22:16 Uzaklarda galan mazar: Jora Akopjanow | |
UZAKLARDA GALAN MAZAR
Taryhy şahslar
Lozer departamentiniň merkezi Mandyň etegindäki uly gonamçylykda daş görnüşi boýunça beýleki ýadygärliklerden birneme tapawutlanyp oturan enaýy bir ýadygärlik bar. Geçen uruşda nemes faşistlerine garşy göreşde gahrymanlarça wepat bolan sowet watançysynyň guburynyň üstünde bina edilen ol ýadygärlik sowet halky bilen fransuz halkynyň umumy duşmana-faşizme garşy göreşen gazaply ýyllaryny ýatladyp, indi tas çärýek asyr bäri gonamçylygyň bütin ýerine ýalkym salyp dur. Bu ýere gelýän uly kiçi adamlar depesi bäş burç gyzyl ýyldyzly şol ýadygärligiň öňünde säginip, oňa baş egip geçýärler. Mandyň ilaty fransuz topragynda gurban bolan sowet watançysynyň ýadygärligini häli şindi ter gül desseleri bilen bezäp, oňa özüniň minnetdarlyk duýgusyny bildirýärler. Mazary watandan örän uzakda, Fransiýanyň günortasynda galan şol gerçegiň biziň ildeşimizdigi—türkmenistanly ýigitdigi diňe ýaňy ýakynlarda bilinip galyndy. Hawa, Mand gonamçylygyndaky şol ýadygärlik sowet harby ýesirleriniň saklanýan lagerinde gizlin göreş alyp baran antifaşistik guramanyň baştutanlarynyň biri wraç Georgiý Akopowiç Akopjanowyň ýadygärligi. Faşistler tarapyndan wagşylyk bilen atylyp öldürilen şol merdana ermeni ýigidiniň önüp-ösen ýerem, okap orta ýokary, bilim alan ýerem Aşgabat bolmaly. Aşgabatda häzirem Georgiý Akopjanowy tanaýan adamlar az däl, paýtagtymyzdaky 7-nji orta mekdebiň we medisina inistitutynyň baýry işgärleri bolsa özleriniň uçurymy Jora Akopjanowy hemişe guwanç bilen ýatlaýarlar. Onuň gylyk-häsiýeti adamkärçiligi we okaýşy barada tolgundyryjy gürrüňler berýärler. ...Joranyň kakasy Akop Matewosewiçem, ejesi Aleksandra Adamowna-da diýseň göwni açyk hem-de alçak adamlardy. Şonuň üçin olaryň öýleri-de gaty gelim-gidimlidi. Akop Matewosewiçiň we Aleksandra Adamownanyň garyndaşlarynyň, dostlarynyň, tanyşlarynyň arasynda her hili kärdäki adamlar bardy. Şäher keselhanasynyň birinde wraç bolup işleýän Semýon Georggewiç Artýunow diýen tanyşlary olara has ýygy ýygydan barardy. Wraç gaty gürrüňçil adamdy. Ömrüniň esli bölegini lukmançylyk edip geçirendigi üçin, onuň edýän gürrüňleriniň soňy elmydama medisina temasyna syrygardy. Goja wraç Akopjanowlaryňka gelende-de öz işleýän keselhanasyndaky täzelikler hakynda-da kärdeşleri hakynda-da gyzykly gürrüöler bererdi, dertlileriň derdine em edip olardan alýan alkyşlary barada-da guwanç bilen ýatlap hezil edinerdi. Semýon Georgewiçiň bu gürrüňleri öýdäki beýleki adamlar ýaly, Jora-da höwes bilen diňlärdi. Akop Matewosewiçiň oglunyň kalbynda-da ýaşlykdan wraç bolmak arzuwyny döredenem, ähtimal şol goja wraç bolsa gerek. Jora orta mekdebi tamamlandan soň ýoldaşlarynyň käbiri ýaly, kär saýlajak bolup kelle döwüp oturmaly bolmady. Medisina inistitutyna girmeli. Okuwy dowam etmeli-heniz 9-njy klasda okap ýören döwründe ol, ine şeýle karara gelipdi. Joranyň saýlan ugry kakasy bilen ejesine-de ýaraman durmady. Akop Matewosewiçiň şol wraç dosty bolsa Joranyň medisina inistitutyna girýändigini eşidip, gaty begenipdi. Türkmen döwlet medisina inistituty. Giriş ekzamenleri üstünlikli tabşyryldy. Aşgabatdaky 7-nji orta mekdebiň uçurumlarynyň biri Jora Akopjanow indi şuinistitutyň studenti. Zehihli ýigit yhlas bilen okaýar, laboratoriýa ümsümliginde özbaşdak tejribeler geçirýär, respublikanyň ady belli lukmanlarynyň ýolbaşçylygynda dürli klinikalarynda, keselhanalarynda praktika geçip, kesellere em etmegiň çylşyrymly tärlerini öwrenýär. Ine, şeýdibem, Jora studentlik ýyllaryny paýawlaýar. Gutardyş ekzamenler üstünli9kli tabşyryldy. Inede arzuwly diplom. Georgiý Akopjanow indi ýokary bilimli wraç-hirurg. - Senden tamamyz uludyr Akopjanow! - diýip hoşlaşyk agşamynda goja professor elini gysanda birneme aljyran ýüzi birneme gyzaran hem bolsa, Jora şonda: “Sag boluň, ynamyňyzy ödejek bolup çalyşaryn” diýip söýgüli mugallymyny brk ynandyrypdy. Ýyllar tirkeşip geçip barýardy. Ýaş wraç Georgiý Akopjanow hem indi birneme tejribe toplap, okuwyny dowam etmegiň – asprantura girmrgiň aladasyny edip ýördi. Giriş ekzamenleriniň hem eýýäm biri-ýarymy tabşyrylypdy. Eger uruş başlanmadyk bolsa onuň öz arzuwlaryna ýetjekdigi gümansyzdy. Emma häzir okuwyň wagty däldi, eziz watan howp astyndady. Şonuň üçin Georgiý Akopjanow hem aspranturaly gürrüňi wagtlaýynça goýbolsun etmeli boldy. Millionlarça beýleki sowet watançylary ýaly, wraç Georgiý Akopjanow hem Beýik Watançylyk urşy başlanýan uçurlarynda özüniň söweşe iberilmegini sorap, harby komisariata arza berýär. Şondan basym aýaklarynda Harkow sebitinde gitlerçileriň halkasynyň iinde galýar. Olar gabawdan sypjak bolup, üç günläp duşman bilern gazaply söweşýärler. Emma bolmaýar. Gitlerçileriň güýji has agdyk gelýär. Soňa baka ok-däri hem azalýar, soldatlaryň hem hatary seýrekleýär. Şeýlelikde, bir topar adam bolup Georgiý dagy faşistleriň ganly penjesine düşýär. Gitlerçiler özleriniň adamhorlugyny ýesirlere bada-bat subut edýärler. Ýola ýarap bilmejek agyr ýaraly esgerleriň hemmesini bir ýere toplap faşistler olary hemmeleriň gözüniň öňünde oka tutýarlar. Galan harby esgerleri çarkandak ýollar bilen telim günläp aç-suwsuz kowa-kowa, ahyryn Polşa alyp barýarlar. Akopjanow dagyny Warşawanyň etegindäki Benýaminowo diýen ýerjagaza eltýärler we şonda ýerleşýän konsentrasion lagere salýarlar. Olaryň getirilip dykylan bu lageri daşyna dört hatar tikenli sim aýlanyp, ýalazy meýdanda gurulan ummasyz ýaly bir lagerdi. Ýesir düşen sowet esgerleriniň ýigrimi müňe golaýy, ine, şu Benýaminowo lagerinde jebir çekýärdi. Lagerdäki bendileriň arasynda dürli milletleriň wekilleri şol sanda gruzinler, ermeniler, azerbaýjanlar, gazaklar, özbekler, türkmenler hem bardy. Bendilikde duşmanyň garşysyna göreş alyp barmak kyn hem bolsa, sowet watançylary dek ýatmaýardylar. Olar faşistlere garşy göreşiň planlaryny çekýärdiler. Georgiý dagy Benýamowo lagerine getirilende bu eýýäm gizlin iş alyp barýan antifaşistik gurama öz işini mazaly ýaýbaňlandyryp ugrapdy. Ol gurama gysgaça APPO diýilip atlandyrylypdy. Bendileriň arasynda antifaşistik propaganda alyp barmaly; olarda Gyzyl Goşunyň hökman ýeňjekdigine pugta ynam döretmeli; ine, şulardan ybaratdy. Ýesirleriň lagerden gaçmagyny üpjün etmegi bolsa gurama özüniň baş wezipesi hasaplaýary. Antifaşistik guramanyň ähli işlerine ýolbaşçylyk edýän komitetiň ynamly adamlardan düzülen býurosy bardy. Býuro çlenleriniň bäşisi-de ozal Gyzyl Goşunda komandir, komissar bolup işlän tejribeli adamlardy. Ýöne her niçikde bolsa, gaty seresaplyk bilen hereket etmek talap edilýärdi. Örän seresap bolup, her ädimiňi mazaly oýlanyşyp basmalydy. Hüşgärlik, ýene bir gezek hüşgärlik guramanyň çlenlerinden edilýän esasy talaplaryň biri-de şudy. Ýok diýseňem, lagerdäki şeýle köp adamyň arasynda ýek-tük dönük bolup çykaýanlaryda tapylýardy. APPO-nyň sostawyna 8-10 adamdan ybarat bolan ownugyrak toparlaryň onlarçasy girýärdi. Şeýle toparlaryň sany birsyhly artyp, gurama gitdigiçe uly güýje öwrülýärdi. Täze – täze adamlar gizlin göreşe goşulyp, jogapkärli hem-de howply tabşyryklary höwes bilen ýerine ýetirýärdi. Akopjanowyň Benýaminowo lagerinde bolup ýörenine bir aýrak wagt bolup barýardy. Lazertde wraç boiup işläp ýören ýigit býuro çlenlerini az gyzyklandyranokdy. Eger öz tarapyňa çekip bolsa, onuň üsti bilen köp çäreleri amala aşyryp boljakdygyna olar düşünýärdiler. Georgiý hem lagerde bir hyşy wyşynyň bardygyny aňýardy. Emma nämäniň nämedigine göz ýetirip bilmeýärdi. Lagerde täze gelen wraçyň agzyny ysgap görmek üçin onuň haýsy hörpden gopýandygyny aňmak üçin býuro çlenleriniň birini lazerete ibermek karar edildi. Ilki başda gürrüň alyşmady. Ol ikisi biri-birinden çekinip gürrüň etdiler. Býuro çleni täze wraçyň milletiniň ermendigini, özüniňem aşgabatlydygyny, Harkowyň golaýynda ýesir düşendigini bildi. Akopjanow bilen ol soňam birnäçe gezek duşuşdy. Olar ahyr biri-biri bilen düşünişdiler. Şondan soň işeňňirlik bilen gatnaşyp başlady. Oňa ilki ýeňilräk ýumuşlary tabşyryp synap gördüler. Georginiň ol ýumuşlary berjaý edişi býuro çlrenleriniň gňwnünden turýar. Ine şondan soň wraç Akopjanow has jogapkärçilikli jogaplary alyp ugrady. Gizlin guramanyň tabşyrygy bilen Georgiý eýdip-beýdip, lageriň esasy hojaýynlarynyň ynamyna geçýär. Şondan soň onuň mümkinçiligi has hem artýar. Ol özüne gerekli adamlary “syrkaw” diýen bahana bilen lazeretde alyp galmaga başlaýar we şol adamlaryň üsti bilen lagerdäki ýesirleriň arasynda antifaşistik propagandany güýçlendirýär. 1942-nji ýylyň awgustynyň ahyrlarynda şol köp adamly Benýaminowo lagerindäki harby ýesirleri oňa muňa pytrap başlaýarlar. Bu ýerdäki ähli ermeniler, şol sanda biziň ildeşimiz Georgiý Akopjanow hem Demblin diýilýän kiçiräk bir lagere geçirilýär. Akopjanow dagy täze lagerde gizlin işi has güýçlendirýärler. Olar indi has uly işe baş goşup- Polşa partizanlary bilen aragatnaşyk açmagyyň alajyny gözläp başlaýarlar. 1943-nji ýylyň başynda Demblindäki antifaşistik guramanyň baştutanlaryna lagere azyk daşaýan bir polýagyň kömegi bilen şeýle gatnaşygy ýola goýmak başardýar. Olar ýaňky adamyň üsti bilen maýyny tapyp polşaly partizanlaryň şu töwerekde göreş alyp barýan otrýadlarynyň biriniň komandiri bilen duşuşýarlar. Bu tolgundyryjy duşuşykda köp bilelikde herekrt etmegiň planlary biçilip, lagerden gaçylmaly gün hem belleşilýär. Emma arman bu batyrgaý plany amala aşyryp bolmady. Ysyrganyp ýören şugulçylaryň kömegi blen faşistler lagerde birhili galagoplygyň bardygyny aňýarlar. Şondan soň lageriň töwereginiň saklawy iki esse güýçlendirilýär. Lageriň içinde hem tutha-tutlyk başlanýar, gizlin guramanyň çlenlerinden 15 sanysy ele düşýär. Tutulanlaryň arasynda Georgiý Akopjanow hem bardy. Şu işi üçin lagere ýörite çagyrylyp getirilen gestapoçylar tussag edilenlerinden on iki gün sorag etdiler. Hajyk-hujuk edibem gördüler, gorkuzyp, erbet gynabam gördüler. Emma sowet watançylaryny syndyrmak faşistlere başartmady. Gizlin gurama hakda-da, onuň ýolbaşçylary hakda-da gestapoçylaryň alyp bilen oňly maglumatlary bolmady. Ine, şu diýip tutaryk ediner ýaly hiç bir subutnamalary bolmansoň, olar tussag edilenleriň köpüsini nalaç boşatmaly boldular. Beýleki bir topar ýoldaşy bilen Akopjanow hem gestapoçylaryň gysajyndan sypdy. Ýöne onuň ýoldaşlarynyň ýedi sanysy welin faşistleriň zyndanynda galmaly boldy. Olara soňam köp wagtlap azar ýamanyny berdiler. Ahyry şol ýediniň ikisi ölüm jezasyna höküm edildi, galanlary hem birnäçe ýyllap türmede oturmaly edildi. Lagerde emele gelen bu ýagdaý antifaşistik iş alyp barmagy juda kynlaşdyranam bolsa, guramanyň çlenleri ruhdan düşmediler. Şondan soň olar hüşgärligi has-da güýçlendirdiler. Faşistler tarapyndan jezalandyrylan watançylaryň ornuny olaryň ýoldaşlary eýeledi. Demblinde göreş dowam etdirildi. 1943-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda Demblin lagerinde oslanmadyk bir waka boldy. Bir gün lagerdäki ähli harby ýesirleri eşalona basdylar-da, günbatar-fransiýa tarap alyp ugradylar. Ýesirleriň münüp barýan otlusy esli ýöräp, birnäçe günden soň Fransiýanyň günorta departamentleriniň birinde saklandy. Akopjanow dagyň alnyp gelen ýeri Lozer departamentiniň merkezi Mand diýilýän şäheridi. Mand lagerine gelip ýerleşenlerinden soň, Georgiý dagy ýene-de şol öňki gizlin guramanyň işini dikeltdiler. Wraç Akopjanow hem indi guramanyň baştutanlarynyň biridi. Indi olaryň öňünde täze wezipe, ýerli fransuz watançylary bilen aragatnaşyk açmak wezipesi durýardy. Bu möhüm iş guramanyň ýolbaşçylarynyň biri Stepan Ýagjanýan diýen ýigide ynanylýar. Munuň oňa ynanylmagy ýöne ýerden däldi, Stepan fransuz dilini oňat bilýärdi. Ugur tapyjy Ýanjanýan gije-gündiz oýlanýardy. Ol öz lagerleriniň territoriýasynda işleýän fransuzlar bilen içgin içgin gürleşip, olardan fransuz partizanlary hakda ony-muny biljek bolýardy. Uzak wagt geçmänkä Stepan lagerde agaç ussasy bolup işleýän Pol Andre atly bir fransuz bilen dostlaşýar we onuň bilen içgin içgin gürleşýär. Pol lagerde ussa bolup ýönelige ýerleşmändir. “Russiýadan täze getirilen ýesirlerden habar tut” diýip ony Lozer departamentiniň Garşylyk görkeziş hereketiniň ýolbaşçylary ýörite ugradypdyrlar. Andre bilen Ýagjanýanyň dostlugy gitdigiçe berkeşip, olar indi biri-birinie içlerini ynanyp ugradylar. Şondan soň Pol Stepan dagyny Garşylyk görkeziş hereketiniň baştutany Buýon bilen hem duşuşdyrýar. Bilelik etmek barada wadalaşylýar. Şeýlelikde APPO-nyň çlenleri Fransiýanyň Garşylyk görkeziş hereketine goşulýarlar. Mand lagerindäki harby ýesirleriň-ermenileriň ykbaly bilen Fransiýanyň Kommunistik partiýasynyň ermeni seksiýasy hem gyzyklanyp ugraýarlar. Akopjanow dagynyň gizlin guramasy basym şol seksiýanyň wekili bilen aragatnaşygy ýola goýýar. Indi harby ýesirler hatyrjemdiler, çünki olaryň arkasynda uly güýç durýardy. Garşylyk görkeziş hereketiniň, Kommunistik partiýanyň ermeni seksiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda APPO-nyň ýolbaşçylary lagerde harby ýesirleriň gozgalaňyny guramagyň hem-de fransuz partizanlary bilen bileleşip, M and şäherini eýelemegiň planyny işläp düzýärler. Şondan soň lagerdäkilerem, partizanlaram şol plany amala aşyrmak üçin assyrynlyk bilen taýýarlyk görüp başlaýarlar. Iýul aýynyň başyna çenli ähli taýýarlyk işleri gutarýar. Indi diňe signala garaşylýardy. Emma näme üçindir birden lageriň administrasiýasy birhili galogopluga düşüp başlaýarlar. Akopjanowyň ýoldaşlarynyň iki sanysyny lageriň naçalniginiň ýanyna çagyrýarlar. - Siziň fransuz partizanlary bilen gatnaşyklaryňyz barada bizde maglumat bar - diýip, maýor ýaňkylaryň üstüne heňkirýär. Olar bolsa maýora: - Bu ýalandyr, biziň lar ýaly zatlardan habarymyz ýok diýip merdemsi jogap berýärler. - Barlap göreris, emma bardy geldi bir zat ýüze çykaýs-a, ahmal bolmaň - diýip haýbat atyp naçalnik olary göýberýär. Nemesleriň şübhelenip, şeýle galagopluga düşmegi ýöne ýerden däldi. Haýsydyr bir dönük lagerdäki gizlin gurama hakynda faşistlere şugullap onuň işeňňir çlenleriniň 32 sanysynyň spisogyny olaryň eline tutdyrypdy. Spisokda býuro çlenleriniň hem ählisinň ady bardy. Ýagdaý gaty howpludy. Faşistleriň öç alyp başlajakdygy gümansyzdy. Ýaýdanyp durmaga wagt ýokdy. Gyssagly suratda býuro mejlisi çagyryldy. Oňa býuro çlenlerinden başga-da käbir adamlar gatnaşdyryldy. Maslahat derrew gutaryp, üstüne gös-göni howp abanýanlaryň ählisi derrew gaçmaly, lager gizlin guramanyň işini dowam etdirmeli, oňa ýolbaşçylyk etmegi bolsa Akopjanow bilen Akopina tabşyrmaly diýilen karara gelindi. Şowuna hem bolýar. Şol gijäniň özünde georgiý bilen Akop 52 adamyň lagerden gaçmagyny gurnaýar. Olaryň barysy sag-aman sypýar we baryp fransuz partizanlaryna goşulýar. Mand lagerinde gizlin guramanyň işi üstünlikli dowam etdirilýärdi. Oňa Georgiý Akopjanow bilen Akop Akopýan baştutanlyk edýärdi. Olaryň kömegi bilen lagerden gaçýanlaryň sany birsyhly artýardy. Bendilikden gutulýanlaryň ählisi baryp öz partizan ýoldaşlaryna goşulýardylar. ...Şol gezek hem Akopjanow bilen Akopýan harby ýesirleriň uly toparynyň lagerden gaçmakçy bolupdy. Assyrynlykda hemme taýýarlyklar görülip, kemsiz ýol şaýy hem tutulypdy. Emma edil ýola düşüljek bolnup durka, şugulçylaryň biri muny aňyp, lageriň hojaýynlaryny aýaga galdyrýar. Olar Georgiý bilen Akoby ele salýarlar. Faşistler aýlyganç gynap olardan birnäçe gezek sorag edýärler. Emma gerçekller duşmanyň öňünde ýaýaplamaýarlar. Paltalary daşa degen gestapoçylar olaryň ikisine hem atuw jezasyny berýärler. Gaçmaga synanyşan ýesirleriň kimlerdigini anyklamak üçin harby ýesirleriň ählisini lageriň ortasyndaky meýdança ýygnaýarlar. Gestapoçy ofiser Akopjanow bilen Akopýana ölüm jezasynyň berilendigi baradaky hökümi jynnsyz sesi bilen batly okaýar, soňra ýesirlere ulumsylyk bilen ýüzlenýär-de: - Oýlanyşmaga 20 minut wagt berýärin. Eger partizanlaryňka gaçjak bolup synanyşyk edenleriň atlaryny aýtsaňyz bularyň ikisiniňem günäsini ötüljek - diýýär. Lagere bir hili ümsümlik aralaşýar. Hemmeler dymýardy. 5 minut, 10 minut, 15 minut...! Ýesirleriň bolsa henizem şol dymyp duruşlarydy. - Näme lal açan ýaly bolup dursuňyz, iki minudyňyz galdy. Aýtmasaňyz höküm ýerine ýetiriler- diýip ofiser ýesirlere gara çyny bilen jabjyndy. Edil şol pursatda-da: - Faşistlere ölüm! - diýip Georgiý bilen Akobyň sesi batly ýaňlandy. Olaryň bu sözüni ýesirler hem gaýtaladylar. - Ot açyň! - diýip gahar-gazaba münen gespatoçy es-esçileriň üstüne gygyrdy. Ok sowurýan awtomatlaryň tatyrdysy ýesirleriň gykylygy bilen garyşyp, bütin lageri ala zenzle edýär. Ganhor faşistler onlarça adamy atyp öldürýärler. Türkmenistan komsomolynyň hatarynda terbiýe alan, aşgabatly wraç Georgiý Akopjanow, ine şeýdip wepat boldy. Biz öz ildeşimiziň ýagty ýadygärliginiň öňünde hormat bilen başymyzy egýäris. Gara BERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||