02:57 Balkanly Watan ogullary | |
HALKYMYZYÑ GAHRYMANLARY
Taryhy şahslar
▶ BALKANLY WATAN OGULLARY ★ BEGLI AMANOW 1914-nji ýylda doglan, milleti türkmen, BK (b) P çleni. Bilimi 10 klas. 1939-njy ýylda Gyzylarbat şäher harby komissariaty tarapyndan Gyzyl Goşun hataryna çagyrylypdyr. Harby gulluga gitmezden ozal Gyzylarbat şäheriniñ 13-nji kwartalynyñ 7-nji jaýynda ýaşaýar eken. Amanow Beýik Watançylyk urşunyñ başlanan ilkinji günlerinde söweşe girip Belostok, Roslawl şäherleriniñ sebitinde faşistlere garşy göreşip başlapdyr. Agyr söweşleriñ birinde olaryñ bölümi gabawda galypdyr we Begli dagy ýesir bolup nemesleriñ penjesine düşüpdir. Amanow Orşa şäherindäki harby ýesirler saklanýan lagerleriñ birinde esli wagtlap jebir çekipdir. 1943-nji ýylyñ başraklarynda Begli Amanowa şol konsentrasion lagerden gaçyp sypmak başardýar. Uzak wagt geçmänkä ol Belorussiýanyñ Mogilýow oblastynda hereket edýän ar alyjylaryń hataryna goşulýar we faşistlere garşy göreşmegini dowam etdirýär. Amanow ilki, ýagny 1943-nji ýylyñ 15-nji aprelinden 5-nji dekabryna çenli "Çekist" partizan brigadasynyñ 40-njy otrýadynda rýadowoý partizan bolup söweşýär. Soñra ony otdeleniýe komandiri edip belleýärler we rotanyñ partorgy edip saýlaýarlar. Amanow nemes faşistleriniñ garşysyna alnyp barlan açyk söweşlere, guralan zasadalara köp gezek gatnaşyp, özüni batye partizan hem-de ukyply otdeleniýe komandiri hökmünde tanadypdyr. Ol Çernoruçskiý, Klimowiçi, Tolkaçewskiý diýen punktlarda ýerleşýän poliseý garnizonlaryny derbi-dagyn etmek boýunça geçirilen operasiýalarda has-da tapawutlanypdyr. Amanow öz otdeleniýesi bilen "Rels urşuna" gatnaşyp, Lotwa-Mogilýow, Nehaçewa-Iwansewiçi demir ýol liniýalarynda 400-e golaý relsi hatardan çykarypdyr. 15.000 metr telegraf-telefon liniýasyny kesipdir. Bu otdeleniýe Begliniñ baştutanlygynda duşman parowozlarynyñ 2-sini we drezinalaryñ hem birini hatardan çykarypdyr. Nemes faşistlerine garşy göreşde görkezen söweşjeñ edermenlikleri üçin türkmen ýigidi Begli Amanow komandowaniýedeb telim gezek hoşallyk alypdyr we "Watançylyk urşunyñ partizanynyñ II derejeli medaly" bilen sylaglanypdyr. ★ PARUK BERDIÝEW 1908-nji ýylda doglan. Milleti türkmen. Uruşdan ozalky öý adresi: Gyzyletrek raýonynyñ ozalky Stalin adyndaky kolhozy bolmaly. Berdiýew 1944-nji ýylyñ 9-njy iýulynds partizanlaryñ hataryna goşulyp, S.A.Kowpak adyndaky 1-nji Ukrain partizan diwiziýasynyñ sostawynda nemes faşistlerine garşy göreşipdir. ★ AMANBERDI GARAÝEW 1920-nji ýylda doglan. Milleti türkmen. WLKSM çleni. Bilimi 4 klas. Öý adresi: Nebitdag şäheri, sos.gorodok, 2-nji korpus, 1-nji jaý. Amanberdi 1943-nji ýylyñ 17-nji maýyndan başlap, Saburowyñ komandirlik edýän partizan birikmesiniñ "24 godowşina RKKA" diýen otrýadynyñ hatarynda ilki rýadowoý partizan, soñra otdeleniýe komandiri bolup söweşipdir. Ol söweşlerde görkezen edermenlikleri üçin "Gyzyl Ýyldyz" ordeni bilen sylaglanypdyr. Amanberdi 1944-nji ýylyñ 31-nji iýulynda Lwýow oblastynyñ Raba-Russkaýa diýen şäherinuñ NKWD-siniñ ygtyýaryna işe iberilipdir. ★ ATA GOÇMÄMMEDOW 1920-nji ýylda doglan. Milleti türkmen. Bilimi 4 klas. WLKSM çleni. Goşun gullugyna gitmezden ozal Nebitdag şäherindäki nebit promyselleriniñ birinde şofýor bolup işläpdir. Ata 1943-nji ýylyñ 4-nji noýabrynda Krym oblastynda hereket edýän partizanlaryñ hataryna goşulýar. Ol tä 1944-nji ýylyñ aprel aýynyñ aýaklaryna çenli Gündogar partizan birikmesiniñ 2-nji brigadasynyñ sostawyna girýän 2-nji otrýadda gitlerçilere garşy gaýduwsyzlyk bilen göreşipdir. 1944-nji ýylyñ aprel aýynyñ ahyrky günlerinde, Ata Sowet Goşunynyñ hataryna geçip, duşmana garşy göreşi dowam etdiripdir. ★ NAGMAT GUWANJOW 1916-njy ýylda doglan. Milleti türkmen. WLKSM çleni. Bilimi 4 klas. Gyzyl Goşuna alynmazyndan ozal Esengulynyñ raýon merkezinde 723-nji jaýda ýaşaýar eken. Nagmat 1944-nji ýylyñ iýun-iýul aýlarynda Grizodubowa adyndaky 20-nji partizan brigadasynyñ Matrosow adyndaky otrýadynda bolupdyr. Ol 1944-nji ýylyñ 20-nji iýulyda Sowet Goşunynyń sapyna geçip, duşmana garşy göreşini dowam edipdir. ★ ÇAÝÇY DAŽANDAKOW 1919-njy ýylda doglan. Milleti türkmen. Bilimi 2 klas. Gyzyl Goşun hataryna 1940-njy ýylyñ fewral aýynda çagyrylypdyr. Goşun gullugyna gitmezinden ozal Gyzylarbat raýonynyñ ozalky Stalin adyndaky kolhozynda ýaşaýar eken. Ýakyn hossarlarynyñ biriniñ ady Dažandakow Täşli bolmaly. Çaýçy 1943-nji ýylyñ 7-nji fewralynda partizanlaryñ hatarynda söweşip başlaýar. Ol Brýansk tokaýlygynda hereket edýän 2-nji partizan brigadasynyñ edermen söweşijileriniñ biri bolupdyr. ★ KABAK DOSPAÝEW 1920-nji ýylda doglan. Milleti gazak. Bilimi 7 klas. Urşa gitmezinden ozal Krasnowodsk şäheriniñ Woroşilow köçesiniñ 42-nji jaýynda ýaşapdyr, özem maşinistiñ kömekçisi bolup işläpdir. Dospaýew 1944-nji ýylyñ fewral-mart aýlarynda Mogilýow oblastynda "Çekist" partizan brigadasynyñ 5-nji otrýadynda söweşipdir. Bu ýigit barada bizde iki hili maglumat bar. Şol maglumatlaryñ birinde ol 1944-nji ýylyñ 12-nji martynda söweşleriñ birinde wepat boldy diýip görkezilýän bolsa, beýlekisinde 12-nji martda bolan söweşden soñ atsyz-sorsuz ýitdi diýlip görkezilýär. ★ MYRAT NYÝAZOWIÇ ÝOMUDOW 1915-nji ýylda doglan. Milleti türkmen. BK (b) P çleni, bilimo orta. Harby çini kapitan. Harby gulluga gitmezden ozal Gyzylarbat şäherinde ýaşaýar eken. Myrat Nyýazowiç 1943-nji ýylyñ 26-njy awgustyndan 1944-nji ýylyñ 21-nji maýyna çenli Wileý oblastynda, Frunze adyndaky partizan brigadasynyñ "За Родину" otrýadynda söweşipdir. Ol 1944-nji ýylyñ 21-nji maýynda söweşleriñ birinde wepat bolupdyr we Panyşa diýen obanyñ içinde jaýlanypdyr. ★ WIKTOR ALEKSANDROWIÇ KOTROWSKIÝ 1914-nji ýylda doglan. Milleti rus. Bilimi 5 klas. 1941-nji ýylyñ 8-nji iýulynda Krasnowodsk şäher halk komissariaty tarapyndan harby gulluga çagyrylypdyr. Şoña çenli ol Krasnowodsk şäheriniñ Kommunistiçeskaýa köçesiniñ 32-nji jaýynda ýaşaýar eken. Wiktor Aleksandrowiç 1943-nji ýylyñ 10-njy awgustyndan 1944-nji ýylyń 29-njy iýulyna çenli Witebsk oblastynda, "За Советскую Белоруссию" partizan brigadasynyñ Çapaýew adyndaky otrýadynda nemes faşistlerine garşy söweşipdir. ★ ŞAS ALEKSANDROWIÇ MARTYNOW 1920-nji ýylda doglan. Milleti rus. WLKSM çleni. Harby çini seržant. Gyzyl Goşun hataryna çagyrylmazdan öñ Gyzyletrek raýonynyñ merkezinde, Woroşilow köçesiniñ 6-njy jaýynda ýaşaýar eken. Şas Aleksandrowiç Krym partizanlarynyñ hataryna 1941-nji ýylyñ noýabr aýynda goşulypdyr. Ol 1942-nji ýylyñ 4-nji awgustyna çenli 1-nji Krasnoarmeýsk partizan brigadasynyñ sostawynda söweşipdir. Söweşleriñ birinde ol agyr ýaralanýar. Şol sebäpli hem Şas Aleksandrowiç 1942-nji ýylyñ awgust aýynda Krasnodar şäherine iberilýär. ★ MÄMMETMYRADOW 1922-nji ýylda doglan. Milleti türkmen. Bilimi 3 klas. Gyzyl Goşuna gitmezinden ozal Jebel stansiýasynda ýaşapdyr. Bu ýigit Pogudiniñ komandirlik edýän partizan otrýadynda bolupdyr we Ukrainada hereket edipdir. 1945-nji ýylyñ martynda ol Sowet Goşunynyñ hataryna geçipdir. ★ PROKOPIÝ FEDOROWIÇ SIZOW 1902-nji ýylda doglan. Milleti rus. Bilimi 4 klas. Käri işçi. 1942-nji ýylda Krasnowodsk şäher harby komissariaty tarapyndan goşun gullugyna çagyrylypdyr. Öý adresi: Krasnowodsk şäheriniñ Kalinin köçesiniñ 7-nji jaýy. Prokopiý Fedorowiç 1943-nji ýylyñ 26-njy oktýabryndan 1944-nji ýylyñ 22-nji iýulyna çenli Minsk oblastynda, Rokossowskiý adyndaky partizan brigadasynyñ Furmanow adyndaky otrýadynda bolupdyr. Ol örän kyn hem-de çylşyrymly şertlerde otrýady zerur azyk önümleri we egin-eşik bilen üpjün etmegiñ hötdesinden gelipdir. P.F.Sizow 1944-nji ýylyñ iýul aýynyñ ahyrlarynda faşistlerden azat edilen raýonlaryñ birinde kolhoz başlygy bolup galypdyr. ★ WASILIÝ STEPANOWIÇ SLÝUSAR 1912-nji ýylda doglan. Milleti rus. Beýik Watançylyk urşuna gitmezinden ozal Krasnowodsk şäheriniñ Gogol pereulogynyñ 4-nji jaýynda ýaşapdyr. Wasiliý Stepanowiç Smolensk oblastynyñ territoriýasynda hereket edýän partizanlaryñ hataryna 1942-nji ýylyñ fewralynda giripdir. Ol "Deduşka" diýen partizan diwiziýasynyñ 2-nji polkundaky 1-nji batalýonda wzwod komandiriniñ kömekçisi bolupdyr. ★ ALEKSANDR KLIMOWIÇ FILIPPENKO 1908-nji ýylda doglan. Milleti rus. Bilimi 4 klas. Gyzyl Goşun hataryna gitmezinden ozal Krasnowodsk şäheriniñ Petrow köçesiniñ 42-nji jaýynda ýaşaýar eken. Alaksandr Klimowiç 1943-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda belorus partizanlarynyñ hataryna geçip, Žuniniñ partizan brigadasynyñ 12-nji otrýadynda söweşipdir. Ol söweşjeñ operasiýalaryñ birnäçesine gatnaşypdyr. Soñ ol saglyk ýagdaýynyñ ýaramazlygy sebäpli, birnäçe wagtlap sanitariýa bölüminde işläpdir. 1944-nji ýylyñ 25-nji iýulynda bolsa Aleksandr Klimowiç Sowet Goşunynyñ hataryna goşulypdyr. ★ MIHAIL ANDREÝEWIÇ HAJYMYRADOW 1920-nji ýylda doglan. Milleti türkmen. Bilimi 6 klas. Gyzyl Goşun hataryna Gyzylarbat şäher harby komissariaty tarapyndan çagyrylypdyr. Bu ýigit ukrain partizanlaryna 1944-nji ýylyñ 20-nji iýunynda goşulypdyr we "За честь Родины" diýen partizan otrýadynda bolupdyr. ★ LUKÝAN MAKSIMOWIÇ ŞAÝKIN 1912-nji ýylda doglan. Milleti rus. Goşun gullugyna çagyrylmazyndan ozal Gyzylarbat şäherinde, Engels köçesiniñ 8-nji jaýynda ýaşapdyr. Lukýan Maksimowiç 1942-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda Smolensk oblastynda hereket edýän partizanlaryñ hataryna giripdir. Ol "Deduşka" diýen partizan diwiziýasynyñ 1-nji polkunyñ sostawynda duşmana garşy söweşipdir. Gara BERDIÝEW "Partizan ýodalaryny yzarlap", 87-132-nji sahypalar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||