02:23 Bahar bulaklary -2/ powestiñ dowamy | |
Ýöne Saninde Jemmanyň sesi däl-de, özi mähir oýardy. Ol yzyrakda, bir gapdalda oturyşyna, hiç hili gözelligiň, hatda şol döwrüň iň ýörgünli şahyry bolan Benediktowyň şygyrlarynda keşbi çekilýän ajaýyp palma daragtynyň-da Jemmanyň syratly bedeni bilen bäsleşip bilmejekdigi barada oýlanýardy. Jemma aýdymyň has duýguly ýerlerinde nazaryny ýokaryk aýlanda, Saniniň baha berşiçe, ol nazaryň täsiri bilen para-para bolup pytramajak asman bolmaly däldi. Hatda gapynyň söýesine egnini ýaplap, eňegi bilen agzyny ullakan ýakabagynyň aňyrsynda gizläp, şol ugurdan hünärmen ýaly hondan bärsi bolup saz diňleýän Pantaleone goja-da, gyzyň ajaýyp gözelligine höwes bilen seredýärdi, oňa haýran galýardy. Ýogsam ol bir ýerde ýaşap, günde görüp ýören gözelligi bilen bireýýäm öwrenişip gidäýmeli ýalydy welin... Gyzy bilen bileleşip aýdan aýdymyny tamamlan frau Lenore Emiliň hem
Powestler
örän oňat «hakyky kümüş» sesiniň bardygyny, ýöne onuň häzir adamyň sesiniň özgerýän döwrüne gadam basandygyny (Emilio, dogrudanam, arasy kesilmeýän ba:s sesi bilen durman gepleýärdi), şonuň üçinem oglana şu mahal aýdym aýtmaklygyň gadagandygyny belledi. Oňa derek Pantaleonäniň welin, myhmany hormatlap, ýaşlygyny ýatlamagynyň mümkindigini ýaňzytdy. Şol pursat hem ýüzüniň terzi üýtgän Pantaleone närazy sypata geçdi, gaşlary çytyldy, saçlary hüžžerdi. Ol ýaş mahaly bir adamça aýdym aýdandygyny, häzir sesi bolmasa-da, ozal şu mahal öňe çykýan aýdymçysumaklara meňzemeýän hakyky ussatlygyň mekdebini döreden nusgawy aýdymçylaryň ýörgünli döwrüne degişli bolan adamdygyny, bu günki bogazyny ýyrtýan mähirsiz seslilerden däldigini nygtady. Modenede özüne, ýagny Werezadan bolan Pantaleone Çippatola bir öwre lawr ýapraklaryndan gurnalan täç geýdirendiklerini, hatda şol mynasybetli teatrda birnäçe ak kepderini uçurandyklaryny-da, Tarbisskiý — «il principe Tarbusski» — diýen ýakyndan gatnaşýan bir rus knýazynyň her gezek agşam naharyndan soň özüni Russiýa çagyrandygyny, üýşmek-üýşmek altyn wada berendigini, ýöne Dantäniň watany bolan — il paese del Dante — Italiýadan daşlaşyp bilmändigini beýan etdi. Ondan soň hem... özüniň ägä bolmany sebäpli, bir betbagtçylyga uçrapdy... Gürrüň şu ýere ýetende goja sözüniň arasyny böldi, iki gezek uludan dem aldy, utanyp, ýüzüni aşak saldy, ýene aýdym aýtmaklygyň ajap zamanasyna dolandy, çäksiz hormat, ýürekden sarpa goýýany belent sesli tanymal aýdymçy Garsiany ýatlady. «Ana, ol adamdy! Beýik Garsia — «il gran Garsia» — häzirki tenorjyklar — tenoracci — ýaly kiçi dilden bärden aýdym aýdyp, özüni kemsitmezdi, ol sesi döşden, döşden — voce di petto, si! — çykarardy». Goja kiçijik, guraksy ýumrugy bilen kükregine urdy. — Şu ýerden! Eý, Hudaý, üstesine-de, ol nähili aktýordy! Edil ýanardagyň bardy, signori miei, ýanardag, un Vesuvio! Maňa onuň bilen bile oýnamak bagty miýesser edipdi. Tanymal ussat Rossininiň «Otello» operasynda Garsia Otellonyň keşbini ýerine ýetiripdi, menem Ýagonyňkyny. Ol: L’ i... ra da ver... so da ver... so il fato Io piü no...no...no... non temero! (Ykbalyň gazabyndan men indi gorkman) — diýip gygyranda, teatr tutuş durky bilen titrärdi. Menem pes oturmazdym. Men onuň yzyndan: L’ i... ra da ver... so da ver... so il fato Temer piü non dovro! (Ykbalyň gazabyndan men indi gorkmaly däl) — diýip gygyrardym. Birdenem ol ýyldyrym çakyp, gaplaň arlaýan ýaly sesini doly goýbererdi: «Morro!.. ma vendicato... (Ölerin! Ýöne arymy ýerine salyp ölerin...) — Ynha, ol ýene... Ynha, ol ýene... Ol ýene «Matrimonio segreto»-dan («Pynhan nika») belli Pria she spunti-ni («Peýda bolmazyndan öň») aýdanda... Ol şu ýerde, il gran Garсia, I сavalli di galoppo (Atlary öňürdikledip...) sözlerden soň Senza posa сассеra (Atlary dynç bermän öňürdikletmek)... diňläň, nähili ajaýyp, som’ e stupendo! Ol şu ýerde şeýderdi, — Goja gysga çekimli ses bilen aýdylýan üýtgeşik bir heňe tutanda, onunjy nota ýetip sakynmaly boldy. Ol üsgürindi, elini silkip aňyrsyna bakdy-da samyrdady: «Näme üçin siz meni köseýäňiz?» Şol mahal oturgyçdan syçrap turan Jemma ellerini gaty çarpyp: «Ajap! Ajap!» diýip gygyrdyda, işden, hünärden daşlaşan biçäre Ýagonyň ýanyna baryp, iki eli bilenem onuň eginlerinden tutdy, mähir bilen silkişdirdi. Diňe Emil rehimsizlik bilen gülýärdi. Get äge est sans pitie — ol ýaşda rehim-şepagat bolmaýar — diýip, Lafonten ozal aýdyp geçipdir. Sanin gojaman aýdymçyny köşeşdirmek isläp, soňky syýahaty mahaly azda-kände geplemegi öwrenen italýan dilinde ony birneme mahabatlandyrdy. «Si» sözi ýaňlanýan Dantä ýurdy barada «paese del Dante, dove il si sionadan» gep açdy. Ol sözlem «Lasсiate ogni speranza» (ähli umytdan el üzüň) bilen ýaş syýahatçynyň şahyrana italýan dilinden ýygnan gory çäklenýärdi. Ýöne Pantaleone onuň ugrundan gopmak isläp atan çeňňegine ilmedi. Eňegini öňkülerindenem beter ýakabagynyň aňyrsynda gizläp, yzgytsyz guşa, onda-da, gargamy ýa çaýkele meňzedi. Şol arada, adaty läliksiredilen çagalarda bolşy ýaly, Emil çalaja gyzardy-da, Jemma eger myhmanyň göwnüni açmak isleýän bolsa, oňa Malsyň gülküli sahna oýunlaryndan birini okap bermekden gowy çykalga tapmajakdygyny ýatlatdy. Umuman, Jemma oňat okamagy-da başarýardy. Gyz güldi-de, mydama şolar ýaly bir zat tapýandygy üçin jigisiniň eline kakyp goýberdi. Bolsa-da, ol öz otagyna gitdi-de, derrewem eli kiçeňräk kitaply yzyna dolandy, stol başynda çyranyň öňüne geçip oturdy. Jemma töweregine garanjaklady-da, tüýs italýan hereketi bilen «geplemäň» diýýän manyda barmagyny çommaltdy, şondan soňam kitap okamaga başlady. VII Mals Frankfurtyň 30-njy ýyllardaky edebiýatçysydy. Ol özüniň ýerli şiwede gysgajyk, ýeňil okalýan gülküli sahna eserlerinde, düýpli bolmasa-da, täsin, şüweleňli gülki bilen Frankfurtyň käbir ýerli adamlarynyň keşplerini açyp görkezýärdi. Asyl Jemma-da artistlerçe okamaga diýseň ökde eken. Ol özüne italýan ganyndan geçen ýüz hereketleri, el hereketleri ulanmak ukyby bilen her gahrymanyň aýratynlygyny, hüý-häsiýetini açýardy. Ol gerek ýerinde öz näzik sesine-de, owadan ýüzüne-de dözümsizlik etmeýärdi... Haçan-da, akylyndan azaşan kempir ýa-da samsyk burgomistr diňleýji bilen tanyşdyrylanda ýüzüni gülkünç kürşerdýärdi, gaşlaryny bürüşdirýärdi, seňrigini ýygyrýardy, peltekleýärdi, çyňsaýan ýaly ses edýärdi... Okaýan mahaly onuň özi gülmeýärdi, ýöne diňleýjileriň o quel ferroflucto Tedesсo (haýsydyr bir lagnat siňen nemes) barada gürrüň giden badyna närazylyk bilen otagy terk eden Pantaleoneden başgasy okalyşyň arasyny şowhunly gülki bilen bölenlerinde, kitaby dyzynyň üstünde goýan Jemmanyň özi-de gülkä goşulýardy. Gülen mahaly gyz kellesini arkan taşlaýardy welin, buýra-buýra gara saçlary ýumşak halkalar ýaly bolup boýnunda, titreýän eginleriniň üstünde oýnaýardy. Gülki sesi ýatyşansoň bolsa, Jemma kitaby ýokaryk galdyrýardy-da, zerur keşbe girip, ýene-de çyny bilen okamagyny dowam edýärdi. Sanin baka-baka onuň bolşuna haýran galmak duýgusyny köşeşdirip bilmedi. Myhmany geň galdyrýan esasy zat hem «Şeýle ajaýyp gyz ýüzi nähili ýol bilen birden-ä gülkünç, birdenem beýle ýadaw keşbe girip bilýärkä?» diýen sowalyň jogabydy. Jemma — jeunes premieres — ýaş gyzlaryň sözlerini welin, onçakly ussatlyk bilen okap bilmeýärdi. Aýratyn-da, söýgi sahnajyklary oňa başartmaýardy. Onuň şeýledigini özi-de duýýardy, şonuň üçinem gyzlaryň sözlerini okanda, dabara bilen berlen wadalara, badyhowa sözlere ynanmaýan ýaly, oňa az-kem ýaňsyly gülki äheňini goşup okaýardy. Ýöne şol pagtabent sözlerden ýazaryň özi-de mümkingadar çeke durýan ýalydy. Sanin agşamyň geçip gidenini hem duýman galdy. Özüniň ýolagçydygyny sagat eýýäm onuň zaňyny çalanda ýadyna saldy. Ol bir zat çakan ýaly bolup, oturgyçdan syçrap turdy. — Size näme boldy beýle? — diýip, onuň bolşuny gören frau Lenore sowal bermän oturyp bilmedi. — Men bu gün Berline ugramalydym-a. Diližansa petek alypdym. — Diližans haçan ugraýar? — On biriň ýarynda. — Onda siz indi, barybir, ýetişmeýäňiz — diýip, Jemma gepe goşuldy. — Gowusy, galaýyň. Men size ýene kitap okap bererin. — Siz petegiň doly bahasyny tölediňizmi ýa-da diňe ujundan az-kem berdiňizmi? — diýip, frau Lenore bilesigelijilik bilen sorady. — Tutuş töledim-le — diýip, Sanin ýüzüni çytyp jogap gaýtardy. Sanine gözlerini süzüp sereden Jemma gülüp goýberdi, ejesi onuň bolşuna närazylyk bildirdi. — Ýaş ýigid-ä puluny köýdüripdir, senem gülýärsiň. — Zeleli ýok — diýip, Jemma ýylgyrdy. — Ýaş ýigit oň üçin garyp galmaz. Biz bolsak ony köşeşdirmegiň aladasyny ederis... Limonad içesiňiz gelýärmi? Sanin bir bulgur limonad içdi. Jemma ýaňadandan kitaba ýapyşdy, hemme zat ýene öňki akymyna akdy. Sagat on ikiniň zaňyny urdy. Sanin öý eýeleri bilen hoşlaşmaga durdy. — Siz indi birnäçe gün Frankfurtda galmaly bolarsyňyz — diýip, Jemma myhmana habar berdi. — Onsoňam, siz nirä howlugýarsyňyz? Başga şäher hem bu ýerden üýtgeşik däldir. — Az-kem dymansoň, ol ýylgyryp gepledi. — Dogrudanam, ol ýerde-de üýtgeşik hezillik bolmaz. Gyza hiç hili jogap gaýtarmadyk Sanin oýlandy. Gitme diýilmäninde-de, jübüsi gara şaýysyz gitjek ýeri ýokdy, ýüz tutmak islän Berlinde ýaşaýan heserdeşinden jogap gelýänçä, Sanin Frankfurtda bialaç galaýmalydy... — Galyň, galyň! — diýip, frau Lenore hem dillendi. — Sizi Jemmanyň adaglysy jenap Karl Klýuber bilenem tanyşdyrarys. Dükanda işi agdyk bolany sebäpli, bu gün bärik gelip bilmedi... Siz, megerem, şeýledäki mawut bilen ýüpek matalar satylýan iň uly dükany görensiňizem. Ol şo dükanda esasy adam. Ol siz bilen tanyşlyk açmagyna örän begener. Frau Lenoräniň aýdan habary, näme üçindigini Hudaý bilýär welin, Sanini birneme aljyratdy. Onuň kellesine: «Adagly ýigit gaty bagtly eken» — diýen pikir geldi. Ol Jemma seredende, gyzyň gözlerinde ýaňsyly ýylgyryş alamaty dörän ýaly boldy. Sanin öýdäkiler bilen baş atyp hoşlaşdy. — Ertire çenlimi? Dogrudanam, ertire çenli hoşlaşýarys dälmi? — diýip, frau Lenore sowal berdi. — Ertire çenli! — diýip, Jemma, hantamaçylyk bilen däl-de, öz aýdany hökman bolaýmaly ýaly, tassyklaýjy äheňde gepledi. Sanine: — Ertire çenli! — diýmekden başga söz tapylmady Emil, Pantaleone, tüýlek Tartalýa üçüsi ony köçäniň çatrygyna çenli ugratdylar. Pantaleone özüniň Jemmanyň kitap okaýşyndan närazylygyny aýtman kanagat edip bilmedi. — Utanmaly ahyryn! Ýüz-gözüni gyşardan bolýar, jyňňyldan bolýar — una сarriсatura! Meron ýa-da Klitemnestra ýaly beýik, gynançly keşpleri şekillendirmäge derek ol haýsydyr bir nejis nemes aýalynyň agzyna öýkünen bolýar. Beýtmegi menem başarýan... — Ol öňe seredip, barmaklaryny ýazyp, boguk sesi bilen: — Mers, kers, smers — diýdi. Tartalýa onuň bolşuna üýrüp goýberdi, Emil bolsa güldi. Goja hyrra yzyna aýlandy. Sanin mazaly bulaşyk keýp bilen «Ak guw» myhmanhanasyna dolanyp geldi. Ol myhmanhananyň umumy zalynda goş-golamlaryny goýupdy. Nemes-fransuz dilinde edilen gep-gürrüňler henizem onuň gulagynda ýaňlanyp durdy. Ol özüne berlen sadaja otagdaky düşeginde ýatyrka-da: — Gelinlik! — diýip pyşyrdady. — Owadanlygyna-ha söz ýok! Ýöne men näme üçin ýoldan galmaly boldumkam? Dilinde näme diýse-de, ertesi Sanin Berlindäki heserdeşine hat ýollady. VIII Ol irden, entek geýinmäge-de ýetişmänkä, myhmanhananyň hyzmatçysy iki sany jenabyň gelendigini habar berdi. Olaryň biri Emil eken. Beýleki uzyn boýly, syratly, ýüzi nurana ýaş ýigit gerr5 Karl Klýuber, ajaýyp gyz Jemmanyň adaglysy bolup çykdy. Şol döwürde tutuş Frankfurtyň ýekeje dükanynda-da jenap Klýuber ýaly, şeýle edepli, şeýle tekepbir, şeýle ýumşak kommi ýokdur diýip çaklamaly bolsa gerek. Onuň kemçiligi tapylmajak eşikleri sypatynyň, kaşaňlygynyň, özüni haýran ediji oňat alyp barşynyň derejesine bap gelýärdi. Dogry, onda iňlislere mahsus bolan (ol iki ýylyny Angliýada geçiripdi) az-kem hondan bärsilik, özüne erk etmäge başarnyk bardy. Ilkinji gezek nazar salanyňda-da ol görmegeý, birneme talabediji görünýän, gowy terbiýe alan, ýuwlan käşir ýaly arassa ýaş ýigidiň bolşy, özünden belende baş egmäge, özünden pese höküm etmäge öwrenişendir diýen netijä getirýärdi. Ol dükanyň germewiniň aňyrsynda duranda, hökmany suratda alyjynyň ynamyny, hormatyny gazanmalydy. Gowy edilip krahmallanan ýakasyna gözüň düşenden, beýle adamyň aňrybaş päkdigine müňkürlik etmäge hiç hili esas bolmaly däldi. Onuň sesi hem daş sypatyna kybapdaşlykda garaşaýmaly sesdi: ýognasdan ynamlydy, ýakymlydy, äheňi mylaýymdy, onçakly ýiti hem däldi. Beýle ses bilen eliňde işleýänlere: «Şol ýiti gyrmyzy reňkli lion mahmalyny görkeziň!» ýa-da: «Bu hanyma oturgyç süýşüriň!» diýen ýalyrak görkezme berseň ýerine düşerdi. Jenap Klýuber duşuşygy özüni tanyşdyrmakdan başlady. Ol şeýlebir asyllylyk bilen baş egdi, aýaklaryny edep bilen süýşürdi, gelşikli hem mylaýymlyk bilen köwşüniň ökjelerini biri-birine degirdi welin, onuň beýle inçe hereketlerini gören her kimde: «Bu adamyň içki geýimleri-de, kalby-da aňrybaş päkizedir» diýen duýgy döräýmelidi. Onuň sadalyk, ýöne ynam bilen uzadan ýalaňaç sag eliniň (şwed ellikli çep elindäki arassalykdan ýaňa lowurdaýan saýawanly başgabyň içinde ikinji ellik ýatyrdy) ýeňine edilen bezeg görlenden däldi, timarlanan dyrnaklarynyň her haýsysy özbaşdak, gutarnykly kämillikdi. Soňra ol saýlama nemes sözleri bilen özüniň geljekki garyndaşyna, gelinliginiň doganyna bahasyna ýetip bolmajak ýagşylyk edeni üçin daşary ýurtly jenaba hormat goýýandygyny, minnetdarlyk bildirmek isleýändigini beýan etdi. Adagly ýigit ýaňky sözleri aýdan mahaly başgaply elini Emile tarap salgap goýberdi. Emil bolsa, utanýan ýaly bolup, aýna tarap öwrüldi-de, barmagyny agzyna ýetirdi. Jenap Klýuber eger daşary ýurtly jenaba öz tarapyndan bir ýakymly ýagşylyk edip biläýse, özüni bagtyýar saýjakdygyny nygtady. Sanin hem, ol dilde geplemek onçakly aňsat düşmese-de, nemesçeläp, özüniň eden ýagşylygy uly iş bolmasa-da, oňa şatdygyny aýdyp, myhmanlaryna oturmaklaryny haýyş etdi. Gerr Klýuber mürehede minnetdarlyk bildirip, örän tiz hereket bilen fragynyň etegini bir tarapa çekdi-de, oturgyja geçdi. Ol şeýle ýeňillik bilen geçişi ýaly, oturyşy-da wagtlaýyn, amanat ýaly bolup göründi. Kesesinden garasaň: «Ol adam edeplilik görkezýäni üçin mürehedi kabul eden bolmaly, häziriň özünde turup gider» diýen ýaly çaklama oýarýardy. Dogrudanam, ol derrew atylyp turdy, ýygralyk bilen tans edýäne meňzäp, iki ädim ätledi-de, bu ýerden gitmek höwesi bolmasa-da, gitmelidigini, dükanynda aladanyň başdan agdykdygyny, iş diýilýän zadyň ilkinji nobatdaky närsedigini, ýöne ertir ýekşenbe bolansoň, frau Lenore hem freýleýn6 Jemmanyň razylygy bilen Sodende göwün açyş gezelenjini gurýandygyny, oňa daşary ýurtly jenaby hem çagyrmagy bagt hasap edýändigini, onuň şol gezelenji özüniň gatnaşmagy bilen bezemekden ýüz öwürmejegine umyt bildirýändigini beýan etdi. Sanin gezelenji bezemekden ýüz öwürmedi. Şonluk bilenem, gerr Klýuber ikinji gezek hoşlaşyk hereketlerini gaýtalansoň, ýakymly nohut reňkli pantalonyny owadan galgadyp, täzeje köwşüniň ökjesini täsin jygyldadyp çykyp gitdi. IX Äpişgä tarap ýüzüni öwrüp duran Emil, Sanin oturgyç hödürläninden soň, çep egniniň üstaşyry yza aýlandy-da, gelejekki giýewsi çykan badyna, çaga ýaly ýüzgözüni oýnadyp, gyzaryp, özüniň bu ýerde ýene bir salym galmagyna Saninden rugsat sorady. «Bu gün men özümi hasam oňat duýýan — diýip, ol ýagdaýyny beýan etdi. — Ýöne lukman maňa iş etmezligi tabşyrdy». — Galasyňyz gelse, galyberiň! Siz maňa asla päsgel bereňizok — diýip, Sanin özi nämedir bir iş etmek zeruryýetliginden sypjak bolsa, ilkinji gabat gelen ýapyşalgadan peýdalanmaga höwesek hakyky rus adamy ýaly, oglanyň haýyşyny bada-bat kanagatlandyrdy. Oňa minnetdarlyk bildiren Emil örän gysga wagtyň içinde Sanin bilenem, onuň otagy bilenem öwrenişdi. Ol içerdäki zatlary gözden geçirdi, hersiniň diýen ýaly nireden satyn alnandygy, olaryň näme aýratynlygynyň, näme gymmatynyň bardygy barada soraşdyrdy. Ol öý eýesi sakgalyny syranda kömekleşdi, oňa murt goýbertmän ýalňyşýandygyny aýtdy, ahyrynda-da ejesi hakynda, gyz dogany hakynda, Pantaleone, hatda tüýlek Tartalýe hakynda-da, olaryň ýaşaýyşlary hakynda kän zatlar habar berdi. Emiliň ýygralygy derrew ýom-ýok boldy, birdenem ol düýn özüni howpdan halas edeni üçin däl-de, örän ýakymly adamdygy sebäpli, Sanin bilen çakdanaşa içgin gyzyklandy. Ol öz pynhan syrlaryny oňa ynanmagy-da soňa goýup oturmady. Emil ejesiniň ony täjir edip ýetişdirmek isleýändigini, özüniň welin, suratkeş bolup, sazanda bolup, aýdymçy bolup doglandygyny, hut şol hünärler üçin dünýä inendigini, hakyky höwesiniň teatrdygyny, ony hatda Pantaleonäniň hem goldaýandygyny joşgun bilen gürrüň berdi. Ejesiniň Emili söwdagär edip ýetişdirmek maksadyny sözi geçginli jenap Klýuber hem goldaýar eken. Aslynda, oglany täjirlik ýoluna gönükdirmek gürrüňini ilki tapan hem täjirlik hünäri bilen dünýäde bäsleşip biljek hiç hili käriň ýokdugyna gaty ynanýan jenap Klýuber bolupdyr. Mawut, mahmal satyp, köpçüligi aldamak ýa-da «Narren, oder Russen Preise7 », ýagny ruslaryň goýan biderek bahasyndan nep görmek hem onuň esasy matlabydy. — Indi bolsa bize gitmeli — diýip, Emil özüne timar bermegi tamamlan, Berline-de hat ýazyp bolan Sanine öz teklibini aýtdy. — Size gitmäge entek ir ahyryn. — Ir bolanda näme? — Emil Sanine mähremlik bilen seretdi. — Gideliň! Ýüzugra poçta sowlarys-da, ýöräbereris. Siz barsaňyz, Jemma örän begener. Bizde ertirlik edinersiňiz... ejeme-de men hakda, meniň gelejegim barada bir zatlar aýdarsyňyz... — Ýeri, bolýa-da! — diýip, Sanin oglan bilen ylalaşdy. Olar tirkeşip daş çykdylar. X Saniniň peýda bolmagyna Jemma, dogrudanam, şatlandy, frau Lenore-de ony örän mähremlik bilen garşy aldy. Çaky, Sanin öten agşam olaryň ikisiniňem göwnünden turan bolmalydy. Emil otagdan çykmazyndan öňürti, Saniniň gulagyna «Ýadyňyzdan çykaraýmaň!» diýip pyşyrdady-da, ertirlik naharyny taýýarlamagyň aladasy bilen gitdi. Sanin oňa: — Çykarman — diýip jogap gaýtardy. Frau Lenore onçakly sagat aýalam däldi, çakyzalydy. Şonuň üçinem ol häzir gymyldamajak bolup, kürsüde gyşaryp otyrdy. Jemmanyň egninde bili gara gaýyş kemer bilen guşaklanan, sary reňkli giň biçüw öý eşigi bardy. Olam ýadaw görünýärdi, reňki hem solgundy, gözleriniň daşyna gararak halka aýlanypdy, ýöne nazary öçügsi däldi, aksowuldraklygy bolsa gyzyň asyllydan ýakymly ýüzüne nähilidir bir täsin pynhanlyk goşýardy. Aýratynam, gyzyň näzik elleri şol gezek Sanini has-da haýran etdi. Jemma buýra-buýra bolup, ýaldyrap öwşün atýan gara saçlaryny düzedişdireninde ýa-da ýokaryk galdyranynda, Rafaeliň Fornarinasynyňky ýaly aralary açygrak, uzyndan inçe hem nepisden çeýe barmaklaryndan Sanin gözlerini aýryp bilmeýärdi. Howa örän yssydy. Ertirlik naharyndan soň, Sanin gaýtmakçy bolanda, bular ýaly günde, gowusy, hiç ýere çykmazlykdyr diýdiler. Ol maslahaty kabul edip öýde galdy. Saniniň hem eneli-gyzyň oturan, aýnalary akasiýa agaçlary ösüp oturan kiçeňräk baga tarap bakýan düýpdäki otag örän salkyndy. Agaçlaryň altyn güllere beslenen gür şahalarynyň töwereginde balarydyr sary ary, eşegarylar güw berýärdi. Tutusy goýberilen ýarym açyk aýnalardan arylaryň dyngysyz owazy eşidilýärdi. Ýagdaý daşardaky howanyň jöwzalydygyndan habar berýärdi. Şol sebäpli-de ýapyk hem ýaraşykly otagdaky salkyn howanyň gadyry has-da bildirýärdi. Sanin öten agşamkysy ýaly köp gepledi, ýöne gürrüň Russiýa hakynda-da, rus durmuşy hakynda-da bolmady. Ol täze dostunyň göwnünden turmak üçin ertirlikden soň hasaphanada iş öwrenmegi üçin jenap Klýuberiň dükanyna ugradylan Emiliň haýyşyny ýatlap, suratkeş bilen täjirligiň bähbitli hem bähbitsiz taraplaryndan gep açdy. Ol frau Lenoräniň täjirçiligiň tarapyny çalanyna — garaşan zady bolany üçin — geňirgenibem durmady. Ýöne Jemma-da ejesiniň pikirine goşuldy oturyberdi. — Eger-de sen suratkeş, has beterem, aýdymçy bolsaň — diýip, elini aşak-ýokaryk hereketlendirip, gyz öz aýdanyny tekrarlady — hökmany suratda birinji orunda bol! Ikinji ýerden netije ýok. Seniň birinji ýere ýetjegiňi öňünden aýdyp biljek barmy? Umuman, italýanlaryň adam alalamak meselesine onçakly üns bermeýändigi sebäpli, bu ýerde köpden bäri hyzmat edýändigi hem garry adam bolandygy üçin Pantaleonede öý eýeleri bilen bir stol başynda oturmaga rugsat edilýärdi. Ol hem edilýän gürrüňe goşulyp, çeper döredijiligiň tarapynda dag bolup durdy. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, onuň getiren tutaryklary düýpli däldi. Ol başga zatdan öňürti ylhamyň joşgunynyň — d’un сerto eсtro d’ ispirazione — bolmalydygy barada gep açdy. Frau Lenore hem onda şol «estro»-yň, elbetde, bolandygyny ýatlady. Şol ikaralykda: — Meňem duşmanlarym bardy — diýip, Pantaleone keýpsiz dillendi. — Eger-de Emilde şol «estro» döräýende-de, duşmanlarynyň bolmajagyny sen (mälim bolşy ýaly, italýanlar kän «siz-biz» diýşip durmaýarlar) nireden bilýäň? — Onda Emili täjire öwrüberiň! — diýip, Pantaleone gepini gyşartdy. — Ýöne özi süýji-köke çykarmak bilen meşgul bolanam bolsa, Jiowan Battista bu meseläni başgaça çözerdi. — Meniň ýanýoldaşym Jiowan Battista dana adamdy. Ol ýaşlygynda gyzyklananam bolsa... Hiç zat eşitmek islemedik goja turup gidip barýarka-da: — A! Jiowan Battista!.. — diýip, teýene bilen gaýtalady. Jemma bolsa, eger Emil watanperwer bolup, Italiýany azat etmäge ähli güýjüni sarp etmek islese, beýle beýik hem mukaddes maksat üçin, elbetde, geljekki bolelin ýaşaýşyňdan geçse bolar, ýöne teatr üçin welin, ertirki gowy günüňden ýüz öwrüp bolmaz — diýip gygyrdy. Frau Lenore birden tolgundy. Ol gyzyna özüniň respublikaçylygy bilen kanagatlanyp, iň bolmanda, doganyny bir ýoldan sowmazlygyny ýalbaryp haýyş etdi. Şol sözleri aýdansoň, frau Lenore ah-wah edip başlady, «ýarylmaga taýýar» kellesiniň şatlap durandygyndan zeýrendi. (Frau Lenore myhmana sarpa goýup, gyzy bilen fransuz dilinde gepleşdi). Jemma şol dem ejesiniň ugruna seretmäge başlady; maňlaýyna ilki atyr çalyp, soňam ýuwaşjadan üfledi, emaý bilen ýaňagyndan ogşady, kellesini ýassyga goýdy, geplemegi gadagan etdi, soň ýene ogşady. Şol hereketleriň yzyndanam ol Sanine ýüzlendi-de, ýarym degişme, ýarym göçgünli äheň bilen ejesiniň nähili gowudygyny, nähili owadan bolandygyny, «owadan bolan» diýip, geçen zamanda aýtsa-da, onuň şu mahalam ajaýypdygyny belledi: «Nähili owadan gözleri bar! Görüň, serediň!» Jemma jübüsinden derrew bir akja ýaglyk çykardy-da, ejesiniň ýüzüni ýapdy, soň ýaglygy gyrasyndan tutup, ýuwaşjadan aşak süýşürdi. Şeýdibem, ol kem-kemden ejesiniň maňlaýyny, gaşlaryny, gözlerini açdy, az-kem garaşybam fraudan gabaklaryny galdyrmagy haýyş etdi. Ene gyzynyň aýdanyny berjaý etdi... (Frau Lenoräniň gözleri, dogrudanam, örän owadandy). Jemma haýran galmakdan ýaňa gygyryp goýberdi hem ýaglygy ejesiniň ýüzüniň onçakly owadan däl aşaky bölegi açylýança çekdi-de, ony ýene ogşamaga başlady. Frau Lenore güldi, ýüzüni çalarak bir tarapa sowdy, gyzyny oýun-henek bilen ýalandan iteklän boldy. Gyzy hem enesi bilen gidişýänden bolup, at oýnatdy, oňa tarap pişigiň ýa-da fransuzlaryň ýasama edähedi ýaly däl-de, mydama güýjüň ýeterlikdigi duýulýan italýan gözelligi bilen gysmyljyrady. Ahyry frau Lenore özüniň ýadandygyny aýtdy... Jemma derrew oňa oturan ýerinde biraz ymyzganmaklygy maslahat berdi. «Biz bolsak jenap rus ikimiz — «awes le monsieur russe» şeýlebir ümsüm, şeýlebir ümsüm, edil kiçijik syçan ýaly —«сomme des petites souris» — ümsümje oturarys. Frau Lenore jogaba derek ýylgyrdy, gözlerini ýumdy, az-kem tukatlanyp irkildi. Jemma çakganlyk bilen onuň gapdalyndaky oturgyçda ornaşansoň, gymyldaman oturdy. Ol diňe kä mahal bir eliniň barmagyny dodagyna ýetirdi, beýleki eli bilen bolsa ejesiniň kellesiniň aşagyndaky ýassygy saklady, Sanin sähelçe gymyldaýsa-da, oňa göz gytagyny aýlap, «ýuwaş» diýen manyda «çüşş!» etdi. Beýle ýagdaý myhmanyň jadylanan ýaly bolup, doňup oturmagyna getirdi. Sanin kalbynyň ähli duýgurlygyny ulanyp, o ýerinde-bu ýerinde gadymy ýaşyl bulgurlarda oturdylan, gyzyl nokat bolup, gyzaryp görünýän ýaşajyk kaşaň bägülli ýarym garaňky otagdan, ak gar ýaly ýassyk bilen töweregine ak jähek aýlanan, ýadawam bolsa, ýüzi mähirli zenanyň elini sadalyk bilen özüne tarap çekip, uklap ýatyşyny synlamakdan, ýaş, seresaply, duýgur, mylaýym, akylly, päkize, gara kölege örtülenem bolsa, barybir, lowurdap duran gara gözleriniň ajaýyplygyny wasp etmäge söz tapylmajak näzeniniň töwerege ýaýran täsin gözelliginden lezzet aldy... Bu nä boluş? Düýşmi? Ertekimi? Ol nähili kysmat bilen bu ýerlere düşüp ýör? ХI Daşky gapynyň jaňy jyňňyrdady. Başy sütük telpekli, egni gyzyl keltekçeli, daýhan ýigit dükana girdi. Ir ertirden bäri bu ýere ýekeje alyjy-da boýnuny uzatmandy. «Biziň söwda etjek bolşumyzam, ynha, şeýleräk-dä!» diýip, uludan dem alan frau Lenore ertirlik nahary wagtynda Sanine ýagdaýyny aýdypdy. Zenan oýaly-ukuly ýatyrdy. Jemma onuň ýassygyndan elini aýryp bilmeýäni üçin pyşyrdap, Sanine: «Baryň, gelen bilen maňa derek söwda ediň!» diýdi. Sanin daraklygyna basyp, derrew dükana geçdi. Ýaş ýigide üç ýüz gram ýaly narpyzly köke gerek eken. — Mundan näçe pul almaly? — diýip, içerä boýnuny uzadan Sanin Jemmadan pyşyrdap sorady. — Alty kreýser8 — Jemma hem Saniniňki ýaly pyşyrdy bilen jogap gaýtardy. Sanin dörtden bir funt kökäni çekensoň, kagyz gözläp tapdy, kökäni kagyzdan ýasan guýgujyna guýdy. Ony alyja uzadyp, puluny aldy... Ýaş ýigit elindäki telpegini döşüniň üstünde goýup mynçgap durşuna, Sanine geň galyjylyk bilen garady. Goňşy otagdan dükana tarap seredip oturan Jemma bolsa agzyny berk ýumup, gülmekden zordan saklanýardy. Ýaňky alyjy gapydan çykyp-çykmanka, ýene bir alyjy, soň üçünjisi peýda boldy... «Meň elim ýeňil bolsa gerek!» diýip, Sanin içini gepletdi. Ikinji alyja bir bulgur orşad, üçünjä ýarym funt süýji gerek eken. Sanin gapjagazlary eýläk-beýläk süýşürişdirip, çemçäni höwes bilen kakyşdyryp, barmaklaryny çakganlyk bilen bankalara, gaplara sokuşdyryp, alyjylaryň haýyşlaryny bitirdi. Hasaplaşygyň netijesinde ol orşady öz nyrhyndan arzan satyp, süýji üçin bolsa iki kreýseri artyk alypdyr. Jemma ýuwaşlyk bilen gülmesini dowam edýärdi. Saniniň özi-de üýtgeşik bir keýpiçaglyk duýdy, süňňünde aýratyn bir ýeňillik peýda bolandygyny bildi. Göräýmäge, ol, şeýdip, germewiň aňyrsynda asyr boýy durup, orşaddyr, süýji sataýjak ýalydy. Şol mahal hem beýleki otagdaky gözüň doýmaýan ajaýyp bir gözellik oňa tarap kinaýaly ýylgyryş, dostlukly nazar bilen seredýärdi. Penjireleriň öňünde ösüp oturan kaştanlaryň uly ýapraklarynyň arasyndan jyklaýan tomus Gününiň şöhlesiniň ýaşylsow reňki, günortanyň kölegesi tutuş otagy bezeýärdi, argyn ýürek bolsa ýaşlygyň ýakymly gamsyz-gussasyzlygyndan, aladasyzlygyndan ýaňa meýmireýärdi. Dördünji bolup gelen adam dükana kofe içmäge sowlany üçin Pantaleonä ýüz tutmaly boldy (Emil jenap Klýuberiň dükanyndan entek gaýdyp gelmändi). Sanin ýene Jemmanyň ýanyna baryp oturdy. Frau Lenore henizem irkilip ýatyrdy, gyzy bolsa onuň ýatyşyndan çäksiz lezzet alýardy. — Ukuda mahaly ejemiň çakyzasy köşeşýär — diýip, Jemma habar berdi. Sanin öz söwda edişi barada pyşyrdy bilen gepe başlady, süýji-köke önümleriniň bahalary bilen gara çyndan gyzyklandy. Jemma hem Saniniň sowallaryna jikme-jik jogap gaýtardy. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň ikisi-de, örän gyzykly oýun oýnaýandyklaryna düşünip, içlerinden güldüler. Birdenem köçe tarapda peýda bolan şarmanka «Freýşýusadan»: «Durch die Felder, durch die Auen» («Jülgeler üstünden, meýdan üstünden») diýen ariýanyň heňini çalmaga başlady. Naýynjar ses hem sandyrap, hem sykylyk atyp dymyk howada zarynlady. Şarmanka saz guralynyň sesine Jemma tisginip gitdi: «Ejemi oýarar!» Sanin derrew daşaryk çykdy-da, şarmankaçynyň eline birnäçe kreýser tutdurdy. Şeýlelik bilenem, ony saz çalmagy goýup, bu ýerden gitmäge mejbur etdi. Sanin öýe dolananda, Jemma çalaja baş atmak bilen minnetdarlyk bildirdi. Ol oýa batyp ýylgyrdy-da, Weberiň örän gowy mukamynyň üsti bilen Maksyň başky söýginiň ähli düşnüksizligini ýüze çykarýan sözlerine çala eşidilýän ses bilen hiňlendi. Soňra ol Saninden «Freýşýusy» bilýäninibilmeýänini, Weberi halaýanyny-halamaýanyny sorady, özi italýan bolsa-da, şeýle sazy has gowy görýändigini nygtady. Weberden başlanan gürrüň şygryýete, romantizme, şol mahallar hemmeler tarapyndan okalýan Gofmanyň üstünden düşdi... Frau Lenoräniň bolsa, arasynda käte çalaja hor çekip, şol irkilip ýatyşydy. Aýnanyň gyralaryndan inçejik çyzyk bolup girýän Gün şöhlesi hem, bildirmän, ýöne togtamaýan hereket bilen poluň ýüzüne, öý goşlarynyň, Jemmanyň köýneginiň, gülleriň, ýapraklaryň üstüne syýahat edýärdi. dowamy bar. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |