap edýändigi sebäpli, gyzyň göwnünden turmagyň, onuň üçin alada galyp ýörmegiň geregi-de ýokdur öýdýärdi. Barybir, tekepbirlik endigi ondan sähelçe-de daşlaşmaýardy. Hatda Sodeniň tokaýly daglaryna, jülgelerine, nahara çenli edilen gezelençde tebigatyň gözelliginden lezzet alyp ýören mahalynda Klýuber tebigata-da şol öňki, käte içinde adaty hojaýynlyk talabedijiligi hem peýda bolýan tekepbirligi bilen garaýardy. Mysal üçin, ol bir çeşmäniň ýalpagrak oý ýerden owadanlyk üçin saga-çepe gyşarmaga derek örän göni akym bilen akýandygyna närazylyk bildirdi, zýablik diýilýän saýraýan tokaý guşunyň aýaklaryny çalşyryşyny hem halamady. Jemmanyň içi gysmaýardy, gaýtam tersine, häzirki ýagdaýdan lezzet alýardy. Ýöne, Saniniň baha berşine görä, ol ozalky Jemma däldi. Ol ýüzüniň kölege örtülen ýalydygyndanam bolman (onuň gözelligi öňem lowurdap şöhle saçyp duran gözellik däldi), Jemmanyň joşgunly ruhy kalbynyň teýine çümüp giden ýalydy. Ol saýawanyny açyp, elligini hem çykarman, sowatly gyzlaryň boluşlary ýaly, agraslyk bilen gezim edýärdi, kän geplemeýärdi. Sanin hakynda-ha aýdybam durmaly däl welin, Emil hem özüni onçakly erkin duýmaýardy. Üstesine-de, özara gürrüňiň mydama nemes dilinde edilmegi-de Sanini gelşiksiz ýagdaýa salýardy. Diňe Tartalýa tapdan düşmeýärdi. Ol gabat gelen jokjokylaryň yzyndan kowalap, gaty-gaty üýrýärdi, çuň çukurlaryň, töňňeleriň, küýze ýaly bolup ýatan daşlaryň üstünden böküp geçýärdi, ylgap barşyna, suwa özüni oklap, çalt-çaltdan içýärdi, silkinýärdi, çyňsaýardy, gyp-gyzyl dilini eginlerine çenli ýetirip, ýene ok ýaly bolup atylyp gidýärdi. Jenap Klýuber gezelenje gelenleriň içi gysmaz ýaly, elinden gelenini edýärdi. Ol adamlaryň ýaýbaň şahaly gaba çam agajynyň kölegesinde oturmaklaryny haýyş etdi-de, gapdal jübüsinden çaklaňja bir kitap çykardy. Ol ady «Knallerbsen, oder Du sollst und wirst laсhen!» («Petardy, ýa-da Sen gülmeli, hökman gülmeli bolarsyň!») diýen, başdan-aýak gülküli degişmelerden düzülen kitaby okamaga başlady. Degişmelerden on ikisi dagy okaldy, ýöne adamlaryň keýpiniň üstüne ullakan keýpiköklük goşulmady. Diňe Sanin edeplilik görkezip, çalarak ýyrşardy hemem jenap Klýuberiň özi, her degişme okalandan soň gysgajyk, çyndanam bolsa gedemlik bilen güldi. Güldi. Sagat on ikilerde adamlar Sodeniň iň gowy garbanyşhanasyna geldiler. Naharlanmak aladasyny etmelidi. Jenap Klýuber nahara daş-töweregi ýapyk bassyrmanyň aşagynda oturmagy maslahat bermekçi bolanda, Jemma birden oňa garşy boldy. Ol diňe çar tarapdan şemal gelip duran açyk ýer — garbanyşhananyň öňündäki bagda goýlan kiçijik stollaryň birinde oturylmasa nahar iýmejekdigini, sebäbi diňe tanyş ýüzleri görmekden irendigini, başga-başga adamlary hem görmek isleýändigini aýtdy. Käbir stollaryň başynda bolsa eýýäm täze gelen adamlar otyrdylar. Giňgursaklyga salyp, gelinliginiň ynjyklygyna boýun bolan jenap Klýuber stol eýesi bilen gepleşmäge gidende, Saniniň özüne gözüni aýyrman, soragly seredýänligindenmi, nämemi, Jemma ýüzüni aşak salyp, dodaklaryny gysyp durdy. Saniniň bolşy onuň gaharyny getirýän ýalydy. Yzyna dolanyp gelen jenap Klýuber naharyň ýene ýarym sagatdan taýýar boljakdygyny aýdyp, oňa çenli goýlan şekilleri şar bilen ýykmaly kegli diýilýän oýny oýnamagy teklip etdi. Ol, birhili, gelşiksizräk «he-he-he» etdi-de, oýnuň işdäň açylmagyna-da kömek edýändigini habar berdi. Onuň özi kegli oýnamaga ussat eken. Ol gopbamlyk bilen muskullaryny oýnadyp, şary zyňanda, edermenlik eden ýaly geň görnüşe girýärdi, aýaklaryny tapyrdadýardy. Ol pälwan kysymdy, beden gurluşy iňňän gelşiklidi, owadan ak ellerine altyn öwüşginli hindi fulýaryny çalýardy. Nahar iýilmeli pursat geldi, adamlar kiçijik stoluň daşyna aýlandylar. XVI Nemes naharynyň nähilidigini kim bilmeýär? Içinde düwün-düwün hamyrly belke gaýyp ýören, tropik ýurtlarda bitýän dalgan agajynyň ysly köki atylan şurruk kürtük çorba. Ýanyna ýumşap giden köne ýeralmasy, myssyk kelem, gyrlan ajy hren goýlan ak ýagy gurap, daş ýaly bolup giden gaýnadylan sygyr eti. Köneliginden ýaňa heňläp ugran, kaporsaly, sirkeli, miwe baly bilen gowrulan ýylanbalyk hem hökmany suratda berilýän üstüne gyzyl reňkli turşurak suwuklyk guýlan pudinge meňzeş «Mehlspeise». Ana, Soden garbanyşhanaçysy öz myhmanlaryny edil şonuň ýaly nahar bilen hezzetledi. Oňa derek arpa suwy bilen çakyr welin erbet däldi. Ýöne, aýratyn bir şowhun bolmasa-da, naharlanyşygyň özi oňat ýagdaýda geçdi. Hatda jenap Klýuberiň bada göterende «biziň söýýänligimiz üçin» («was wir lieben!») diýen sözleri-de joşgun döretmedi. Naharlanyşygyň wagty edeplilige, agraslyga ýugrulan ýalydy. Nahardan soň sarymtyl, suwuk — tüýs nemes kofesini berdiler. Jenap Klýuber edeplilik bilen Jemmadan çilim çekmäge-de rugsat sorady. Ýöne şol pursat asla garaşylmadyk hem ýakymsyz, hatda ýaramaz bir ýagdaý ýüze çykdy. Goňşy stollaryň biriniň başynda Maýns goşun galasynyň birnäçe serkerdesi otyrdy. Seredişlerinden hem özara pyşyrdylaryndan many alsaň, olary Jemmanyň owadanlygy aňk eden bolmalydy. Çaky, serkerdelerden öň Frankfurtda bolan biri gyzy tanaýan ýaly bolup seredýärdi, Jemmanyň kimdigini bilýän ýalydy. Ol birden eli bulgurly (jenap serkerdeler örän içgilidiler, stollaryň üsti hem çüýşeden doludy) ýerinden turdy-da, Jemmanyň oturan stoluna golaý bardy. Ol agymtyl sary saçly, görk-görmekli ýigitdi. Ýöne aşa köp içmegi onuň ýüz-gözüni üýtgedipdi. Onuň ýaňaklary titreýärdi, gabaklary çişip giden gözleri elek-çelekdi, gaýduwsyzdy. Ilkibada ýoldaşlary ony saklajak boldular, soňam näme bolsa — şol bolsun edip, goýberdiler. Birneme çaýkanyp gelýän serkerde Jemmanyň öňünde saklandy-da, erkiniň garşysyna, özüni ele aljak bolýandygy duýulýan haýbatly sesine bat berip: «Tutuş Frankfurtdaky, tutuş dünýädäki iň ajaýyp kofe taýýarlaýanyň saglygyna içýärin! (Ol bulguryny başyna çekdi) Aýdan sözümiň öwezini dolmak üçinem onuň ajaýyp barmajyklary bilen ýolnan şu bägüli alýaryn!». Serkerde stoluň üstünde, Jemmanyň öňünde ýatan bägüli aldy. Jemma ilkibada bolýan ýagdaýa geň galdy, gorkdy, gany gaçan ýaly bolup, ýüzi agardy... Soňra-da gorkusy gahar-gazap bilen çalyşdy, birden tutuş, saçlaryna çenli gyzardy, onuň özüni kemsidene tarap gönügen gözleri, birwagtyň içinde garaňkyrady hem ýaldyrady, tümlüge büreldi, öňi alnyp bolunmajak ýigrenç ataşy bilen lowurdady. Gyzyň beýle nazary serkerdäni utandyrana meňzedi: ol düşnüksiz bir zatlary samrady-da, baş egenden soň yzyna öz ýoldaşlarynyň ýanyna gitdi. Ýoldaşlary ony ýeňiljek gülki hem el çarpma bilen garşyladylar. Jenap Klýuber ýerinden laňňa galdy-da, dim-dik duran ýerinden başgabyny geýdi, öz mertebesini saklap, onçakly gaty ses bilenem däl-de: «Bu görlen ahwalat däl! Görülmedik gödeklik!» («Unerhört! Unerhörte! Frechheit!») diýdi, derrewem agras ses bilen hyzmatçyny çagyrdy-da, tizden-tiz hasaplaşylmagyny talap etdi. Olam hiç, üstesine, jenap Klýuber paýtuny häzir çagyrmagy tabşyrdy, yzyndanam adamlar kemsidilýänligi üçin bu ýere edepli kişileriň gelmeli däl ekendiginem nygtady. Jenap Klýuber şol sözleri aýdan mahaly öz ornunda gymyldaman oturan, döşi galkyjaklan Jemma uludan dem aldy. Ol öz adaglysyna edil serkerdä seredişindäkisi ýaly dykgatly nazaryny dikdi. Emil gahar-gazapdan ýaňa galpyldaýardy. — Turuň, freýleýnim! — diýip, jenap Klýuber öňki talabediji äheňi bilen gepledi. — Size bu ýerde oturmak gelşikli däl. Biz garbanyşhananyň içine girmeli bolarys. Jemma sesini çykarman ýerinden turdy, Klýuber oňa tirsegini hödürledi, gyz adaglysyna elini uzatmaly boldy. Klýuber apaň-apaň basyp, garbanyşhana tarap ýönelende, nahar iýlen ýerden daşlaşylýanlygy sebäpli, ol has ulumsy görnüşe girdi. Emil neresse-de olaryň yzyndan mytdyldap ugrady. Jenap Klýuber eden hyzmaty üçin stol eýesine arak baha-da bermän, hasap-hesibe güýmenýänçä, çalt-çalt ädimläp giden Sanin serkerdeleriň oturan stolunyň ýanyna bardy-da, Jemmanyň göwnüne degene (şol pursat ol alyp gaýdan bägülüni ýoldaşlaryna gezek-gezegine ysgadýardy) fransuzça pert-pert äheň bilen ýüzlendi: — Siziň ýaňky eden hereketiňiz, merhemetli hökümdar, edepli adama, siziň egniňizdäki serkerde eşigine mynasyp däl. Şonuň üçinem men ýanyňyza siziň edepekram görmedik, bihaýa adamdygyňyzy aýtmaga geldim. Ýaş ýigit aýak üstüne galdy, ýöne beýleki, harby derejesi ulurak serkerde eliniň hereketi bilen ony aşak oturmaga mejbur edensoň, fransuz dilinde Sanine ýüzlendi: — Siz ol gyzyň nämesi, garyndaşymy, doganymy ýa-da adaglysymy? — Men ol gyza düýpden ýat adam — diýip, Sanin jogap gaýtardy. — Men rus, ýöne men beýle gödeklige göwnübir garap bilmeýärin. Ýöne, gerek bolsam, meni tapyp bilersiňiz, ynha, salgym, jenap serkerde. Aýtjagyny aýdan Sanin öz salgysy ýazylan petegi stoluň üstüne taşlady, şol pursat harbylaryň biri Jemmanyň gülüni öňündäki nahar gabyna gaçyrdy welin, Sanin ony derrew garbap aldy. Ýaş ýigit ýene oturgyjyndan gobsunanda ýoldaşy: «Döngof, ýuwaş!» («Dönhof, sei still!») diýip, ony ýene saklady hem özi ýerinden turup, çekgesine harbylarça elini ýetirip, hereketinde-de, sesinde-de hormat alamatyny aňladyp, ertir irden olaryň polkundan bir serkerdäniň Saniniň ýaşaýan ýerine barmagyny özüne hormat hasap etjekdigini aýtdy. Sanin çalarak baş egip, özüniňkileriň ýanyna ýetmäge gyssandy. *** Jenap Klýuber Saniniň esli salym eglenmegine, onuň serkerdeler bilen gep alşanyna üns bermedik boldy. Ol atlary paýtuna goşanda haýal-ýagallyk edýänine erbet gaharlanyp, paýtunçyny gyssady. Jemma-da Sanine hiç zat diýmedi, hatda oňa seretmedem. Çytyk gaşlaryndan, gapyşyp duran gansyz dodaklaryndan, göwresiniň doňan ýalylygyndan many alsaň, gyzyň kalbynda şatlyk ýokdy. Sanin bilen diňe Emiliň gepleşesiniň gelip durandygy bildirýärdi. Ol Saniniň serkerdeleriň stolunyň ýanyna barmagyny, olaryň öňüne bölejik ak kagyza edilen ýazgyny taşlap gaýdanyny görensoň, sebäbini soramakçydy... Emil neressäniň ýüregi gürsüldeýärdi, ýaňaklary gyzarypdy. Ol Saniniň boýnuna bökmäge, gözýaş dökmäge ýa-da häziriň özünde onuň bilen gidip nejis serkerdeleri suwasalma ýençmäge taýyndy. Ýöne ol özüni ele alyp, asylly rus dostunyň her bir hereketini üns berip synlamak bilen çäklendi. Paýtunçy atlary ahyr paýtuna goşdy, gezelenje gelenleriň hemmesi ýerli-ýerine geçdi. Emil Tartalýanyň yzy bilen paýtunçynyň gapdalynda ornaşdy. Oglan ol ýerde özüni erkin duýýardy, üstesine-de, asla görmek islemeýän kişisi Klýuber hem öňünde gözüne dürtülip oturmaýardy. *** Klýuber ýol boýy boş ýaňrap geldi... ýeke özi ýaňrady... hiç kim oňa garşy hem gitmedi, aýdanlaryny goldanam bolmady. Ol töweregi ýapyk teläriň astynda naharlanmagy ündände gulak asylmanyny aýratyn nygtady. Onuň islegine garşy gidilmedik bolsa, hiç hili ýakymsyzlyk hem döremezdi! Soňra, serkerdelere gezek gelende, döwletiň bagyşlanmaz ýaly derejede geçirimlilik edýändigi, olaryň özlerini alyp baryşlaryna göz-gulak bolunmaýandygy, jemgyýetiň harby däl adamlaryna geregiçe sarpa goýmaýandygy barada (das bürgerliсhe Element in der Soсietät) birnäçe gödek, hatda liberal pikirleri-de aýtdy. Şol zatlaryň netijesinde-de, wagt geçmegi bilen soňy rewolýusiýa baryp ýetjek närazylyk döreýärmiş. Klýuber oňa ýakymsyz tutaryk hökmünde-de Fransiýany mysal getirip, duýgudaşlyk bilen bolsada agras dem aldy. Şonuň bilen birlikde-de ol özüniň-ä häkimiýete ýürekden hormat goýýandygyny, hiç mahal, hiç haçan rewolýusioner bolmajakdygyny, olar ýaly bibaşlygy görse, öz närazylygyny beýan etmän durup bilmejekdigini aýtmak bilen öňküleriniň üstüni ýetirdi. Soň hem jenap Klýuber ahlaklylyk, ahlaksyzlyk barada, edep-ekram, mertebe duýgusy barada birnäçe umumy bellik etdi. Nahardan ozalky gezelenç wagtynda-da Klýuberiň bolşuny gaty goldamany sebäpli Sanindenem birneme daşrakda duran, onuň şaýat bolýan zatlaryndanam utanan Jemma adaglysynyň häzirki ýaňramalaryndan soň-a, uýalyp, ýere girip bilmedi. Sanin bilen gepleşmän gelse-de, gyzyň hasratynyň yzasy gezelenjiň ahyrynda lezzetli duýga öwrüldi. Ol birden Sanine naýynjar nazar aýlady... Saniniň kalbyndaky Jemma bolan nebsagyryjylykly duýgy jenap Klýubere bolan närazylykdan güýçlüdi. Ol edýän pikirlerine doly aňy bilen baha bermese-de, ertir nähili ýagdaýyň gopjagy näbelli bolsa-da, başa-baş söweşe çakylyk almagy mümkin bolsa-da, şu günüň dowamynda dörän wakalara içinden begenmänem durmady. Ezýet baryny beren (partie de plaisir) gezelenç ahyr tamam boldy. Öý dükanynyň öňünde Jemmany paýtundan düşüren Sanin onuň gaýtarylyp alnan bägülini hiç hili söz diýmän, eline berdi. Jemma tutuş göwresi bilen ot alan ýaly boldy-da, Saniniň elini gysyp, bägüli derrew gizledi. Agşam ýaňy düşüp ugranam bolsa, Sanin öýe girmek islemedi. Eýwanda peýda bolan Pantaleone frau Lenoräniň ýatandygyny habar berse-de, Jemma Sanini öýe çagyrmady. Emil müýnli ýaly, Sanin bilen utançly halda hoşlaşdy. Oglan ýadyrgaýan ýaly onuň bolşuna geň galdy. Klýuber Sanini ýaşaýan ýerine çenli ugradyp, hoşlaşanda-da tekepbirlik bilen baş atdy. Edepekramly, özünden göwni suw içýän nemes üçin (hernäçe tekepbirlik etse-de) bu günki bolan waka gelşiksizdi. Ol hemme kişi üçinem şeýle bolupdy. Ýöne welin Saniniň kalbynda şol duýgy, ýagny gelşiksizlik duýgusy bahym ýitip gitdi. Onuň ornuny näbelli, gümürtik bolsa-da, ýakymly, hatda gaty begençli keýpiçaglyk eýeledi. Sanin otagyň içinde eýläk-beýläk gezmeledi, hiç zadyň pikirini hem etmek islemedi, sykylyk atdy. Ol özünden örän hoşaldy. XVII «Jenap serkerdä sagat on bolýança garaşaryn — diýip, ertesi irden ýuwnup-ardynyp bolansoň, Sanin aýgyt etdi. — Şoňa çenli gelmese, goý, onuň özi meni gözlesin!» Ýöne nemesler üstüne Gün dogrup ýatmaýarlar. Sagat entek dokuz hem bolmanka, nobatçy gelip, jenap fon Rihter atly podporuçigiň (der Herr Seconde Lieutenant) Sanini görmek isleýändiginiň habaryny getirdi. Sanin çalasynlyk bilen uzyn syýly, iki ýanlaýyn iliklenen daşky geýimini geýip, myhmanyň getirilmegini buýurdy. Jenap Rihter Saniniň garaşyşynyň tersine, juda ýaş ýigit, asyl entek oglanragam eken. Ol özüniň sakgalsyz, murtsuz ýüzüne wajyp agraslyk bermegiň aladasyny etse-de, isleginden netije çykmaýardy, hatda özüniň utanýandygyny hem ýaşyrmagy başarmaýardy, oturgyçda oturjak bolanda-da, gylyjyna büdräp, tas ýykylypdy. Poruçik sakynyp, sakawlap, gowşak fransuzçalap, öz dosty baron fon Döngofyň tabşyrygy bilen gelendigini, tabşyrygyň bolsa jenap fon Saninden düýn onuň adyna aýdan kemsidiji sözleri üçin ötünç soramagy talap etmekden, bardy-geldi, ol isleg jenap fon Sanin tarapyndan ret ediläýse, baron fon Döngof özüni kemsideni başa-baş darkaşa çagyrmaga taýyndygyny habar bermekden ybaratdygyny beýan etdi. Sanin ötünç soramaklyga meýliniň ýokdugyny, ikiçäk darkaşa çykmaga taýyndygyny aýtdy. Ol jogapdan soň jenap fon Rihter öňküsi ýaly sakynyp-sakynyp, garpyşygy taýýarlamak üçin kim bilen, haçan, nirede gepleşik geçirmelidigini sorady. Sanin iki sagat çemesi geçensoň, gepleşik geçirmäge fon Rihteriň ýanyna özüniň barmagynyňam ahmaldygyny, şoňa çenli özüniň araçy emin tapmagyň aladasyny etjekdigini aýtdy. (Şol iki aralykda-da ol: «Jähennem bolmuş, ol araçy emini men nireden tapaýyn?» — diýip içini gepletdi. Ýerinden turup baş egip ugran jenap fon Rihter, wyždany ezýet berýän ýaly, bosaga ýetip saklanansoň, yza öwrülip, dosty baron fon Döngofyň düýnki bolan wakada haýsydyr bir möçberde özüniňem günäsiniň bardygyny boýun alýandygyny, şonuň üçinem sähelçe ötünç soralsa-da — «des eхghizes leсheres — köşeşjekdigini Sanine habar berdi. Sanin ol habara «ýeňilu-agyr» hiç hili ötünç soramak meýliniň ýokdugyny, çünki ol özüni günäli hasaplamaýandygyny duýdurmak bilen jogap gaýtardy. — Beýle boljak bolsa... — diýip, jogapdan göwni suw içmedik jenap fon Rihteriň ýüzi öňküsindenem gyzardy. — Onda iki tarapdanam «dostluk okuny» — des goups de bisdolet a i’amiaple! — atyşaýmaly bolar. — Beýle gepiň manysyna men asla düşünmeýärin — diýensoň, Sanin jenap fon Rihtere sowal berdi: — Ol aýdanyňyzy oky asmana atmak diýip kabul etmelimi? — Ýok, olar ýaly däl, beýle däl — diýip, halys aljyran fon Rihter düşnüksiz gepläp başlady. — Ýöne men oňa şeýle düşünip... Dartgynlygyň iki sany medeniýetli adamyň arasynda döränligi sebäpli... Men siziň araçy eminiňiz bilen gepleşerin... Şeýdip, ol öz sözüni soňlaman böldi-de, çykyp gitdi. Ol bosagadan aňryk ätlän badyna oturgyja özüni goýberen Sanin ýere bakyp oýa çümdi: «Bu näme boldugy? Durmuş nädip birden çepbe çöwrüldi duruberdi? Geçmiş, geljek seljerilmez ýaly bulaşyp, ýok bolup barýar, diňe meniň Frankfurtda kimdir biri bilen, nämedir bir zat üçin garpyşýanym galýar». Bir däli daýzasy Saniniň ýadyna düşdi. Ol daýzanyň tans edip, aýdyma hiňlenmesi bardy: Podporuçik, Sen eýjejik Amurjygym. Meň bilen tans et, kepderijik! Sanin uly ili bilen güldi-de, däli daýza öýkünip hiňlendi: «Podporuçik, meň bilen tans et, kepderijik!» — Bolsa-da, wagt ýitirmän hereket etmeli — diýip, Sanin gaty sesi bilen gepläp ýerinden turanda, öňünde eli kagyzly Pantaleonäniň durandygyny gördi. — Men birnäçe gezek gapyny kaksamam, siz jogap bermediňiz welin, öýde ýokmukaňyz öýtdüm — diýen goja haty uzatdy. — Sinýorina Jemma ýollady Sanin, aljyramakdan ýaňa näme edýänini hem aňşyrmaýan ýaly bolup, haty desbidähil açdy-da, okady, Jemma Saniniň özüne belli mesele boýunça örän biynjalyk, bolýandygyny hem gaty tiz duşuşmak isleýändigini ýazýardy. — Senýorina biynjalyk bolýar — diýip, göräýmäge, hatyň mazmuny bilen tanyş Pantaleone gepläp başlady. — Ol maňa siziň näme bilen meşgullanýandygyňyzy bilmegimi hem sizi öz ýanyna alyp barmagymy tabşyrdy. Goja italýana sereden Sanin oýa batdy. Onuň kellesine derrew bir pikir geldi. Ilki pursat ol pikir düýpden geň bolup duýuldy... «Oňa garamazdan... näme üçin bu emin bolmaly däl?» diýip, ol özüne sowal berdide: — Jenap Pantaleone! — diýip, batly seslendi. Goja tisginip gitdi, eňegini ýakabagy bilen gizledi, Sanine nazaryny dikdi. — Düýn näme bolanyndan siz habarlymy? — diýip, Sanin sowal berdi. Dodaklaryny ýalaşdyran Pantaleone gür saçlaryny silkip: — Hawa — diýdi. (Emil gelen badyna bolan wakalary oňa aýdypdy). — Bilýäňiz-dä onda. Näme diýseňizläň? Ýaňy bir serkerde ýanymdan gitdi. Ol utançsyz meni başa-baş çaknyşyga çagyrýar. Men çagyryşy kabul etdim. Ýöne araçyeminim ýok. Siz ol işi boýnuňyza almarsyňyzmy? Ol habara tisginip giden Pantaleone gaşlaryny şeýlebir ýokaryk gerdi welin, olar maňlaýa düşüp duran saçlaryň aşagynda gizlendiler. — Siz darkaşa gürrüňsiz giräýmelimi? — diýip, şol pursada çenli fransuzça geplän goja ahyr italýan diline geçdi. — Gürrüňsiz. Şeýtmesem, ömrüm boýy masgaraçylygyň astynda galaryn. — Hüm. Eger men ol işi göwnemesem, siz başga emin gözlemeli bolýaňyzmy? — Ýogsa näme. Hökman. Pantaleone utanyp aşak bakdy. — Soramaga ejaza beriň, sinýor, de Sanini!. Siziň ol başa-baş çaknyşygyňyz bir şahsyň abraýynyň üstüne gelşiksiz kölege bolup şek ýetirmezmi? — Beýle çak etmeýärin. Ýöne, nähili-de bolsa, gaýry çykalga ýok. Atylan ok daşdan gaýtmaz. — Hüm, — eden Pantaleone tutuşlygyna diýen ýaly ýakabagynyň aňyrsyna bukuldy. — A, ol ferreflukto Kluberio, näme etsem diýýä? — Goja birdenem ýüzüni ýokaryk tutup gepledi. — Olmy? Ol hiç zadam edenok. — Ol-a bolmaýar. — Pantaleone ýigrenç bilen eginlerini gysdy. — Nähili-de bolsa, men size minnetdarlygymy aýtmaly. Şu mahalky çöken ýagdaýymda-da meni agramly, päk adam saýyp, — un galant’uomo! — kabul edeniňiz üçin, nähili-de bolsa, men size minnetdar bolmaly. Şeýtmek bilen, siz özüňizi — galant’uomo — sypaýy adam hökmünde äşgär etdiňiz. Ýöne men siziň teklibiňiz hakda oýlanyp görmeli. — Oýlanmaga wagt ýok, gadyrly jenap Çi... çippa... — Tola, — diýip, goja Saniniň yzyny aýdyp bilmän goýan sözüniň üstüni ýetirdi. — Maňa oýlanmak üçin aňyrsy bir sagat gerek bolar. Ol mesele meniň rehim-şepagatly dostlarymyň gyzyna baryp direýär... Şonuň üçinem men oýlanmaga borçly. Ýene bir sagatdan, asyl kyrk bäş minutdan siz meniň gelen netijämi bilersiňiz. — Ýagşy. Men garaşaryn. — Indi bolsa... Men sinýorina Jemma näme jogap bermeli? Sanin bir tagta kagyz aldy-da, şeýle sözleri ýazdy: «Örän arkaýyn boluň, meniň gadyrly tanşym! Men ýene üç sagatdan ýanyňyza baranymdan soň, size hemme zat düşnükli bolar. Ýagdaýym bilen gyzyklanýanyňyz üçin size ýürekden minnetdardyryn». Sanin ýazan hatyny Pantaleone berdi. Goja seresaplyk bilen haty goltuk jübüsine salyp, ýene: «Bir sagatdan!» diýensoň, gapa tarap ýöneldi-de, birdenem hyrra yzyna öwrüldi, haýdap Saniniň ýanyna geldi, elinden ýapyşdy, ony özüniň bezegli ýakasyna gysdy, gözlerini ýokaryk dikdi: «Adamkärçilikli ýetginjek! Uly ýürek! — (Nobil giovanotto! Gran сuore! — Sandan galan goja (a un vecchiotto) — öz merdana goluňyzy gysmaga rugsat ediň! (la vostra valorosa destra!)» Soňra ol biraz yza tesip, iki elini hem dabara bilen ýokaryk göterdi-de, çykyp gitdi. Sanin onuň yzyndan garady... gazeti alyp, okamaga başlady. Ýöne gözleri setirleriň üstünden manysyz hereket etdi. Ol hiç zada düşünmeýärdi. dowamy bar. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |