18:16 Baky ömür sürmek islän patyşa | |
BAKY ÖMÜR SÜRMEK ISLÄN PATYŞA
Filosofiýa
Ilkibaşda biziñ göbegenämiz bolan wagt, ýeri gelende biziñ jelladymyz bolýar. Düýn wagt bizi emdirdi, emma ertir iýjegem özi. Hemme zat şundan ybarat we biz muny gowy bilýäris. Bilýärismikäk? Dünýäniñ iñ ilkinji ýazylan kitaby ölmegi ret eden hökümdar Gilgameşiñ başdan geçirenlerini gürrüñ berýär. Epos bäş müñ ýyla golaý wagt dilden-dile geçip geldi. Şumerler, akkadlar, babyllylar, assiriýalylar tarapyndanam ýazga geçirildi. Ýewfrat derýasynyñ boýlarynyñ hökümdary Gilgameş bir zenan hudaý bilen bir erkek adamyñ nikasyndan dünýä indi. Ylahy erada, adam ykbaly: hudaý ejesinden-ä gudraty we gelşikliligi, ynsan kakasyndanam ölümi miras aldy. Iñ ýakyn dosty Enkidunyñ soñky günleri golaýlaşýança başynyñ ölümlidigini hiç mahal aklyna-oýuna getirmändi. Gilgameş we Enkidu adatdan daşary gahrymançylyklary görkezipdiler: Olar bilelikde hudaýlaryñ mekany bolan kedr tokaýlygyna girýär we tokaýyñ arlanda daglary sarsdyrýan mähnet sakçysyny ýeñýär. Has soñra ýene bilelikde ýeke gezek bögürende içine ýüz adamyñ gapgarylýan çukuryny emele getirýän Mukaddes Öküzi-de amana getirýär. Enkidunyñ ölümi Gilgameşi serpmeden gaýdan ýaly etdi we şol bir wagtyñ özünde gorka düşürdi. Edermen dostunyñ aslynyñ toprakdandygyny ýadyna saldy we özüniñem toprakdygyna düşündi. Şeýdibem baky ýaşaýyşy tapmak üçin ýola rowana boldy. Bakylygy gözläp sähralary we çölleri aşdy, ýagtylygyñ we tümlügiñ añyrsyna geçdi, uly-uly deñiz-derýalarda ýelken açdy, jennetiñ agzyna çenli gitdi. Oña syrlaryñ hojaýyny ýüzi nikaply meýhanaçy zenan hyzmat etdi. Deñiziñ beýleki tarapyna geçdi, tupandan (Nuhuñ tupanyndan -t.b.) aman galan gaýykçyny tanady, garrylary ýaşardýan oty tapdy, demirgazyk we günorta ýyldyzlarynyñ ýoluny yzarlady, Günüñ girýän gapysyny açdy we Günüñ çykýan gapysyny ýapdy. Şeýdibem ölümsiz boldy, tä peýmanasy dolýança... Eduarda Galeanonyñ "Aýnalar" eserinden bölek. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |