02:12 Bahar bulaklary / powest | |
BAHAR BULAKLARY
Powestler
Tagan agalaňly ýyllam, Bagtyýar günlem. Bahar bulagy deý, Geçdi deňimden. (Köne romandan) Ol gije sagat ikilerde öz iş otagyna dolanyp, şem ýakýan hyzmatkäri gapydan çykaransoň, pejiň golaýyndaky kürsä özüni goýberdi-de, iki eli bilenem ýüzüni tutdy. Henize çenli ol beýle derejedäki beden ýadawlygyna-da, ruhy argynlyga-da sataşmandy; tutuş agşam göze ýakymly zenanlaryň, medeniýetli kişileriň arasynda boldy. Zenanlaryň käbiri owadandy, erkekleriň bolsa hemmesi diýen ýaly akyllydy, zehinlidi, onuň özi-de gürrüňdeşlerinden asgyn däl, gaýtam, belent bolup göründi. Oňa garamazdan, rimlileriň bireýýäm aýdyp gidişi ýaly, «taýedium witaýe» — «beýle durmuşa bolan ýigrenç» onuň kalbynda henize çenli häzirkisi ýaly möwç almandy, beýdip demligini gysmandy. Şu mahal ýaşy birneme bärräk bolaýan bolsa, ol hasratdan, içgysgynçlykdan, öjükmeden ýaňa gözýaş ederdi. Ýowşanyň ysy ýaly ýiti hem ajy tagam onuň gursagyny doldurdy, haýsydyr bir ýapyşyp ýatan ýigrenji agyr zat güýzüň garaňky gijesi ýaly gysyp-gowrup barýardy. Şol garaňkylykdan, şol ajylykdan ol nädip ara açjakdygyny bilmedi. Ýatmagyň-a pikirini-de edip oturmaly däldi, uklanmajakdygyny ol anyk bilýärdi. Ol oýlanmaga başlady, özi-de howlukman, ýöne ary köýen ýaly gazaply oýlandy, adamzat ähliniň başagaýlygy hakda, gerekmezligi hakda, pes ahlagy hakda pikir aýlady. Dürli ýaşdaky adamlar onuň aň derňewinden geçdi (özüniňem ýakynda 52 ýaşy dolupdy). Göz öňünden geçirenleriniň ýekejesine-de ol rehimdarlyk etmedi. Hemme ýerde hemme zat hemişeki bolşy ýaly, manysyzlykdan bimanylyga akdyrylýar, ýumşak suw gaýtadan ýumşadylýar, ýarym sapýüreklilik, ýarym düşünjelilik bilen şol bir özüňi köşeşdirmek. «Çaga nämä güýmense, şoňa güýmensin — aglamasa bolany, derrewem — şeýle boljagy hakykat — depäňden gar ýagan ýaly bolup garrylyk basar» diýip, ýagdaýa gözi ýetip duran halatynda-da adam öz-özüni aldaýar. Garrylyk bilen birlikde-de, kem-kemden güýjeýän, barha igledýän, ýuwaş-ýuwaşdan iýip gutaryp barýan ölüm howpy abanar welin, sen-men ýok, düýpsüz gorpa agdarylyp gidersiň. Üstesine-de, ömür şeýle oýun bilen gutarsa-ha ne ýagşy, ýogsam ýoluň ahyrynda, demre degen posa meňzäp güýç-kuwwatsyzlygyň, görginiň... ýaran bolmagy-da ahmaldyr. Adam durmuş deňzini, şahyrlaryň beýan edişi ýaly, apy-tupanly gomlara bürenendir öýtmän, keýpiňi bozmaýan, parahat, tä garaňky düýbüne çenli-de lowurdap duran närse hasaplaýar, özüni hem çala yraň atýan gaýygyň üstünde oturan ýaly göz öňüne getirýär. Aşakda, deňziň gyrmança basan düýbünde ullakan balyga çalymdaş aýylgançdan howply jandarlar çala göze kaklyşýar. Olar durmuşyň ähli ýakymsyzlyklaryny, keselini, hasratyny, bimanylygyny, ýaramazlygyny, pukaralygyny, körlügini... aňladýar. Adam garap otyr welin, şol elhenç nägehanlaryň biri tümlükden saýlanýar-da, kem-kemden ýokaryk galýar, kem-kemden hem aýylgançlygy, örän aýylgançlygy aýyl-saýyl görnüp başlaýar. Sähel salymdan onuň gelip uran gaýygy agdarylýar. Ýöne ol wagşy jandar ýene reňkini ýitirýän ýaly bolup barha ara açyp, deňziň düýbüne ýetensoň, ýüzgüjini çalaja gymyldadyp ýatmak bilen bolýar. Ýöne takdyryň bellän güni gelip ýeter welin, ol nägehan gaýygy düňderip taşlar. Ol başyny silkdi, kürsüden laňňa galdy, otagyň içinde biraz gezmeledi, ahyram ýazuw stolunyň başyna geçdi-de, tahyllary gezek-gezegine açyşdyryp, öz köne, esasanam, köpüsi aýallaryň ýazan hatlaryndan ybarat kagyzlaryny dörüşdirmäge başlady. Bu hereketi näme üçin edýändigini onuň özi-de bilmeýärdi, hiç zat gözlemeýärdem-de, haýsydyr bir gapdaldan dörän güýmenjä ünsüni bölüp, özüni halys eden oý-pikirlerden daşlaşmak isleýärdi. Gabat gelen hatlaryň birnäçesini açyp (olaryň birinde daşy reňki solup giden mata bilen daňlan güljagaz bar eken), ol egnini gysdy, buhary peje seretdi-de, hatlary bir gyra süýşürdi. Çaky, ol saralan kagyzlaryň gerekmejeklerini oda taşlamak isleýärdi. Tahyllaryň kä birine, kä beýlekisine howlukmaçlyk bilen elini sokuşdyryp, birdenem ol gözlerini giňden açdy-da, sekiz burçly çaklaňja gadymy gutyny howlukman çekip aldy, emaý bilen onuň gapagyny galdyrdy. Gutuda iki gat edilip goýlan nah matanyň aşagynda kiçijik gyrmyzy haç bar eken. Ol az salym haçy aňk-taňk bolup synlady, birdenem duýdansyz gygyryp goýberdi, ýüzüne şatlygyňmy ýa ahmyryňmy alamaty çaýyldy. Adam kän wagt bäri gözünden gaýyp bolan, birmahal örän eý gören, ýyllaryň geçmegi bilen daş sypaty özgeren, ýöne şol köne tanşy bolup, garaşman durka gabat gelende şeýle ýagdaýa düşýär. Ol ýerinden turup, pejiň ýanyna dolandy-da, oturgyja özüni goýberensoň, ýene ýüzüni tutdy. Aňynda: «Näme üçin şu gün? Hut şu gün?» diýen sowal döredi. Şol sowal hem bireýýäm bolup geçen kän-kän wakany onuň ýadyna saldy. Ine, onuň ýatlan wakalary... Ýöne, öňürti ol adamyň kimdigini aýtmak gerek. Ol Dimitriý Pawlowiç Sanin. Onuň ýatlan wakalary bolsa, ine, şulardan ybarat: I. Waka 1840-njy ýylyň tomsunda bolupdy. 22 ýaşyny dolduran Sanin Italiýadan Russiýa dolanyp gelýärkä, Frankfurtda düşledi. Ol aňyrsynda tükenmez baýlygy bolmasa-da, erkindi, entek öý-işik-de bolmandy diýen ýalydy. Ol işe durmanka, uzadan ýeriňe eliňi ýetirip ýaşamagyň ýalňyz serişdesi hasaplaýan edara gullukçysynyň hamydyny boýnuna ildirmänkä, dünýäden öten daşkyrak garyndaşyndan miras galan birnäçe müň manadyna daşary ýurtlary aýlanmak isledi. Sanin bu maksadyny aňry ýany bilen amala aşyrdy. Ol Frankfurta gelip düşen güni jübüsinde laýyk Peterburga ýetýänçä oňaýar ýaly sanalgyja pul galypdy. 1840-njy ýylda demir ýoluň mümkinçiligi hem çäklidi. Şonuň üçinem syýahatçy jenaplar diližanslardanam peýdalanýardylar. Sanin özüne agşam sagat 11-lerde ugraýan «beýwagenden» (diližana goşmaça tirkew) orun aldy. Ulagyň ugramagyna entek wagt kändi. Howa-da diýseň ýakymlydy. Şol sebäpli öz döwrüniň belli myhmanhanasynyň restorany bolan «Ak guwda» naharlanan Sanin şähere gezelenje çykdy. Gaty bir islemese-de, Dannekerowyň Ariadnasyny görmäge bardy. Eserlerinden diňe «Werteri», onda-da fransuzçasyny okanam bolsa, ol Gýotäniň öýüne hem aýlandy, Maýn derýasynyň kenarynda gezim etdi, edepli syýahatçylarda adat bolşy ýaly, onuňam içi gysdy, ahyr soňunda-da, agşam sagat altylarda, tot-tozan siňen köwşüni süýräp, ýadaw halda, Frankfurtyň kiçeňräk köçeleriniň birine gadam basdy. Sanin soň ol köçäni kän wagtlap hakydasyndan çykaryp bilmedi. Ol köçäniň az sanly jaýlarynyň biriniň maňlaýyndaky ötegçilere «Jiowanni Rozelliniň italýan süýji-köke kärhanasy» diýen habary ýetirýän ýazgyny gördi. Ol hem-ä kiçeňräk kärhanady, hemem ýaşalýan öýdi. Sanin bir bulgur limonad içmek meýli bilen ol jaýyň bosagasyndan ätledi. Ýöne girilen ilkinji otagda sadaja kapasanyň aňyrsyndaky reňklenen şkafyň tekjesinde diňe altynsow reňkli belgi ýelmenen, dermanhanany ýatladýan birnäçe çüýşe, olaryň gapdalynda-da içi kakadylan çörekli, şokolad kökejikli, mampasaly aýna gapjagazlar bardy. Otagda bir çal pişikden gaýry janlyjandar görünmeýärdi. Çal pişik aýnanyň gapdalyndaky beýik örme oturgyjyň üstünde aýaklaryny çalşyryp ädimläp ýörşüne, gözlerini süzüp myrlaýardy we ol ýaşyp barýan Günüň içerik düşýän ýagtysyna aýdyň görünýärdi. Gyzyl ýüňden egrilen ullakan ýumak haşamly agaçdan ýasalan, agdarylan sebediň gapdalynda ýatyrdy. Goňşy otagdan howsalaly ses gelýärdi. Esli garaşan Sanin gapynyň jaňyny uzak jaňňyrdadansoň: «Bu jaýda habarlaşmaga hiç kim ýokmy?» diýip, gaty ses bilen gygyrdy. Şol pursat hem goňşy otagyň gapysynyň açylmagy bilen dörän ýagdaý Sanini biygtyýar gaty geňirgendirdi. II Burum-burum gara saçlary seçelenip, ýalaňaç eginlerine dökülip duran on dokuz ýaşlaryndaky gyz, haraý isleýän ýaly, iki elini hem öňe uzadyp, tüweleý ýaly bolup otaga atylyp girdi-de, Sanine gözi düşensoň, derrew oňa tarap okduryldy. Nätanyş kişiniň elinden ýapyşan gyz, sojap-sojap: «Tizräk boluň! Halas ediň!» diýip, ony öz yzy bilen goňşy otaga tarap çekip başlady. Tabyn bolmagy islemezlikden däl-de, çakdanaşa haýran galýandygy sebäpli, Sanin desbi-dähel gyzyň yzyna düşübermän, bir duran ýerinde durdy. Ol şu ömründe beýle gözel gyza gabat gelmändi. Sesinde, seredişinde, solgun ýaňagyna elten sandyraýan barmaklaryndan, eliniň hereketlerinden örän aljyraňňydygy duýlup duran gyz nätanşa tarap ýüzüni öwrüp: «Ýöräň ahyryn, ýörüň-ä!» diýen badyna, Sanin onuň yzy bilen gyssanmaç açyk gapa ýöneldi. Giren otagynda atyň ýalyndan, guýrugyndan alnyp edilen köne biçüw diwanyň üstünde sypatynda adam ruhy galmadyk on dört ýaşlaryndaky ýigdekçe ýatyrdy. Onuň sarymtyl menekli aksowult ýüzi mumy ýa-da gadymy mermeri ýatladýardy. Ýetginjek aljyrap ýören gyza şeýlebir meňzeşdi welin, haýran galaýmalydy. Ol gyzyň jigisi bolmaga çemeli. Oglanyň gözleri ýumukdy, gür gara saçlary gataňsy maňlaýynyň hem gyýlan hereketsiz, inçe gaşlarynyň üstünde tegmil ýaly bolup durdy, göm-gök dodaklarynyň arasyndan gysylan dişleri görünýärdi. Ol dem almaýan ýalydy, bir eli ýere sallanyp ýatyrdy, beýlekisi bolsa kellesiniň aşagyndady. Oglan geýnüwlidi, ilik-düwmeleri hem ildirilendi, gaty çekilen ýakabagy bolsa boýnuny mäkäm gysyp durdy. Biçäre gyz pelesaň urup, perýat edilip, oglana tarap okduryldy: — Bu ölendir! Ölendir! Ýap-ýaňyja-da ol şu ýerde meň bilen gürrüňleşip otyrdy, birdenem ýykyldy-da, gymyldaman ýatyberdi, Eý, Hudaý! Indi muňa kömek edip bolmazmyka? Pantaleone! Pantaleone, lukman hany? — diýip, gyz birdenem italýança gepledi. — Sen lukmanyň yzyndan gitmediňmi? Gapynyň aňyrsyndan: — Sinýora1 , özüm gitmedim-de, Luizany iberdim — diýen boguk ses eşidilenden soň, müçesi ownuk bir goja, gyşyk aýaklaryny süýräp içerik girdi. Ol egni ilikleri gara, melewşe frakly2 , ýogyn düwlen ak ýakabagly, gysga pantalonly, aýagy gök ýüň joraplydy. Onuň naşyja ýüzi demir reňk, çal sepen gür saçynyň astyndan çala görünýärdi. Çar tarapdan hüžžerip ýokaryk galan, uçlary ýene aşak sallanan örme saçlary gojany hüpükli towuga meňzeş edip görkezýärdi. Ýüzüne dökülip duran şol çalymtyl hüžžük saçlarynyň aňyrsyndan görünýän jüýk bilen tegelejikden sary gözjagazlary bolsa ony towuga meňzedýärdi. — Luiza menden tiz gidip geler. Men ylgabam bilemok ahyryn — diýip, beýik ökjeli köwüş geýen, ýasy dabanly, bogunlary agyryly aýaklaryny gezek-gezegine ýokaryk galdyran ýaşuly gepini italýança dowam etdi. — Men, ynha, suwam getirdim. Ol gataňsy hem tagaşyksyz barmaklary bilen elindäki çüýşäniň uzyn bokurdagyndan gysymlap durdy. — Ýöne lukman gelýänçä Emil öler! — diýip, aljyraňňy gyz Sanine elini uzatdy. — Eý, jenabym — o meýin Herr! — Eýsem, sizdenem delalat ýokmy? — Gan almaly. Beýle ýagdaý ganjoşmanyň urgusydyr — diýip, Pantaleone diýilýän goja öz pikirini beýan etdi. Sanin, lukmançylykdan düýpden başy çykmasa-da, on dört ýaşly ýetginjekde ganjoşma urgusynyň bolmaýandygyny anyk bilýärdi. — Bu urgy däl. Oglan özünden gidipdir — diýip, Sanin goja seredip gepledi. — Sizde çotga barmydyr? Goja Pantaleone ýüzjagazyny göterdi. — Näme diýdiňiz-ä? — Çotga, çotga — diýip, Sanin hem nemesçe, hem fransuzça gaýtalady. Ýene-de bir gezek çotga sözüni aýdyp, onuň eşik arassalanýan zatdygyny elleriniň hereketi bilen düşündirdi. Goja ahyr gepe düşündi. — Çotga diýsene! Spazzette! Çotgasyz öý bolarmy! — Bar bolsa, getiriň-dä! Biz oglanyň eşiklerini çykaryp, endamyna çotga sürteris. — Ýagşy.... Wenone! Kellesine suw akytmak hökman dälmi? — Ýok. Ol soň. Ýöne çotgany tiz getiriň! — Elindäki çüýşäni ýerde goýan Pantaleone otagdan howlukmaç çykdy-da, derrewem bir eli saç daralýan, beýlekisi geýim arassalanýan çotgaly dolanyp geldi. Gojanyň yzyna düşüp ýören buýra-buýra tüýli öýdeçi it hem içerde gopýan aljyraňňylygyň manysyny aňjak bolýan ýaly, guýrugyny bulap, kä garra, kä gyza, käte hem Sanine bilesigelijilik bilen seredýärdi. Sanin oglanyň iki tarapy-da hatar ilikli uzyn syýly daşky eşigini çakganlyk bilen çykaryp, köýneginiňem ýeňlerini çermeşdirenden soň, onuň döşüni, ellerini dogumlylyk bilen çotgalamaga başlady. Pantaleone bolsa saç daralýan çotgany oglanyň ädigine, eşiklerine yhlas bilen sürtmäge durdy. Diwanyň gapdalynda dyza çöküp, iki eli bilenem kellesini tutup oturan gyz gabaklaryny gymyldatman, ähli ünsüni doganynyň ýüzüne gönükdiripdi. Sanin hem çotga işledýärdi, hem-de assyrynlyk bilen gyzy göz astyndan synlaýardy: «Eý, Taňrym! Bu gyzyň beýle owadandygyny!» III Gyzyň burny adaty burundan birneme ulurakdy, ýöne örän owadandy, «bürgütburun» diýilýänlerdendi, örän ownujak tüýjagazlar ýokarky dodagynyň üstünde çalaja bildirýärdi, oňa derek, ýalpyldap duran bolmasa-da, pil süňküne ýa-da süýtreňk ýantara juda meňzeş ýüzüniň reňki dup-durudy, ýalpyldap duran buýra saçy Palasso-Pittdäki Ýudifi Alloriýewanyňky ýalydy. Aýratynam, onuň göreçleriniň töweregi keşde bilen jäheklenen garamtyl çal gözleriniň şatlyk nuruny kalbyna aralaşan gorkudyr hasrat hem peseldip bilmändi... Sanin syýahat edip gelen ajaýyp ýerlerini özünden erksiz ýatlamaly boldy... Ol hatda Italiýada-da beýle gözellige gabat gelmändi! Tolgunýany sebäpli gyz demini haýal hem sojap-sojap alýardy, her dem alanda, doganynyňam dem almagyna garaşýan ýalydy. Sanin ýigdekçäniň döşüne çotga sürtüp durşuna, diňe gyzy-da synlamaýardy. Pantaleonäniň özboluşly keşbi hem onuň ünsüni çekýärdi. Goja indi halys gurpdan gaçan kişidi, demini-de haşlap alýardy, elindäki çotgany her gezek aýlanda-da tisginip gidýärdi, gaty-gaty hyklaýardy, der siňip agralan örülgi saçlary bolsa ullakan agajyň suwuň akymyna açylan kökleri ýaly bolup, saga-sola hallan atýardy. Sanin oňa: — Iň bolmanda, onuň ädiklerini beri çykaryň ahyryn! — diýmek isledi. Bolup geçýän ýagdaýyň adaty däldigini aňyp, howsala tapan it birden öň aýaklarynyň üstünde oturdy-da, üýrmäge başlady. Goja: — Tartaglia — sanaglia3 ! — diýip, «ýuwaş» diýen manyda ite ýüzlendi. Hut şol pursat hem gyzyň ýüzi ýagtylyp gitdi, çytyk gaşlary ýokaryk galdy, öňküsindenem ulalan gözlerinde şatlyk uçgunlary peýda boldy. Sanin ýigdekçä garady, onuň aksowult ýüzüne gan inip başlandygy göründi, gabaklary gymyldady, burun deşikleriniň gyralary titredi. Ol entegem gysylyp duran dişleriniň arasyndan howa sorup, uludan dem aldy. — Emil! — diýip, gyz çasly gygyrdy. — Emilio mio! Ýuwaş-ýuwaşdan açylan ullakan gara gözler, entek öçügsi garaýanam bolsalar, olarda şatlyk alamatlarynyň uçganaklaýandygyny aňyp bolýardy. Şol gowşaksy şatlyk solgun dodaklara-da baryp ýetdi. Soňra ýigdekçe sallanyp ýatan elini galdyrdyda, ony gerim bilen aýlap, döşüniň üstünde goýdy. — Emilio! — diýip gaýtalan gyz birneme dikeldi. Onuň ýüzi şeýlebir täsir ediji ýagdaýdady welin, edil häzir gözýaş dökmekligiň ýa-da ulili bilen gülüp goýbermekligiň nyşany bardy. Gapynyň aňyrsyndan: — Emil, bu nä boluş? Emil! — diýen sözler eşidildi-de, gowy geýnüwli kümüşsöw saçly, bugdaýreňk bir aýal haýdap içerik girdi. Onuň yzyndanam ýaşy durugşan erkek adam peýda boldy, soňky geleniň ýeňsesindenem hyzmatçynyň kellesi görnüp gitdi. Gyz gelenlere tarap ylgady. — Ol halas edildi, eje! Ol diri! — diýip, sandyraýan eli bilen gelen aýaly gujaklap, gyz begençli habaryny aýtdy. — Näme boldy asyl? — diýip, aýal öňki sowalyny gaýtalady. — Men dolanyp gelýärkäm, jenap lukman bilen Luiza gabat geldim... Gyz bolan ahwalaty beýan etmäge durdy, lukman hem kem-kemden özüni dürsäp başlan, henizem ýylgyrmasyny dowam edýän näsagyň golaýyna bardy. Ýetginjegiň bolşy adamlary azara goýanyndan uýalýan ýalydy. — Görýän welin, siz näsagyň bedenine çotga sürten ýaly-la? — diýip, lukman hem Sanine, hemem Pantaleonä ýüzlendi. — Örän oňat edipsiňiz. Gaty dogry çözgüt. Ynha, bizem niçiksi däri-derman etmelidigini anyklarys... — Ol oglanyň ýüreginiň urşuny diňledi. — Hm-m! Hany, diliňizi görkeziň! Aýal uly alada bilen oglana tarap egildi. Oglan öňküsindenem janly ýylgyryp, zenana nazar aýlanda ýüzi gyzardy. Özüniň bu ýerde artykmaç adam bolup barýandygy baradaky pikir kellesine gelen Sanin süýji-köke satylýan dükana çykmak isledi, emma daşky gapynyň tutawajyna elini ýetirip-ýetirmänkä, haýdap gelen gyz ony saklady. — Siz gidýäňizmi? — diýip, ol Saniniň ýüzüne mähirli nazaryny aýlady. — Men häzir sizi saklamaýyn, ýöne şu gün agşam bize gürrüňsiz gelmeli bolarsyňyz. Biz size şeýlebir minnetdar... belki-de, siz meniň doganymy göni gelen ajaldan halas edensiňiz. Minnetdarlyk bildirmek isleýäs. Ejemiň şeýtmek höwesi bar. Siz özüňizi tanyşdyryp, biziň bilen şatlanmaly bolarsyňyz... Sanin: — Ýöne men şu gün Berline ugraýaryn — diýen habaryny aýdyp-aýtmanka; — Gitmäge ýetişersiňiz — diýip, gyz derrew onuň sözüni böldi. — Ýene bir sagatdan şokoladly içgini içmäge geliň. Söz berýäňizmi? Men-ä ýene onuň ýanyna barmaly. Gelersiňizmi? Sanine gyzyň garaşýan ýeke sözüni aýtmakdan gaýry ýol galmady. — Gelerin. Owadan gyz çalt hereketleri bilen onuň elini gysdy-da, şol demde gözden gaýyp gitdi. Sanin eýýäm köçede peýda boldy. Sagat ýarym çemesi geçensoň, Rozelliniň süýji-kökeli dükanyna dolanyp gelende, Sanini iň ýakyn adam hökmünde kabul etdiler. Emilio endamyny çotgaladan ýerinde, diwanynyň üstünde otyrdy. Däri-derman bellän lukman oňa «duýga-joşguna gezek gelende örän ägä bolmalydygyny» tabşyrdy. Onuň hyjuwlylygynyň degna ýakynlygy üçin, ýürek kesellilere ýaramsyz täsirini ýetirmegiň mümkindigini belledi. Oglan ozal hem birnäçe gezek özünden gidipdi, emma tutgaýynyň şu günki ýaly uzaga çekip, agyr geçen gezegi bolmandy. Ýöne lukman howply ýagdaýyň yzda galandygyny aýtdy. Dertlerinden saplanyp ugran Emiliň egninde özüne gelşip duran giň biçüwli eşikleri bardy, ejesi bolsa onuň boýnuna mawy ýüň ýaglyk orapdy. Daşyndan garanyňda, Emiliň ýagdaýy oňatdy, şähdaçykdy, keýpiçag adama meňzeýärdi. Asyl tutuş içeri hem baýramçylyk howasyna dolan ýalydy. Diwanyň öňündäki arassa mata örtülen tegelek stoluň üstünde töweregi gap-gaç bilen, biskwitdir kökeler, hatda güller bilenem gurşalan, içi hoşboý ysy gelip duran şokoladly içgiden doldurylan ullakan farfor kofedan durdy. Iki sany gadymy şemdanyň hersinde inçejik mumly şemiň altysy ýanýardy. Diwanyň bir tarapynda ýumşak wolter kürsüsi birine «gujak açyp» garaşýardy. Şol «biri» hem Sanin bolup çykdy. Ony şol hormatly orunda oturtdylar. Onuň dükanda tanşanlarynyň hemmesi, şol sanda, Tartalýa atly it bilen pişik hem bu ýerdedi. Her kim özüni diýseň bagtyýar saýýardy, it, hatda keýpiniň çaglygyndan ýaňa asgyrybam goýberdi, diňe näz-kereşme edýäne meňzeýän pişik adaty bolşy ýaly ýüzüni çytýardy. Sanine özüniň kimdigini, nirede önüp-ösendigini, adyny aýtmaga mejbur etdiler. Ol milletiniň rusdugyny aýdanda, eneli-gyzyň ikisi-de, hut içlerini çekip geňirgendiler. Şol pursat olar Saniniň nemes dilinde örän oňat gepleýändigini, eger myhmanyň özi üçin amatly bolsa, eneli-gyz oňa fransuzça geplese-de garşy bolmajakdyklaryny nygtadylar. Sanin olaryň teklibinden peýdalanmaly diýen netijä geldi. «Sanin! Sanin!». Eneli-gyz rus atlarynda-da beýle aňsat aýdyp bolýanynyň bardygyna haýran galdylar. Saniniň ady Dimitriý. Ony hem öý eýeleri juda haladylar. Öý bikesi ýaş mahallary «Demetrio e Polibio» diýen ajaýyp opera tomaşa edendigini ýatlap, «Dimitriniň» «Demetriodan» has gowudygyny belledi. Şeýlelikde, Sanin olar bilen bir sagat çemesi gürleşip oturdy. Eneli-gyz öz şahsy durmuşlarynyň hemme taraplary bilen Sanini jikme-jik tanyşdyrdylar. Gyzyň çal saçly ejesi has-da kän gepledi. Sanin oňa Leonora Rozelli diýilýändigini, ýigrimi bäş ýyl mundan ozal asly Wiçensden bolan, Frankfurta göçüp gelibem süýji-köke taýýarlamak hünärini dowam eden Jiowanni Battista Rozelli atly, az-kem gyzmarakdygyna, tekepbirräkdigine garamazdan, örän oňat adam, üstesine-de, respublikaçy bolan äriniň ýogalyp, dul galandygyny bildi. Şol habarlary aýdanda Rozelli hanym diwanyň ýokarsyndan asylgy, ýagly reňk bilen çekilen surata elini salgady. Çaky, respublikaçy hasaplanmaly suratkeş hem, Rozelli hanymyň uludan dem alyp bellemegine görä, suraty çekilýän bilen şekiliň meňzeşligini tutup bilmändir. Sebäbi merhum Jiowanni Battista suratda, birhili, gamgyn, Rinaldo Rinaldini ýaly ýowuz briganta meňzäpdir. Rozelli hanymyň özüniň dünýä inen ýeri bolsa «ölmez-ýitmez Korrejio tarapyndan haşamlanan şeýle täsin gümmezli gadymdan gelýän ajaýyp şäher Parmi» eken. Ýöne Germaniýa göçülip gelneli bäri kän wagtyň geçmegi bilen onuň özi-de nemese öwrüliberipdir. Soň hem ol hasrat bilen başyny ýaýkap, indi onuň göz dikip oturanynyň «diňe şu gyz bilen şu oguldygyny» (ol ogly bilen gyzyna tarap gezek-gezegine barmagyny uzatdy) hemem gyzyna Jemma, ogluna-da Emilio diýilýändigini, olaryň ikisiniňem ýumşakdygyny, aýdylana gulak asýandyklaryny, aýratynam, Emilionyň şeýledigini nygtady. («Men ýumşak däl-dä?» diýip, Jemma derrew suňşurdy. «Ah, sen respublikaçy!» diýip, ene hem tiz jogap gaýtardy). Ol indi işiň süýji-köke öndürmegiň beýik ussady bolan adamsynyň diri döwründäkisi ýaly şowuna däldigini («Un grand’ iomo!» diýip, Pantaleone ýowuz sypata girip, aýdylany alyp göterdi), oňa garamazdan, entek, Hudaýa şükür, ýaşap boljakdygyny nygtap, öňki aýdylanlaryň üstüne goşdy. V Ejesiniň aýdýanlaryny diňläp oturan Jemma kä gülýärdi, kä uludan dem alýardy, kä onuň egninden sypalaýardy, kä barmagyny çommaldyp haýbat atýardy, käte-de Sanine seredýärdi. Iň soňunda-da, ol ýerinden turdy-da, boýnundan gujaklap, çukanakly ýaňagyndan ogşady. Gyjygy tutan ene şyg-şyglap uzak güldi. Pantaleone bilenem Sanini tanyşdyrdy. Asyl ol goja birmahallar bariton sesli opera aýdymçysy bolan eken. Teatrda işlemesini goýanyndan soň ol Rozellileriň maşgalasynda dost hem hyzmatkär aralykdaky adam bolup galyberýär. Germaniýada köp ýyllar bäri ýaşaýanam bolsa, Pantaleonäniň nemes dilini bilşi ýabygorludy, hatda paýyş sözlerini hem ýoýup ulanýardy. Ol öňýeten nemese diýen ýaly «Ferroflukto spiççebubbio» («nälet siňen dereksiz») diýip gargynýardy, italýan dilini bolsa, dogduk mekany «lingua toscano in bocca romana» («Toskan dili Rimiň agzynda») sözleri ulanylýan Sinigali bolany üçin, köstsüz bilýärdi. Emilio bolsa ýap-ýaňy uly howpdan sypan ýada näsaglykdan saplanyp ugran adam ýaly ýakymly duýgulara beslenip, läliksireýäne meňzeýärdi. Içerdäki häzirki ýagdaý-da onuň maşgala agzalary tarapyndan läliksiredilýändiginden habar berýärdi. Ol Sanine uýaljyrap minnetdarlyk bildirse-de, süýji bilen şerbete hüjüm etmekde welin utanmaýardam, çekinmeýärdem. Sanin ullakan gapdaky ergin şokolady iki gezek götermäge hem örän tagamly biskwiti köp iýmäge mejbur boldy. Ol bir bölek biskwiti ýuwdup-ýuwutmanka, Jemma ikinjisini hödürleýärdi, gyzyň hödürinden ýüz öwürmek hem gelşiksizdi. Kän mahal geçmänkä, Sanin özüni öýünde ýaly duýup başlady, sagat dili bolsa diýseň çalt aýlanýardy. Ol, umuman, Russiýa we onuň howasy hakda, rus daýhany, jemgyýeti, aýratynam, kazaklar hakda, on ikinji ýylyň urşy hakda, Beýik Pýotr barada, Kreml, rus aýdymlary, jaňlary hakda kän gürrüň bermeli boldy. Eneli-gyzyň ikisiniň-de Russiýa diýilýän uzakdaky giň ülke barada bilýän zatlary ujypsyz eken. Rozelli hanym ýa-da başgaça atlandyrylyşyna görä frau4 Lenoräniň merhum ärinden galan kitaplaryň birindäki «Sungat gözelligi» diýen täsin makalada okan habarynda, geçen asyrda Peterburgda buzdan gurlan tanymal köşgüň häzir bardygyny-ýokdugyny soramagy Sanini haýran etdi. Onuň: — Eýsem, siz Russiýada hiç mahal tomus bolýan däldir öýdýärsiňizmi? — diýen sowalyna frau Lenore şu mahala çenli şeýle pikir edendigini, ol ýurtda hemişe gyş bolup, adamlar hem harbylar ýylboýy possun geýýändir öýdendigini boýun alyp, ýöne myhmanparazlygyň ýokary derejededigini, daýhanlaryň hiç zada baş galdyrman, örän ümsümdiklerini bilýändigini aýtdy. Sanin eneli-gyza Russiýa barada has takyk maglumatlar bermäge çalyşdy. Gürrüň rus sazynyň üstünden baranda, Saninden derrew haýsydyr bir aýdym aýtmak haýyş edildi hemem içerdäki garasyna derek ak, agyna derek hem gara düwmeler goýlan kiçijik fortepiano görkezildi. Sanin ýalbar-ýakar hem etdirip durman, fortepianonyň başyna geçdi. Ol sag eliniň iki, çep eliniňem üç (başam, orta, külbike) barmagy bilen saz çalyp, inçeden belent sesde ilki «Sarafan», soň hem «Daş düşelen köçeden» diýen aýdymy aýtdy. Enesi bilen gyzy onuň sesinem, aýdan aýdymlarynam magtadylar, ýöne hemme zatdan beter rus diliniň owazlylygy, ýakymlylygy olaryň hasda göwnünden turdy. Öý eýeleri myhmandan aýdymyň sözleriniň manysyny düşündirmegi haýyş etdiler. Sanin olaryň haýyşyny bitirdi, ýöne «Sarafanyň», aýratynam, «Daş düşelen köçedäki» («Daş düşelen köçeden ýaş gyz suw almaga barýardy») rus poeziýasynyň belent derejesi eneli-gyza düşnüksizligi sebäpli, Sanin Glinkanyň Puşkiniň sözlerine döreden «Şol ajaýyp pursat meniň ýadymda» diýen aýdymyny ilki goşgy, soň aýdym görnüşinde aýdyp, yzyndanam setirlerini, ýüzleýrägem bolsa, manysyna görä, nemesçä terjime etdi. Ol aýdym eneli-gyzyň göwnünden turdy. Frau Lenore rus dilindäki «pursat» sözüniň italýan dilinde-de bardygyny belledi. Ol Puşkini Pussekin diýip aýtmak bilen, Glinkbar a ikisiniň adynyň ýaňlanyşynyň hem özi üçin has ýakyn bolup duýulýandygyny nygtady. Sanin hem öz gezeginde öý eýeleriniň haýsy-da bolsa, bir aýdym aýtmaklaryny haýyş etdi. Olaram näzlerini çekdirjek bolup durmadylar. Frau Lenore fortepianonyň başyna geçdi-de, Jemma bilen bilelikde iki bolup aýdylýan bir aýdym hem «stornello» aýtdy. Frau Lenoräniň ýaş mahallary gowy, owadan pessaý sesi bolan eken. Jemmanyňam sesi, birneme pesrägem bolsa, ýakymlydy. dowamy bar | |
|
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |